Nuriddin Niýazow žipowis muşdaklaryny döredijilikde filosofiýa bilen tanyşdyrdy

Suratda: Ýuriý ŞKURIN

Sergi merkezinde Nuriddin Niýazowyň „Döredijilikde filosofiýa“ atly üstünlikli geçen özbaşdak sergisi çeperçilik sungatynyň muşdaklarynda uly gyzyklanma döretdi. Nuriddin Niýazow döredijilik usuly Günbatar Ýewropa žiwopisiniň ýörelgelerinde kemala gelen nakgaş.

Nuriddin Burhanowiç 1949-njy ýylda Kerkide (häzirki Atamyratda) demirçi ussanyň maşgalasynda dünýä indi. Onuň çagalygynyň geçen ýeri bolan ata-enesiniň öýi owadan ýerde- Amyderýanyň kenarynda ýerleşýärdi. Tebigat gözelligi onuň gözüni dokundyryp, çagalykdan nakgaş bolmagy arzuwlan Nureddiniň žiwopisçilik tilsimini baýlaşdyrdy.

Ol 1967-nji ýylda Duşanbäniň çeperçilik ýörüte orta mekdebine okuwa girdi, okan döwri Leonardo da Winçiniň döredijiligine imrigdi. Çetki şäherli ýigdekçe Galkynyş eýýamynda ýaşan geniniň eserleriniň bendisi boldy. Onuň suratlarynyň gahrymanlarynyň aňrybaş sazlaşygy Nuriddini haýran etdi. Ýörüte mekdebi tamamlap dogduk iline gaýdyp gelensoň bu oňa özboluşly döerdijilik ýoluny tapmaga ýardam etdi. Sosialistik realizm, impressionizm we beýleki „izmler“ gaýra çekilip, oňa derek Galkynyş eýýamynyň genisi nakgaşyň ýüreginde ymykly orun tutdy. Nuriddiniň eserleriniň arasynda Leonardo da Winçä we onuň eserlerine bagyşlanan suratlarynyň 20-ä golaýy bar.

Sungaty öwrenijiler da Winçiniň suratlarynda ýordumlarda gizlenen syrlar kän diýýärler. Bu Atamyrat şäherinde ýaşaýan nakgaşy täze eser döretmäge höweslendirdi. Ol Gündogar folkloryna mahsus usulda birneme degişme äheňli „Göze görnmeýän gelinligiňe sözaýdyjy gelenler “ eserinde göze ilmeýän gyzyň keşbi şekilleriň we zatlaryň suduryndan kemala gelýär.

„Jokondanyň sudury“ suraty göçme manylygy bilen özüne çekýär- asma gulpuň birneme ulaldylyp çekilen açarsokary Leonardonuň bar zady görýän nazary bilen Jokondanyň suduryna öwrülýär. Nakgaşyň Leonardo da Winçiniň genisiniň biziň düşünjämizde Jokondanyň keşbinden aýrylmazdygyny nygtasy gelen bolmagam mümkin.

1991-nji ýylda „Türkmenfilm“ kinostudiýasynda Nuriddini Niýazow hakynda dokumental film surata düşürilenden soň žiwopis muşdaklarynyň köpüsi Gündogar sebitdäki kiçeňräk şäherde ýaşaýan we döredýän özboluşly nakgaş barada bilip aldylar. 2013-nji ýylda Nuriddin Niýazow „Gaýrat“ medaly bilen sylaglandy.

Nuriddin Burhanowiç zehinli portretçem. Muňa göz ýetirmek üçin onuň „Aýa ene“ we „Şirli Hudaýnazarow“ atly ajaýyp, özboluşly üýtgeşik işlerine syn etmegem ýeterlik.

Onuň zehininiň ýene bir ugry üýtgeşik şahyrana we reňk sazlaşykly: „Çagba“, „Senež köli“, „Amyderýa“, Güýzüň ötegçi günleri“ we beýleki manzarlar toplumynda aýdyň ýüze çykýar.

Nakgaş Magtymguly hakynda suratlaryň hem 10-dan gowragyny çekdi. Olaryň biri-„Magtymgulynyň düýşi“ atly eseri sergide goýlupdyr. Nuriddin Niýazowyň suraty şahyryň üýtgeşik düýşüniň çeper beýanydyr. Heniz okuwçy döwri Nuriddin Burhanowiçe matematika mugallymy Fuat Ferganskiý şahyryň şygyrlaryna söýgi döredipdi.

Onuň „Omar Haýýam“ eseri sýurrealistik filosofiki pikirleri beýan edýär. Şahyr, matematikaçy we filosof nurana dana hökmünde asman bilen Zemin aralygynda şekillendirilipdir. Onuň sag tarapynda Omar Haýýamyň heniz diri wagty parasatly we erkinlik söýüji rubagylary bilen bakylyga tarap ýol ýasan basgançagy bar. Nakgaş golýazmaly kagyzlaryň birini şahyr we filosof Haýýamyň mirasynyň müdimiligi hökmünde ýerde ýatan görnüşde şekillendiripdir.

„Aral heläkçiligi“ eseri hem haýran galdyrýar, onda kakap galan deňiz jandarly gurap jaýrylan deňiz düýbi şekillendirilipdir. Salkyn howa derek gözýetimde boş tozan bulut kimin asman sary galýar. Deňziň düýbem çöle meňzeýär... Bu hakyky şekilde tebigata aýawly çemeleşmä çagyryş bar.

„Tükeniksizlik dünýäsi“ eserine syn edeniňde nakgaş özara baglanşygy bolmadyk zatlary ekletik usulda birleşdiren ýaly bolup dur. Suratdaky adam aýagy çalt depginlerde ösýän tehniki ösüşi aňladýar, ýöne ol adamlara ýene bägül ýetişdirmäge, ýyldyzlar älemini öwrenmäge we ritoriki sowallara jogap gözlemäge päsgel bermeýär. Duýgulara täsir edişi babatda ol sýurrealist Salwador Daliniň eserlerini ýada salýar. Bu iş sergide bir tarapyna bilgeşleýin zeper ýeten çarçuwada ýerleşdirilipdir. Nakgaşyň tükeniksizlik äleminiň hiç hili çäklendirmelere boýun bolmaýandygyny, ondan çykalga tapýandygyny görkezjek bolan bolmagy hem mümkin...

Nuriddin Niýazowyň eserleri sergä gelenleri adaty zatlara saýry garaýşy teklip edýän köpugurly üýtgeşik zehinli y nakgaşyň döredijiligi bilen tanyşdyrdy.