Harby-watançylyk žurnaly täze sanyny V Aziada bagyşlady

Türk­me­nis­ta­nyň Go­ran­mak mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan çap edil­ýän “Mil­li go­şun” žur­na­ly­nyň no­bat­da­ky sa­ny ne­şir edil­di. Bu ne­şir ru­hy-wa­tan­çy­lyk ter­bi­ýe­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, şeý­le hem har­by gul­luk­çy­la­ryň dö­re­di­ji­li­gi­ni hö­wes­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len ne­şir edil­ýär. Ola­ryň çe­per­çi­lik müm­kin­çi­lik­le­ri žur­na­lyň göw­ne­jaý be­ze­len sa­hy­pa­la­ryn­da be­ýan edil­ýär.

Žur­na­lyň tä­ze sa­ny sent­ýabr aýyn­da ge­çi­ri­len “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­na ba­gyş­lan­ýar, şol oýun­la­ra türk­men es­ger­le­ri gat­na­şyp, dür­li de­re­je­li me­dal­la­ryň en­çe­me­si­ne my­na­syp bol­du­lar. Mu­nuň özi bi­ziň eder­men Wa­tan go­rag­çy­la­ry­my­zyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ba­şar­ny­ga eýe­dik­le­ri­ne no­bat­da­ky ge­zek şa­ýat­lyk et­di. Ola­ryň ukyp-ba­şar­nyk­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, ýur­du­my­zyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ber­ýän uly ün­si ne­ti­je­sin­de do­ly açyl­ýar.

Ne­şi­riň sent­ýabr aýyn­da­ky sa­ny Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän döw­rün­de Wa­ta­ny­my­zyň şöh­ra­ty­ny be­len­de gö­te­ren tür­gen­le­ri­mi­ziň aja­ýyp ýe­ňiş­le­ri­ni da­ba­ra­lan­dyr­ýar. Şeý­le hem žur­na­lyň tä­ze sa­ny bi­ziň har­by ha­bar­çy­la­ry­my­zyň Azia­da­ny giň­den be­ýan et­mek­de ýo­ka­ry us­sat­lyk de­re­je­si­ni gör­ke­zen­dik­le­ri­ni aýan et­di.

Žur­nal­da ýer­leş­di­ri­len ma­ka­la­la­ry köp­ýyl­lyk iş tej­ri­be­li ýo­ka­ry de­re­je­li ser­ker­de­ler, şeý­le-de ýa­ňy-ýa­kyn­da go­şun gul­lu­gy­na ge­len ýaş es­ger­ler taý­ýar­lap­dyr­lar. Olar öz­le­ri­niň çuň ma­ny-maz­mun­ly hem-de köpöwüş­gin­li ma­ka­la­la­ryn­da türk­men paý­tag­tyn­da ge­çi­ri­len ägirt uly sport baý­ram­çy­ly­gy­nyň to­ma­şa­çy­lar­da gal­dy­ran ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir­le­ri­ni be­ýan ed­ýär­ler.

Ma­ka­la­la­ry ýa­zan­lar oýun­la­ryň uly äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­mak bi­len, ola­ryň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ri­len­di­gi­ni buý­sanç bi­len bel­läp, har­by gul­luk­çy­la­ry­my­zyň ýur­du­my­zyň sport­da ga­za­nan­la­ry­na my­na­syp go­şant go­şan­dyk­la­ry­ny nyg­ta­ýar­lar. Mu­ňa “Mer­ke­zi go­şun” har­by sport klu­bu­na ba­gyş­la­nan ma­ka­la hem aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Bu klu­buň ag­za­la­ry berk ter­tip-düz­gün­li go­şun gul­lu­gyn­da bol­mak bi­len, yk­ly­myň bel­li tür­gen­le­ri bi­len deň de­re­je­li bäs­leş­ýär­ler we ola­ry ynam­ly ýeň­me­gi ba­şar­ýar­lar.

Şeý­le hem žur­nal­da har­by ins­ti­tut­la­ryň ta­lyp­la­ry­na ba­gyş­la­nan ma­ka­la çap edil­ýär, har­by ta­lyp­lar “Aş­ga­bat 2017” oýun­la­ry­nyň “Il­kin­ji ýyl­dyz­lar” meý­le­tin­çi­ler he­re­ke­ti­niň ha­ta­ry­na gir­di­ler. Ola­ryň ara­syn­da giň göz­ýe­tim­li, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­niň bir­nä­çe­si­ni bil­ýän hem-de ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­ýän döw­rün­de paý­tag­ty­my­zyň myh­man­la­ry­ny hal­ky­my­za mah­sus bo­lan ýo­ka­ry myh­man­sö­ýer­lik bi­len gar­şy­lan we ug­ra­dan ýaş­lar bar.

Ne­şir­çi­ler žur­na­lyň be­ze­gi­ne aý­ra­tyn üns ber­di­ler, onuň sa­hy­pa­la­ryn­da har­by fo­to­su­rat­çy­la­ryň alan su­rat­la­ry ýer­leş­di­ril­di, ol su­rat­lar­da bi­ziň tür­gen­le­ri­mi­ziň ýe­ňiş­le­ri­niň bagt­ly pur­sat­la­ry be­ýan edil­ýär. Ol pur­sat­lar ýet­gin­jek­le­riň uly to­pa­ry­na nus­ga al­ma­gyň aja­ýyp my­sal­la­ry­na öw­rül­di­ler.

Ne­şi­riň sa­hy­pa­la­ry şeý­le hem baý maz­mun be­ýan edi­len su­rat­lar bi­len be­ze­lip­dir. Olar nus­ga­lyk gör­nüş­de bol­mak bi­len, “Aş­ga­bat 2017-niň” oýun­la­ry, şeý­le hem ýur­du­my­zyň sport­da ga­za­nan­la­ry ba­ra­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry açyp gör­kez­ýär­ler. Ola­ryň bi­rin­de türk­me­nis­tan­ly­la­ryň hal­ka­ra de­re­je­li ýa­ryş­lar­da my­na­syp bo­lan sy­lag­la­ry­nyň muk­dar taý­dan ok­gun­ly ösü­şi be­ýan edil­ýär. Onuň üs­ti bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň 2012-nji ýyl­da bo­lan dür­li hal­ka­ra çem­pio­nat­lar­da ba­ry-ýo­gy 271 sy­la­ga my­na­syp bo­lan­dy­gy­ny bil­mek bol­ýar. Em­ma şu ýy­lyň 9 aýy­nyň için­de ga­za­ny­lan me­dal­lar bol­sa öňküden iki ýa­rym es­se­den hem köp­dür. Bu uly bol­ma­dyk döw­rüň için­de tür­gen­le­ri­miz ýur­du­my­za dür­li de­re­je­li me­dal­la­ryň 654-si­ni ge­tir­di­ler.

500 gün­lük at­ly ýö­riş ba­ra­da­ky ma­ka­la bol­sa Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ala­wy­nyň ga­dy­my Nu­saý­dan baş­lap, paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­ne çen­li ge­çen şöh­rat­ly ýo­lu­ny gör­kez­ýän gy­zyk­ly kar­ta gör­ke­zi­ji­si bi­len be­ze­lip­dir. On­da at­ly­la­ryň ýur­du­my­zyň her bir şä­he­ri­ne we oba­sy­na ba­ryş­la­ry we ge­çen äh­li men­zil­le­ri aý­dyň gör­ke­zil­ýär.

Žur­na­lyň go­şa sa­ha­byn­da dür­li ugur­da­ky sport ýa­ryş­la­ryn­da eýe­län me­dal­la­ry­ny buý­sanç bi­len gör­ke­zip du­ran bag­ty­ýar go­şun gul­lu­gyn­da­ky tür­gen­le­riň on­lar­ça­sy­nyň su­rat­la­ry ýer­leş­di­ri­lip­dir. Ola­ryň sport ul­ga­myn­da­ky bu ýe­ňiş­le­ri dü­zü­mi mäh­ri­ban ýur­du­my­zyň go­ra­gyn­da sak dur­ýan mer­da­na es­ger­ler­den do­ly bo­lan Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­miz­de gul­luk ed­ýän es­ger­le­ri­mi­ziň örän gaý­rat­ly­dyk­la­ry­nyň we be­den taý­dan gu­jur­ly­dyk­la­ry­nyň no­bat­da­ky aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.