Zähmet kodeksine baýramçylyk we hatyra günlerine degişli üýtgetme girizildi

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň birinji böleginiň rejelenen görnüşine laýyklykda, şu ählihalk baýramçylyk we hatyra günlerinde kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işlenilmeýär:

1) Täze ýyl – 1-nji ýanwar;

2) Halkara zenanlar güni – 8-nji mart;

3) Milli bahar baýramy – 21-22-nji mart;

4) Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni – 18-nji maý;

5) Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni – 27-nji sentýabr;

6) Hatyra güni – 6-njy oktýabr;

7) Halkara Bitaraplyk güni – 12-nji dekabr;

8) Gurban baýramy – Gurban baýramynyň anyk senesi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen kesgitlenilýär;

9) Oraza baýramy – Oraza baýramynyň anyk senesi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen kesgitlenilýär.