Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi

Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün “Awaza” serhet galasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralary iň täze tehnikalar bilen üpjün etmek, harby gullukçylaryň gulluk etmegi hem-de ýaşaýyş-durmuşy üçin göwnejaý şertleri döretmek, işgärleriň hünärini yzygiderli ýokarlandyrmak maksady bilen zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň öňünde örän wajyp wezipeleriň goýulandygyny nygtaýar. Olaryň üstüne türkmenistanlylaryň parahat durmuşyny ygtybarly goramak hem-de Türkmenistanyň döwlet serhediniň hemişe parahatçylyk we dostluk serhedi bolmagyna hemmetaraplaýyn ýardam bermek ýaly asylly hem-de jogapkärli wezipe ýüklenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan harby özgertmelerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan täze binalar toplumy Döwlet serhet gullugynyň düzümindäki nobatdaky desgadyr. Bu ýerde harby gullukçylaryň gullugy we ýaşaýyş-durmuşy üçin halkara ölçegleriniň derejesindäki şertler döredildi.

...Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dikuçary dabaranyň geçirilýän ýerine geldi.

Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysyny şanly waka mynasybetli bu ýere ýygnanan harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary mähirli garşylaýarlar. Milli Liderimize Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew “Awaza” serhet galasynyň täze desgalar toplumynyň açylyşa taýýardygy barada hasabat berýär.

Döwlet Baştutanymyza iň täze harby tehnikalaryň nusgalary, şol sanda ýurdumyzyň deňiz serhedini ygtybarly goramak üçin söweşjeň we gözegçilik gämileri, katerler hem-de ýörite tehnikalaryň dürli görnüşleri görkezildi.

Harby-Deňiz güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň çäklerinde iň döwrebap tehniki serişdeleriň hem-de enjamlaryň satyn alynýandygyny bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň parahat we abadan durmuşyny üpjün edýär. Şeýle tehnikalaryň her bir görnüşi Türkmenistanyň goranyş kuwwatynyň ygtybarly binýadyny döretmegiň nyşany bolup durýar. Geçirilýän taktiki okuwlaryň barşynda harby gullukçylaryň döwrebap söweşjeň maşynlara we tehnikalara ussatlyk bilen erk edýändigine göz ýetirmek bolýar. Häzirki wagtda harby deňizçiler Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasyna laýyklykda gulluk edip, ata Watanymyzy goramagy özleriniň mukaddes borjy hasaplaýarlar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow esgerler bilen mähirli salamlaşyp, olary şanly waka bilen gutlady we olara Garaşsyz döwletimiziň halkynyň bagtyýar we abadan durmuşyny goramakda üstünlikleri arzuw etdi. Öz nobatynda, serhetçiler hormatly Prezidentimizi dabaraly ýagdaýda mübärekleýärler. Harby gullukçylar üç gezek “Ura!” diýip gygyrýarlar.

Milli Liderimiz täze binalar toplumyna tarap ugraýar. Harby gullukçylaryň döredijilik topary watançylyk aýdym-saz kompozisiýasy bilen çykyş edýär. Onda eziz Watanymyz wasp edilýär hem-de Watan goragçylarynyň ýaş nesli barada edýän aladasy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk beýan edilýär.

Hormatly Prezidentimiz esasy girelgä barýar we dabara gatnaşyjylaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda toý bagyny kesip, serhet galasynyň täze binalar toplumynyň ulanmaga berilmegine ak pata berýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze binalar toplumynyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanşyp başlaýar. Bu ýerde serhet galasynyň harby gullukçylarynyň netijeli işlemekleri üçin ähli şertler döredilipdir.

Ýörite niýetlenen meýdançada döwlet Baştutanymyza serhetçileriň ygtyýaryna gelip gowşan söweşjeň awtoulaglaryň, kwadrosiklleriň we beýleki tehnikalaryň dürli görnüşleri görkezilýär. Milli Liderimiz harby tehnikanyň aýratynlyklary we häsiýetnamalary bilen içgin tanşyp, döwletimiziň mundan beýläk-de serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrjakdygyny, ata Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goraýjylary ýöriteleşdirilen döwrebap tehnikalar we iň täze enjamlar bilen üpjün etjekdigini nygtady.

“Awaza” serhet galasyna ýöriteleşdirilen döwrebap harby awtoulagy sowgat berip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow merkezi bina tarap ugraýar, şol ýerde serhet galasynyň ştaby ýerleşýär.

Bu ýerde iň täze enjamlar bilen üpjün edilen maglumat merkezi ýerleşýär. Ornaşdyrylan döwrebap enjamlar we aragatnaşyk serişdeleri Watanymyzyň deňiz serhetlerine gije-gündiziň dowamynda wideo gözegçiligi hem-de ýurdumyzyň dürli sebitlerinde ýerleşen harby bölümleri bilen wideoaragatnaşygy amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Maglumat merkeziniň tehniki görkezijileri uly mümkinçilige eýedigi bilen häsiýetlendirilýär. Şonuň netijesinde ýagdaýy berk gözegçilikde saklamaga hem-de Döwlet serhediniň goralýan böleginde ýüze çykyp biljek adatdan daşary ýagdaýlary çaltlyk bilen kadalaşdyrmaga hem-de onuň howpsuzlygyny ygtybarly üpjün etmäge ýardam edýär.

Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň serhet galalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, olar döwrebap tehniki serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilýär, ylmy esasda geçirilýän okuwlaryň netijesinde özygtyýarly Watanymyzyň serhetlerini goraýjylaryň hünär ussatlygy ýokarlanýar. Harby gullukçylary taýýarlamakda diňe bir olaryň söweşjeň endiklerine däl, eýsem, terbiýeçilik-watançylyk işine, söweşjeň tälime hem-de ýaş hünärmenleriň – eziz Watanymyzyň goragçylarynyň umumybilim derejesini ýokarlandyrmaga uly üns berilýär. Watan goragçylary diňe bir häzirki zaman çylşyrymly tehnikalara ussatlyk bilen erk etmek bilen çäklenmän, eýsem, guramaçylyk, taktiki meseleleri hem çözmegi başarmalydyrlar.

Täze desgada iş otaglary hem-de degişli çäreleri geçirmek üçin niýetlenen giň maslahatlar zaly we kitaphana bar.

Toplumyň çäginde harby serhetçileriň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin zerur bolan zatlar bilen üpjün edilen sport zallary hem-de meýdançalary göz öňünde tutuldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary bolmak bilen, ýurdumyzyň ilatyny, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlary sporta çekmek barada yzygiderli alada edýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, milli goşunymyzda, beýleki düzümlerde bolşy ýaly, sport bilen yzygiderli meşgullanmak üçin zerur şertler döredilýär.

Sentýabr aýynda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna harby gullukçylaryň hem işjeň gatnaşandygyny bellemek gerek. Olaryň birnäçesi “Aşgabat 2017” oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen sportuň ençeme görnüşleri boýunça baýrakly orunlary eýelediler.

Toplumyň düzümine giň we ýagty naharhana, aşhana hem-de çörek bişirilýän ýer girýär. Serhetçileriň gulluk etmegi, boş wagtlaryny gyzykly geçirmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi bilen birlikde, iýmitiň tagamly we peýdaly bolmagy üçin ähli zerur çäreler görülýär.

Täze desgalaryň hatarynda serhetçiler we olaryň maşgalalary üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlary hem bar. Olarda ýaşaýjylaryň oňaýly ýaşamagyny we dynç almagyny üpjün edýän döwrebap amatlyklar göz öňünde tutuldy. Serhet gullugynyň serkerdeler düzüminiň maşgalalarynyň onlarçasy täze öýleriň eýeleri boldy. Bu ýerde çagalar üçin niýetlenen oýun meýdançalary-da guruldy. Olarda şäherjigiň körpeleriniň oýnamagy hem-de boş wagtlaryny işjeň geçirmegi üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy.

Serhet galasynyň çäginde şahsy düzümiň harby we hünär taýýarlygyny kämilleşdirmek üçin meýdançalar bar. Harby gullukçylar bilen gije-gündiziň dowamynda ata Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goragynda durýan itler üçin-de ýörite ýerler guruldy.

Bitewi binagärlik toplumyny emele getiren serhet galasynyň täze binalar toplumy häzirki döwrüň talaplarynyň ählisi göz öňünde tutulyp guruldy. Bu ýerde döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen lukmançylyk merkezi ýerleşýär, ýokary hünärli işgärler bolsa serhetçilere ýokary derejede hyzmat eder. Bu ýerde özbaşdak durmuş üpjünçiligi ulgamlary-da göz öňünde tutuldy. Topluma ýanaşyk ýerlere agaç nahallary oturdyldy we abadanlaşdyryldy.

Umuman, serhet galasynyň döwrebap toplumy hem milli Liderimiziň başyny başlan, şol sanda harby ulgamda başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bu özgertmeler özygtyýarly Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň sütünleriniň berkidilmegine gönükdirilendir.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow serhet galanyň merkezi binasynda ýerleşen maslahatlar zalynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary hem-de Döwlet serhet gullugynyň şahsy düzümini şu günki şanly waka—serhet galasynyň täze binalar toplumynyň açylmagy bilen gutlady. Bu toplumyň işi eziz Watanymyzyň serhetlerini goraýjylaryň has takyk we sazlaşykly işlemegine hyzmat eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmünde mundan beýläk-de halkymyzyň asuda we döredijilikli durmuşynyň kepili bolup çykyş edýän ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň söweşjeň ukyplylygy barada alada etjekdigini belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, durmuşa geçirilýän, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina bu wezipäni çözmäge ýardam etmelidir.

Ilki bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew alnyp barylýan işler barada hasabat bilen çykyş etdi. Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga we kämilleşdirmäge, hünärli harby işgärleri taýýarlamaga hem-de harby gullukçylaryň göwnejaý gulluk etmegi we durmuşy üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen harby özgertmeleriň üstünlikli geçirilmegi barada hem hasabat berildi.

Umuman, döwlet Baştutanymyz bu ulgamda giň gerimli özgertmeleri ilerletmegiň barşyna kanagatlanma bildirip, ýaş harby gullukçylary watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça işleri güýçlendirmegiň möhümdigini aýtdy. Olar edermen we gaýduwsyz ata-babalarymyzyň şöhratly harby däplerini hormat bilen dowam etmelidir. Milli Liderimiz harby gullukçylaryň mynasyp gulluk etmegi hem-de olaryň maşgala agzalarynyň göwnejaý ýaşamagy üçin ähli şertleriň döredilmegini öňde durýan işleriň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşymyz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň baş baýramyna – Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan dabaralaryň aýrylmaz bölegine öwrülen harby ýörişe taýýarlyk görmek baradaky meselelere ünsi çekip, ony ýokary derejede guramak barada anyk görkezmeleri berdi.

Içeri işler ministri I.Mulikow düzgün-tertibi berkitmek, düzgün bozmalaryň hem-de ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Soňra çykyş eden Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde geçirilen işler hem-de ata Watanymyzyň mukaddes serhedini goramak boýunça wezipeleri üstünlikli çözmegiň çäklerinde görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew milli Liderimiziň başyny başlan hukuk özgertmelerini ilerletmegiň barşy hem-de garamagyndaky düzümleriň alyp barýan işleri barada hasabat berdi.

Soňra Baş prokuror B.Atdaýew döwletiň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda kanunçylygy üpjün etmek boýunça prokuratura edaralarynyň alyp barýan işleri barada hasabat bilen çykyş etdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri D.Baýramow ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy saklamak boýunça amala aşyrylýan anyk ädimler hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bilen çykyş etdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Ý.Söýegow ýolbaşçylyk edýän düzüminde işleri has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi.

Soňra çykyş eden Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow özüne ynanylan düzümiň has netijeli işlemegini üpjün etmek, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolan halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek bilen baglylykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Soňra Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory M.Çakyýew korrupsiýa garşy göreşmegiň degişli maksatnamasyny amala aşyrmagyň barşy hakynda hasabat bilen çykyş etdi.

Adalat ministri B.Muhammedow ýolbaşçylyk edýän ministrliginiň alyp barýan işleri hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Milli Liderimiz ýurdumyzy ösüşiň täze derejesine çykarjak düýpli we oňyn özgertmeler ýoly bilen öňe tarap gitmek üçin has amatly şertleri üpjün etmekde bu edaralaryň ornuny belläp, harby düzümleriň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini aýtdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby edaralaryň şahsy düzümini watançylyk ruhunda terbiýelemek, işgärleri taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrmak, olaryň gözýetimini giňeltmek, harby gullukçylaryň hatarynda düzgün-nyzamy berkitmek boýunça işleri yzygiderli alyp barmagyň wajypdygyny nygtap, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş baýramyna – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe taýýarlyk görmegi esasy meseleleriň biri hökmünde görkezip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ähli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek hem-de jemgyýetçilik tertibini saklamak maksady bilen anyk tabşyryklary berdi. Garaşsyzlyk baýramynyň çäklerinde döwlet ähmiýetli möhüm çäreleriň geçirilmegi bellenildi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew soňky ýyllarda ygtyýarlygyna döwrebap harby tehnikalary gelip gowuşýan Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga uly ünsüň berilýändigi, esgerler we serkerdeler babatda uly alada edilýändigi üçin ýurdumyzyň serhet goşunlarynyň harby gullukçylarynyň adyndan çäksiz hoşallyk sözlerini beýan edip, olaryň geljekde hem öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri gyşarnyksyz we öz wagtynda ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine Belent Serkerdebaşymyzy ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşary syýasy ugruna laýyklykda, onuň Bitaraplyk derejesini nazara almak bilen işlenip taýýarlanan Harby doktrinadan ugur almak bilen, döwletimiziň geljekde hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkidip, olaryň şahsy düzümi barada alada etmek bilen, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş, zähmet şertlerini has-da gowulandyrmak üçin zerur bolan çäreleri görjekdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow serhet galanyň täze binalar toplumynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyryp, döwlet Garaşsyzlygynyň hem-de türkmen halkynyň asuda, dörejilikli zähmetiniň goragynda duran ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň özygtyýarly Türkmenistanyň ýöredýän parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň daýanjy bolmalydygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlary serhet galasynyň täze binalar toplumynyň açylmagy bilen ýene bir gezek gutlap, olara berk jan saglygyny, ene topragymyzda türkmen halkynyň döredijilikli zähmet çekmegi hem-de bagtly durmuşda ýaşamagy üçin asudalygy we parahatçylygy üpjün etmek boýunça alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

***

Şu günüň ikinji ýarymynda milli Liderimiz Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Aşgabada geldi.

Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar – Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherine hem-de Balkan welaýatyna iş saparlarynyň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutladylar. Soçä bolan saparynyň barşynda milli Liderimiz GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

Milli Liderimiziň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly täze kitabynyň neşir edilmegi türkmen halkynyň baý taryhy mirasyny dikeltmäge we bütin dünýäde wagyz etmäge nobatdaky saldamly goşant boldy. Şu günler ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bu kitabyň tanyşdyryş dabaralary geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň egindeşleri hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň ýurdumyzyň ýaş neslini ruhy-ahlak hem-de watançylyk ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýedigini nygtap, milli Liderimiziň ýazyjylyk zehinine, taryhy düýpli bilýändigine, hakyky alym we ylmyň wagyzçysy hökmünde çekýän tutanýerli zähmetine ýokary baha berip, täze kitabyň özlerinde galdyran täsiri barada gürrüň berdiler. Bu kitapda alymyň parasatlylygy, beýik döwlet işgäriniň – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhlandyryjysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi zehini jemlenendir.

“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyň sahypalarynda köp müňýyllyk taryhynyň dowamynda özüniň ruhy gymmatlyklaryny we ýörelgelerini dowam etdirip gelen, olary gülläp ösýän Diýarymyzda amala aşyrylýan beýik işlerde giňden ulanan dörediji halkyň keşbi örboýuna galýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-ynsanperwer ulgamda öňe süren beýik asylly maksatlary bize ýol görkeziji şamçyrag bolup hyzmat edýär. Ýolbaşçylar milli Liderimizi Türkmenistany ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine, munuň üçin bilimlerini we tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna, ata Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraýyny has-da belende galdyrmak üçin tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.

Howa menziline ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy täze ajaýyp kitabynyň neşir edilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap we eziz Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işleri üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ähli başlangyçlarynda uly üstünlikler arzuw etdiler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip we işlerinde täze üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.