Halk hojalyk toplumynyň üstünlikleriniň sergisi işläp başlady

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanan sergisi açyldy. Däp boýunça Watanymyzyň naýbaşy baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän ykdysady gözden geçiriliş milli ykdysadyýetimiziň ajaýyp üstünliklerini aýdyň görkezýän ýylyň özboluşly hasabatyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara we myhmanlara iberen Gutlagynda: “Türkmenistanyň halk hojalygynyň örän uly kuwwaty, döwletimiziň amatly ýerleşişi, türkmen topragynyň egsilmez baýlyklary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş-ykdysady ugurlarda gazanýan üstünliklerimiziň, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň, abadançylygymyzyň esasy çeşmeleri bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitleri, depginli ösüşleri mähriban halkymyzy örän buýsandyrýar. Ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, döwrebap özgertmeleri dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet maksatnamalary durmuşa geçirilýär” diýip belledi.

Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan pudagara gözden geçirilişinde ykdysadyýetiň döwlet ulgamynyň düzüm bölümleri, bilim we medeniýet, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlary, ýurdumyzyň telekeçilik kärhanalary öz işleri bilen tanyşdyrýar. Onuň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, milli parlamentiň, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň, ýurdumyzyň işewür toparlarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Köpugurly sergi Söwda-senagat edarasynyň sergi merkeziniň meýdançalarynda ýerleşdirildi. Oňa gatnaşyjylary we myhmanlary aýdym-saz, döredijilik toparlary Garaşsyz Watanymyzy wasp edýän çykyşlary bilen garşyladylar. Sergi merkezinde bagşylaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan ajaýyp halk aýdym-sazlary wakanyň toý öwüşginini artdyrdy.

Milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň ösdürilmegi we eksportuň möçberleriniň artdyrylmagy, önümçiligiň depginli döwrebaplaşdyrylmagy şu ýyl Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň däp bolan sergisiniň özenini düzdi. Bulara milli ösüş maksatnamalarynyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň gerimi boýunça deňsiz-taýsyz derejede kämilleşdirilýän işlerini görkezýän serginiň köp sanly diwarlyklary aýdyň şaýatlyk edýär.

Energetika hem-de senagat, nebit we gaz, nebithimiýa, gurluşyk we gurluşyk serişdeleri, ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýa, dokma senagaty hem-de halyçylyk, himiýa pudagy, oba hem-de suw hojalygy, obasenagat toplumy, lukmançylyk senagaty, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk, neşirýat, tebigaty goraýyş hem-de bagy-bossanlyga büremek—bu pudaklaryň ählisiniň ösüş depgini wideoşekillerde, owadan maketlerde, çaphana önümleri bolan ajaýyp neşirlerde, žurnallarda öz beýanyny tapdy.

Şu ýyl Senagat ministrliginiň bölümlerinde ýokary halkara ölçeglerine kybap gelýän döwrebap, ulanmaga amatly elektrik enjamlary görkezildi. Olaryň hatarynda sergä gelenleriň ünsüni çeken ýokary hilli tozan sorujylar, elektrik ýyladyjylar, ýagtylyk diodly yşyklandyryjylar, täze kysymly elektrik hasaplaýjylar hem-de häzirki zaman abzallary bar. Elektron senagatynyň döredilmegi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan milli ykdysady toplumyň öňünde ýakyn döwür üçin goýlan esasy wezipeleriň biridir.

Mundan başga-da, sergide önümçilik birleşikleriniň önümleri bolan dürli kysymly sement, metal we plastmas turbalar hem-de şäher köçeleriniň amatlylygyny üpjün etmekdäki önümler — oturguçlar, köçeleri ýagtylandyryjylar, keramiki plitalar bilen tanyşmak bolýar.

Ýurdumyzyň ykdysady toplumynyň binýatlyk ulgamy bolan ýangyç-energetika pudagy giňişleýin bölümde görkezilýär. Ol pudagyň güýçli depginli ösüşlerini beýan edýär. Daşary ýurtlara iberilýän hem-de eksport ugurly täze harytlara aýratyn üns berildi.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy öz diwarlygynda taýýar önümleriň görnüşlerini görkezýär. Şol önümleriň arasynda dürli görnüşli benzin, dizel ýangyjy, tehniki ýag, kerosin we beýlekiler bar. Harytlaryň giň görnüşi we ýokary hili çig maly düýpli gaýtadan işlemegiň täze tehnologiki işläp taýýarlamalarynyň üstünlikli özleşdirilendiginden hem-de nebit önümleri bazarynda Türkmenistanyň bäsdeşlige ukyplylygynyň artandygyndan habar berýär.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine türkmen telekeçileri hem dürli pudaklarda önümçiligiň ýokarlandyrylmagy arkaly uly goşant goşýarlar. Olar dürli ugurlarda – oba hojalyk hem-de azyk, dokma we mebel önümçiliginden, neşirýat işlerinden başlap, häzirki zaman ýaşaýyş toplumlaryny hem-de senagat kärhanalaryny gurmaga çenli dürli ugurlarda ýöriteleşýärler. Sergä gelenler ýurdumyzyň telekeçileriniň diwarlyklaryndaky “Aýbölegiň” owadan mebellerine hem-de “Çigildemiň” ýatylýan otaga niýetlenen enjamlaryna, “Hasaryň” süýji-köke önümlerine, “Sahawatlynyň” hem-de “Täze aýyň”ajaýyp süýt we peýnir önümlerine, “Ertekiniň” doňdurmalarynyň dürli görnüşlerine, “8 ýabyň” miwe suwlaryna, birnäçe şöhlatlara hem-de beýleki et önümlerine üns berdiler.

Öý hojalygynda ulanylýan dürli abzallar hem sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi. Bu önümleri ýurdumyzyň hususy kärhanalary taýýarlaýar. Olaryň hatarynda gaz plitalary, aşhana enjamlary, ütükler hem-de durmuşda peýdalanylýan beýleki elektrik enjamlary görkezildi. Suwa düşülýän otag üçin keramiki önümleriň görnüşleri artdy. Olar ýurdumyzyň çig malyndan hem-de ösen tehnologiýalar esasynda taýýarlanyldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan gurlan hem-de gurulmagy göz öňünde tutulýan binalaryň taslamalary serginiň aýratyn ünsi çeken bölegine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk senagatynyň hem-de gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginiň Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýandygyny kesgitledi . Bu ulgamda iri maýa goýumlary, şol sanda "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň" çäklerinde desgalary bina etmek boýunça taslamalar amala aşyrylýar. Häzir ýurdumyzyň hünärmenleriniň güýçleri bilen önümçilik hem-de durmuş maksatly döwrebap binalar we toplumlar, ýokary amatly ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary hem-de mekdepler, lukmançylyk merkezleri dünýä ölçegleriniň derejesinde ýokary depginlerde bina edilýär.

Döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynyň kemala getirilmeginiň binýady bolan ýokary hilli bilim ýurdumyzyň ykdysadyýetini üstünlikli ösdürmegiň möhüm düzüm bölegidir. Serginiň bölümlerinde Bilim ministrligi hem-de okuw edaralary gazananlaryny görkezdiler. Dürli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary jemgyýetçilige öz ajaýyp oýlap tapmalary bolan robotlary, “akylly öý” ulgamyny, kompýuter maksatnamalaryny... görkezdiler. Biziň talyplarymyz we mekdep okuwçylarymyz bilim bermegiň iň täze maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň netijesinde halkara ders bäsleşikleriniň ýeňijileri bolýar. Bilim ministrliginiň diwarlygynda ýokary okuw mekdepleriniň okuw barlaghanalarynyň döwrebap enjamlary, abraýly akyl-paýhas ders bäsleşiklerinde hem-de sport ýaryşlarynda gazanylan sylaglar görkezilýär.

Şu ýyl sergide Sport baradaky döwlet komitetiniň bölümi aýratyn häsiýete eýe boldy, çünki ony guramaga ýakynda paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň altyn medallarynyň eýeleriniň onlarçasy gatnaşdy. Sporty söýüjiler sport döwleti hökmünde Türkmenistanyň abraýyny artdyran oýunlaryň şöhratly ýeňijileri bilen ýüzbe-ýüz söhbetdeş bolmaga mümkinçilik aldylar.

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi uly jemgyýetçilik seslenmesini döredip hem-de ony görmäge gelýänleriň barha köpsanlysyny özüne çekip, häzir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen topragynda bolup geçýän beýik özgertmeleri öz gözleri bilen görmäge we duýmaga her ýyl myhmanlara mümkinçilik döretmek bilen, ýurdumyzyň harytlaryny öňe ilerletmek üçin netijeli meýdança bolup durýandygyny nobatdaky gezek subut etdi.