Aşgabat ýer titremesiniň pidalaryna bagyşlanan sergi

Suratda: Ýuriý ŞKURIN

Döwlet muzeýinde Aşgabat ýer titremesiniň pidalarynyň ýagty ýadygärligine bagyşlanan sergi açyldy. 69 ýyl mundan ozal şäher ilatynyň başyna inen bela 160 müň adamyň- aşgabatlylaryň 2/3 böleginiň ömür tanapyny kesipdi. Ýer titremesiniň pidasy bolanlar ýylsaýyn azalyp barýar, ýöne bu pajygaly wakanyň pidalary hakyndaky hatyra türkmenistanlylaryň ählisiniň ýüreginde ýaşaýar.

Hatyra gününe bagyşlanan serginiň eksponatlarynyň arasynda ýer titrände işlemesini bes eden sagadyň suraty hem bar. Indi ol başa düşen belanyň täsirini has-da güýçlendirip, simwoliki häsiýete eýe bolýar: şol pursat adamlar adaty durmuş aladalary bilen ýaşaýardylar—kimdir biri aşyk bolsa, bäbejikler dünýä inýärdi, kimse kitap okasa, beýlekileri gijeki işe girişiýärdi. Duýdansyz turan ýer titremesi şäheri ýer bieln ýegsan edipdi.

Agyr palçyk üçekli pagsa jaýlaryň köpüsi 9-10 ballyk ýer titremesine bäs gelip bilmän weýran bolupdy.

Şol beladan aman galanlar özüni täzeden dünýä inen hasaplaýarlar. Ýöne ýer bien ýegsan bolan şäherde ezizlerinden jyda düşen, öý-tüneksiz, resminamasyz galan adamlara bagtly diýip bolarmyka?!

Ýer titremeden ejir çeken bir aýalayň ýatlamalaryndan: „Ýer titremesinde biz ýykylan jaýyň aşagynda galdyk. Näçe wagt ýatanym ýadymda däl, irden doganymyň kakamyň, ejemiň hemem meniň seslenmegimi soraýanyny eşitdim. Üçekdäki pürsüm aşagynda galypdym, diňe men ses berdim. Agam agyr atlrtika gatnaýardy, şonuň üçinem men aşagyndan çykýançam ol pürsi birneme galdyryp durdy. Diňe şondan soň doganymyň garnynyň ep –esli ýerine zeper ýetip ganaýandygyny görüp galdyk. Ol çaşdy. Men uly ses edip aglaýardym, golaýdan geçip barýan bir aýala agamy şäher meýdabçasyna äkitmegi, ol ýerde ýaralanlara dessin kömek berilýändigini aýtdy. Men doganymy agaçlaryň üstüne goýup, haýaljakdan meýdança tarap süýräp ugradym. Soň adamlaryň biri maňa galtak berdi-de, doganymy oňa geçirmäge kömek etdiler. Tizara ýaradarlary meýdança tarapa alyp barýan ençeme adama gabat gelip ugradym. Ak halatly bir zenan kimi alyp barýanymy sorady, menem jogap berdim. Ol galtagy bir gyra çekmäge kömekleşdi, agamy gözden geçirip gaşyny bürdi: Men: „Oňa näme bolupdyr? Ýaşarmyka beri?“—diýip soradym. Ol: „Sen öýňüze gaýt, men ony uçar bieln Bakuwa ugratjak bolaryn“—diýdi.Men doganymyň gutularyna umudymy ýitirip, weýran bolan köçelerden gidip barýadym. Öýmüze, dogrusy ondan galan ýere gelemsoň, ony elim bilen agdaryp ugradym. Men bilgeşleýin sallanyp duran pürsüň aşagynda durdum, sebäbi ýene ýer titräp, pürs depäme gaçar-da, meni hijran hasratyndan dyndarar ödýärdim...“.

Sergide weýran bolan jaýlaryň suratlarynyň ençemesi goýlupdyr.

Ýer titremesi şäheriň eteginde-de duýlupdyr. Sergide Änewdäki metjidiň girelgesiniň bölekleri goýlupdyr, onda bir-biriniň garşysynda duraniki sany aždarhanyň şekili bar eken. Bu bela metjidi-de weýran edipdir...

Türkmen heýkeltaraşlary ýer titremesi mowzugyna ýygy-ýygdan ýüzlenýärler. Sergide Türkmenistanyň halk nakgaşy Saragt Babaýewiň heýkeliniň suraty hem bar. Awtor heýkelde ýer göteren öküzi , balasyny depesine göterip, ony halas edýän enäni şekillendiripdir. Nakgaşyň oglanjygyň heýkeline altyn syrça çaýmagynyň çuňňur manys bar, ol şonuň çaganyň ömrüniň bnibahadygyny, enäniň başyna ölüm howpy abansa-da, onuň balasynyň hatyrasyna özüni pida etmäge taýýardygyny görkezýär.

Şol elhenç beladan bäri 69 ýyl geçse-de, türkmenistanlylar onuň pidasy bolanlary hatyralaýarlar. 6-njy oktýabrda Aşgabat ýer titremesiniň pidalarynyň ruhuna doga okalyp, sadaka bermek däp bolup galdy.