AHEHG-ynyň Ýerine ýetitiji komiteti işiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Suratda: Ýuriý ŞKURIN

Aralyň guramagynyň ilkinji sebäbi bolan Merkezi Aziýa sebitiniň derýalarynyň gidrogeologiýa düzgüniniň üýtgemegi milllionlarça adamyň durmuş şertlerine täsir etdi. Ýaramazlaşma ýagdaýy Merkezi Aziýanyň ekologiýa ulgamynyň erbetleşmegine getirdi. Aral kynçylygyny çözmek köp babatda deňziň töweregindäki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ylalaşykly we jogapkärli hereketine baglydyr. 1993-nji ýylylň 4-nji ýanwarynda Daşkent şäherinde şu döwletleriň baştutanlary sebitde ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki hereketleri we maksatnamalary durmuşa geçirmek maksady bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny (AHEHG) döretmegi karar etdiler.

Gaznanyň düzüminde Ýerine ýetiriji Komitet işleýär, onuň hatarynda gaznany dörediji döwletleriň hersinden iki adam işleýär, bäş döwletiň baştutanlarynyň razylygy bilen AHEHG-nyň prezidentiniň belleýän başlygy oňa ýolbaşçylyk edýär. Şeýle hem onuň düzüminde özbaşdak iş edaralarynyň ikisi: Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk topary (DUSHT) we Durnukly ösüş boýunça döwletara topary (DÖDT) hereket edýär. DUSHT Amyderýanyň we Syrderýanyň suwuny bölmek we howdanlaryň iş düzgünini ylalaşmak, şeýle hem hereketleriň bilelikdäki meýilnamasyny durmuşa geçirmek üçin döredildi. DÖDT-iň esasy wezipesi daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş babatda sebit hyzmatdaşlygyny utgaşdyrmakdyr. AHEHG-nyň prezidentiniň ygtyýarlygy üç ýyldyr, şunuň bilen baglylykda şol döwürde Gazna başlyklyk etmek çalyşmak esasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň birine geçýär.

2017-2019-njy ýyllarda AHEHG-a Türkmeistan başlyklyk edýär we sebit çärelrinidir bilelikdäki hereketlerini utgaşdyrýar. AHEHG-nyň häzirki baştutany, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň karay bilen şu ýylyň iýunynda Aşgabtda Gaznanyň Ýerine ýetiriji komiteti düzüldi we hereket edýär. Onuň wezipeleriniň arasynda- Gaznanyň gurluş düzümini we şertnama – hukuk binýadyny kämilleşdirmek; sebit taslamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmek; ekologiýa we durnukly ösüş ulgamynda halkara guramalary, ozali bilen BMG we onuň ýörüteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bar.Gaznanyň başlygy hökmünde Türkmenistan Aral deňziniň töwereginiň ýurtlaryna kömek bermek boýunça hereketleriň Maksatnamasyny (ADTM) işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça wezipeleri ileri tutulýan ugurlar hasaplaýar. Maksatnama bu bölümleriň goşulmagy ministrler derejesinde köptaraplaýyn maslahatlary, seminarlary, konferensiýalary, ýörüte maslahatlary, şeýle ýokary derejede duşuşyklary we gepelşikleri geçirmek usulynda Suw diplomatiýasyny durmuşa geçirmäge ýardam eder.

Bu iş sebit hyzmatdaşlygyny, şol sanda suw serişdelerini dolandyrmakda özara hormat ýörelgeleri we sebitiň döwletlerini ählisiniň bähbitlerini göz öňünde tutmak babatda hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar. Bu ugurdaky köpýyllyk tejribe suwdan peýdalanmak meselelerini diňe ylalaşykly hereketler esasynda çözüp bolýandygyny görkezdi. Şonuň üçinem ileri tutulýan ugurlaryň biri- sebitiň ýurtlarynyň goldamagynda işlenilip taýýarlanylan hukuk guralyny döretmekdir. Sebitiň ýurtlarynyň gatnaşmagynda işlenilip taýýarlanylan Merkezi Aziýa suw strategiýasy suwdan peýdalanmak bilen baglanşyky durmuş-ykdysady meselelerini çözmegiň ýörelgelri bellenilen resminama bolup bilerdi.

Türkmenistan suw serişdelerini toplumlaýyn ulanmak, daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş meselelerinde hyzmatdaşlgyň sebit meýdançasy hökmünde AHEHG-nyň ähmiýetini berkitmäge işjeň ýardam etmekçi. Mysal üçin, Gaznanyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň daşky gurşawyny goramak boýunça hereketleriniň Sebit meýilnamasyna (DGGHSM) onuň esasy ugurlaryny ekologiýa bölegi hökmünde Aral deňziniň töweregindäki ýurtlara kömek etmek boýunça heretektleri täze Maksatnamasyna goşmak arkaly oňa gaýtadan seretmek göz öňünde tutulýar. Ol, ozaly bilen, Durnukly ösüş maksatlarynyň kabul edilmegi we Pariž ylalaşygyna gol çekilmegi bilen baglydyr. Bu Meýilnamany täzelemek boýunça işe Türkmenistanyň Gazna başlyklyk edýän döwründe möhüm çäreleriň biri hökmünde garalýar.

Biziň ýurdumyz ähli derejelerde häzirki tebigaty goramak işlerinde AHEHG-nyň halkara abraýyny we onuň oňyn ähmiýetini ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Gaznanyň işiniň çäklerinde suwdan rejeli peýdalanmagyň we suwarylýan ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmagyň, milli ykdysadyýetleriň howanyň üýtgemeginiň uýgunlaşmagynyň, bioköpdürliligiň, çölleşmäge we öri meýdanlarynyň zaýalanmagyna garşy göreş wezipelerini çözmekde Merkezi Aziýa ýurtlary öz hereketlerini halkara bileleşigi bilen utgaşdyryp bilerler. Sebit maýa goýumlaryny çekmekde goşmaça mümkinçiliklere eýe bolar. Türkmenistanyň utgaşdyryjylyk işini netijeli ýerine ýetirmegi Gazna agza ýurtlara durnukly ösüş ulgamynda sebit we halkara syýasatyny uzak mölhetleýin meýilleşdirmäge mümkinçilik berer.

Şu jähtden AHEHG –nyň ýÝerine ýetiriji komiteti Aral deňziniň töwereginiň meseleleri,Gaznany dörediji döwletleriň ministrlikleri, pudaklaýyn edaralary, jemgyýetçilik ekologiýa guramalary bilen özara hereketiň taslamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirmegi dowam eder.

Soňky döwürde Türkmenistan daşky gurşawy goramak ulgamynda sebitiň özara hereketlerini işjeňleşdirmäge gönükdirilen anyk başlangyçlaryň birnäçesi bilen çykyş etdi. Hususan-da, BMG-nyň howandarlygynda we işjeň gatnaşmagynda howanyň üýtgemeginiň meseleleri boýunça Merkez döretmek teklip edildi, onda suw meselesi onuň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolardy. Ýurt bu işi AHEHG başlykylyk edýän döwri dowam eder. Şeýle hem DÖDT-iň işiniň çäklerinde we BMG-nyň Daşky gurşaw boýunça Maksatnamasynyň (ÝuNEP) işjeň goldaw bermeginde Merkezi Aziýada durnukly ösüş üçin daşky gurşawy goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýa (Aşgabat konwensiaýasy) işlenilip taýýarlanyldy. Bu resminama daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş meselelerinde uzak möhletleýin sebit hyzmatdaşlygy üçin hukuk binýadynyň esasyny goýar, Türkmenistan onuň güýje girmegine ýardam eder.