Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Dabara jemgyýetçilik birleşikleriniň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet işgärleri hem-de sungat ussatlary, ýaşulular we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyzyň nobatdaky kitaby türkmenistanlylar üçin ýurdumyzyň baş baýramy bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ajaýyp sowgatdyr. Hormatly Prezidentimiziň bu kitabynda Beýik Ýüpek ýoluna ajaýyp taryhy-medeni hadysa hökmünde garalýar. Awtor baý medeni mirasa eýe bolan hem-de geljekki nesilleriň bu hazynany öwrenmegi we goramagy üçin uly tagallalary edýän asyrlaryň örän baý mirasyna sarpa goýulýan we aýawly saklanylýan Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň mysalynda gadymy dünýäniň bu ajaýyp hadysasynyň nähili çuňňur yz goýandygyny açyp görkezýär.

Neşiriň girişinde bellenilişi ýaly, “Her bir şahasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna gosulmaga mynasyp hasaplanylýan Beýik Ýüpek ýolunyň döremeginde hem-de isjeň hereket etmeginde hem esasy orunlaryň biri türkmenlere degislidir... Ykbal ýyldyzy türkmene gurmagy, döretmegi, barha gülledip ösdürmegi, halklaryň arasynda agzybirligi jebisleşdirmegi,parahatçylygy gorap saklamagy, ruhy ýörelge edinmegi owal başda bagyş etdi.”

Awtoryň döredijilik pikiri “Jeýhunyň ýakasy”,“Gadymy Merw”,“Sarahs bilen Änewiň aralygynda”,“Nusaýdan Dehistana çenli”,“Dasoguzyň gadymy topragynda” atly alty baby özünde jemleýän bu kitabyň gurluşynda-da öz giň beýanyny tapýar. Türkmenistanyň gündogardan günbatara uzaýan çäginiň bu özboluşly syny gadymy döwürlerden bäri söwda we medeni ýollaryň merkezinde ýerleşen ýurdumyzyň şäherlerini we taryhy ýerlerini birleşdirýän Beýik Ýüpek ýolunyň “geografiýasyny”özünde jemleýär. Munuň şeýledigine dürli eýýamlardaki köp sanly ýadygärlikler, häzirki güne çenli saklanyp galan haýran galdyryjy rowaýatlardyr aýtgylar hem-de halk hakydasy şaýatlyk edýär.Bularyň hemmesi kitabyň awtoryna döredijilik hyjuwyny berýär we gadymy dünýäniň kerwen ýollarynda esasy ýol görkeziji bolup hyzmat edýär.Hut şonuň üçin hem kitabyň ahyrynyň “Ertekiler dünýäsinde” diýen bap bilen tamamlanmagy logika gabat gelýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu bapda “Sol gadymy rowaýatlary öz nesillerimize ata bolup öwüt etmek biziň her birimiziň nesillerimiziň öňündäki borjumyzdyr diýmek isleýärin. Biz beýik eýýamlary döreden ata-babalarymyzyň durmus tejribesini şolardaky tymsallaryň manysy bilen baýlasdyrýarys”diýip belleýär.

Şunuň bilen birlikde, kitapda onlarça döwletleri söwda, maglumat we medeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyran Ýüpek ýolunuň ähmiýeti diňe bir türkmen halkynyň taryhynyň we ruhy gymmatlyklarynyň däl, eýsem, Diýarymyzyň geljeginiň nukdaýnazaryndan hem açylyp görkezilýär. Milli Liderimiz täze kitabynda öz beýanyny tapýan ajaýyp maglumatlar awtora geçmişi we şu güni birleşdirmäge, geljek hakyndaky oý-pikirlerini paýlaşmaga mümkinçilik berýär.

Asyrlar geçenden soň Beýik Ýüpek ýoly nämäni aňladýar?

Hormatly Prezidentimiz bu sowala jogap berende, ozaly bilen, bu halkara ýolunyň jebisleşdiriji ornuna, onuň birleşdiriji ähmiýetine üns berýär. Kitapda munuň özüniň umumylaşmaga we ähli adamzat gymmatlyklaryna düşünmäge, ýer ýüzünde ýaşaýan adamlaryň umumy ykbalyna aň ýetirmäge bolan ilkinji ädimlerdigi aýdylýar.Şeýlelikde, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunuň ýüregi” atly kitapda Watanymyzda häzirki wagtda amala aşyrylýan we dünýäniň logistik ulgamynyň sazlaşykly ösüşine täsir edýän häzirkizaman taslamalarynyň gadymy nusgalary hakynda gürrüň berilýär. Onda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dostluk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan döwlet syýasatynyň gözbaşlary hakynda aýdylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz kitabynda ýurdumyzyň ykdysady gazananlaryna, milli ykdysadyýetimiziň strategiki pudaklaryndaky iri taslamalaryň amala aşyrylyşyna şaýatlyk edýän anyk maglumatlary getirýär. Häzirkizamanda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlary hakynda anyk düşünje berýän täze neşir türkmen jemgyýetiniň öňünde häzirki wagtda duran maksatlara we wezipelere aň ýetirmäge kömek berýär.

“Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitap öňe sürülýän başlangyçlaryň esaslydygy we delillendirilýändigi bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirkizaman we ylmy maglumatlary ulanmak bilen Beýik Ýüpek ýolunyň döränligi baradaky we söwda kerwenleri hakyndaky çeşmeleri, Gadymy Gündogaryň medeniýetleriniň gatnaşyklaryny, Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoly döwründäki taryhy ýerleriniň şäher gurluşyk aýratynlyklaryny, medeniýetleriň özara goşulyşmaklaryny, taryhy ähmiýeti bolan gadymy ýollaryň döremegini, şu meseleleri we beýlekileri öwrenmegiň çäklerindäki bilelikdäki hyzmatdaşlygyň umumy usullaryny açyp görkezýär. Neşirde gadymy ýaýlalaryň arheologiýa, paleogeografiýa, aero we kosmiki kartografiýa ulgamyndaky maglumatlar getirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze işinde milli dessurlaryň çuňňur mazmuny, halk paýhasynyň ägirt uly toplumy öz beýanyny tapýar. Olar rowaýatlarda we dessanlarda şöhlelendirilýär. Olaryň köpüsi giňden bellidir. Käbirlerini bolsa okyjy kitabyň düşnükli beýan edilmegi netijesinde özi üçin täzeden açyp biler. Kitabyň içine çuňňur aralaşdygyňça awtoryň milli we ruhy gymmatlyklary kemala getirmekde gadymy kerwen ýollarynyň ähmiýetini açýandygyna göz ýetirýärsiň.

Halk paýhasyna bolan çuňňur söýgini we joşgunly duýgyny beýan edýän kitabyň diliniň çeperligi milli Liderimiziň eserlerine mahsus ýagdaý bolup durýar. Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ugurlary boýunça syýahat edýän mahaly okyjy halkymyzyň taryhy we medeni dessurlarynyň sahypalary boýunça öňe tarap hereket edýär.

Munuň özi Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň gaznalaryndaky şekillendiriş sungatynyň eserleriniň suratlary we şekilleri bilen bezelmegi kitaba özboluşly liriki öwüşgin çaýýar. Fotosuratlar Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda ýerleşen ýurdumyz, onuň ajaýyp tebigaty, baýlyklary, gadymy taryhy we medeniýeti bolan hem-de ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň ösüşini beýan edýär.

“Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitap ýokary poligrafiýa usulynda çap edilipdir. Türkmen döwlet neşirýat gullugynda taýýarlanylan bu kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze eseri halkymyzyň taryhy ýoluna anyk baha bermäge, onuň milli medeniýetiniň özboluşlylygy, däp-dessurlary we durmuş ulgamy bilen tanyşmaga, gadymy türkmen halkynyň dünýäniň ylmy, ykdysady we medeni ösüşine goşan goşandyna has aýdyňlygy bilen göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Dabara gatnaşyjylar Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýetini giňden öwrenmekde milli Liderimize möhüm ornuň degişlidigini bellediler. Çykyş edenler “Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyň ylmy we amaly ähmiýetini nygtadylar. Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilmegi, ägirt uly maglumat mazmuny, eserde getirilýän wakalaryň çuňňurlygy we düşnükliligi kitabyň ähmiýetini artdyrýar.

Dabara gatnaşyjylar onuň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda mähriban halkymyzyň beýik ruhy-ahlak dessurlaryny goramak we artdyrmak ugrunda köptaraply iş alyp barýandygy üçin milli Liderimize hoşallyk bildirilýär. Täze kitabyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň abadançylygy,mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi, ýaş nesilleriň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi babatda bahasyz nusgalykdygy bellenilýär.

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiziň kitaplaryndan, ylmy işlerinden, düýpli köp jiltli eserlerinden düzülen sergi ýaýbaňlandyryldy. Ýygnananlar türkmen döwletiniň gazanan üstünliklerini we ýeten derejesini beýan edýän köpsanly neşirler bilen tanyşdylar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan we döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň möçberli özgertmeler ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem bu ýerde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezilýär. Olar türkmen halkynyň gadymy taryhy we baý medeniýeti barada gürrüň berýär.