Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara gutlag iberdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň 26 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisine gatnaşyjylara gutlag iberdi.

Sergi ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünliklerimizi giňden şöhlelendirilýär. Munuň özi eziz Watanymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýokary depginler bilen dumukly ösýändigini aýdyň görkezýär – diýlip gutlagda aýdylýar.

Ata Watanymyzyň ykdysady ösüşiniň täze belentliklere çykmagy bilen, halkymyzyň durmuş üpjünçiligi, ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Çünki, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hemme ugurlarynda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeler, gazanylýan ösüşler, ýetilýän belent sepgitler bir maksada - ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary hilli üpjün edilmegine gönükdirilendir.

Türkmenistanyň halk hojalygynyň örän uly kuwwaty, döwletimiziň amatly ýerleşişi, türkmen topragynyň egsilmez baýlyklary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş- ykdysady ugurlarda gazanýan üstünliklerimiziň, ýurdumyzyň dumukly ösüşiniň, abadançylygymyzyň esasy çeşmeleri bolup durýar – diýlip gutlagda beýan edilýär.

Milli ykdysadyýetimiziň garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitleri, depginli ösüşleri mähriban halkymyzy örän buýsandyrýar. Ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, döwrebap özgertmeleri dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalary durmuşa geçirilýär.

Bu maksatnamalara laýyklykda innowasion tilsimatlara esaslanýan taslamalary giň gerim bilen durmuşa geçirmegi baş wezipe hasap edip, ony üstünlikli amala aşyrmakda bazar gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, innowasion ösüş üçin şert döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki zamanyft ösen talaplaryna laýyk gelýän kärhanalar gurlup, ulanmaga berilýär we olarda halkara bazarlarynda uly islegden peýdalanýan önümler öndürilýär. Bu bolsa, milli ykdysadyýetimizi has-da pugtalandyrmaga oňaýly täsirini ýetirýär – diýlip hormatly Prezidentimiziň gutlagynda bellenýär.