Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Harby-deňiz güýçleriniň serkerdelerine, deňizçi esgerlerine,deňizçi harby talyplaryna we deňizçi harby okuwçylaryna gutlag iberdi

Döwlet baştutanynyň gutlagynda:- Sizi Türkmenistanyň Harby-Deňiz Güýçleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn -diýilýär.—Biz deňiz çäklerimiziň bitewiligini üpjün edýän, Hazar deňzini dostlugyň we ylalaşygyň deňzine öwürmekde uly işleri bitirýän deňizçi harby gullukçylaryň hyzmatyna berlen ýokary baha berýäris.

Watanymyzyň deňiz çäklerinde harby borjy ýerine ýetirýän harby deňizçilere jogapkärli borç ynanylandyr. Siz borjuňyzy Watanymyza wepalylyk we harby kasama ygrarlylyk bilen ýerine ýetirip, merdana pederlerimiziň işlerini mynasyp dowam etdirmelisiňiz. Ata-babalarymyzdan miras galan harby deňizçilik sungatyny üstünliki ösdürmek Harby-deňiz güýçleriniň serkerdeleriniň we esgerleriniň mukaddes borjudyr. Siziň şol wezipäni abraý bilen ýerine ýetirjekdigiňize, deňiz serhedimizi ygtybarly gorajakdygyňyza berk ynanýaryn-diýlip gutlagda bellenilýär.

Biz şu ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda iň iri halkara sport ýaryşyny — Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny üstünlikli geçirdik. Watanymyzyň sport abraýyny gorap, ýokary netijeleri görkezen türgenleriň arasynda Türkmenistanyň Watan goragçylary hem bar. V Aziýa oýunlarynda ýokary netijeler gazanandygyňyz üçin, size tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin!

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ähli goşun görnüşleri bilen bir hatarda, ýurdumyzyň Harby-deňiz güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalanýar, dünýäniň iň kämil tehnikalary we enjamlary, gämileri satyn alynýar. Deňizçi harby gullukçylaryň söweşjeň we ynsanperwer taýýarlygy ýokarlanýar. Muny görkezme söweşjeň taktiki tälimleri hem aýdyň subut edýär. Biz geljekde hem ýurdumyzyň Harby-deňiz güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, deňizçi harby gullukçylaryň harby hünär ussatlyklaryny ýokarlandyrmaga, deňiz çäklerimiziň howpsuzlygyny we bitewiligini üpjün etmäge aýratyn üns bereris—diýlip gutlagda nygtalýar.

Goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda, Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny üpjün etmek döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň örän möhüm ugrudyr. Şonuň üçin hem, Bitarap Watanymyzyň taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-deňiz güýçleriniň serkerdeligi döredildi. Ýurdumyzyň deňiz serhedini ygtybarly goramak, şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gämileri üçin ýokary harby taýýarlykly deňizçi hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz instituty hem-de onuň binýadynda Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebi döredildi. 2015-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Harby-Deňiz Güýçleriniň güni mynasybetli bu ýokary harby okuw mekdebiniň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze binalar toplumy gurlup, ulanmaga berildi.

2017-nji ýylyň 17-nji ýanwarynda deňiz çäklerimizde söweşjeň gullugy alyp barýan «Gaýratly» raketa gämisiniň merdana deňizçileri bilen duşuşanymda, olaryň gullugyny talabalaýyk alyp baryşlaryny, edermenligini we gaýduwsyzlygyny görüp, Hazar deňziniň ygtybarly gollardadygyna çäksiz guwandym.

Siz geljekde hem harby gullugy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasyna laýyklykda alyp barmalysyňyz. Siz Hazar deňzindäki serhedimizde parahatçylygy we howpsuzlygy yzygiderli üpjün edip, türkmen denizçileriniň şöhratly däplerini mynasyp dowam etdirmelisiňiz! Siziň bu jogapkärli we asylly borja abraý bilen hötde geljekdigiňize berk ynanýaryn--diýip Türkmenistanyň Prezidenti,Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow gutlagynyň ahyrynda ynam bildirdi.