Jemgyýetiň agzybirligini we bitewüligini pugtalandyrmaga goşandy üçin zenanlarymyzyň birnäçesi «Zenan kalby» ordenine mynasyp boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmäge, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini we ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga, Türkmenistanyň halkynyň ruhy başlangyçlaryny we däpleriniň yzygiderliligini üpjün etmäge, medeniýetiň ösmegine goşan uly şahsy goşantlary, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin, aýratyn önjeýli jemgyýetçilik işlerini, ýokary önümçilik-ykdysady görkezijilerini we halal zähmetini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli, ýurdumyzyň şu raýatlary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglandy:

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Ogulbossan Geldiýewna Sahatowa,

Ahal welaýatynyň Tejen şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Gurbansoltan Orazmyradowa,

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Ýasga geňeşliginiň Ýasga oba medeniýet öýüniň müdiri Ogultäç Haladowa,

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň Daşoguz Jemagat abatlaýyş gurluşyk trestiniň Görogly etrabara Abatlaýyş gurluşyk müdirliginiň işçiler toparynyň ýolbaşçysy Güljan Ýusupowna Eminowa,

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Halaç şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Ogulsapar Çaryýewa,

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Sakarçäge şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Şirinjemal Hapadyýewa.