Milli žiwopis mekdebiniň halypalary: Ýakup Annanurow

Suratda: Ýuriý ŞKURIN

Ýakup Annanurowyň „Kolhoz weteranlary“ suratynyň beýleki ady „Maşgala portreti“. Çünki bu suratda onuň dogan-garyndaşlary- ejesi uýalarydyr agtygynyň we çowlugynyň ýanynda, ikinji hatarda bolsa, kakasynyň erkek doganlary şekillendiripdir. Onda diňe ir aradan çykan kakasy bilen bu suraty çeken Ýakup Annanurowiçiň özi ýok. Nakgaş bütin ömrüne maşgala gymmatlygy hökmünde bu işini aýratyn gowy görýärdi.

Ýakup Annanurow 1916-njy ýylda Aşgabatda agaç nagyşlaýan ussa Annanuryň we halyçy Zybagözeliň maşgalasynda dünýä indi. 1928-nji ýylda Aşgabatda Pionerler köşgüniň ýanynda çeperçilik sungaty gurnagy açylanda Ýakup Annanurow onuň ilkinji okuwçylarynňy biri bolanda geljekki hünärini saýlap alanyna düşünmeýärdi. Şondan iki ýyl geçensoň ol Aşgabat rabfagynda okap başlaýar, bu ýerde surat çekmekden başga-da, sazdanam sapak berilýärdi. 1932-nji ýylda ol göçme drama teatrynda nakgaş bolup işe girýär. Bu ýerde çalt we gowy surat çekýän 16 ýaşly ýetginjege režisýor Alty Garlyýew öz „Aýna“ sahna eseriniň bezegini ynanýar. Tizara ol Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda oýun goýujy nakgaş bolup işläp ugraýar. Ol bu ýerde „Skapeniň pyrryldagy“ we „Mstislaw Udaloý bronly otlusy“ oýunlarynyň sahna bezegini taýýarlady.

Zehinli ýigidiň işleri göze ilip ugraýar, onsoň ony TSSR-iň Magaryf halk komissarýaty Moskwanyň M.I. Kalinin adyndaky senagat-çeperçilik orta nühärmen okuw mekdebine okuwa ugradýar. Ol diplom işi hökmünde „Çopanlar“ suratyny çekipdi. Soňra Ýakup Moskwanyň W.M. Surikow adyndaky çeperçilik institutyna okuwa girýär. Bu abraýly ýokary okuw mekdebinde türkmen nakgaşlarynyň ençemesi bilim alypdy, Ýakup Annanurow olaryň ilkinjisidi.

Tiz wagtdan onuň ykbalynda şanly waka boldy. Aşgabada dynç alyşa gelende onuň iň gowy görýän şahyry Keminäniň nusgawy portretini çekmäge bäsleşik yglan edilendigini bilýär.Onuň üçin bu ajap mümkiçilikdi. Bäsleşigiň netijesi haýran galdyrdy: oňa S.I.Beglýarow, G.B. Babikow, M.M. Daneşwar we O.F. Ponomarýowa ýaly ussat nakgaşlaryň gatnaşandygyna garamazdan talyp ýigit Ýakup Annanurow üstünlik gazanýar. Onuň işini ilkinji bolup ajaýyp ýazyjy we librettoçy Garaja Burunow goldapdy. Ol porterte gözi düşenden: „Ýakup, seniň „Keminäň“ şahyryň agynjak özi! Ony Dil we edebiýat institutyna elt-de, onuň direktory Şaja Batyrowa görkez“- diýipdi.

Ýakubyň pikirine görä, türkmen Wolteri bolan Keminede ýiti akyl bilen halk sadalygy utgaşypdyr. Ýakup Annanurow baryp 1938-nji ýylda şahyryň potretiniň awtory diýlip ykrar edilse-de, ol Keminäniň täze portretini döretmek pikirinden dänmändi, 70-nji ýyllaryň başynda eýýäm ykrar edilen portertini kämilleşdirmäge girişýär.

Bu zatlar soňrak bolar, Moskwa golaý gelen weýrançylykly uruş adamlaryň geljege meýilleriniň soňuna çykýardy, şäherleri weýran eýläp, müňlerçe adamyň başyna ýetipdi. Harby wekilçilik Ýakup Annanurowa institutyň diplomyny goramaga mümkinçilik döredýär. 1942-nji ýylyň martynda ol harby gulluga çagyrylýar we Daşkende ugradylýar, ol ýerdenem Harkowyň harby-himiýa ýörüte orta mekdebine iberilýär. Duşmany derbi-dagyn etmekde görkezen gahrymançylygna II derejeli Watançylyk ordeni we Gyzyl Ýyldyz ordeni hem şaýatlyk edýär, Ýakup Annanurow söweşlerde görkezen edermenligi üçin şeýle sylagalra mynasyp bolupdy.

Ýakup Annanurowiçem edil Yzzat Gylyjow ýaly uruş hakda gürrüň bermegi halamazdy, bu barada juda seýrek surat çekerdi. Onuň harby mowzukdan döreden eserleriniň birnäçesi saklanyp galypdyr—olar „General Ýakup Kulyýew Stalinbradyň eteginde“, „Ozalky partizan Hudaýberdi Nyýazowyň portreti“ we „Frontdan habar“ suratlarydyr. Şonda-da bile söweşen dostlarynyň, olaryň himiki galamda ýazan, wagtyň geçmegi bilen saralyp giden hatlaryny welin, mukaddes bir zat ýaly ömrüniň ahyryna çenli aýawly saklapdy.

Uruşdan soňky ýyllarda çeken suratlaryndan „Bibijan“ eseri milliligi bilen has-da tapawutlanýar, ony türkmen žiwopisiniň nusgawy eserleriniň hataryna goşsa bolar. Maşgala agzalarynyň arasynda „Bibijan“ halk sazyny çalmakda bäsleşik bolýar. Ilki bilen maşgalabaşy – gyjakçy saza başlaýar, onuň ogly bolsa sazy skripkada çalyp görkezýär. Diňleýjileriň ýüz keşbinden çen tutsaň, olar sazandalara öwgüsini gysganjakdan däl.

Onuň suratynda şekillendielen tapçany dogrudanam özboluşlydy—onda Annanurowlaryň myhmansöýer maşgalasy kinorežisýor Alty Garlyýewi we onuň aýaly Annagül Annagulyýewany, kompozitor Daňatar Öwezowy, nakgaşlar Yzzat Gylyjowdyr Aman Kulyýewi, artistler Aman Gulmämmedowdyr Muhammet Çerkezowy we başga-da ençeme myhmanlary garşy alypdy. Bu döredijilik şahsyýetleri Türkmenistanyň medeniýetinde giňden tanalýan adamlardy, Türkmenistanyň halk nakgaşy Ýakup Annanurow öz howlusyndaky ussahanasyna olaryň suratyny çekipdi.

„Okuwçy gyz“ suraty nakgaşyň iň güýçli eserleriniň biridir. Eli bukjaly gyzjagaz ýaşlyk joşguny we sadalygy bilen tomaşaçylary özüne bendi edýär. Ol howlugman mekdebe tarap gidip barýar, ol ýerde oňa söwer mugallymasydyr şadyýan synpdaşlary garaşýar. Aňyrky planda çekilen gülläp oturan erik agajy baharyň we ýaşlygyň nyşany bolup görünýär.

„Garagum kanalynyň buldozerçisi Musa Çaryýewiň portreti“ eserinde ýaşlyk joşguny çeper şekillendirilipdir. Bütinsoýuz sergileriň birinde görkezilenden soň bu suraty Tretýakow galareýasy satyn alypdy.

Garagum kanalynyň gurluşygy mowzugy ençeme ýyllap Ýakup Annanurowy gyzyklandyrypdy. Ol Gargum kanalynyň gurluşykçylaryna bagyşlanan suratlar tapgyryny çekipdi. Ol taslamany amala aşyrýanlaryň köpçülikleýin portretinden başlanypdy. Iş otagynda şekillendirilen inžener-geologlaryň keşbinden çen tutsaň, olar wajyp önümçilik meseleleriniň birini ara alyp maslahatlaşýan borly.

Kanal gurluşykçylarynyň durmuş şertlerine perwaý bermängini görkezmek üçin nakgaş şu tapgyra „Akademik I. Gubkin Garagumda“ atly suratyny hem goşupdy. Gurluşyga ýaňy gelen akademik öz pikirlerine gümra bolup alyslara garap dur, amatsyzlyklaryň ýoklugynyň pikirinem edenok, işçiler gyssagara onuň üçin ýönekeýje çadyr, eplenýän ýatalga hem zerur zatlaryň birnäçesini taýýarlaýarlar.

Isle akademik, geodeziýaçy, buldozerçi, doker, kebşirleýji bolsun, tapawudy ýok- Garagum kanalynyň gurluşykçylarynyň zähmeti gahrymançylykly işdi, şeýle garaýyş nakgaşyň „Çöli özgerdijiler“ suratlar tapgyryny döretmäge itergi beripdi.

Altmyşynjy ýyllarda Ýakup Annanurow döredijiliginde reňkleri çeper ulanmaga has köp üns berip ugrady. Mysal üçin, „Mugallyma“ diýet suratynda dünýäniň mawy kartasynyň öňünde duran merjen reňkli koftaly we gara kelte könekli mugallyma şekillendirilen. „Watanymyň gylzary“ eseride aspirant alty gyz Ylymlar akademiýasynyň jaýyndan çykyp barýar, olaryň hersiniň köýnegi bir reňkde- sary, çal, gyzyl, ýaşyl, gülgüne we melewşe reňkli köýnekleri daş-töweregi şadyýan duýgulardan doldurýar.

Garaşsyzlyk gazanylmagy bilen çeperçilik sungatynda türkmen halkynyň taryhy mirasy mowzugy uly ähmiýete eýe boldy. Beýik şahsyýetleriň keşbine we ady rowaýata öwrülen wakalara ýüzlenmedik nakgaş ýokdy. Ýakup Annanurow hem „Baýram han nökerleri bilen Hindistanda“, „Gowşut han nökerleriniň arasynda“, „Nedir şanyň ýesir alynmagy“, „Erkek eşigini geýen zenanlar“, „Nurberdi han bilen Gowşut hanyň maslahaty“ we beýleki eserleri döretdi.

Şu mowzukdan suratlaryň biri bolan „Görogly dynç alyşda“ eserde türkmen halkynyň milli gahrymany eli dutarly şekillendirilipdir. Elbetde, Göroglynyň aýdymy söýgi, durmuş lezzeti hakynda däl. Ol edermenligi, mertebäni we gaýduwsyzlygy wasp edýär. Şonuň üçinem, Göroglynyň elindäki dutar saz guraly däl-de, eýsem ýarag ýaly görünýär.

Türkmenistanyň halk nakgaşy Yzzat Gylyjow öz döwürdeşi we kärdeşi Ýakup Annanurowa „türkmen realistik žiwopisini esaslandyryjy“-diýýärdi. Belki, bu ussat žiwopisçi, ynsanperwer ynsan we magaryfçy Ýakup Annanurowyň döredijiligine berlen hakyky baha bolsa gerek.