Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil-Adalatçynyň işiniň 2017-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty



Giriş

Şu maglumat Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň – Adalatçynyň (mundan beýläk Adalatçy) işi hakynda ilkinji maglumat bolup durýar hem-de onuň işiniň ilkinji ýylynda ýerine ýetiren işleriniň we adam hukuklary babatda ýurtdaky ýagdaýy seljermesine bagyşlanýar.

Maglumat 2016-njy ýylyň 23-nji noýabrynda kabul edilen hem-de 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ýerine ýetirildi we onuň esasynda maglumaty her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna bermek Adalatçynyň aýratyn wezipe borjy bolup durýar. Şeýle hem, Adalatçy şu maglumat bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde çykyş edýär we ol Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilýär.

Maglumatyň esasy maksady:

Döwlet häkimiýet edaralaryny, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryny, halkara guramalaryny we raýat jemgyýetçiligini 2017-nji ýylyň dowamynda Adalatçynyň diwany tarapyndan ýerine ýetirilen işleri, şol döwürde Türkmenistanda adam hukuklary we azatlyklary babatda ýagdaý bilen tanyşdyrmak;

Adalatçynyň Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak we ilerletmek boýunça maksatlaryny we wezipelerini, işiniň netijelerini jemgyýetçilige ýetirmek;

adamyň hukuklary we azatlyklary, olary goramagyň görnüşleri we usullary babatdaky meseleler boýunça raýatlaryň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak;

adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulmagyny aradan aýyrmak we öňüni almak, adam hukuklaryny goramak meseleleri boýunça kanunlary we hukuk ulanyş tejribesini kämilleşdirmek boýunça işlenilip taýýarlanylan teklipler, Adalatçynyň döwlet edaralary, halkara guramalary we raýat jemgyýeti bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça hereketler hakynda habarlylygy ýokarlandyrmak bolup durýar.

Maglumat sekiz bapdan ybarat bolup, şu ugurlary öz içine alýar:

I bap. Türkmenistanda Adamyň we raýatyň hukuklarynyň

hem-de azatlyklarynyň üpjün edilişiniň we ýerine ýetirilişiniň ýagdaýy;

II bap. Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň döredilmegi we onuň işiniň guralyşy;

III bap. Hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň seljermesi;

IV bap. Raýatlaryň ýüz tutmalary boýunça seljerme;

V bap. Adalatçynyň ýüz tutmalary we teklipleri;

VI bap. Adalatçynyň jemgyýetçilik çärelerine gatnaşygy;

VII bap. Halkara hyzmatdaşlygy;

VIII bap. Netije we teklipler.

Şu maglumatyň ilkinjiligini nazara almak bilen, esasy üns, garaşsyz institutyň emele gelmegine, onuň işiniň ileri tutulýan ugurlaryna, şeýle hem halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlyga, hökümete dahylsyz jemgyýetçilik guramalary bilen özara gatnaşyklaryna berildi. Maglumat taýýarlanylanda esasy tagallalar adam hukuklary babatda bar bolan meseleleri kesgitlemek, olar boýunça netijeleri çykarmak we teklipleri bermek, olary çözmegiň usullaryny we gurallaryny tapmak işlerine gönükdirildi, bular bolsa ýurtda hukuk medeniýetini we demokratiýalaşdyrmak işini has-da berkitmäge oňyn täsirini ýetirer diýip hasaplaýarys.

I bap. Türkmenistanda Adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilişiniň we ýerine ýetirilişiniň ýagdaýy:

1.Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar;

2.Raýatlyk we syýasy hukuklar

Mälim bolşy ýaly, Esasy Kanunda – 2016-njy ýylyň sentýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşinde ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adam bolup, ony goramagyň, goldamagyň we oňa hyzmat etmegiň döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleri bolup durýandygy anyk gökezilendir. Şeýle hem, ýurdumyzda kanunyň hökmürowanlygy, adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň eldegrilmezligi we aýrybaşgalanmazlygy görkezilendir.

Parahatçylygy goldamagyň esasy ugry hökmünde Türkmenistan raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, olaryň howpsuzlygyny, özara düşünişmegini üpjün etmäge we olaryň hereketlerini sazlaşykly berkitmäge gönükdirilen ähli halkara kadalaryny hemmetaraplaýyn goldaýar. Bu ugurlar hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşinde, milli kanunlarda, durmuş maksatnamalarynda we resminamalarynda öz beýanyny tapýar. Munuň şeýledigine Konstitusiýanyň 9-njy maddasynda “Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar edýär” diýlen sözler aýdyň şaýatlyk edýär.

Milli kanunçylygy raýatlaryň adalatly hukuklary we azatlyklary, oňaýly raýat we syýasy özygtyýarlyklar ýaly özboluşly, umumy ykrar edilen halkara kadalary düzýär.

1948-nji ýylda kabul edilen we 70 ýylyň dowamynda esas goýujy halkara kadasy bolup hyzmat eden Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasynda görkezilen, adam tebigatyna mahsus bolan kadalar Türkmenistanyň milli kanunçylygynda hem öz beýanyny tapýar.

Bu kadalar ata-babalarymyzyň müňýyllyk durmuş ýolunda eýe bolan ynsanperwer däp-dessurlarynda hem kesgitlenendir.

Hut şonuň üçin parasatly däp-dessurlarda öz ornuny tapan hem-de halkymyzyň jemgyýetçilik durmuşynda esas bolup hyzmat eden Jarnamanyň we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň ikinji bölüminde, ýagny “Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary we borçlary” diýen bölümde aýdyň we kesgitli görkezilendir, şeýle hem Esasy Kanunyň kadalaryndan ugur alýan beýleki kanunçylyk namalarynda hem öz beýanyny tapýar.

Şonuň bilen birlikde milli kanunçylygy, adamyň hukuklaryny üpjün etmäge we goramaga gönükdirilen umumy ykrar edilen halkara kadalaryna ulgamlaýyn laýyk getirmegiň netijesinde kabul edilen käbir kanunlar barada durup geçmegimiz gerek. Olar Konstitusiýanyň rejelenen görnüşine Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň wezipesiniň döredilmegini hem-de ony wezipä bellemegiň tertibini göz öňünde tutýan kadalaryň girizilmegidir, şeýle hem 2016-njy ýylda “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegidir. 2017-nji ýylda bolsa, administratiw edaralar tarapyndan administratiw namalarynyň kabul edilmegi, ýerine ýetirilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen bagly amala aşyrylýan işiň hukuk esaslaryny, ýörelgelerini we önümçilik düzgünlerini belleýän we adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmeginiň üpjün edilmegine hem-de kanunyň hökmürowanlygyna gönükdirilen kadalary kesgitleýän “Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigini hem bellemek gerek. Kanun 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi.

Adam hukuklarynyň kanuny kepillikleri, bu ýerde milli tejribäniň we halkara ýörelgeleriniň sazlaşygy barada aýtmak bilen, olary milli kanunçylyga ornaşdyrmak bilen çäklenmeli däl-de, eýsem ýurdumyzda umumy ykrar edilen halkara kadalarynyň iş ýüzünde ýerine ýetirilmegini subut edýän ýagdaýlar barada durup geçmek ýerlikli bolar diýip hasaplaýarys.

Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň döwlet syýasaty demokratik esaslaryň yzygiderli ýokarlandyrmagyna, şahsyýetiň konstitusion hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegine, şeýle hem raýatlaryň ýüz tutmalaryna we şikaýatlaryna seretmegiň tertibiniň kämilleşdirilmegine gönükdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň fewralynda “Hukuk goraýjy edaralaryň işiniň meseleleri boýunça raýatlaryň ýüz tutmalaryna garamak baradaky döwlet toparyny döretmek hakynda” karara gol çekmegini mysal getirmek bolar.

Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça işlerini ulgamlaşdyrmak maksady bilen, Hormatly Prezidentimiziň karary esasynda 2007-nji ýylda “Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň” döredilmegi, bu toparyň işini kämilleşdirmek maksady bilen bolsa, onuň ygtyýarlyklarynyň we düzüminiň giňeldilip, 2011-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen “Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň döredilmegi” ýurdumyzda adam hukuklary we azatlyklary babatda wezipeleriň çözülmegine uly ähmiýetiň berilmeginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny bellemek gerek.

Bulardan başga-da, adam hukuklary babatda halkara hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek, halkara hukuk kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak hem-de olary ýerine ýetirmek, halkyň ahlak hukugyny we medeniýetini kämilleşdirmek maksady bilen Döwlet Baştutanymyz tarapyndan uzakmöhletleýin meýilnamalar we maksatnamalar tassyklanylýar, olar iş ýüzünde durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen tassyklanylan Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasy (22.01.2015ý.), Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy (15.01.2016ý.), Türkmenistanda adam söwdasyna garşy göreş boýunça 2016-2018-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy (18.03.2016ý.) munuň aýdyň mysallary bolup durýar.

Hereketleriň milli meýilnamalary adamyň we raýatyň ykdysady, durmuş, medeni, raýat we syýasy hukuklaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edilendir. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, Konstitusiýa we kanunlara laýyklykda bolsa, raýatlaryň ykdysady, durmuş, medeni, raýat we syýasy hukuklary we azatlyklary doly kepillendirilendir.

1.Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar

Türkmenistan Ykdysady, durmuş we medeni hukuklar hakynda Halkara paktyny 1996-njy ýylda tassyklady. Ýurtda hukuk özgertmelerini amala aşyrmak bilen, bu paktyň düzgünleri milli kanunçylyga ornaşdyrylýar.

Paktda ykrar edilýän hukuklaryň ornaşdyrylmagyny üpjün etmek, Paktyň maksatlaryna ýetmek, onuň düzgünlerini kanunçylyga ornaşdyrmak arkaly amala aşyrylýar. Ýagny, ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň 9-njy maddasyna laýyklykda Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar edýär.

Zähmet çekmäge bolan hukuk, her bir adamyň zähmetiň adalatly we amatly şertlerine bolan hukugy, her bir adamyň öz ykdysady we durmuş bähbitlerini goramak üçin kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşigini döretmäge hem-de öz islegine görä olara agza bolmak hukugy, şeýle hem her bir adamyň durmuş üpjünçiligine, şol sanda durmuş ätiýaçlandyrmasyna bolan hukugy Türkmenistanyň Zähmet Kodeksinde (18.04.2009ý.), Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda Türkmenistanyň Kodeksinde (19.10.2012ý.), “Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda (09.11.2013ý.), “Ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri we beýleki köpçülikleýin çäreleri guramak we geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda (28.02.2015ý.), “Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda (18.06.2016ý.), “Fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany kepilligi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda (15.10.2016ý.) we beýleki kanunçylyk namalarynda öz beýanyny tapdy.

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda her bir raýata öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almak, her bir adama hünär, iş hem-de işiň möçberine we hiline laýyk gelýän sylagy almakda hukuklaryň we mümkinçilikleriň deňligini üpjün etmek, işsiz adamlaryň hem-de hünärine laýyk iş gözleýän adamlary hünär taýdan taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmaga ýardam etmek döwlet tarapyndan kepillendirilýär.

Iş bilen üpjünçilik, zähmet we durmuş statistikasy raýatlaryň milli alamaty boýunça maglumatlaryň ýygnalmagyny göz öňünde tutmaýar, sebäbi ähli raýatlaryň, şol sanda etniki azlyklaryň zähmet çekmäge, şeýle hem pensiýa we durmuş üpjünçiligine birmeňzeş hukugy bardyr. Bu düzgün Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Türkmenistanyň Zähmet Kodeksinde, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksinde, “Ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda berkidilendir.

Raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklaryny amala aşyrmak, ilaty iş bilen üpjün etmegiň derejesini ýokarlandyrmak hem-de ýurduň öndüriji güýjüni artdyrmak üçin mümkinçilikleri we şertleri döretmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti 2015-nji ýylyň maýynda degişli karara gol çekdi. Resminama bilen Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy, şeýle hem şol Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Pakta laýyklykda Türkmenistanyň her bir raýatynyň ýeterlik ýaşaýyş durmuş derejesine bolan hukugyny ykrar etmek bilen, Türkmenistan bu hukugy iş ýüzünde berjaý etmegiň hukuk kepilliklerini döretmek boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek çärelerini amala aşyrdy. Hususan-da, “Ekologiýa howpsuzlygy hakynda” (03.06.2017ý.), “Azyk howpsuzlygy hakynda” (rejelenen görnüşi) (23.11.2016ý.), “Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda” (18.08.2015ý.), “Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda” (16.08.2014ý.), “Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda” (03.05.2014ý.), “Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda” (31.03.2012ý.), “Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny (31.03.2012ý.) we beýlekiler kabul edildi.

Ýurdumyzda her bir adamyň saglyga bolan hukugy ykrar edilýär. Her bir adamyň saglygyny goramaga hem-de jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa bolan hukugy Türkmenistanyň Konstitusiýasy bilen kepillendirilýär. “Psihiatrik kömek bermek hakynda” (23.11.2016ý.), “Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda” (26.03.2016ý.), “Atmosfera howasyny goramak hakynda” (26.03.2016ý.), “Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW-ýokanjynyň) ýaýramagyna garşy göreşmek hakynda” (26.03.2016ý.), “Derman üpjünçiligi hakynda” (12.01.2016ý.), “Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda” (23.05.2015ý.), “Bedenterbiýe we sport hakynda” (23.05.2015ý.), “Şypahana işi hakynda” (04.08.2012ý.) Türkmenistanyň Kanunlary, şeýle hem degişli hukuk namalary hem-de Türkmenistanyň ilatynyň ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeterliligini gowulandyrmaga gönükdirilen dürli döwlet maksatnamalary agzalan konstitusion kepilligi üpjün etmäge gönükdirilendir.

Saglygy goraýyş ulgamynda özgertmeler onuň býujetiniň her ýyl ýokarlanmagynda öz beýanyny tapýar. Onuň möhüm bölegi reproduktiw saglygy, enäniň, çaganyň, ýaşlaryň we ilatyň beýleki toparlarynyň saglygyny goramak maksatnamasyna düşýär.

Ilatyň ähli toparlarynyň ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeterliligini gowulandyrmak üçin ýurtda derman senagatyny ösdürmek boýunça strategik maksatnama amala aşyrylýar.

2013-2017-nji ýyllarda oba saglyk öýleriniň maddy-enjamlaýyn binýady berkidildi. Döwrebap lukmançylyk enjamlary, “Tiz kömek” awtoulaglary bilen üpjün edilen onlarça welaýat hassahanalary, oba saglyk öýleri we merkezleri bina edildi we durky täzelendi, munuň özi ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Her bir adamyň bilim almaga bolan hukugyny amala aşyrmagyň kanuny kepilliklerini üpjün etmek maksadynda Türkmenistanda kanunçylyk namalarynyň birnäçesi kabul edildi, hususan-da, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 55-nji maddasy bilen bilime bolan hukuk kepillendirildi (14.09.2016ý.), “Bilim hakynda” (04.05.2013ý.), “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda” (01.03.2014ý.), “Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda” (20.03.2017ý.) Türkmenistanyň Kanunlary we birnäçe hukuk namalary kabul edildi.

2013-nji ýylda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti tarapyndan “Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” Permana gol çekildi. Şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň karary bilen on iki ýyllyk umumy orta bilim ulgamyna geçmegiň Konsepsiýasy tassyklanyldy. Şol ýyl “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi hem kabul edildi.

Orta mekdepleriň okuw meýilnamasyna täze okuw dersleri: ykdysadyýetiň esaslary, ekologiýa, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, özüňi alyp barmak medeniýeti, informasiýa-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalary, modelirleme we grafika sapaklary girizildi.

2014-2015-nji okuw ýylyndan başlap, ýokary bilimiň (bakalawr, magistr derejeleri) iki basgançakly ulgamyny ornaşdyrmak işi başlandy.

Orta hünär okuw mekdeplerine talyplaryň kabul edilýän sany her ýyl ýokarlanýar.

Her bir talybyň we okuwçynyň ýurduň içinde maglumatlar ulgamyna, şeýle hem dünýäniň kompýuter ulgamlaryna, dünýäniň esasy ylym-bilim edaralaryna we önümçilik we hyzmatlar ulgamynyň kompaniýalaryna çykmagy üçin şertler döredildi.

Türkmenistan her bir adamyň ýurduň medeni durmuşyna gatnaşmak hukugyny kepillendirýär. Esasy Kanun her bir adamyň medeni durmuşa gatnaşmaga, çeper, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine hukugyny kepillendirýär. Adamyň ylmy, tehniki döredijilikde, şeýle hem çeperçilik, edebiýat we medeniýet işinde awtorlyk hukuklary hem-de bähbitleri kanun bilen goralýar. Bu Konstitusion kepillikler “Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda” (26.03.2016ý.), “Kinematografiýa hakynda” (18.06.2016ý.), “Türkmenistanyň halk çeper döredijiligi hakynda” (23.11.2016ý.), “Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda” (28.02.2015ý.), “Teatr we teatr işi hakynda” (08.11.2014ý.), “Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda” (16.08.2014ý.), “Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda” (10.01.2012ý.) we beýleki hukuk namalarynda öz beýanyny tapýar.

Ösüşiň Milli Maksatnamalaryna we hereketleriň meýilnamalaryna laýyklykda alnyp barylýan özgerişlikleri göz öňünde tutmak bilen kanunçylyk, şol sanda ilaty durmuş taýdan goramagyň meseleleri boýunça hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň hukuk esaslaryny berkitmekde, ýurtda geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda möhüm orun eýeleýär. Esasy Kanun Türkmenistanyň her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwlet bolup durýandygyny beýan edýär. Türkmenistanyň Býujet kodeksi hem, hususan-da durmuş ulgamyny ösdürmegi hem-de ilaty hemme taraplaýyn durmuş taýdan goldamagy ugur edinýär.

Durmuş ulgamyny ösdürmek üçin her ýyl býujet serişdeleriniň 75 göterime golaýy bölünip berilýär, soňky ýyllarda uly möçberli maýa goýumlary önümçilik we durmuş ulgamlaryna gönükdirilýär. Munuň özi Türkmenistanyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çalt depginler bilen goşulýandygyny aňladýar.

Ähli Maksatnamalarda, hereketleriň Meýilnamalarynda we beýleki kabul edilen kanunçylyk we kadalaşdyryjy hukuk namalarynda ilatyň durmuş derejesiniň pese gaçmagyna ýol bermeýän strategik çäreler göz öňünde tutulýar.

Her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň işgärleriniň aýlyk haklary 10% ýokarlanýar. Durmuş ulgamynyň pudaklarynda döwlet maliýe serişdeleriniň möçberi artdyrylýar.

Türkmenistan – ilatynyň jan başyna düşýän girdejisi ortaçadan ýokary ýurt bolmagy bu ugurda görülýän çäreleriň netijelidiginiň subutnamasy bolup durýar.

Bu görkezilenlerden başga-da, ýurdumyzda “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” kabul edilendigini we olaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek.

2.Raýatlyk we syýasy hukuklar

Türkmenistan 1996-njy ýylyň 20-nji dekabrynda Raýatlyk we sýýasy hukuklar hakynda Halkara paktyny hem-de onuň Fakultatiw teswirnamasyny tassyklady. 1999-njy ýylyň 27-nji dekabrynda bolsa Türkmenistan paktyň ölüm jezasynyň ýatyrylmagyna gönükdirilen ikinji Fakultatiw teswirnamasyna gatnaşyjy boldy.

Türkmenistanyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna ygrarlylygyndan we ony içeri we daşary syýasatynda yzygyderli durmuşa geçirýänliginden ugur almak bilen, mundan beýläk-de durmuşa geçirmek maksady bilen, 1999-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ölüm jezasyny jenaýat jeza çäresi hökmünde ulanmaga moratori girizildi, şonuň bilen baglylykda şol ýylyň 6-njy ýanwarynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ölüm jezasyny jenaýat jeza çäresi hökmünde ulanmaga girizilen moratorini ulanmagyň tertibi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Ata-babalarymyzyň adamkärçilik, rehimlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýermek bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 1999-njy ýylyň 28-nji dekabrynda kabul eden karary bilen Raýatlyk we syýasy hukuklar hakynda Halkara paktyna Ikinji fakultatiw teswirnamanyň çözgüdi tassyklanyldy, şonuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 32-nji maddasyna jenaýat jeza çäresi hökmünde ölüm jezasyny ýatyrmak hakynda üýtgetmeler girizildi.

Raýatlyk we syýasy hukuklar we azatlyklar beýleki ähli hukuklaryň hereket etmeginiň hökmany şerti bolup durýar. Syýasy azatlyklary amala aşyrmak mümkinçiligi şahsyýetiň erkinliginiň esaslarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistan Raýatlyk we syýasy hukuklar hakynda Halkara paktyna goşulan wagtyndan bäri, gatnaşyjy döwlet hökmünde adam hukuklary babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de umumy ykrar edilen halkara ölçeglerine laýyk getirmek babatda hukuk we syýasy ygrarlylygyny görkezdi. Şu maksat bilen Paktyň esasy düzgünleri Türkmenistanyň degişli kanunçylyk namalaryna ornaşdyryldy.

Ähli halkara-ykrar edilen raýatlyk we syýasy hukuklar we azatlyklar Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidildi. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny bilen her bir adama pikir we söz azatlygy kepillendirilýär. Hiç kimiň adama öz pikirini erkin beýan etmegini gadagan etmäge, şonuň ýaly-da ony kanuna laýyklykda ýaýratmaga päsgel bermäge hukugy ýokdur. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň degişli maddalaryna laýyklykda raýatlar Konstitusiýanyň we kanunlaryň çäklerinde hereket edýän syýasy partiýalary we gaýry jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge haklydyrlar. Şeýle hem olara ýygnaklary, ýygnanyşyklary, ýörişleri we beýleki köpçülikleýin çäreleri geçirmek azatlygy, jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni, şeýle-de erkin saýlanan wekilleriniň üsti bilen gatnaşmak, döwlet häkimiýet edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna saýlamak we saýlanmak hukugy kepillendirilýär. Şeýle hem, Türkmenistanyň Konstitusiýasy raýatlaryň öz ukyplaryna we hünär taýýarlygyna laýyklykda döwlet gullugynyň elýeterliligine deň hukugyny kepillendirýär.

Adamyň hukuklary we azatlyklary eldegrilmesizdir hem-de aýrybaşgalanmasyzdyr. Konstitusiýa we kanunlara laýyk gelmeýän bolsa, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny çäklendirmäge hiç kimiň haky ýokdur.

Adam hukuklarynyň Ählumumy Jarnamasyny hem-de Raýatlyk we syýasy hukuklar hakynda Halkara paktyny seljerip, milli kanunçylyga görkezilen halkara resminamalarynda göz öňünde tutulan kadalaryň ornaşdyrylandygyna göz ýetirýärsiň.

II bap. Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň döredilmegi we onuň işiniň guralyşy

Adam hukuklary bilen bagly meseleleriň netijeli çözülmegi, çäreleriň toplumyny, aýratyn-da kanunçylyk we institusional özgertmeleriň amala aşyrylmagyny talap edýär. Adam hukuklary babatda halkara ölçegleriniň ykrar edilmeginiň özi, olaryň berjaý edilmegini kepillendirmeýär, munuň üçin hukuk goraýjy ülňülere laýyk gelýän has kämil kanunçylyk zerur bolup durýar. Adam hukuklarynyň doly amala aşyrylmagy, ýörite hukuk goraýjy edaralary öz içine alýan bir bitewi hukuk goraýjy düzümiň bolan ýagdaýynda üpjün edilip bilner.

1946-njy ýylda BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşi adam hukuklaryna ünsi ýokarlandyrmak baradaky çözgüdinde, her bir ýurduň, öz ýurtlarynyň çäklerinde adam hukuklary boýunça maglumat beriji toparlary ýa-da ýerli komitetleri döretmekligiň gerekligini talap etdi. 1960-njy ýylda – adam hukuklaryny goramakda we höweslendirmekde milli edaralaryň ähmiýetini ykrar etdi. 1991-nji ýylyň oktýabrynda Parižde adam hukuklaryny höweslendirmek we goramak bilen meşgullanýan milli edaralaryň derejesini kesgitleýän we işini düzgünleşdirýän Ýörelgeleri (Pariž ýörelgeleri) kabul edildi. 1993-nji ýylda Pariž ýörelgeleri BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan tassyklanyldy. Pariž ýörelgelerinden gelip çykyşy ýaly, adam hukuklaryny goraýan milli edaralaryň işiniň esasy ýörelgesi hukuk we operatiw özbaşdaklyk bilen üpjün edilýän institutyň garaşsyzlygy bolup durýar, ýagny hukuk derejesi Konstitusiýada ýa-da parlamentiň kabul edýän kanunlarynda berkidilen, maliýe özbaşdaklygy, işgärleriň garaşsyzlygy, edaranyň düzümi, şeýle hem wezipä bellemegiň we wezipeden boşatmagyň aýratyn (aýdyň we garaşsyz) düzgünleri bilen berkidilýär.

Pariž ýörelgeleriniň esasyny düzýän ikinji bölüm, Ygtyýarly wekiliň ygtyýarlygyna degişli talaplaryň üçüsinden: ygtyýarlyklaryň doly möçberi, konstitusion ýa-da başga kanunçylyk bilen berkidilmegi, anyk düzgünleşdirilmeginden durýar. Şunuň bilen baglylykda milli edara ýerine ýetirýän wezipeleri babatda giň azatlyklara: ygtyýarlygynyň çäklerinde islendik meselelere erkin seretmek, islendik adamy diňlemek we islendik maglumaty almak, jemgyýetçilige ýüzlenmek, işçi toparlary döretmek, geňeşmeleri geçirmek, döwletiňki däl edaralar bilen hyzmatdaşlyk etmek babatda erkinligiň aňrybaş derejesine eýe bolmalydyr.

Elýeterlilik, beýleki edaralar bilen hyzmatdaşlyk, dessinlik babatda talaplar hem zerur bolup durýar. Institutyň garaşsyzlygy hasabatlylygyň aýratyn ulgamy arkaly sazlanmalydyr: milli edara jemgyýetiň öňünde, şeýle hem döwletiň öňünde öz işi üçin jogap berýär, munuň özi her ýyl parlamente ýa-da hökümete maglumatyň taýýarlanylmagyny, şeýle hem öz işi barada habarlaryň yzygiderli ýaýradylmagyny göz öňünde tutýar.

1993-nji ýylyň iýunynda Adam hukuklary baradaky Halkara konferensiýasy Wena jarnamasyny we Hereketleriň Maksatnamasyny kabul etdi. Olar “adam hukuklaryny üpjün etmekde we goramakda milli institutlaryň, hususan-da olaryň degişli edaralara maslahat kömegini bermekde möhümdigini we netijeli ornuny, adam hukuklarynyň bozulmalaryny aradan aýyrmakda we adam hukuklary barada habarlary ýaýratmakda, adam hukuklary boýunça bilim bermekde ähmiýetini” tassyklady hem-de onda “adam hukuklaryna dahylly bolan institutlary döretmekde we berkitmekde ýardam etmek boýunça hereketlere ýörite üns berilmelidir” diýilýär. Adam hukuklary boýunça milli edaralar baradaky pikiriň özi, wezipesi diňe adam hukuklarynyň goralmagyna we höweslendirilmegine gönükdirilen ýörite edarany döretmek zerurlygy bilen bagly bolup durýar. Milli institutlaryň esasy aýratynlyklary - olar adatça, administratiw häsiýetli bolup (kazyýet ýa-da kanunçykaryjy edara däldir) maslahat beriji ygtyýarlyklara eýe bolup durýarlar hem-de köp babatda garaşsyz edaralar hökmünde kesgitlenýärler. .

Şeýle milli edaralaryň üç sany esasy toparlary: adam hukuklary boýunça komissiýalar, ombudsmenler we “ýöriteleşdirilen” milli edaralar bolýar.

Ilkibaşda Demirgazyk Ýewropanyň ýurtlarynda dörän ombudsmeniň instituty 60-80-nji ýyllarda giňden ýaýrady we dürli atlar bilen dünýäniň köp ýurtlarynda esaslandyryldy. Ombudsmeniň instituty taryhy gözbaşyny Şwesiýadan alyp gaýdýar, bu ýerde 1809-njy ýylda Dolandyrmak hakynda namanyň 6-njy maddasynyň esasynda Karl XII Riksdaga (Parlamente) “Riksdagyň kesgitlän düzgünleriniň esasynda jemgyýetçilik administrasiýasynyň kanunlaryň we beýleki kanunçylyk namalarynyň ulanylyşyna gözegçilik maksatlary üçin bir we şondan köp Ombudsmeni saýlamak” hukugyny berdi.

Şwesiýanyň mysalyna 1919-njy ýylda Finlýandiýa eýerdi. Emma institut Ikinji jahan urşundan soň tutuş dünýäde giňden ýaýrady. 1954-nji ýylda Daniýada konstitusion özgertmeleriň çäklerinde şwed nusgasyndan düýpli tapawutlanýan ombudsmeniň instituty döredildi. Ol binýatlyk nusga öwrülip, onuň esasynda dünýäniň köp ýurtlarynda şeýle institutlar esaslandyryldy. Şeýle edaralaryň atlary düýpli tapawutlanýar, emma ygtyýarlyklarynyň mazmuny meňzeş bolup, olar ýeke-täk “Ombudsmen” (“Ombudsman”) adalgasy bilen birleşýärler. Adalganyň esasynda “umbud” (güýç, gorag) we “man” şwed sözleri bolup durýar. GDA ýurtlarynda “Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil” Ombudsmen adalgasyny çalyşýar. Şeýle at Ombudsmeniň adam hukuklaryny goramakdan we dikeltmekden ybarat bolan esasy wezipesini aýdyň şöhlelendirýär.

Ygtyýarly wekiliň instituty ozaly bilen kazyýetler, prokuratura ýa-da beýleki döwlet edaralary bilen bäsleşmezden, hukuklary goramagyň goşmaça serişdesi hökmünde çykyş edýär. Bu institutyň düýp mazmuny, jemgyýetiň we onuň raýatlarynyň bähbitlerini beýan ediji bolup çykyş etmek bilen, döwlet häkimiýet edaralarynyň işine gözegçilik etmeginde jemlenýär. Köp ýurtlarda parlament tarapyndan döredilýän Ombudsmeniň instituty gapma-garşylyklar ulgamynyň goşmaça guralyna öwrülýär hem-de ähli döwletlerde diýen ýaly raýatlaryň we döwletiň arasyndaky “üçünji nukdaýnazar” hökmünde baha berilýär.

Hukukçylaryň halkara assosiasiýasynyň kesgitlemesi boýunça ombudsmen – “Konstitusiýa ýa-da kanunçykaryjy häkimiýetiň namasy bilen göz öňünde tutulan gulluk bolup, oňa garaşsyz, ýokary wezipeli jemgyýetçilik wekili ýolbaşçylyk edýär, ol kanunçykaryjy häkimiýetiň öňünde maglumat berýär, döwlet edaralary, wezipeli adamlar we iş berijiler tarapyndan hukuklary bozulan adamlardan arzalary kabul edýär ýa-da öz garaýşyna görä hereket edýär we barlag geçirmäge, teklip bermäge, maglumat bermäge ygtyýarlydyr”. Adalatçynyň institutynyň döredilmegi – administratiw hyýanatçylyklaryň öňüni almagyň, şeýle hem hukuklaryň we azatlyklaryň kemsidilmegine getiren administratiw ýalňyşlyklary düzetmegiň institusional kepilliklerini berkitmek boýunça özgertmeleriň netijesidir.

Ombudsmeniň institutynyň dürli milli nusgalarynda wezipeler düýpli üýtgeýär, emma Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriň köpüsine mahsus bolan esasy wezipeler bolýar. Ol wezipeler ikidir: adam hukuklaryny goramak we höweslendirmekdir. Eger olaryň birinjisi şahsy şikaýatlara seretmek we çözmek, adam hukuklarynyň köpçülikleýin bozulan ýagdaýlarynda möhüm ýüz tutmalary (rezolýusiýalary, maslahatlary) kabul etmek, penitensiar, çagalar we beýleki edaralara gözegçilik etmek ýaly belli bir işden ybarat bolsa, olaryň ikinjisine bilim işi, adam hukuklaryny goramak babatda kanunçylygy özgertmäge ýardam etmek, halkara hyzmatdaşlygy, adam hukuklarynyň müşgil meseleleri babatda möhüm çözgütleri we maslahatlary işläp taýýarlamak maksady bilen forumlary, maslahatlary, beýleki çäreleri guramakdan ybaratdyr.

Ýokarda aýdylanlary beýan etmek bilen, biz şeýle institutlary döretmegiň zerurlygynyň taryhy barada durup geçmegi, şunda adalatçylaryň belli bir döwlete degişliligine baglylykda olaryň hukuk derejeleriniň tapawutly aýratynlyklaryna garamazdan, onuň köpugurlylygy bellenilip, bu institutyň dürli dolandyryş görnüşli döwletlerde öz ornuny tapandygyna we dürli hukuk ulgamlaryna goşulmaga ukyplylygyna ünsi çekmegi makul bildik. Şeýle hem şu aşakdaky görkezilenler Türkmenistanda Adalatçynyň diwany döredilende Pariž ýörelgelerinde düzgünleşdirilen halkara ülňüleriň talaplaryna laýyk gelýän nusganyň saýlanyp alynmagynyň tassyklanmasy bolar, ýagny institutyň derejesini Konstitusiýada berkitmek arkaly üpjün edilýän garaşsyzlygy, maliýe özbaşdaklygy, işgärleriniň garaşsyzlygy, şeýle hem wezipä bellemegiň we wezipeden boşatmagyň konstitusion kadalaşdyryjy düzgünleri bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde Türkmenistan ilkinjileriň hatarynda adam hukuklary babatda möhüm halkara konwensiýalaryna goşulyp, olaryň kadalaryny milli kanunçylyga yzygiderli ornaşdyrmak, konwensiýalarda beýan edilen, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen toplumlaýyn çäreleri geçirýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer başlangyçlaryndan ugur alyp, 2016-njy ýylyň 23-nji noýabrynda “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny kabul etmegi şol çäreleriň nobatdakysy boldy.

Ýeri gelende ýatlasak, hut Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň institutynyň, onuň hukuk esaslarynyň döredilmegine badalga berildi.

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti 2015-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda çykyş edip, Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň saýlawlaryny konstitusion esasda kadalaşdyrmagyň maksada laýyk boljaklygy baradaky pikirini beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiziň şol parasatly başlangyçlaryndan ugur almak bilen, Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili saýlamagyň tertibini we onuň işini kesgitleýän hukuk esaslaryny taýýarlamak işi başlandy.

Şu ýerde adam hukuklary boýunça garaşsyz edaralary döretmegiň we olaryň işiniň halkara tejribesini öwrenmek üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň zerur şertleri döredendigini bellemek gerek. Degişli düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň dürli ýurtlarynyň adam hukuklary boýunça garaşsyz institutlaryny döretmek ulgamyny we işini öwrenmek boýunça birnäçe okuw saparlary guraldy.

“Adalatçy hakynda” Kanun taslamasyny işläp taýýarlamagyň barşynda, Türkmenistan adam hukuklary boýunça milli edaralary döretmek we berkitmek meseleleri bilen meşgullanýan edaralaryň köpsanlysy, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy, onuň düzümine girýän guramalar, hususan-da, Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Müdirligi, Ýewropa Bileleşigi we beýlekiler bilen hyzmatdaşlyk edilendigini bellemek gerek.

Bilelikde geçirilen maslahatlaryň we “tegelek stollaryň” barşynda halkara bilermenleriniň pikirleri diňlenildi. Hususan-da, kanunyň taslamasyna baha bermek maksady bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky edarasy tarapyndan halkara bilermen çagyrylyp, ol kanun taslamasynyň seljermesini geçirdi we maslahatlaryny berdi. BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň wekilleriniň hem-de Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň Müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekiliniň gatnaşmagynda işçi toparyň agzalary bilen kanunyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň parasatly başlangyçlaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşinde adam hukuklarynyň üpjün edilmegini we goralmagyny berkidýän beýleki kadalar bilen birlikde Adam hukuklary boýunça Ygtyýarly wekiliň saýlawlarynyň tertibini kesgitleýän kada girizildi.

Ýagny, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 17-nji bölümine laýyklykda Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Mejlisine Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili saýlamak hakynda teklip girizýär, 81-nji maddasynyň 8-nji bölümi esasynda bolsa, Mejlis Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili saýlaýar. Bu hukuk kadasynyň girizilmegi Türkmenistanda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň ýokary döwlet derejesinde ykrar edilýändigini tassyklaýar, bu konstitusion pikiriň durmuşa geçirilmegi bolsa, “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmeginde öz beýanyny tapdy.

Elbetde, institut adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegini we ýerine ýetirilmegini goramakda döwlet kepilliklerini üpjün etmek maksady bilen döredildi, mundan başga-da, Adalatçynyň wezipesine saýlawlaryň konstitusion derejede kadalaşdyrylmagy, şeýle hem ony birnäçe dalaşgärleriň arasyndan saýlamak kadasynyň girizilmegi ýurdumyzda adam hukuklary boýunça bu garaşsyz instituta uly ähmiýetiň berilýändigine hem-de bu institutyň umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň esasynda döredilmeginiň demokratik ýolunyň saýlanyp alynmagynyň subutnamasy bolup durýar.

2016-njy ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatynda ilkinji gezek kabul edilen “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça garaşsyz instituty döretmegiň hukuk binýadyna öwrüldi. Adalatçynyň hukuklaryny, borçlaryny, işiniň esasy ugurlaryny we kepilliklerini, şeýle hem ygtyýarlyklaryny kesgitledi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatynda, 2017-nji ýylyň mart aýynda kanun esasynda Adalatçy saýlanyldy we şol ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň karary bilen Adalatçynyň diwany döredildi.

Bellenilişi ýaly, Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň –Adalatçynyň wezipesi Türkmenistanda ilkinji gezek döredildi. Bu hukuk instituty demokratik hukuk döwletiň ulgamynda möhüm orun eýeleýär hem-de kanunçylygy berkitmegiň, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň möhüm şerti hasaplanýar.

“Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil bolup durýan Adalatçynyň wezipesi, adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň döwlet tarapyndan goragynyň kepilliklerini, şeýle-de döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we olaryň wezipeli adamlary tarapyndan ol kepillikleriň berjaý edilmegini we hormat goýulmagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda döredildi.

Adalatçy döwlet häkimiýet, kazyýet edarasy däldir. Şeýle hem ol adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goraýan beýleki döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny çäklendirmeýär. Adalatçy öz işi bilen adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda bar bolan döwlet serişdeleriniň üstüni ýetirýär. Adalatçy öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, “Adalatçy hakynda” Kanuny hem-de Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we halkara şertnamalaryny goldanýar.

Öz ygtyýarlyklaryny amala aşyranda garaşsyzlyk hem-de haýsydyr bir döwlet edaralaryna we wezipeli adamlara hasabat bermezligi Adalatçynyň institutynyň tapawutly aýratynlygy bolup durýar.

Adalatçynyň öz işinde goldanýan beýleki ýörelgeleri barada hem aýtmak zerurdyr. Olar – kanunylyk, tarapgöýsüzlik, elýeterlilik, maglumatlaryň ýaşyrynlygy, kemsidilmelere ýol berilmezligi, adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ileri tutulmagy, adalatlylyk, dogruçyllyk we aýanlyk ýörelgeleridir. Adalatçynyň çözgüdine ýa-da hereketine täsir etmek maksady bilen onuň işine gatyşylmagy, onuň işine başga hili usul bilen päsgel berilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

Kanunyň degişli kadalary bilen Adalatçynyň eldegrilmesizliginiň berkidilmegi aýratyn üns berilmegine mynasypdyr. Mysal üçin, Kanunyň 11-nji maddasy Adalatçynyň we onuň orunbasarynyň şahsy eldegrilmesizlik hukugyna eýe bolup, Türkmenistanyň Mejlisiniň razylygy bolmazdan, olaryň jenaýat jogapkärçiligine we kazyýet tertibinde administratiw jogapkärçilige çekilip, tutulyp saklanylyp, tussag edilip, mejbury getirilmäge we ýanynyň dökülmegine sezewar edilip bilinmeýändigini kesgitleýär. Şu madda bilen Adalatçynyň we onuň orunbasarynyň eldegrilmesizligi olaryň ýaşaýyş we gulluk jaýlaryna, ýüküne, şahsy we gulluk ulagyna, hat alyşmaklaryna we gulluk resminamalaryna, olaryň ulanýan aragatnaşyk serişdelerine degişlidigi, olarda dökmegi we almagy geçirmek, gepleşikleri diňlemek we olaryň öz ýanyny dökmek, şeýle hem hat alyşmalaryny, emlägini we resminamalaryny almak diňe Türkmenistanyň Baş prokurorynyň sanksiýasy bilen amala aşyrylyp bilinýändigi kesgitlenýär.

Adalatçynyň işiniň ýörelgeleri we kepillikleri Kanunyň aýratyn babynda bellenilýär.

Kanunyň 13-nji maddasy Adalatçynyň işiniň garaşsyzlyk ýörelgesine bagyşlanyp, ony esas goýujy diýip atlandyrmak bolar we ol Adalatçynyň öz işinde özbaşdak bolup, onuň çözgütleriniň syýasy tarapgöýlüklerden erkin hukuk garaýyşy aňladyp, döwlet edaralaryna, wezipeli adamlara, syýasy partiýalara we gaýry jemgyýetçilik birleşiklerine wekilçilik etmeýändigini hem-de olara hasabat bermeýändigini kesgitleýär.

Aýanlyk ýörelgeleri Kanunyň 14-nji maddasynda berkidilip, onuň mazmuny Adalatçynyň işiniň Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilmeginde jemlenýär. Adalatçynyň her ýylky işi we ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakynda maglumatynyň Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edilmegini göz öňünde tutýan Kanunyň 20-nji maddasyny hem şu ýörelgäniň amala aşyrylmagyna degişli etmek bolar.

Kanunyň 17-nji maddasynda Adalatçynyň işine gatyşylmagynyň, eldegrilmesizligine kast edilmeginiň, şeýle hem onuň işine başga ýol bilen päsgel berilmeginiň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýändigi bellenilýär.

Kanunyň, Adalatçynyň ygtyýarlyklary bilen bagly bolan kadalaryny kesgitleýän baby aýratyn üns berilmäge degişlidir.

Mysal üçin, Kanunyň 18-nji maddasyna laýyklykda, Adalatçy döwlet häkimiýet edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, düzediş we beýleki ýörüteleşdirilen edaralara, harby bölümlere we harby edaralara päsgelçiliksiz we öňünden duýdurmazdan barmaga, döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň wezipeli adamlaryndan zerur resminamalary, materiallary, beýleki maglumatlary we olaryň düşündirişlerini soramaga we almaga, anyklanylmaga degişli meseleler boýunça bilermen barlaglarynyň geçirilmegini ygtyýarly döwlet edaralaryna we ylmy edaralara tabşyrmaga, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny bozan wezipeli adam babatda düzgün-nyzam ýa-da administratiw önümçiligini ýa-da jenaýat işini gozgamak hakynda teklip bilen ygtyýarly döwlet edaralaryna ýa-da wezipeli adamlara ýüz tutmaga ygtyýarlydyr.

Ýüz tutmalara seretmek Adalatçynyň ileri tutýan wezipesi bolup durýar. Ýüz tutmalara her bir anyk şikaýatda getirilen delilleri jikme-jik öwrenmek, seredilýän meseleleri düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny, şeýle hem hukuk ulanyş tejribesini öwrenmek arkaly seretmek bilen, her bir anyk ýagdaýda adam hukuklaryny goramak maksady ýetilýär. Türkmenistanda adam hukuklarynyň berjaý edilşine gözegçilik etmek Adalatçynyň möhüm wezipesi bolup durýar.

Ýüz tutmalar boýunça maglumat, hat-da oňyn çözülmedik, şeýle hem oňyn çözülen ýagdaýlar boýunça maglumatlar, ýagdaýlaryň içgin seljermesi ýurtda adam hukuklarynyň berjaý edilmegi babatda habarly bolmak we netije çykarmak, şeýle hem geljekde işlerini kämilleşdirmek üçin Adalatça esas bolup durýar.

Adalatça adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulmalarynyň faktyny anyklamak maksady bilen gelip gowşan ýüz tutmalaryň esasynda, şeýle-de öz başlangyjy boýunça, eger hukuk bozulmalar barada resmi çeşmelerden ýa-da köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden özüne mälim bolsa, öz başlangyçlary esasynda barlag geçirmek hukugy berlendir. Şunuň bilen baglylykda, ol döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň wezipeli adamlaryndan düşündirişleri, zerur resminamalary, materiallary, beýleki maglumatlary soramaga we almaga, anyklanylmaga degişli meseleler boýunça bilermen barlaglarynyň geçirilmegini ygtyýarly döwlet edaralaryna we ylmy edaralara tabşyrmaga hukuklydyr.

Adalatçy öz ygtyýarlygynyň çäklerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň şikaýatlaryna seredýär.

Şeýle hem şu maddada Türkmenistanyň çäklerinde ýa-da onuň belli bir böleginde adatdan daşary ýa-da harby ýagdaý düzgüniniň girizilmeginiň hem Adalatçynyň ygtyýarlyklaryny çäklendirmeýändigi göz öňünde tutulandyr.

Adalatçynyň esasy wezipelerine adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegine, adamyň we raýatyň bozulan hukuklarynyň we azatlyklarynyň dikeldilmegine, adam hukuklary babatda halkara şertnamalaryny tassyklamaga, bu ugurda kanunçylygyň kämilleşdirilmegine, adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary, olary goramagyň görnüşleri we usullary babatda raýatlaryň hukuk taýdan aň-bilimliligine, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda döwlet edaralarynyň arkalaşykly hereketlerine, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine we utgaşdyrylmagyna ýardam etmek degişli bolup durýar. Adalatçy döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, wezipeli adamlaryň, döwlet gullukçylarynyň çözgütlerine we hereketlerine bolan şikaýatlaryna, eger öň arza beriji bu çözgütlere ýa-da hereketlere kazyýet ýa-da administratiw tertipde şikaýat edip, kabul edilen çözgütler bilen razy bolman beren şikaýatyna seredýär.

Adalatçynyň öz işi hem-de ýurtda adam hukuklary babatdaky ýagdaý hakynda her ýylky maglumaty Adalatçynyň aýratyn wezipesi bolup, ol Türkmenistanyň Prezidentiniň seretmegine hödürlenýär. Şeýle hem şu maglumat bilen Adalatçy Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde çykyş edýär. Zerur halatlarda Kanunyň 20-nji maddasyna laýyklykda Adalatçy adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegi bilen baglanyşykly aýratyn meseleler boýunça ýörite maglumatyny Türkmenistanyň Prezidentiniň seretmegine hödürlemäge hem-de şol maglumat bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň öňünde çykyş etmäge hukuklydyr.

Kanunyň aýratyn baby bilen arzalara seretmegiň tertibi we şertleri, şikaýatlar boýunça kabul edilýän çözgütler, adamyň we raýatyň bozulan hukuklarynyň we azatlyklarynyň dikeldilmegine ýardam etmek boýunça Adalatçynyň hukuklary we borçlary hakynda ýörite kadalar bellenilendir. Ünsünizi kanunyň 28-nji we 29-njy maddalaryna çekmegi zerur diýip hasaplaýaryn. Olarda Adalatçynyň adamyň we raýatyň bozulan hukuklaryny we azatlyklaryny dikeltmekde hukuklary we borçlary berkidilýär. Adalatçynyň hukuklaryna arza berijiniň hukuklarynyň bozulmagynda günäkär adamy düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekmek hakyndaky teklip bilen döwlet häkimiýet edarasynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasynyň, guramaçylyk-hukuk görnüşlerine we eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan kärhananyň, edaranyň we guramanyň ýolbaşçysyna, düzediş edarasynyň we deslapky tussag ediliş, tutulyp saklanan adamlaryň saklanylýan ýerleriniň ýolbaşçylygyna, harby bölümiň we harby birikmesiniň, harby edaralaryň serkerdeligine, arza berijiniň hukuklarynyň bozulmagynda günäkär adamy düzgün-nyzam, administratiw ýa-da jenaýat jogapkärçiligine çekmek hakyndaky teklip bilen ygtyýarly döwlet edarasyna, arza berijiniň bozulan hukuklaryny goramak, oňa ýetirilen maddy zyýanyň öwezini dolmak we ahlak taýdan ýetirilen zyýanyň öwez puluny almak hakynda arza bilen kazyýete ýüz tutmak hukugy degişli edilendir. Şu ýerde Adalatçynyň kazyýete ýüz tutmasynyň Kanunyň şu kadasy bilen döwlet pajyny tölemekden boşadylandygyny bellemek gerek. Şeýle hem, Adalatça arza berijiniň hukuklarynyň bozulmagyna getiren jenaýat işini ýatyrmak ýa-da jenaýat işini gozgamakdan ýüz döndermek hakynda kararyň, kazyýetiň jenaýat ýa-da raýat işi boýunça ýa-da administratiw hukuk bozulmalary hakynda iş boýunça kabul eden, kanuny güýje giren kararlarynyň kanunylygyny we esaslylygyny barlamak hakynda teklip bilen ygtyýarly wezipeli adama ýüz tutmak hukugy berilendir.

Adamyň we raýatyň bozulan hukuklarynyň we azatlyklarynyň dikeldilmegine ýardam etmek hukuklaryň berilmegi bilen birlikde Adalatçynyň üstüne belli bir borçlar hem ýüklenilendir. Şunda Adalatçy Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, kanunlaryny we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny, şu Kanuna laýyklykda öz borçlaryny berjaý etmäge, öz ygtyýarlygy bilen bir ýere sygyşmaýan islendik hereketi etmekden saklanmaga, kanun arkaly goralýan döwlet we beýleki syrlary ýaýratmazlyga, gizlin maglumatlary, öz borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen bagly özüne mälim bolan şahsy maglumatlary olaryň özleriniň ýazmaça razylygy bolmazdan ýaýratmazlyga borçly edilendir. Bu borç Adalatçynyň ygtyýarlyklary bes edilenden soň hem hereket edýär.

Adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulandygy takyklanan halatynda hereketleri bilen adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny bozan kärhanalara, edaralara, guramalara Adalatçynyň iberýän maslahat beriş häsiýetdäki teklibi onuň işinde aýratyn orun eýeleýär. Kanun Adalatçynyň teklibini alan kärhanalary, edaralary, guramalary ýa-da wezipeli adamlary bir aýyň dowamynda teklibe seretmäge we görlen çäreler barada ýazmaça jogap bermäge borçlandyrýar. Eger Adalatçy görlen çäre bilen razy bolmasa, oňa berlen maslahaty ýerine ýetirmek barada degişli çäre görülmegini sorap ýokarda durýan edara ýüz tutmak hukugy berilendir.

Şeýle hem, Kanun bilen Adalatçynyň işini amala aşyrmaga ýardam etjek Adalatçynyň diwanyny döretmek zerurlygy kesgitlendi. Adalatçynyň diwany ýuridik şahs bolup, onuň işgärleriniň hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi, şeýle hem olaryň döwlet gullugyny geçmegi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär. Şeýle hem ýerlerde Adalatçynyň sebitleýin edaralaryny döretmek mümkinçiligi göz öňünde tutuldy.

Adalatçynyň we onuň diwanynyň işini maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar. Onda her ýyl Adalatçynyň we onuň diwanynyň işini üpjün etmek üçin zerur bolan serişdeler göz öňünde tutulýar. Adalatçy çykdajylaryň sanawyny özbaşdak işläp taýýarlaýar we ýerine ýetirýär. Şeýle hem Kanunyň 43-nji maddasy bu institutyň işini goşmaça maliýeleşdirmegiň Türkmenistan tarapyndan baglaşylýan şertnamalaryň esasynda daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň serişdeleriniň, şeýle hem kanunçylykda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrmak mümkinçiligini göz öňünde tutýar.

Maslahat beriş kömegini bermek maksady bilen Adalatçynyň ýanynda bilermenler geňeşini döretmek mümkinçiligi Adalatçynyň diwanynyň işini hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň ýene bir tapawutly aýratynlygy bolup durýar. Kanunyň 44-nji maddasyna laýyklykda Adalatçynyň ýanyndaky bilermenler geňeşi adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary babatda zerur aň-düşünjeleri bolan adamlardan ybarat bolan düzümde döredilip bilner.

Kanuna laýyklykda Adalatçy diwanynyň we sebitleýin edaralarynyň gurluşyny, diwan we sebitleýin edaralar hem-de olaryň gurluş düzüm birlikleri hakynda düzgünnamany tassyklaýar, şeýle hem ol öz diwanynyň we sebitleýin edaralarynyň işgärleriniň sanyny we wezipe sanawyny kesgitleýär we tassyklaýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 8-nji aprelinde gol çeken Permany bilen Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany döredildi. Adalatçynyň diwanynyň döredilmegi bilen Kanunyň kadalaryny amala aşyrmak üçin hem-de institutyň işini guramak maksady bilen Adalatçy tarapyndan degişli resminamalar (aktlar) tassyklanyldy. Şeýlelikde, Adalatçynyň 2017-nji ýylyň 8-nji aprelindäki buýrugy bilen Adalatçynyň diwany hakynda edaranyň işini kadalaşdyrýan Düzgünnama tassyklanyldy. Onuň yzysüre, 2017-nji ýylyň 12-nji aprelinde Adalatçynyň buýrugy bilen Adalatçynyň diwanynyň düzümi tassyklanyldy. Tassyklanylan düzüme laýyklykda diwan ýolbaşçylardan, Adam hukuklarynyň goragy we raýatlaryň ýüz tutmalary boýunça işlemek bölüminden, şeýle hem baş hasapçydan ybarat bolup durýar. Şeýle hem Adalatçynyň buýrugy bilen diwanyň sekiz adamdan ybarat gurluş düzüm birligi tassyklanyldy. Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan diwanyň maddy-enjamlaýyn binýady doly üpjün edilip, ol Adalatçynyň diwanynyň işlemegi üçin doly şert döretdi. Diwan ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan, ýuridiki adresi Aşgabat şäheriniň 2005-nji köçesiniň 4-nji jaýy bolan “Adalat” köşgünde ýerleşdirildi.

Ýokarda aýdylanlar Türkmenistanda Adalatçynyň institutyny döretmegiň berkidilmegi hem-de “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi we olaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagy döwletimiziň çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyna, kabul edilen halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak hakynda konstitusion kadanyň berjaý edilmegine hem-de ýurdumyzyň geljekde hem hakyky demokratiýanyň ýörelgelerini ösdürmäge ygrarlylygynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýandygyny tassyklaýar.

Türkmenistanyň halkynyň Çuňňur Hormatlanýan Prezidentine öz halky barada edýän ýadawsyz aladasy, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga, döwlet häkimiýet, öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň hem-de wezipeli adamlaryň olary berjaý etmegini gazanmaga ygtyýarly edilen Adalatçynyň hukuk institutyny döredip berenligi üçin tüýs ýürekden hoşaldygyny bellemek gerek. Bu bolsa, halkymyzda kanunylygyň dabaralanmagyna bolan ynamyny has-da artdyrdy, muňa Adalatçynyň diwanynyň döredilmeginiň ilkinji günlerinden gelip gowuşýan köpsanly ýüz tutmalarda beýan edilen arzuwlar aýdyň şaýatlyk edýär.

III bap. Hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň seljermesi

Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň institutynyň döremegi, jemgyýetiň we döwletiň ösmeginiň, onuň demokratiýalaşmagynyň hem-de ýurdumyzda hukuk goraýjy ulgamyň kämilleşmeginiň netijesi boldy. Täze döwlet edarasy döredilmezden öň bu instituty wagyz etmek, Ygtyýarly wekiliň institutynyň döwlet dolandyryş işlerini kämilleşdirmäge täsirini seljermek we taslamak boýunça köpugurly işler geçirildi.

2016-njy ýylyň 23-nji noýabrynda “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edilip, 2017-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Adalatçy saýlanylandan soň, şol ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň Permany bilen Adalatçynyň diwany döredildi. Adalatçynyň işi esaslandyryş we guramaçylyk meselelerinden başlandy.

Adalatçynyň diwanynyň döredilmegi bilen Kanunyň kadalaryny amala aşyrmak hem-de diwanyň işini guramak maksady bilen, Adalatçynyň 2017-nji ýylyň 8-nji aprelinde çykaran buýrugy bilen diwanyň işini düzgünleşdirýän “Adalatçynyň diwany hakynda”düzgünnama tassyklanyldy.

Adalatçynyň 2017-nji ýylyň 12-nji aprelinde çykaran buýrugy bilen Adalatçynyň diwanynyň gurluşy tassyklanyldy. Tassyklanan gurluşa laýyklykda diwan ýolbaşçylardan, Adam hukuklarynyň goragy we raýatlaryň ýüz tutmalary boýunça işlemek bölüminden, baş hasapçydan ybarat bolup durýar. Şeýle hem, Adalatçynyň buýrugy bilen diwanyň sekiz adamdan ybarat wezipe birligi kesgitlendi we tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Adalatçynyň diwanynyň işini ýerine ýetirmegi üçin şert döredýän diwanyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň doly üpjün edilenligini bellemek gerek.

Institutyň işläp başlan gününden Adalatçy tarapyndan raýatlary kabul etmegiň tertibi tassyklanyldy, onda hepdäniň kabul edilýän günleri we wagty görkezilen. Iş tertibi binanyň girelgesinde görünýän ýerde üç dilde (türkmen, iňlis, rus) asylyp goýuldy, oňa laýyklykda raýatlar kabul edilip başlandy.

Diwanyň işi ýola goýlandan soň Adalatçynyň buýrugy bilen 2017-nji ýylyň 2-nji ýarymy üçin Iş meýilnamasy tassyklanyldy. Meýilnama “Adalatçy hakynda” Kanunda göz öňünde tutulan Adalatçynyň ygtyýarlyklaryna laýyklykda wezipeleri öz içine aldy.

Türkmenistanyň raýatlarynyň we Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlarynyň hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň çykaran bikanun çözgütleri babatda ýüz tutmalaryna kanunçylykda bellenilen möhletlerde netijeli seretmek Adalatçynyň ileri tutýan wezipeleriniň biri hökmünde iş meýilnama goşuldy.

Bu wezipäniň amala aşyrylmagy netijesinde, 2017-nji ýylda dilden ýüz tutmalaryň 185-si hasaba alyndy, olar boýunça Adalatçynyň diwanynda adamlaryň 195-si Adalatçynyň özi , şeýle hem diwanyň maslahatçysy tarapyndan kabul edildi.

Raýatlaryň dilden şikaýatlarynyň hemmesi ýörite kitapçada bellige alynyp, onda ýüz tutmanyň senesi, ýüz tutan adamyň familiýasy, ady, atasynyň ady, onuň ýaşaýan ýeri, doglan ýyly, işi, jynsy, milleti, haýsy mesele boýunça ýüz tutanlygy we onuň gysgaça mazmuny, ahyrky netije bellenilýär.

Ähli dilden ýüz tutmalar boýunça hereket edýän kanunlara laýyklykda düşündirişler berildi, şeýle hem olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň kanuny serişdeleri we beýleki degişli hereketler düşündirildi.

Dilden ýüz tutmalardan başga-da Adalatçynyň diwanyna ýazmaça şikaýatlar hem gelip gowuşdy, olar boýunça Adalatçy tarapyndan Kanuna laýyklykda degişli çözgütler kabul edildi.

Raýatlaryň arzalary ýazmaça ýüz tutmalary hasaba alyş kitabynda hasaba alyndy, onda hem dilden ýüz tutmalar boýunça göz öňünde tutulan maglumatlar görkezildi. Şeýle hem olaryň maglumatlary kompýuter ulgamyna girizildi.

2017-nji ýylda Adalatçynyň diwanyna arzalaryň 254-si gelip gowuşdy. Olaryň 6-sy boýunça şikaýat etmegiň möhleti geçipilen, arzalaryň 7-sine gol çekilmändir, 26-sy bolsa gaýtadan berilen arzalar bolup, bu bolsa olaryň seredilmän goýulmagyna esas boldy.

Arzalaryň 141-si boýunça ýüz tutmalar döwlet edaralaryna hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna ugradyldy, olar boýunça degişli jogaplar alyndy.

Arzalar boýunça ýüz tutmalaryň ugradylmagyndan başga-da, raýatyň hukuklarynyň bozulmagy anyklanan ýagdaýynda teklip hatlary edaralara, kärhanalara, guramalara iberildi hem-de ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylaryna gönükdirildi we talaplaryň barşynda çözüp bolmajak möhüm meseleler bilen bagly boldy. Teklip hatlarynyň iberilmegi munuň şeýledigini görkezdi.

Arzalar boýunça ýüz tutmalaryň ugradylmagyndan başga-da, raýatyň hukuklarynyň bozulmagy anyklanan ýagdaýynda, ýüz tutmalaryň üsti bilen çözüp bolmajak möhüm meseleler boýunça edaralar, kärhanalar, guramalar babatda, olaryň ministrlikleriniň we pudak ýolbaşçylaryna teklipler iberildi. Teklipleriň iberilmegi netijäni görkezdi.

Şeýlelikde, ugradylan ýüz tutmalaryň 141-sinden diňe 19-sy boýunça kanagatlanarly jogaplar alnan bolsa, Adalatçynyň 2017-nji ýylyň dowamynda iberen 6 sany teklibine gysga möhletde seredilip, doly ýerine ýetirildi. Şeýlelikde görkezilişi ýaly, ýazmaça ýüz tutmalaryň 254-sinden 25-si kanagatlandyrylyp, olar boýunça raýatlaryň bozulan hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda we dikeltmekde ýardam edildi.

Adalatçynyň esasy wezipeleriniň biri hem adam hukuklary babatda milli kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmäge ýardam etmek bolup durýar. Bu ugur boýunça hem uly bolmadyk işler geçirildi, has takygy “Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça iş toparynyň işine gatnaşylmagyny hem-de bu kanun taslamasy boýunça degişli teklipleriň we bellikleriň berilenligini bellemek bolar. Şeýle hem “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy öwrenilip, ol boýunça hem teklipler we bellikler berildi.

Türkmenistanyň halkara hukuk borçnamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen 2007-nji ýylda “Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň” döredilendigi, bu toparyň işini kämilleşdirmek maksadyndy bilen onuň ygtyýarlyklary we düzümi giňeldildilip 2011-nji ýylyň 12-nji awgustynda “Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň” döredildi. Bu topar bilen özara gatnaşyklaryň Adalatçynyň diwanynyň döredilen günlerinden başlanandygyny bellemek gerek. Adalatçy hasabat döwründe toparyň mejlislerine çagyrylan wekil hökmünde gatnaşyp, olarda ara alnyp maslahatlaşylýan meseleler boýunça pikirini beýan etdi. Bu gatnaşyklar Adalatçynyň Kanunda göz öňünde tutulan ygtyýarlyklaryny amala aşyrmagyna, halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça döwletara edaralaryna we halkara guramalaryna berilýän milli hasabatlary taýýarlamaga we seretmäge gatnaşmaga, şeýle hem adam hukuklary babatda beýleki degişli wezipeleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Kanunda bellenilişi ýaly, adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegine, şeýle hem olaryň bozulan hukuklarynyň we azatlyklarynyň dikeldilmegine ýardam etmek Adalatçynyň esasy wezipeleri bolup durýar. Adalatçy öz wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen kanunda görkezilen çeşmelerden, şeýle hem aýry-aýry raýatlardan alýan maglumatyny toplaýar we seljerýär. Şunuň bilen baglanşyklylykda hem-de raýatlaryň arza-şikaýatlary bilen ýüz tutmak hukuklaryny, şol sanda gysga möhletde möhüm meseleleri bilen ýüz tutmak mümkinçiligini döretmek maksady bilen Adalatçynyň ýurdumyzyň sebitlerinde raýatlary kabul edişlikleri guraldy. Olaryň sany dilden ýüztutmalaryň hasabyna goşuldy.

Kanunda Adalatçynyň adam hukuklary babatda ilatyň habarlylygynyň ýokarlanmagyna ýardam etmäge bolan wezipeleri hem göz öňünde tutulan, şu maksat bilen Adalatçy adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary, olary goramagyň usullary we döwletiň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni durmuşyna şahsyýetiň gatnaşmagynyň görnüşleri hakynda bilimleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaýratmaga hukuklydyr. Muňa mysal hökmünde Adalatçynyň sebitlere baran döwründe ýerli habar beriş serişdelerinde degişli mowzuklar boýunça geçirilen duşuşyklaryň, maslahatlaryň, Adalatçynyň kabul edişlikleriniň beýan edilmegini görkezmek bolar. Bu bolsa şol bir wagtda Adalatçynyň işini şöhlelendirmäge ýardam etdi.

2017-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Adalatçy Mary welaýatynda bolup, günüň birinji ýarymynda raýatlaryň kabul edişligi guraldy, günüň ikinji ýarymynda bolsa, Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň binasynda ýerleşýän Adam hukuklary boýunça maglumatlar merkezinde etrap, şäher we welaýat häkimlikleriniň, etrap we şäher bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport bölümleriniň, jemgyýetçilik birleşikleriniň jogapkär işgärleriniň hem-de käbir edaralaryň we guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk guraldy. Duşuşykda Adalatçynyň kabul edilen “Adalatçy hakynda” Kanun boýunça, onuň işi, ygtyýarlyklary we wezipeleri boýunça çykyşy diňlenildi, şondan soň gatnaşyjylar pikir alyşdylar hem-de ara alyp maslahatlaşmak üçin tekliplerini beýan etdiler.

Bu çäre Mary welaýatynyň «Maru-Şahu Jahan» gazetinde “Adalatçy bilen duşuşyk” diýen sözbaşy bilen beýan edildi.

Adalatçy 2017-nji ýylyň 3-4-nji noýabrynda Lebap welaýatynda bolup, bu ýerde saparyň birinji güni welaýat, etrap häkimlikleriniň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen, S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ýerleşen adam hukuklary boýunça maglumatlar merkezinde mugallymlaryň hem gatnaşmagynda duşuşyk guraldy. Onda Türkmenistanyň Esasy Kanunynda – Konstitusiýada berkidilen adam hukuklary barada, şeýle hem “Adalatçy hakynda” Kanunyň kadalary Adalatçynyň çykyşy diňlendi we ara alnyp maslahatlaşmalar geçirildi. Saparyň ikinji güni Adalatçynyň raýatlary kabul edişligi guraldy.

Bu duşuşyk hem Lebap welaýatynyň «Türkmen Gündogary» gazetinde “Gün tertibinde – möhüm mesele” diýen sözbaşy bilen beýan edildi.

Şeýle çäreler Ahal welaýatynda hem geçirildi, 2017-nji ýylyň 8-nji we 9-njy dekabrynda Adalatçy raýatlary kabul etmek hem-de adam hukuklary babatda ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmak meselesi boýunça duşuşyk geçirmek maksady bilen, Ahal welaýatynyň häkimliginde boldy. Ol ýerde Adalatçy tarapyndan etrap, şäher we welaýat häkimlikleriniň, edaralaryň we kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleriniň, ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda tegelek stolyň başynda maslahaty geçirildi. Maslahatda adam hukuklary babatda milli kanunçylygyň kadalary we halkara kadalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ahal welaýat häkimliginiň jaýynda Adalatçynyň raýatlary kabul edişligi guraldy. Bu çäre welaýatyň ýerli «Ahal Durmuşy» gazetinde “Adam hukuklarynyň goragynda” diýen sözbaşy bilen beýan edildi.

2017-nji ýylyň 15-nji we 16-njy dekabrynda Adalatçy Daşoguz welaýatynda boldy, bu ýerde, iş saparynyň birinji güni, Türkmen oba hojalyk institutynyň binasynda ýerleşen adam hukuklary boýunça maglumatlar merkezinde welaýat we etrap häkimlikleriň wekilleri, edaralaryň we kärhanalaryň jogapkär işgärleri hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda adam hukuklary babatda kanunlar boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de Adalatçy tarapyndan “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny boýunça düşündirmeler berildi. Iş saparynyň ikinji güni Adalatçynyň raýatlary kabul edişligi guraldy. Bu duşuşyk ýerli “Daşoguz habarlary” gazetinde “Adam hukuklaryna bagyşlandy” diýen sözbaşy bilen beýan edildi.

Balkan welaýatynda Adalatçy 2017-nji ýylyň 21-nji we 22-nji dekabrynda boldy, bu ýerde iş saparynyň birinji güni raýatlaryň kabul edişligi guraldy, ikinji gün bolsa, Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň Balkan şahamçasynyň binasynda ýerleşen adam hukuklary boýunça maglumatlar merkezinde duşuşyk geçirildi. Duşuşykda hem adam hukuklary babatda kanunçylygy düşündirmegiň çäklerinde Adalatçy täze döredilen garaşsyz institutyň ygtyýarlyklary we wezipeleri barada gürrüň berdi. Bu duşuşyga hem Mejlisiň deputatlary, welaýat, etrap häkimlikleriň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdy. Bu çäre hem Balkan welaýatynyň ýerli “Balkan” gazetinde “Adam hukuklaryny goramak – döwletiň ileri tutýan ugry” diýen sözbaşy bilen beýan edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň “Demokratiýa we hukuk” ylmy-amaly žurnalynyň 2017-nji ýylda çap edilen birinji sanynda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň – Adalatçynyň “Hukuk özgertmeleri – adam hukuklarynyň kepillikleri” atly makalasy ýerleşdirildi, onda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan hukuk özgertmeleriniň beýan edilmegi bilen birlikde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň tassyklanmagy hem-de adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýän Esasy Kanunda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryndan, şeýle hem türkmen halkynyň däplerinden ugur almak bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň wezipesine saýlamagyň tertibi hakynda kadanyň girizilendigi hem-de 2016-njy ýylyň noýabrynda “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigi, onuň 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girendigi barada beýan edilýär.

2017-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda “Türkmenistan” gazetinde Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçy Ý.Gurbannazarowanyň “Adam hukuklary babatda ynsanperwer başlangyçlar” atly makalasy çap edildi. Onda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewa şäherindäki Adam hukuklary baradaky geňeşiniň 36-njy mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjy bilen “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda” Jarnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bilen bagly bolan şanly waka hakynda gürrüň berilýär. Makalada bellenilişi ýaly, bu Jarnamanyň kabul edilmegi dünýä möçberinde şanly waka bolup, BMG-niň agza-döwletleriniň 29-sy onuň awtordaşlary bolup çykyş etdiler. Şeýle hem makalada “Aşgabat-2017” oýunlarynyň başlanmagy mynasybetli milli Liderimiziň gutlag hatynda V Aziýa oýunlaryna Bosgunlaryň sport toparynyň hem ilkinji gezek gatnaşmagy aýratyn buýsandyrýar diýip belländigi aýdylýar. Şeýle hem iri halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy amala aşyryp hem-de ençeme halkara Konwensiýalaryna we şertnamalaryna, şol sanda “Bosgunlaryň derejesi hakynda” Konwensiýa gatnaşmak bilen Türkmenistanyň özüni global meselelere strategik gatnaşyjy hökmünde görkezýändigi bellenilýär.

Şeýle hem ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etmek boýunça kadalary amala aşyrmak maksadynda Adalatçynyň diwanynyň wekilleri tarapyndan ýokary okuw mekdeplerinde leksiýalar okaldy. 2017-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen “Durnukly ösüş maksatlary” atly ylmy-usulyýet merkezinde Adalatçynyň diwanynyň wekilleri “Adamzat jemgyýetinde agzybirligi we oňşukly ýaşaýşy üpjün etmek, adalatly gatnaşyklara goldaw beriji edaralary ösdürmek boýunça BMG-niň wezipeleri” diýen mowzuk boýunça leksiýa okaldy.

Halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşine ýardam etmek maksady bilen Adalatçy adam hukuklaryny goramak boýunça halkara guramalary we döwletara edaralary bilen aragatnaşyklary ýola goýmaga hukuklydyr.

Şu maksat bilen Adalatçynyň diwany işläp başlan wagtynda Halkara Guramalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi, bu barada maglumatyň halkara hyzmatdaşlygy diýen babynda giňden beýan edilýär. Duşuşyklaryň barşynda olar Adalatçynyň diwanynyň derejesi, onuň işiniň esaslary, ygtyýarlyklary we ösüş mükinçilikleri, halkara hyzmatdaşlygynyň ugurlary bilen tanyşdyryldy. Halkara guramalarynyň wekilleri, agzalan resmi adamlar öz nobatynda adam hukuklaryny goramak babatda öňdebaryjy halkara tejribesini öwrenmek meselelerinde bilelikdäki ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdiler, diwanyň mümkinçiliklerini berkitmek boýunça ýardam etmäge taýýarlygyny aýtdylar.

Hasabat döwrüniň II ýarym ýyly üçin tassyklanan iş meýilnamasy onuň hemişelik (ýa-da meseleleriň ýüze çykyşyna görä) ýerine ýetirilmegini göz öňünde tutdy we mümkinçilige görä ýerine ýetirildi.

Emma, göz öňünde tutulan işleriň ýeterlik bolmagy, işgärleriň bolsa doly seçilip-saýlanylyp, kabul edilip ýetişilmänligi sebäpli meýilleşdirilen çäreleriň käbiri ýerine ýetirilmän galdy. Muňa garamazdan ýerine ýetirilen işler guramaçylyk işleri , raýatlaryň kabul edişligi, ýüztutmalar we teklipleri ibermäge itergi beren ýüztutmalara seredilmegi, Adalatçynyň diwanynda daşary döwletleriň wekilleri we halkara guramalarynyň işgärleri bilen duşuşyklar, Adalatçynyň “Adalatçy hakynda” kanuny düşündirmek maksady bilen ýurdumyzyň welaýatlaryna gitmegi, ýerlerde raýatlary kabul etmek, daşary ýurtlara iş saparlary, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlar ýaly işlerden ybarat boldy.

Mysal üçin, Adalatçynyň döwlet häkimiýet edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, guramaçylyk-hukuk görnüşlerine we eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan kärhanalara, edaralara we guramalara, düzediş we beýleki ýöriteleşdirilen edaralara, deslapky tussag ediş, tutulyp saklanan adamlaryň saklanylýan ýerlerine, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine, beýleki goşunlaryna, harby edaralara baryp görmegi guramak mümkinçiligi bolmady. Bu çäräni ýerine ýetirmek 2018-nji ýyla geçirildi. Şeýle hem, Adalatçynyň diwanyna “Adalatçy hakynda” kanunyň 27-nji maddasynda göz öňünde tutulan kadany ulanmak bilen, şikaýaty barlamakda ýardam edilmegi üçin ygtyýarly döwlet edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, wezipeli adamlara ýüz tutmaly bolandygyny bellemek gerek.

IV bap. Raýatlaryň ýüz tutmalary boýunça seljerme

Raýatlaryň ýüz tutmalaryna seretmek Adalatçynyň esasy wezipesi bolup durýar.

Her bir şikaýatyň, seredilýän meseleleri düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy-hukuk namalaryň, şeýle hem emele gelen hukuk ulanyş tejribäniň jikme-jik öwrenilmegi, esasy maksada, ýagny anyk mesele boýunça adam hukuklaryny goramak, Adalatçynyň möhüm wezipesi bolup durýan, Türkmenistanda adam hukuklarynyň goralmagyna gözegçilik etmegi boýunça maksadyna ýetirýär.

Ýüztutmalarda görkezilýän maglumatlaryň, hat-da olardan çözülmedigi bolan ýagdaýynda-da, içgin seljerilmegi, ýurtda adam hukuklarynyň berjaý edilmegi babatda netije çykarmak, şeýle hem işi has-da kämilleşdirmek üçin esas bolup biler.

Ýüz tutmalar bilen işlemegiň örän möhümdigini “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny doly göz öňünde tutýar. Onda tutuş bir bap raýatlaryň şikaýatlary bilen işlenmegine bagyşlandy. Mysal üçin, 21-nji madda laýyklykda Adalatçy Türkmenistanyň raýatlarynyň we Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlarynyň hem-de raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini bozýan döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň çözgütlerine ýa-da hereketlerine (hereketsizligine) bolan şikaýatlara seredýär we olar boýunça barlag geçirmäge hukuklydyr.

Köp adamlar üçin şahsy kabul edişlik has möhüm bolup görünýär. Arza berijiler uzak aralygy geçip, Aşgabada gaýdýarlar, sebäbi diňe Adalatçy bilen söhbetdeşligiň, zerur meseleleri beýan etmegiň olara kömek etjekdigine ynanýarlar. 2017-nji ýylyň aprel aýynda Adalatçynyň diwany açylan badyna adamlar kabul edilip başlandy.

Adalatçy tarapyndan raýatlary kabul etmegiň tertibi tassyklanyldy, onda hepdäniň kabul edilýän günleri we wagty görkezilen, bu tertip hepdäniň şenbe gününden başga ähli günleri gurşap aldy. Raýatlary Adalatçynyň diwanynyň maslahatçysy, şeýle hem Adalatçynyň özi kabul edip, bu ýere ýüz tutan raýatlar bilen gürrüňdeşlik geçirilip, ýüze çykan meseleleri dessin çözmäge, her bir anyk ýagdaýdan baş çykarmaga hem-de olaryň sowallaryna dogry jogap bermäge çalşyldy. Mundan başga-da, arza berijiler bilen telefon arkaly gürleşmek mümkinçiligi döredildi hem-de diwanyň degişli işgärleriniň tagallalary bilen olar doly maglumat aldylar. Uzak ýerlerden gelen raýatlar iş tertibiniň günlerine we sagatlaryna garamazdan kabul edildi.

Adalatçynyň diwanynyň döredilen wagtyndan, has takygy 2017-nji ýylyň aprel aýyndan dekabr aýyna çenli ýüz tutmalaryň 439-sy hasaba alyndy, olaryň 254-si hat üsti bilen ýazylan we 185-si dilden beýan edilen ýüz tutmalardyr.

Hat we dil üsti bilen beýan edilen ýüz tutmalaryň sany ýokarda görkezilen döwür üçin her çärýek boýunça aşakdaky tablisada ýerleşdirildi:

Ýüz tutmalaryň görnüşleri I çärýek II çärýek III çärýek IV çärýek Jemi
Hat bilen beýan edilen şikaýatlar - 111 70 73 254
Dilden beýan edilen şikaýatlar - 78 51 56 185
Jemi- 189 121 129 439

Maglumatlaryň görkezişi ýaly, hat üsti bilen beýan edilen şikaýatlaryň 254-inden, ikinji çärýekde hatlaryň 111-si gelip gowuşdy, üçünji çärýekde 70-si, dördünji çärýekde bolsa 73-si hasaba alyndy. Dilden beýan edilen şikaýatlaryň 185-inden 78-si ikinji çärýekde bellige alyndy, üçünji çärýekde 51-si, dördünji çärýekde bolsa 56-sy hasaba alyndy.

Görkezilen maglumatlaryň seljermesi Adalatçynyň diwanynyň açylanyndan kän wagt geçmese-de, hat üsti bilen, şeýle hem gelip ýüz tutanlaryň sanynyň ýokary bolandygyny görkezdi, munuň özi ozaly bilen ilatyň öz hukuklaryny goramagy boýunça serişdeler, has takygy bu täze institut barada habarlylygynyň artmagy bilen düşündirilýär.

Adalatça ýüz tutulanda haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, haýsy partiýa degişlidigi ýa-da hiç partiýa degişli däldigi baradaky alamatlaryna garamazdan artykmaçlyklara ýa-da çäklendirmelere ýol berilmeýär.

Şeýlelikde, hat üsti bilen ýüz tutanlaryň umumy sanyndan 253 adam milleti boýunça türkmenler, 4-si azerbaýjan, 26-sy ruslar, 3-si milleti boýunça özbek, 2-si lezgin, 1-i ukrain, 3-si milleti boýunça ermeni we 1-i milleti boýunça kürt boldy. Birnäçe adam gol çeken toparlaýyn arzalaryň gelip gowuşmagyny nazara alanyňda jemi 293 adam ýüz tutan. Diwana toparlaýyn arzalaryň jemi 4-si gelip, olara 42 adam gol çekipdir.

Adalatçynyň iş önümçiligi Türkmenistanyň döwlet dili bolan – türkmen dilinde alnyp barylýar. Arza berijiler Adalatça ene dilinde ýa-da bilýän başga dillerinde ýüz tutup bilýärler. Şu ýagdaýda ýüz tutuja jogap döwlet dilinde we onuň bilýän (ýüz tutan) diline terjime edilip berilýär. Bu kada Kanunda hem berkidilendir.

Hasabat döwründe statistika boýunça erkek adamlaryň 120-si, aýal-gyzlaryň 169-sy ýüz tutdy. Eger olaryň ýüztutmalaryna meseleleri boýunça aýratynlykda seredilende, onda erkek adamlar iş meseleleri, mysal üçin işe ýerleşmek, tölenmedik iş haky, zähmetkeşler toparynda hukugynyň çäklendirmegi, ýa-da ýer bölegini bermek, döwlet edaralarynyň işgärleriniň hereketlerine şikaýat etmek we beýleki meseleler boýunça ýüz tutýarlar. Aýal-gyzlar bolsa, esasan dogan-garyndaşlarynyň çäklendirilen hukuklaryny dikeltmek, ýagny çagalarynyň, ýan-ýoldaşlarynyň, ýakyn garyndaşlarynyň ol ýa-da beýleki jogapkärçilige bikanun çekilmegi, kazyýet edaralarynyň kararlary bilen ylalaşmazlyk, ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak, şeýle hem işe ýerleşmek meseleleri boýunça ýüz tutýarlar.

Adalatçy tarapyndan şikaýatlara seretmegiň Kanunda berkidilen kadalaryna laýyklykda Adalatçy, arza berijä özüniň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň bozulandygy hakynda mälim bolan ýa-da eger arza beriji öz hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň beýleki serişdelerini peýdalanyp, ýöne kabul edilen çözgütler bilen kanagatlanmasa, şikaýat boýunça soňky çözgüdiň kabul edilen pursadyndan başlap, bir ýylyň dowamynda berlen şikaýatlara seredýär. Emma Adalatçy esasly sebäpler bolan mahalynda özüne şikaýatlary bermegiň möhletini alty aýdan köp bolmadyk möhlete uzaltmaga hukuklydyr.

Adalatçynyň diwanyna seljerilýän döwürde şikaýat etmegiň möhleti esassyz geçirilen arzalaryň 6-sy gelip gowuşdy, olar Kanunyň göz öňünde tutan kadalaryna laýyklykda seredilmän galdyryldy. Şeýle hem bolsa, olarda görkezilen, geljekde ýurtdaky ýagdaýa baha bermek üçin hyzmat edip biljek ýagdaýlar nazara alyndy.

Kanunyň Adalatçy tarapyndan öň seredilen şikaýatyň täze ýagdaýlaryň ýa-da wakalaryň görkezilen halatlaryndan başga ýagdaýlarda gaýtadan seredilmäge degişli däldigini göz öňünde tutýanlygy sebäpli, Adalatçy tarapyndan olara seredilenden soň, gaýtadan berlen arzalaryň 26-sy seredilmän goýuldy, sebäbi olarda gaýtadan seretmek üçin esas bolup biljek täze ýagdaýlar tapylmady we täze maglumatlar getirilmändir.

Gol çekilmedik arzalaryň 7-si yzyna gaýtaryldy, sebäbi Kanunyň degişli kadasyna laýyklykda Adalatçy familiýasy, ýaşaýan ýeri görkezilmedik, şeýle hem şikaýaty ýazan tarapyndan gol çekilmedik şikaýatlara seretmeýär.

Ýüz tutujylaryň ýaşaýan ýerleri boýunça seredilende, onda aşakda getirilen tablisadan görnüşi ýaly, ýagny Adalatçynyň diwanynyň ýerleşýän ýeri bolan Aşgabat şäheri boýunça ýazmaça ýüztutmalaryň 69-sy hasaba alyndy, bu bolsa, ýüz tutanlaryň umumy sanyndan 27,2% deň bolup, dilden şikaýat edenleriň sany 108 boldy, bu bolsa, ýüz tutanlaryň umumy sanyndan 58,3% deň boldy. Ahal welaýatyndan 10 sany ýazmaça ýüztutma gelip, olar 3,9% we dilden ýüztutmalaryň 12-si bolup, olar 6,5% deň boldy. Balkan welaýatyndan 38 sany ýazmaça ýüztutma ýa-da 15,0% we 10 sany dilden ýüztutma, ýagny 5,4%, Mary welaýatyndan 51 sany ýazmaça ýüztutma ýa-da 20,1% we 24 sany dilden ýüztutma – 13,0%, Lebap we Daşoguz welaýatlaryndan – her sebitden 43 ýazmaça ýüztutma bolup, 16,9% göterime deň boldy we Lebap welaýatyndan dilden ýüztutmaryň 21-si bolup, bu 11,4% göterime deň boldy. Daşoguz welaýatyndan dilden ýüztutmanyň 10-sy bolup, bu olaryň umumy sanynyň 5,4% deň boldy.

Sebitler boýunça ýazmaça ýüz tutmalar:

Sebitler Şikaýatlaryň sany Şikaýatlaryň sanyna gatnaşykda %
Aşgabat şäheri 69 27,2%
Ahal welaýaty 10 3,9%
Balkan welaýaty 38 15,0%
Mary welaýaty 51 20,1%
Lebap welaýaty 43 16,9%
Daşoguz welaýaty 43 16,9%
Jemi: 254 100,0%

Sebitler boýunça dilden ýüz tutmalar:

Sebitler Şikaýatlaryň sany Şikaýatlaryň sanyna gatnaşykda %
Aşgabat şäheri 108 58,3%
Ahal welaýaty 12 6,5%
Balkan welaýaty 10 5,4%
Mary welaýaty 24 13,0%
Lebap welaýaty 21 11,4%
Daşoguz welaýaty 10 5,4%
Jemi: 185 100,0%

Meseleleriň mazmuny boýunça raýatlaryň ýazmaça we dilden ýüztutmalarynda hem, esasan zähmet hukuk gatnaşyklary we işe ýerleşmek meseleleri boýunça şikaýatlar bolup, ýazmaça ýüztutmalaryň 47-sine (18,5%) hem-de dilden ýüztutmalaryň 21-sine (11,3%) deň boldy, ýaşaýyş jaý meseleleri we jaý almak üçin hasaba goýmak boýunça – 40 sany ýazmaça ýüztutma (15,7%) hem-de dilden ýüztutmalaryň 64-si (34,6%) hasaba alyndy; ýüztutmalarda kazyýet kararlaryndan nägilelik hakynda ýazmaça ýüztutmanyň 81-si, şol sanda kazyýetleriň raýat işleri boýunça çözgütlerine – 59 sany ýa-da 23,2%, jenaýat işleri boýunça 22 ýa-da ýüz tutmalaryň umumy sanyndan 8,7% deň boldy. Hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketlerine nägilelik barada hem ýüztutmalar geldi, olar 19 sany (7,5%) bolup, olaryň hemmesi ýazmaça ýüztutmalardyr, migrasiýa meseleleri boýunça hem 19 sany ýazmaça ýüztutma bolup, şikaýatlaryň umumy sanyndan 7,5%, şu mesele boýunça dilden ýüztutma 7-si hasaba alyndy. Maşgala hukuk gatnaşyklary meseleleri boýunça jemi 18 ýüztutma bolup, olardan 3-si ýazmaça (1,2%); 15-si dilden ýüztutmalardyr (8,1%); ýer böleklerini bermek we olardan peýdalanmak meseleleri boýunça ýazmaça ýüztutmalaryň 11-si (4,3%) hem-de dilden ýüztutmalaryň 4-si (2,2%) hasaba alyndy; harby gulluk bilen bagly meseleler boýunça ýüztutmalaryň köp bolmadyk sanyndan ýazmaça 5-si (2,2%) hem-de dilden ýüztutmalaryň 4-si; durmuş üpjünçiligi we durmuş kömegi meseleleri boýunça ýazmaça ýüztutmalaryň 2-si (0,8%) we dilden ýüztutmalaryň 3-si (1,6%); saglygy goraýyş meseleleri boýunça – 1 (0,4%); telekeçilik işiniň meseleleri boýunça – 1 (0,4%); ylym we bilim boýunça – 1 (0,4%) ýüztutma hasaba alyndy. Beýleki meseleler boýunça, hususan-da, günä geçmek meselesi, ene-ata aradan çykandan soň galan süýşürintgi pullary almak; kazyýet kararlarynyň ýerine ýetirilmezligi; satylan awtoulagy gaýtaryp almaga ýardam etmek; ýan ýoldaşynyň ölüminiň sebäbini kesgitlemek hakynda we beýleki meseleler boýunça ýazmaça ýüztutmalaryň 23-si we dilden ýüztutmalaryň 38-si hasaba alyndy, olar ol ýa-da beýleki ýüztutmalaryň umumy sanyndan degişlilikde 9,0% we 20,5% barabar boldy.

Adalatçy şikaýaty önümçilige kabul edip, ony barlamakda ýardam edilmegi üçin ygtyýarly döwlet edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, wezipeli adamlara ýüz tutmaga hukuklydyr. Barlagyň netijeleri we arza berijiniň hukuklarynyň bozulmalarynyň ýüze çykarylmagy boýunça görlen çäreler hakynda Adalatça onuň bellän möhletinde habar berilmelidir.

Hatlara jogap bermegiň uzaga çekilmegi döwlet edaralarynyň iş tertibini bozmak bilen çäklenmän, eýsem Adalatçynyň dessin täsir edilmegini talap edýän arzalara seretmegini hem kynlaşdyrýar. Döwlet edaralary tarapyndan arzalara uzak wagt seredilmegi meseläni öz wagtynda çözmek mümkinçiligini peseldýär, Adalatça ýüz tutan raýatlaryň hukuklarynyň netijeli goralmagyny bökdeýär.

Şeýlelikde, gelip gowşan arzalaryň 254-inden 141-si degişli döwlet edaralaryna hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna ugradyldy. Emma arzalara seretmegiň bellenilen möhletlerine garamazdan, olaryň 69-sy boýunça jogaplar şikaýatlara seretmegiň möhletleriniň bozulmagy bilen alyndy.

Mysal üçin, Aşgabat şäheriniň häkimligine 17 sany arza iberildi, olaryň 15-si boýunça jogaplar möhletleriň bozulmagy bilen alyndy, edil şonuň ýaly ähli häkimlikler – Balkan welaýaty boýunça - 9 arzadan 6-synyň seretmek möhleti bozuldy, Mary welaýaty boýunça – 9 arzadan 8-siniň, Lebap welaýaty – iberilen 9 arzadan 7-si boýunça, Daşoguz welaýaty – iberilen 3 hatdan 3-si boýunça jogaplar arzalara seretmegiň möhletleriniň bozulmagy bilen alyndy. Ahal welaýatynyň häkimligine bary-ýogy 1 arza iberildi, şonda-da jogap möhletiň gijikdirilmegi bilen alyndy. Bu ýerde mysal hökmünde diňe Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimlikleri görkezildi. Aşakda degişli edaralara iberilen hatlaryň we olardan möhletleriň bozulmagy bilen alnan jogaplaryň tablisasy getirilýär:

Edaralaryň ady Iberilen hatlaryň sany Möhleti bozulan jogaplaryň sany
Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti 44 5
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy 13 5
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi 7 4
Türkmenistanyň Baş prokuraturasy 17 6
Türkmenistanyň Goranmak ministrligi 3 0
Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugy 3 2
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi 2 0
Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2 2
Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi 3 2
Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrligi 2 1
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi 2 0
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi 1 1
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikleri we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti 1 0
“Тürkmengaz” döwlet konserni 1 1
Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy 1 0
“Senagat” banky 1 0
Aşgabat şäheriniň häkimligi 17 15
Ahal welaýatynyň häkimligi 1 1
Balkan welaýatynyň häkimligi 9 6
Mary welaýatynyň häkimligi 9 8
Lebap welaýatynyň häkimligi 9 7
Daşoguz welaýatynyň häkimligi 3 3
Jemi: 141 69

Döwlet edaralarynyň ikinji gezek hat iberilenden soň zerur bolan maglumaty beren ýagdaýlary hem boldy.

“Adalatçy hakynda” Kanuna laýyklykda Adalatçy berlen şikaýaty alyp, eger ol şikaýaty bermegiň tertibi we möhleti hem-de onuň mazmuny hakyndaky talaplara laýyk gelse, ony önümçilige kabul etmek hakynda; eger ol şikaýaty bermegiň tertibi we möhleti hem-de onuň mazmuny hakyndaky talaplara laýyk gelmese, ony önümçilige kabul etmekden ýüz döndermek; öz hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň kanuny serişdeleri barada arza berijä düşündirmek ýaly çözgütleri çykarýar. Kanunyň göz öňünde tutulan kadalaryny nazara almak bilen, Adalatçynyň diwany hat üsti bilen beýan edilen arzalaryň üçden bir bölegini düzýän, ýagny arzalaryň 90-sy (35,4%) boýunça olaryň hukuklaryny goramagyň kanuny serişdeleri barada düşündirişleri berdi. Hat üsti bilen berilýän şeýle maslahatlar kyn ýagdaýa düşen adamlar üçin uly goldaw bolup durýar.

Adalatçynyň diwanyna gelip gowşan arzalaryň umumy sanyndan, ýagny ýüz tutmalaryň 254-inden 25-si kanagatlandyryldy, bu olaryň 9,8 % düzýär.

Raýatlaryň özleriniň çetde durman, ol ýa-da beýleki meseläni kadalaşdyrmaga gatnaşyp, öz sebitlerinde emele gelen ýaramaz ýagdaý we onuň öňüni alynmagy barada ýazmaklary ýakymlydyr.

Mysal üçin, Adalatçynyň diwanyna Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy O.T. ýüz tutup, şäheriň käbir dermanhanalarynda “Somnol 7,5 gr” dermanlarynyň satylýandygyny, olaryň düzüminde güýçli täsir ediji “Zopiklon” serişdesiniň bardygyny aýdyp, bu dermanlary elýeter bahadan alýanlar dermanlarda güýçli täsir ediji serişdeleriň saklanmagyna garamazdan, bir günde 1-2 sany gerdejikden içýändiklerini we soňra kadasyz ýagdaýa düşýändikleri, bu ýagdaýyň käwagt ýol-ulag hadysalaryna eltýändigi, uzak wagt spirtli içgileri içip gelýän ýa-da ozal her dürli neşe serişdelerini ulanan adamlaryň wepat bolmagyna çenli getirýänligi barada aýdyp bu ýagdaýyň öňüniň alynmagyny soraýar.

Bu barada ýazylan hat Adalatçynyň diwany tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine ugradyldy. Ministrligiň ýolbaşçylar düzümi tarapyndan bu hata örän gysga wagtyň içinde seredildi, netijede ministrligiň düzüminde “Zopiklon” serişdesi bolan dermanlary diňe lukmanyň haty boýunça satmak hakynda buýruk çykaryldy.

Ähli edaralaryň, guramalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylary boş iş orunlary barada zähmet bazarlaryna maglumatlary berýärler, emma ýokarda belleýşimiz ýaly, işe ýerleşmek we zähmet hukuk gatnaşyklary boýunça meseleler raýatlaryň köp sanly hatlarynyň esasyny düzýär.

Mysal üçin, Mary welaýatynyň ýaşaýjysy G.M-niň işe durmaga ýardam etmek hakynda ýüz tutmasy Adalatçy tarapyndan Mary welaýatynyň häkimligine iberildi, ýerli häkimiýet edaralary hata seretdiler we arza beriji Mary şäheriniň 41-nji çagalar bagyna kiçi hyzmat ediji işgär hökmünde işe ýerleşdirildi.

Balkan welaýatynyň häkimligine iberilen O.B.-niň hatynda hem işe ýerleşmäge ýardam etmek hakynda haýyş beýan edilýär, arza seredildi we Adalatça ugradylan hatda ýüz tutan raýat O.B.-niň Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän “Türkmenbaşyagyzsuw” müdirligine maşinist-operatoryň wezipesine işe kabul edilendigi habar berildi.

Käwagt ol ýa-da beýleki edaranyň işgärleriniň bikanun hereketlerine, ýönekeý meseläni çözmekde olaryň ýol berýän süýrenjeňligine şikaýatlar bolýar. Aşakda durýan düzümleriň çözgütleri öz wagtynda kabul etmezligi, raýatlaryň ýokarda durýan edaralara ýüz tutmaga mejbur bolmagyna getirýär, emma indiki getirjek mysalymyzda aşakda durýan edaralaryň, şeýle hem ýokarda durýan edaralaryň işgärleri tarapyndan arz edijiniň meselesini çözmek babatda hiç-hili çäre görülmändir, bu bolsa, onuň Adalatça şikaýat bilen ýüz tutmagyna getiripdir.

Aşgabat şäherinden raýat A.A.-nyň arzasynda Ýaşaýyş jaý ulanyş trestiniň elektrikleriniň jogap berýän elektrik togunda näsazlyklaryň bolmagy zerarly öýüne güýçli toguň gelip, onuň telewizoryny, týunerini we sowadyjysyny ýakandygy aýdylýar. Elektrik ulgamynda näsazlyklary düzetmek hem-de elektrotehnikalara ýetirlen zyýanyň öwezini dolmak barada onuň ýaşaýan ýeri boýunça - Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň Ýaşaýyş jaý ulanyş trestine birnäçe gezek ýüz tutmagy hiç hili netije bermändir, durmuşda ulanylýan elektrotehnikalaryň hatardan çykmagy üçin günäkär adamlaryň hiç biri hem jogap bermek islemändir.

Adalatçynyň diwany tarapyndan arzada görkezilen edaranyň onuň tabynlygynda durýanlygy sebäpli, Jemagat hojalygy ministrligine ugradyldy. Ministrligiň ýolbaşçylaryniň dessine täsir etmegi netijesinde arzada getirilýän deliller barlanyldy we hakykatdan hem A.A.-nyň öýüne barýan toguň ýokary güýçlenmesi netijesinde elektrotehnikalaryň zaýalanandygy we onuň ýüztutmalaryna hiç-hili ünsüň berilmändigi anyklandy. Barlagyň netijeleri boýunça raýat A.A. ýetirilen maddy zyýanyň öwezi dolundy.

Raýatlaryň işe ýerleşmek barada ýazýan arzalary hem bar, emma olaryň özlerine zähmet biržasynda hödürlenýän boş iş ýerlerden ýüz öwürýänleri hem bar. Şeýle-de bolsa, Adalatçy tarapyndan ýüz tutýanyň ýagdaýyna öwrenip, haýsy sebitde bolsa-da, emele gelen ýagdaýy aýdyňlaşdyrmaga çalşyldy.

Mysal üçin, Adalatçynyň diwanyna Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň ýaşaýjysy K.B. ýüz tutdy, ol işe durmaga we ýer böleginiň berilmeginde ýardam etmegi sorady. Bu hat Mary welaýatynyň häkimligine iberildi. Häkimlikden gelip gowşan jogapda raýat K.B.-niň häkimlige çagyralandygy we onuň bilen duşuşykda Murgap etrabynyň Umumy iýmit birleşiginiň ýanyndaky söwda nokadynyň müdiri, Baýramaly şäheriniň “Baýramaly” söwda merkeziniň satyjysy ýaly wezipeleriň teklip edilendigi, şeýle hem Murgap etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginde oba hojalyk önümlerini ýetişdirmek üçin kärendesine ýer böleginiň hödürlenendigi, emma onuň bu tekliplerden ýüz öwrüp, bilim bölüminiň okuw-terbiýeçilik edaralaryna, ýagny mekdebe ýa-da çagalar bagyna işe ýerleşdirmegi talap edendigi habar berildi. Emma onuň ýaşaýan ýeri boýunça ýerleşýän şol edaralarda boş iş orunlarynyň ýoklugy sebäpli, häzirki wagtda ony işe ýerleşdirip bilmeýärler. Arzaça ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer bölegini bermek meselesi boýunça oňa arza ýazmak we hasaba durmak barada düşündirildi.

Ýurdumyzda ilaty işe ýerleşdirmekde amatly şertleriň döredilýändigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny, şeýle hem şol Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekmegi raýatlary işe ýerleşdirmek meselesini çözmekde täze mümkinçilikleriň döredilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Döwlet gullugy hakynda kanunçylyga laýyklykda wezipeli adamlara häkimiýet wekiliniň wezipelerini hemişelik, wagtlaýyn ýa-da ýörite ygtyýarlygy boýunça ýerine ýetirýän ýa-da döwlet edaralarynda, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, ýurdumyzyň beýleki goşunlarynda we harby birikmelerinde guramaçylyk-serenjam berijilik ýa-da dolandyryş-hojalyk işlerini ýerine ýetirýänler degişlidir, bu bolsa Adalatçynyň diňe döwlet edaralarynyň wekilleriniň hereketleri we çözgütleri babatda şikaýatlara seretmäge hukuklydygyny aňladýar.

Raýatlaryň hukuk goraýjy edaralara iberen arzalarynda görkezilen delillere öz wagtynda seredilmegi we çuň öwrenilmegi çykalgasyz ýagdaýa salmaýar hem-de ýokarda durýan edaralara ýüz tutmaga mejbur etmeýär.

Mysal üçin, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy O.K. öz goňşusy B.H.-niň bikanun hereketlerine we jemgyýetçilik tertibini bozmalary, şeýle hem ýaşaýyş jaýyň howlusynda ýaşaýjylara degişli bolan bikanun gurlan binalaryň bolup, olaryň kämahal ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň geçmegine päsgel berýändigi barada arzalaryna hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri tarapyndan üns berilmeýändigi barada şikaýat bilen ýüz tutdy.

Degişli edaralary çekmek bilen O.K.-nyň arzasyna seretmek hakynda haýyş bilen beýan edilen hat Balkan welaýatynyň häkimligine ugradyldy.

Häkimlikden gelen jogapda bellenilişi ýaly, arza ýazanyň goňşusy B.H. jemgyýetçilik tertibini bozanlygy üçin Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrap polisiýa bölümi tarapyndan administratiw jogapkärçiligine çekilip, bikanun gurlan jaýlar bolsa Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýyş jaý dolandyryş edarasy tarapyndan ýykylyp aýrylypdyr.

Migrasiýa gullugynyň işgärleri babatda hem arzalar gelip gowuşdy.

Adalatçynyň diwanyna Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy S.B. şikaýat bilen ýüzlendi. Ol öz hatynda migrasiýa gullugynyň işgärleriniň hereket edýän kanunçylyga, “Raýatlyk hakynda” we “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna garşy gidip, arzaçynyň Türkmenistanyň raýatlygyndan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň raýaty bolup durýandygyna salgylanyp, onuň biometriki pasporty almak hakynda arzasyny inkär edýändikleri barada ýüz tutdy.

Arza Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna iberildi hem-de geçirilen barlagyň netijeleri boýunça raýat S.B. biometriki maglumatlary bolan Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň berilmegi hakynda arzanyň ýanyna sanawda görkezilen ähli resminamalary goşup, ýüz tutmak teklip edildi,.

Diňe Adalatçy goşulandan soň, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, raýat Ş.I.-niň ýurduň çäklerinden çykmak baradaky meselesi çözüldi. Ol Daunyň sindromy keselinden we oňa ugurdaş beýleki kesellerden ejir çekýän ýarawsyz çagasy bilen Russiýa Federasiýasyna bejeriş almak üçin gitmäge ýardam etmek hakynda haýyş bilen ýüz tutdy. Ayklanylmagyna görä, raýat Ş.I. ýurtdan çykmagy wagtlaýyn çäklendirilen raýatlaryň sanawyna goşulypdyr. Adalatçynyň ýüztutmasyna görä raýat Ş.I.-niň ýurduň çäklerinden çykmak baradaky meselesi kanuny esasda çözüldi.

Şeýle hem kazyýetler tarapyndan ýerine ýetiriş işleriniň öz wagtynda berjaý edilmezligi bilen bagly şikaýat gelip gowuşdy.

Bu barada Balkan welaýatynyň Magtymguly şäherçesiniň ýaşaýjysy H.H. ýüz tutdy, ol öz arzasynda Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň etrap, şäher kazyýetiniň kesgitlemesi bilen raýat B.A-dan arzaçynyň peýdasyna 2.365 manat möçberinde puly töletmek hakynda kararyň kabul edilendigini, emma raýat B.A.-nyň hiç ýerde işlemeýändigine hem-de onuň gozgalýan we gozgalmaýan emläginiň ýokdugyna salgylanmak bilen, kazyýetiň çözgüdiniň eýýäm 6 aýa golaý ýerine ýetirilmeýändigini, bu ýagdaýyň raýat H.H.-niň Adalatça ýüz tutmagyna sebäp bolanlygy barada ýazýar.

Arza Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine iberildi we gelip gowşan jogapda kazyýetiň işgärleri tarapyndan işler geçirilenden soň hem-de degişli çäreler görlenden soň bergidar tölemeli pulunyň bir bölegini, ýagny 1.200 manat möçberinde puly töländigi, berginiň galan bölegini bolsa, gysga wagtyň içinde tölemäge borçlanandygyny, bu barada ondan dil hatynyň alnandygy görkezilýär.

Öňde belleýşimiz ýaly, ýüztutmalar boýunça ýaşaýyş jaý meseleleri ikinji orunda durýar.

Mysal üçin, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, raýat О.О. maýyplygy sebäpli ýaşaýyş jaýyna ýiti mätäçlik çekýän hökmünde ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin nobata durmakda ýardam etmek hakynda arza bilen ýüz tutdy, onuň ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralaryna ýüz tutmalary ünssüz galdyrylanlygy barada görkezilýär.

Raýat O.O.-nyň arzasy seretmek üçin Aşgabat şäheriniň häkimligine iberildi we Adalatçynyň alan jogabynda şeýle görkezilen, ýagny arza barlananda, ony ýazanyň göreji boýunça ikinji topar maýyby bolup, uly ýaşly ogly we gyzy bilen umumy ýaşaýyş jaýynyň kiçi gabaraly otagynda ýaşaýandygy anyklandy, ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak hakynda arzanyň esasynda ol ýaşaýan ýeri boýunça etrap häkimliginde 2012-nji ýylda nobata goýlan we oňa öňünden töleg geçirmek bilen ipoteka ýaşaýyş jaýy hödürlendigi, emma ony satyn almak üçin pul serişdeleriniň ýoklugy sebäpli arzaçynyň jaýdan ýüz öwrendigi görkezilýär.

Barlagyň netijeleri boýunça, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde maýyplar we beýleki durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hakynda” 20.01.2017-nji ýyldan 15092-nji Kararyna laýyklykda raýat O.O.-nyň resminamalary nobata goýmak üçin kabul edildi hem-de onuň meselesine jemgyýetçilik ýaşaýyş jaý toparynda serediljekdigi mälim edildi.

Adalatça Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ýaşaýjysy raýat S.A. ýüz tutdy. Ol ýaş hojalykçy bolup durýandygyna garamazdan, onuň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin özüne nobatdan daşary ýer bölegini bermek hakynda iberen arzalarynyň netijesiz bolup galýandygyny habar berdi.

Raýat S.A.-nyň arzasy Ahal welaýatynyň häkimligine iberildi we häkimlikden gelip gowşan jogapda “Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň esasynda raýat S.A. ýer bölegini bermek mümkinçiliginiň göz öňünde tutulýanlygy barada aýdylýar.

Aşgabat şäheriniň Akdepe harby şäherjiginiň ýaşaýjysy raýat G.O.-nyň meselesi hem oňyn çözüldi. Ol ilki harby gullukçy, soňra içeri işler edaralarynyň işgäri bolup işlän ýanýoldaşynyň aradan çykmagy zerarly, özüniň üç çagasy bilen ýaşaýan ýerinden çykaryljak bolunýandygyny habar berdi. Bu jaý onuň ýanýoldaşyna Aşgabat garnizonynda gulluk eden döwründe berlipdir, şonuň üçin arzaçy Ýaragly Güýçleriniň edaralaryna işe girmäge ýardam etmek hakynda ýazypdyr. G.O.-nyň arzasy seretmek üçin Türkmenistanyň Goranmak ministrligine ugradyldy, şunda arzaçynyň ýanýoldaşy ýaragly güýçleriň hatarynda gulluk eden döwründe oňa maşgalasy bilen ýaşamak üçin edara degişli ýaşaýyş jaýy berlipdir, emma jaý olaryň adyna degişli derejede resmileşdirilmändir, soňra ol ministrligiň ibermegi bilen gullugyny dowam etmek üçin içeri işler edaralarynyň garamagyna ugradylypdyr, soňra aradan çykmagy zerarly bu ýerden boşadylypdyr. Arzaçynyň ýagdaýyna düşünmek bilen, onuň eklenjinde kämillik ýaşyna ýetmedik çagalarynyň bardygyny we onuň harby gullukçynyň aýaly bolandygyny nazara almak bilen ol görkezilen ýaşaýyş jaýynda galdyryldy, şeýle hem bu ýere ýazgy etmek meselesi çözülendigi, şol wagt arzaçyny işe ýerleşdirmek mümkinçiliginiň ýoklugy sebäpli, bu meseläniň kanagatlandyrylman galdyrylanlygy habar berildi.

Ýaşaýyş jaý meselesi boýunça ýokarda görkezilen ähli arzalar belli bir derejede kanagatlandyryldy, emma ýaşaýyş jaýyny almakda, ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmakda ýardam edilmegi hakynda ýüz tutmalar hem bolup, onda arzaçylara Kanunda berkidilen kadalara laýyklykda olaryň hukuklaryny goramagyň kanuny serişdeleri düşündirilýär.

Raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan hukugy babatda emele gelen ýagdaýa baha bermeli bolsa, onda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ipoteka ýaşaýyş jaýlarynyň gurulýandygyny, olary satyn almak üçin karz edaralary tarapyndan ýeňillikli göterimler bilen pul serişdeleriniň berilýändigini bellemek gerek. Galyberse-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň 20.01.2017-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda “Ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde maýyplar we beýleki durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hakynda” Karara gol çekendigini bellemek bilen, bu Karara laýyklykda degişli topardan bolan adamlaryň hataryndan has mätaçlik çekýänler saýlanyp alynyp olaryň meseleleri hasaba alnandan soň jemgyýetçilik ýaşaýyş jaý toparynda seredilýär.

Raýatlardan toparlaýyn arzalar hem gelip gowuşýar, bu bolsa eýýäm bozulan bir hukuk däl-de, eýsem birnäçe adamyň bozulan hukuklary bolup durýar

Mysal üçin, Adalatçynyň diwanyna Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 23-nji jaýynyň ýaşaýjylaryndan toparlaýyn arza gelip gowuşdy, onda olaryň ýaşaýan jaýynda käwagt içip bolmajak suwuň akýandygy, şeýle hem çagalar meýdançasynyň degişli talaplara laýyk gelmeýändigi hem-de liftiň işlemeýändigi habar berilýär.

Bu arza seretmek üçin Aşgabat şäheriniň häkimligine iberildi. Onda görkezilen kemçilikleriň gysga wagtyň içinde düzedilmegi tabşyryldy, bu barada Adalatçynyň diwanyna habar bermek teklip edildi. Şu arza boýunça degişli edaralar tarapyndan barlag geçirildi hem-de arzada görkezilen deliller tassyklanyldy, şonuň bilen baglylykda eýýäm 3 ýyl bäri işlemeýän jaýyň liftini çalyşmak düzülen şertnamanyň esasynda “Gül ülkäm” hususy kärhanasyna tabşyrylyp, çagalar meýdançasy degişli ýagdaýyna getirilip, has takygy döwlen we ýaramsyz ýagdaýa gelen çaga sallançaklary täzeleri bilen çalşyrylyp, olary peýdalanmakda we ulanmakda howpsuzlyk çäreleri göz öňünde tutuldy, ýaşaýyş jaýyna alyp barýan ýollar we ýodalar gowulandyryldy we degişli ýagdaýyna getirildi, şeýle hem ýaşaýyş jaýyna ýanaşyk ýerleşdirilen, agyz suwy üçin niýetlenen çeleklerde we toplaýjylarda arassalaýyş işleri geçirildi diýlip habar berildi.

Toparlaýyn arzalaryň ýene-de biri bäş jaýyň ýaşaýjylaryndan, ýagny Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Gubkin köçesiniň 12-nji, 14-nji, 14a-nji, 16-njy, 16a-njy jaýlarynyň ýaşaýjylaryndan gelip gowuşdy, olar howlularynyň ortasynda eýýäm 25 ýyl bäri duran zir-zibil konteýnerlerinden dynmakda ýardam edilmegi hakynda ýüz tutdular. Konteýnerleriň bireýýäm könelendigi, bellenilen arassaçylyk kadalaryna gabat gelmeýändigi we olaryň daşky gurşawa ýaramaz täsir edip, howany hapalaýandygy, munuň bolsa howada kesel dörediji maddalaryň emele gelip, olaryň çagalaryň we ýaşaýjylaryň bedenine aralaşmagyna hem-de dürli keselleriň döremegine we gartaşan adamlaryň nähoşlugyna getirýändigi, şeýle hem ekologiýanyň zäherlenmegine täsir edýändigi arzada beýan edilýär.

Bu arza seretmek üçin Balkan welaýatynyň häkimligine iberildi hem-de jaýlaryň ýaşaýjylarynyň arzasynda görkezilen howlularda jemagat hojalygynyň işgärleri tarapyndan konteýnerleri we olaryň ýerleşýän ýerlerini arassalamak boýunça işler geçirilendigi, germewleriň agardylandygy hem-de zir-zibil üçin niýetlenen ýerleriň arassaçylyk kadalaryna laýyk getirilip zyýansyzlandyrylandan soň, ýaşaýjylaryň razylygy boýunça konteýnerleriň ýerleşen ýerlerinde galdyrylanlygy barada jogap berildi.

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Mekan şäherçesiniň ýaşaýjylarynyň hem arzasy şeýle hatlaryň biri bolup durýar, olar hususy jaý gurmak üçin ýer bölekleri berlenden soň, eýýäm üç ýylyň geçenligine garamazdan, olaryň ýaşaýan jaýlaryna alyp barýan ýollaryň gurulmandygyny, bar bolan ýollaryň bolsa, ýaz we güýz ýagyşlaryndan soň köwülýändigini, suw we elektrik togynyň çekilmändigini, getirilýän suw bilen oňmaly bolýandyklaryny, tok simlerini bolsa, ýaşaýjylaryň özüniň emeli usul bilen çekýändigini, munuň bolsa, elektrik togy ulanylanda howply netijeleriň döremek ýagdaýyna getirip biljekdigini, gazyň ýokdugyny, olaryň degişli edaralara hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna ýüz tutmalarynyň hiç-hili netije bermeýändigi barada aýdylýar.

Toparlaýyn arza seretmeklik üçin Mary welaýatynyň häkimligine ugradyldy, ol ýerden Adalatçynyň diwanyna jogap gelip, onda barlag geçirilende arzada görkezilen ähli delilleriň tassyklanandygyny hem-de arzany iberen adamlar bilen duşuşyp, olara “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş durmuş-şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň” çäklerinde awtomobil ýollaryny gurmak, 04-10 Кw elektrik geçiriji ulgamyny geçirmek, elektrik toguny paýlaýan beketleri gurmak bilen goşmaça ulgamlary çekmek hem-de gazgeçirijini eltmek üçin meýilnamalaryň düzülýändigi, şoňa çenli ýaşaýjylaryň gaz ballonlary bilen üpjün ediljekdigi, bu barada olara hat üsti bilen jogap berlendigi aýdylýar.

Bu arza Adalatçy tarapyndan gözegçilige alyndy we ol ýerli häkimiýet edaralary tarapyndan agzalan maksatnamanyň çäklerinde ýerine ýetirilýänçä gözegçilkde saklanar.

V bap. Adalatçynyň ýüz tutmalary we teklipleri

«Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda ýörite göz öňünde tutulan Adalatçynyň ýüz tutmalary we teklipleri raýatlaryň ýüztutmalary bilen işlemegiň möhüm bölegi bolup durýar hem-de Adalatçy bilen döwlet edaralarynyň arasynda jogapkärli gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Adalatçynyň ýüz tutmalarynyň we teklipleriniň hukuk esasy düýpli tapawutlanýar, emma olar we beýlekiler Kanunda berkidilmek bilen, döwlet edaralary tarapyndan hökmany ünüs berilmegini talap edýän resminamalaryň derejesine eýedirlerr. Mysal üçin, Adalatçynyň ýüz tutmasyna ünüs berilmezligi Kanunyň 18-nji maddasynyň 2-nji böleginiň bozulmagy bolup durýar, ol Adalatçynyň arza seretmek üçin edaralaryň we guramalaryň wezipeli adamlaryndan zerur resminamalary, materiallary, beýleki maglumatlary we olaryň düşündirişlerini soramaga we almaga hukuklydygyny göz öňünde tutýar.

Adalatçynyň täsir ediş namalaryny aňladýan teklipleri başga häsiýete eýe bolýar. Barlagyň netijeleri boýunça adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny bozan wezipeli adama iberilýän teklipler bozulan hukuklary dikeltmek üçin görülmeli çärelere degişli bolýar. Şu ýagdaýda wezipeli adam teklipleriň ret edilen ýagdaýynda öz hereketini delillendirmek borjundan başga halatda hökman ýerine ýetirmek borçnamasy bilen bagly bolmaýar. Şeýle ýagdaýda döwlet edarasynyň esasy borjy – teklibe onda görkezilen möhletiň dowamynda seretmek hem-de onuň netijeleri hakynda habary ibermek bolup durýar. Hasabat döwri üçin “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň “Adalatçynyň adamyň we raýatyň bozulan hukuklarynyň we azatlyklarynyň dikeldilmegine ýardam etmegi” diýen bäşinji babynda görkezilen ygtyýarlyklary peýdalanmagyň tejribesi bu işe “ ýüztutmalary barlamak” ýaly iş hökmünde (30-njy madda) garamaga mümkinçilik berýär, onuň netijeleri boýunça Adalatçy hereketleri (hereketsizligi) bilen adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny bozan wezipeli adamlara teklipleri ibermäge hukuklydyr.

Şeýlelikde, hereketleri (hereketsizligi) bilen adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulandygy takyklanan halatynda Adalatçy Kanunyň 30-njy maddasyna laýyklykda adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny bozan kärhanalara, edaralara, guramalara ýa-da wezipeli adamlara adamyň bozulan hukuklaryny we azatlyklaryny gaýragoýulmasyz dikeltmek hakynda maslahat beriş häsiýetdäki teklibini ugradýar.

Şeýle hem, şu maddada adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny bozan wezipeli adam babatda düzgün-nyzam ýa-da administratiw önümçiligini ýa-da jenaýat işini gozgamak hakynda maslahat beriş häsiýetdäki teklibiň ygtyýarly döwlet edaralaryna ýa-da degişli wezipeli adamlara iberilýändigi göz öňünde tutulandyr.

Adalatçynyň teklipleri – möhüm resminamadyr hem-de Adalatçynyň teklibini alan kärhanalar, edaralar, guramalar ýa-da wezipeli adamlar bir aýyň dowamynda teklibe seretmäge we görlen çäreler barada ýazmaça jogap bermäge borçludyrlar. Adalatçy görlen çäre bilen razy bolmasa, berlen maslahaty ýerine ýetirmek barada degişli çäre görülmegini sorap ýokarda durýan edara ýüz tutmaga hukuklydyr.

Maslahat beriş häsiýetli teklipleri ugratmagyň tejribesi olaryň adatça ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylaryna dahylly bolup, talaplaryň barşynda çözüp bolmaýan möhüm meselelere degişli bolýandygyna şaýatlyk edýär.

Işlenip gelinýän tutuş döwrüň dowamynda teklipleriň 6-sy ugradyldy: Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine (2), Aşgabat şäheriniň häkimligine (1), “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankyna (1), Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligine (1), Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrligine (1).

Teklipler iberilen döwlet edaralary:

Döwlet edarasy Teklipleriň sany
Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti 2
Aşgabat şäheriniň häkimligi 1
“Senagat” paýdarlar täjirçilik banky 1
Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi 1
Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrligi 1
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi 1
Jemi 6

Adalatça Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy F.R. ýüz tutup, ol öz hatynda Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetine beren hak isleýiş talaplary kanagatlandyrylyp, ýaşaýyş jaýyny bermek hakynda ozal çykarylan karara öňki ýaşan ýerleri boýunça ýazylan adamlaryň hemmesini goşmak babatda häkimligi borçly edilendigine garamazdan, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň Ýaşaýyş jaýlary hasaba alyş we paýlaýyş topary tarapyndan çözgüdiniň ýerine ýetirilmeýändigi, Aşgabat şäheriniň häkimligine hem-de agzalan topara beren şikaýaty we ejesiniň şikaýaty boýunça eýýäm 4-5 aý bäri çözgüdi ýerine ýetirmekde degişli işleriň edilmeýändigi barada görkezilen.

Adalatçy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine arzada görkezilen delilleri barlamak hem-de bu meseläni çözmekde ýardam etmek hakynda teklip iberdi. Teklibe seredilende kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi boýunça ýerine ýetiriş önümçiliginiň gozgalandygy hem-de ýerine ýetiriş namasynyň bellenilen möhletde Ýaşaýyş jaýlary hasaba alyş we paýlaýyş toparyna iberilendigi, emma häzire çenli ýerine ýetirilmändiginiň anyklanandygy, Aşgabat şäher häkimliginiň kazyýet edaralarynyň bu namasyny ýerine ýetirmegi boýunça gören çäreleri netijesinde, kazyýetiň bu çözgüdiniň Ýaşaýyş jaýlary hasaba alyş we paýlaýyş toparynyň ýakynda geçiriljek mejlisinde seredilip ýerine ýetiriljekdigi barada Ýokary kazyýetiň jogabynda habar berilýär.

Şeýle hem Adalatçy tarapyndan Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy, raýat G.B.-niň arzasy boýunça teklip ugradyldy, onuň arzasynda kazyýet kararlary bilen ylalaşmaýandygy barada gözegçilik şikaýaty boýunça onuň ýaşaýyş jaý meselesi barada raýatlyk işini öwrenmekden Ýokary kazyýetiň ýüz öwrendigi aýdylýar. Adalatçynyň teklibine seretmegiň netijesi boýunça şol raýat işi Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan gözegçilik tertibinde talap edilip degişli tertipde öwrenilýänligi jogap berildi.

Adalatçynyň diwanyna Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, raýat A.A. ýüz tutdy, ol öz arzasynda Aşgabat şäheriniň Jemagat abatlaýyş-gurluşyk edarasynda işlän agasynyň bu ýerde önümçilik şikesini almagy zerarly wepat bolandygy, 2 ýyl bäri bolsa, olaryň maşgalasyna 10 ýyllyk zähmet haky möçberinde birgezeklik öwez hakynyň, has takygy 113.263,20 manadyň tölenmändigini görkezýär.

Adalatçy tarapyndan Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligine wepat bolanyň maşgalasyna tölenmeli öwez hakyny tölemek hakynda teklip iberildi.

Bu teklip haýal etmän ýerine ýetirildi we arza beren özüne degişli puly doly möçberinde aldy, bu barada Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň hatynda habar berilýär.

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, raýat A.A. “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň işgärleriniň hereketine şikaýat bilen ýüz tutdy, ýagny arzaçynyň görkezilen bankda açan hasabyndaky serişdelerini Russiýa Federasiýasynyň çäginde açan walýuta hasabyna geçirip bermeýändikleri barada aýdylýar.

Adalatçynyň “Senagat” paýdarlar täjirçilik bankyna iberen teklibi hem gysga möhletde ýerine ýetirilip (14.07.2017-nji ýylda iberilen hat 17.07.2017-nji ýylda ýerine ýetirildi) arzaçynyň walýuta hasabyndaky serişdeleriniň degişli walýuta hasabyna geçirilendigi barada bankyň jogabynda görkezilen.

Şeýle-de Adalatçy tarapyndan Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrligine Lebap welaýatynyň oba hojalyk önümçilik birleşiginiň 6-njy başlangyç hünärment okuw mekdebiniň mugallymlar toparyna haýal etmän tölenilmedik aýlyk zähmet hakyny tölemek hakynda teklip ugradyldy, onda görkezilişi ýaly, arzany iberenler 2016-njy ýylyň sentýabryndan 2017-nji ýylyň iýun aýyna çenli, ýagny 2016/2017-nji okuw ýyly üçin aýlyk zähmet hakyny almandyrlar.

Adalatçynyň teklibi ady agzalan ministrlik tarapyndan ýerine ýetirildi hem-de arzany ýazan adamlaryň dördüsine hem degişli bolan aýlyk iş haklary doly tölendi. Olar soňra Adalatça minnetdarlyk haty bilen ýüzlendiler.

Adalatçynyň diwanyna Balkanabat şäherinde wagtlaýyn ýaşaýan raýat G.M. Aşgabat şäherinde ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek hakynda arza bilen ýüz tutdy. Ol 1990-njy ýyla çenli ejesi bilen Aşgabat şäherinde ýaşandygyny, 20.02.1990-njy ýyldan kazyýetiň çözgüdi bilen degişli öýde ýaşamak hukugyny ýitirendigini gürrüň berdi. Soňra ol 1996-njy ýylda Çagalar öýüne ýerleşdirilipdir, 2008-nji ýylda okuwyny tamamlandygy sebäpli bu ýerden çykarylypdyr. Häzirki wagtda ýaşaýyş jaýyna mätäç bolup, ozal ýaşan Aşgabat şäherindäki ýaşaýyş jaýynyň berilmegini soraýar.

Bu arza boýunça-da Aşgabat şäheriniň häkimligine teklip ugradyldy, oňa häkimlik degişli mesele boýunça işleriň geçirilýändigi barada jogap berdi.

Beýan edilenlerden, berlen teklipleriniň degişlilikde seredilip, çözgüdini tapanlygy görünýär.

VI bap. Adalatçynyň jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmagy

Adalatçynyň jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmagy 2017-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin tassyklanan Çäreleriň meýilnamasynda hem göz öňünde tutuldy.

2017-nji ýylyň 11-nji maýynda Adalatçy BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda geçirilen “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny ornaşdyrmak hakynda tegelek stoluň başynda geçirilen maslahata gatnaşdy. Bu çäräni Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmek bilen baglylykda hem-de wezipä bellenilen Adalatçyny Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň institutynyň işiniň öňdebaryjy halkara tejribesi bilen tanyşdyrmak maksadynda geçirmek teklip edildi. Tegelek stoluň çäklerinde Adalatçynyň diwanyna Türkmenistanda işleýän halkara hyzmatdaşlaryň goldaw bermek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Tegelek stoluň barşyndaky maslahata BMG-niň we ÝHHG-niň agentlikleriniň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň Aragatnaşyk edarasynyň, ABŞ-nyň, Germaniýanyň we Beýik Britaniýanyň Türkmenistanda işleýän ilçihanalarynyň wekilleri, halkara bilermenler, Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, “Adalatçy hakynda” kanunyň taslamasyny işläp taýýarlamaga gatnaşan düzümleriň wekilleri hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Şeýle hem, 2017-nji ýylyň 3-nji iýunynda Adalatçy Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek baradaky Pudagara toparyň nobatdaky mejlise çagyrylan wekil hökmünde gatnaşdy, şonda Türkmenistanda çaganyň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň gutarnykly görnüşi, öýdäki zorluklar boýunça barlaglary geçirmek üçin sowalnama, Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri boýunça Toparlar hakynda Düzgünnamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy, Türkmenistanyň Hökümetiniň wekiliýetleriniň 2017-nji ýylyň 8-9-njy martynda Ženewada geçirilen Raýat we syýasy hukuklar hakynda Halkara Paktyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça milli hasabaty tanyşdyrmaga bagyşlanan mejlisine gatnaşmagynyň jemleri boýunça habar diňlenildi.

Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabry aralygynda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirildi. Onuň açylyş we ýapylyş dabaralaryna çagyrylan köp sanly döwlet ýolbaşçylarynyň, diplomatik düzümiň wekilleriniň we beýlekileriň hatarynda Adalatçy hem boldy. Şanly waka köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Adalatçy tarapyndan hem beýan edildi.

2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Adalatçy Aşgabat şäherinde, “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Durnukly ösüşde jemgyýetçilik birleşikleriniň orny” diýen mowzuk boýunça geçirilen tegelek stoluň başyndaky maslahata gatnaşdy. Maslahat BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Adalatçynyň diwany bilen bilelikde guraldy, oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Adalatçy 2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda Daşary işler ministrliginiň guramagynda Halkara gatnaşyklary institutynyň maslahatlar zalynda geçirilen «Halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk syýasaty we öňüni alyş diplomatiýasy: Türkmenistanyň tejribesi we onuň ähmiýeti» atly halkara maslahatyna gatnaşdy.

Adalatçy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli guralan “Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary” atly ylmy-amaly maslahata gatnaşdy. Bu maslahat 2017-nji ýylyň 26-njy dekabrynda Adalat köşgüniň maslahatlar zalynda geçirildi. Onda Adalatçy “Adam hukuklarynyň kanunçylyk kepillikleri: milli tejribe bilen we halkara ýörelgeleriniň sazlaşygy” diýen mowzuk boýunça çykyş etdi.

VII bap. Halkara hyzmatdaşlygy

Ozal belleýşimiz ýaly, Adalatçynyň instituty döredilende Türkmenistan adam hukuklaryny höweslendirmek we goramak bilen meşgullanýan milli edaralaryň derejesini kesgitlän we işini düzgünleşdiren Pariž ýörelgelerinden ugur alyndy. Bu ýörelgelere laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasy, onuň adamyň we raýatyň hukuklaryny goramak meseleleri bilen meşgullanýan düzümleri, beýleki ýurtlaryň sebit we milli edaralary bilen hyzmatdaşlyk adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriň milli edaralarynyň möhüm wezipesi bolup durýar.

“Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 39-njy maddasyna laýyklykda Adam hukuklary we azatlyklary babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşine ýardam etmek maksady bilen Adalatçy şu aşakdakylara hukuklydyr:

1) adam hukuklaryny goramak boýunça halkara guramalary we döwletara edaralary, daşary ýurt döwletleriniň adam hukuklary boýunça milli edaralary bilen aragatnaşyklary ýola goýmaga hem-de olar bilen adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda özara kömek hakynda ylalaşyklary baglaşmaga;

2) halkara guramalarynyň işine adam hukuklary babatda bilermen hökmünde gatnaşmaga;

3) ýurtda adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça döwletara edaralaryna we halkara guramalaryna berilýän milli hasabatlaryň taýýarlanylmagyna we seredilmegine gatnaşmaga, zerur halatlarda bolsa degişli mesele babatda öz pikirini degişli derejede özüniň garaşsyzlygyny berjaý etmek bilen beýan etmäge;

4) adam hukuklarynyň berjaý edilmegi boýunça halkara synçy bolmaga, daşary ýurtly (halkara) synçylaryny Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çagyrmaga;

5) adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny ykrar etmek, berjaý etmek we goramak babatda meýilnamalary we taslamalary durmuşa geçirmek üçin niýetlenen tehniki, maliýe we beýleki kömegi halkara guramalaryndan almak hakynda teklipleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde girizmäge.

Türkmenistanda Adalatçynyň diwanynyň döredilen ilkinji günlerinden ol dünýä bileleşiginde aýratyn gyzyklanma döretdi. Şeýlelikde, Adalatçynyň diwanynyň işläp başlan ilkinji günlerinde onuň ÝHHG-niň Baş sekretary Tomas Greminger, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Ýelena Panowa, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekili hanym Şahin Nilofer, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Türkmenistandaky merkeziniň ýolbaşçysy hanym Natalýa Drozd, BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Rişard Komenda, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) sebit boýunça maksatnamasynyň ýolbaşçysy Ýorg Pudelka, Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministriniň Hemişelik kömekçisi, Daşary işler ministrliginiň Diplomatik gullugynyň ýolbaşçysy jenap Saýmon MakDonald we onuň kömekçisi hanym Şennon Törner, Italýan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Diýego Ungaro bilen duşuşyklary boldy. Duşyşyklaryň barşynda olar Adalatçynyň diwanynyň derejesi, onuň işiniň esaslary, ygtyýarlyklary we ösüş mümkinçilikleri, halkara hyzmatdaşlygynyň ugurlary bilen tanyşdyryldy. Halkara guramalarynyň wekilleri bolsa öz nobatynda adam hukuklaryny goramak babatda öňdebaryjy halkara tejribesini öwrenmek meselelerinde bilelikdäki ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirdiler, diwanyň mümkinçiliklerini berkitmek boýunça ýardam etmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda halkara hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmek we ösdürmek maksady bilen Adalatçynyň diwany halkara guramalary, şol sanda birnäçe ýurtlaryň hukuk goraýjy institutlary bilen özara gatnaşyklary saklaýar.

BMG-niň düzümine girýän BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň wekilhanasy, Çagalar gaznasynyň (UNICEF) wekilhanasy, BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili edarasy, şeýle-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Türkmenistandaky merkezi we beýlekiler Adalatçynyň diwanynyň esasy hyzmatdaşlary bolup durýarlar.

Halkara döwlet we hökümete degişli däl adam hukuklaryny goraýan institutlaryň işi hukuklary goramagyň bar bolan häzirki döwlet ulgamyny kämilleşdirmäge itergi berýär, adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary babatda halkara ölçeglerine has anyk düşünmäge hem-de olary milli hukuk ulgamyna ornaşdyrmaga ýardam edýär.

Adam hukuklaryny goraýan halkara guramalar bilen gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek, Adalatçynyň institutynyň geljekde ösmegine we kämilleşmegine, halkara hukuk goraýjy bileleşigine ornaşmaga netijeli ýardam etjek ýollarynyň biridir.

Adalatçynyň diwanynyň adam hukuklaryny goraýan halkara bileleşigine ornaşmagy bilen bagly bolan wezipeleri çözmek üçin Adalatçy we onuň diwanynyň wekilleri halkara maslahatlarynyň, çekişmeleriň, tegelek stollaryň işine işjeň gatnaşdylar.

Şeýlelikde, 2017-nji ýylyň 11-nji maýynda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasy tarapyndan Türkmenistanyň Mejlisinde “Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň ýerine ýetirilişine bagyşlanyp maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary we deputatlary, Adalatçy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki edaralaryň wekilleri gatnaşdylar. Bu çäre Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar Hereketleriň milli Meýilnamasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmek bilen baglylykda hem-de ilkinji gezek wezipä bellenilen Adalatçyny Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň institutynyň işiniň öňdebaryjy halkara tejribesi bilen tanyşdyrmak maksadynda geçirildi.

2017-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şol sanda Adalatçynyň diwanynyň wekillerini gatnaşmagynda “Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna düşündiriş ýazmak boýunça maslahat guraldy.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda tegelek stoluň başynda maslahat guraldy. Bu çärä halkara bilermen, Milli Hukuk goraýjy Edaralaryň Global Alýansynyň ýörite ygtyýarly wekili Alan Miller hem gatnaşdy. Onuň Adalatçy bilen hem duşuşygy hem geçirildi.

“Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 33-nji maddasyna laýyklykda Adalatçy adam hukuklary babatda ilatyň habarlylygynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär, bilim maksatnamalarynyň işlenilip taýýarlanylmagyna, adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary babatda milli kanunçylygyň we möhüm halkara resminamalaryň çygrynda ilatyň bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gatnaşýar. Bu maddanyň kadalaryny amala aşyrmak maksadynda Adalatçynyň diwanynyň wekilleri Halkara gatnaşyklary institutynda döredilen “Durnukly ösüş maksatlary” atly ylmy-usulyýet merkezinde “Adamzat jemgyýetinde agzybirligi we oňşukly ýaşaýşy üpjün etmek, adalatly gatnaşyklara goldaw beriji edaralary ösdürmek boýunça BMG-niň wezipeleri” diýen mowzuk boýunça leksiýa okadylar.

Bulardan başga-da, Adalatçy 2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda «Halkara gatnaşyklarynda Bitaraplyk syýasaty we öňüni alyş diplomatiýasy: Türkmenistanyň tejribesi we onuň ähmiýeti» atly halkara maslahatyna, şeýle hem onuň bilen bagly bolan sergä gatnaşdy.

Adam hukuklaryny goramak babatda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek maksadynda Adalatçy möhüm halkara forumlaryna gatnaşdy, olara dünýäniň ençeme ýurtlaryndan wekiliýetler, iri halkara sebit we ýöriteleşdirilen guramalaryň wekilleri gatnaşdylar, adam hukuklaryny goramak meseleleri milli, sebit we halkara derejelerinde ara alnyp maslahatlaşyldy.

2017-nji ýylyň 19-20-nji aprelinde Adalatçy Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan guralan “Milli adam hukuklaryny goraýjy edaralarynyň esaslary” atly okuw maslahatyna gatnaşdy.

2017-nji ýylyň 16-17-nji maýynda Bolgariýa Respublikasynyň Sofiýa şäherinde UNIСEF-niň sebit edarasy tarapyndan guralan okuw maslahaty geçirildi. Ol “Çaganyň hukuklaryny goramak” mowzugy boýunça täze döredilen ýa-da täze saýlanan adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiller üçin guralyp, bu çärä Adalatçy hem gatnaşdy. Maslahatda çaganyň hukuklaryny goramak meseleleri, olaryň hukuklarynyň kemsidilmegi ýaly ýagdaýlary aradan aýyrmak, bu baradaky Konwensiýa gatnaşyjy döwletleriň ondan gelip çykýan, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmegi boýunça görülýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň BMG-niň “Çaganyň hukuklary hakynda” Konwensiýasyny tassyklamagyny nazara almak bilen bu maslahat örän möhüm, öwreniş häsiýetine eýe boldy.

2017-nji ýylyň 15-17-nji noýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Almata şäherinde BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli hukuk goraýjy edaralarynyň sebitleýin derejesinde geňeşmeleri geçirildi, oňa Türkmenistanyň Adalatçysy hem gatnaşdy. Geňeşmeleriň barşynda Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky Milli hukuk goraýjy edaralaryna olaryň sebit boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasyna umumy garaýşyny döretmek, “ony düzmek boýunça ýol kartasyny” işläp taýýarlamak mümkinçiligi teklip edildi, adam hukuklaryny goramak bilen bagly bolan beýleki birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2017-nji ýylyň 15-19-njy oktýabrynda ÝHHG-niň Türkmenistandaky Merkeziniň “Adalatçynyň diwanynyň we onuň sebitleýin edaralarynyň işini kämilleşdirmek” atly taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Adalatçysy Türkmenistanyň beýleki döwlet edaralarynyň wekilleri bilen Finlýandiýanyň paýtagty Helsinki şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda Adalatçy fin adalatçylarynyň tejribesi bilen tanyşdy, olaryň instituty 1920-nji ýyldan bäri hereket edýär. Helsinkide aýratyn ugurlar boýunça Ombudsmenler, parlamentiň ýanyndaky Ombudsmen bilen duşuşyklar we olaryň işleri bilen tanyşlyk guraldy. Şeýle hem, Parlamentiň esasy komitetleriniň ýolbaşçylary we deputatlary, ýurduň Kansleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyklar Adalatça Ombudsmenleriň işiniň guralyşy, adam hukuklaryny goramak serişdeleriniň fin ulgamy we olaryň kanunçylyk binýady hakynda zerur bolan möhüm maglumatlary almaga mümkinçilik berdi.

Beýan edilenlerden görnüşi ýaly, hasabat ýylynda Adalatçy halkara guramalarynyň wekilleri, şol sanda ýokary derejeli hukuk goraýjy wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň wekilleri bilen birnäçe resmi duşuşyklary geçirdi, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilen halkara çärelerine – adam hukuklaryny goramagyň meselelerine bagyşlanan maslahatlara, tegelek stollara gatnaşdy.

Elbetde, giňelýän we berkeýän özara ganaşyklar Adalatçynyň diwanyna milli we daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin ýurtda adam hukuklary bilen bagly ýagdaý hakynda maglumat çeşmesi hökmünde ornuny zerur bolan derejede amala aşyrmagyna, adamyň we raýatyň hukuklary babatda halkara tejribesine we iň gowy işlere elýeterli bolmaga mümkinçilik berdi.

Şeýlelikde, Türkmenistanda Adalatçynyň diwanynyň 2017-nji ýylda halkara hyzmatdaşlygy adam hukuklaryny goramak, hukuk goraýjylaryň mümkinçiliklerini artdyrmak, şeýle hem hukuk goraýyş ulgamynda tejribe alyşmak boýunça işleriň geçirilmegini üpjün etdi.

Geljekde Adalatçynyň diwany tarapyndan halkara hukuk goraýjy guramalar, ilkinji nobatda BMG-niň edaralary bilen hyzmatdaşlygyň netijelidigini nazara almak bilen, onuň ýokary netijelerine oňyn baha bermek bilen, raýat, syýasy, ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň ähli ugurlary boýunça adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça işler dowam etdiriler.

VIII bap. Netijeler we teklipler

Şu maglumat Türkmenistanyň Adalatçy institutynyň, ýurdumyz üçin täze edaranyň hereket edýän ilkinji ýylynyň netijelerini jemleýär. Ony adam hukuklaryny goramak boýunça işlere goşmak tejribesi hemmelerde – döwlet edaralarynda, ilatda hem-de jemgyýetçilik guramalarynda uly gyzyklanma döredýär. Ol beýleki edaralaryň arasynda öz ornuny tapdymy, onuň esasynda goýlan mümkinçiliklerini açyp bildimi, jemgyýetde emele gelýän hukuk goraýjy däpleri güýçlendirmek başartdymy, adamlar bähbitleriniň we hukuklarynyň goraýjysy hökmünde oňa ynam bildirýärmi, hakyky hukuk goraýjy edara bolup bilermi – bu sowallar Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň – Adalatçynyň işläp başlamagyndan geçen bir ýyldan soň döreýän sowallardyr. Olara jogaplaryň bir bölegini şu maglumatdan alyp boljakdygyna hem-de bir ýylda (ýedi aýda) ýerine ýetirilen işlere esaslanyp, hukugy goramak boýunça tagallalaryň amala aşyryp bolan ýa-da ösdürip bolan bölegini görkezip boljakdygyna umyt edýäris.

Döredilende raýatlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we döwletiň umyt baglan adam hukuklaryny goraýan täze edara ulgamlaýyn işini ýaýbaňlandyryp, goraga mätäç bolan adamlar bilen, döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilen özara gatnaşyklarynyň ýörelgelerini kesgitledi. Adaty milli hukuk goraýjy edara hökmünde işe başlady, çünki döredilen pursatyndan garaşsyz edaranyň ýokary hukuk derejesine eýe boldy.

Adalatçynyň diwanynyň işi raýatlardan gelip gowuşýan hatlary beýleki döwlet edaralaryna ugratmak bilen çäklenmän, eýsem bu hatlarda ol ýa-da beýleki raýatyň düşen ýagdaýyny beýan etmäge çemeleşme saýlanyp alyndy. Adam hukuklarynyň bozulmagy barada arzalaryň we şikaýatlaryň köpüsi döwlet edaralarynyň raýatlar bilen raýdaşlyk nukdaýnazary aňladylan maslahat beriş häsiýetli teklipleri ugradan hukuk goraýjy edaranyň çemeleşmesini duýýandygyny bellemek gerek. Bu çemeleşmede adam hukuklarynyň döwlet dolandyryş işiniň ölçegleri, şeýle hem umumy kabul edilen halkara hukuk goraýyş ölçegleri hökmünde berjaý edilmeginiň möhümligi öz beýanyny tapdy. Ýagny, kanunlaryň we adam hukuklarynyň bozulmagynyň ýagdaýlary boýunça döwlet edaralarynda we raýatlarda Adalatçynyň oňyn-araçyllyk ähmiýeti äşgär boldy.

Geçirilen işleriň bir ýyly geljekki işlerde çözmeli bolan meseleleri kesgitleýän umumy netijeleri çykarmaga hem mümkinçilik berýär.

Olaryň möhümleri maglumatda görkezildi hem-de onuň jemleýli bölüminde ýene bir gezek üns berilmegine mynasypdyr. Adalatça ýüz tutan raýatlaryň agramly böleginde döwlet tarapyndan olaryň hukuklarynyň berjaý edilmegi däl-de, eýsem, hereket edýän kanunçylykda görkezilmedik hem bolsa, dürli maddy peýdalara bolan islegiň kanagatlandyrylmagy ileri tutuldy. Şunuň bilen baglylykda, geçmişden miras galan bähbidiňi öňe sürmek ýörelgesi birnäçe gezek tassyklanan adalatlylygyna garamazdan, raýatlaryň ylalaşmaýan kazyýet çözgütleri boýunça Adalatça iberen köpsanly hatlarynda has aýdyň ýüze çykdy. Şeýle hatlara jogap bermek bilen Adalatçy adam hukuklarynyň hakykatda bozulanlygyny ýa-da bozulmanlygyny düşündirmek, raýatlara öz meselelerini ýurdumyzyň ykdysadyýetinde mümkinçilikler açylan döredijilik işinde çözmegi maslahat bermek bilen meşgullanmaly boldy.

Durmuş-ykdysady meseleler boýunça haýyşnamalar we talaplar bilen Adalatçynyň diwanyna yzygiderli ýüz tutýan raýatlar tarapyndan bir ýylyň dowamynda duýulýan täsir düşündiriş işlerini güýçlendirmegiň möhümdigi baradaky pikirimizi has-da berkitdi. Ol entek öz ykdysady meselelerini özbaşdak we işjeň çözmäge ukyply bolman, döwletiň goldawyna bil baglaýan ilatymyzyň ýagdaýy bilen düşündirilýär.

Ýakyn geljekde adamlary öz durmuşynda ýeke-täk ugur boljak - hukuk döwletiniň şertlerinde ýaşamagy öwrenmek hem-de şahsy ykdysady we hukuk jogapkärçiligini çekmek ugruna tutanýerli gönükdirmek işi garaşýar.

Düşündiriş işlerini güýçlendirmek raýat meseleleri bilen meşgullanmaly bolýan döwlet edaralarynyň işgärleri babatda hem tagallalary talap edýär. Raýatlar olara diňe adam hukuklarynyň bozulmagy bilen baglylykda ýüz tutýarlar. Raýatlaryň ýüz tutmalary boýunça döwlet edaralary bilen hatlary alyşmakda dürli edaralara ynsaplylyk ýa-da adam hukuklarynyň gymmatlyklary barada ýatlatman, hukuk döwletiniň ýörelgelerini, döwlet dolandyryş ölçeglerini berjaý etmegiň zerurlygyny maslahat bermeli bolýar. Mahlasy, döwlet gulluklarynyň wekillerini kanunlaryň berjaý edilişi ýaly, adam hukuklaryny hem berjaý etmegiň, adam hukuklarynyň bar bolan we mümkin bolan bozulmalary babatda çäre görmegiň möhümdigini düşündirmeli bolýar.

Geçen ýylyň tejribesi Adalatçynyň düşündiriş işlerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen oňat hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna eýe bolmagyň zerurdygyny görkezdi. Olar adam hukuklary hakynda peýdaly we tejribeli bilimleri ýaýratmak boýunça aň-bilim netijesini ençeme esse güýçlendirýär.

Hasabat döwründe kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işler ýaly örän güýçli serişdäni doly peýdalanmak başartmady. Adalatçy adam hukuklaryny beýan edýän kanunlary yzygiderli ulanmak babatda mümkinçiliklerini ýeterlik derejede peýdalanmady. Onda hukuk ulanyş tejribesinde kanunlar arkaly adam hukuklaryny giňden ilerletmäge täsiriň uly mümkinçilikleri açylýar.

Hasabat ýylynda Adalatçynyň hereket edýän kanunlar we kanun taslamalary bilen işlemeginiň netijeleri geljekde adam hukuklary ulgamyna kanunçykaryjylyk täsirini hökman peýdalanmagyň zerurdygyny görkezýär. Bu täsiri adam hukuklary babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de halkara ölçeglerine laýyk getirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Mejlisine we degişli edaralara bermek, olar bilen göni gatnaşyklarda bolmak hem-de olaryň döreden işçi toparlaryna gatnaşmak bilen, şeýle hem halkara hukugynyň degişli namalaryny seljermek arkaly amala aşyrmak mümkin bolar.

Beýleki netijeleri biz maglumatyň aýratyn bölümlerinde getirdik, olaryň möhümligi şol bölümleriň maglumatlary bilen berkidilýär.

Adalatçynyň diwanynyň bir ýylyň dowamynda geçiren işleri kanunçylykda berkidilen ygtyýarlyklaryny we hukuklaryny giňden peýdalanmagyň zerurdygyny görkezdi. Ýurdumyzyň sebitlerinden Adalatçynyň adyna gelip gowuşýan arz-şikaýatlar; olara seretmek we barlamak boýunça işleriň artýan möçberi; Türkmenistanyň goşulan Adam hukuklary hakynda Konwensiýalaryny amala aşyrmak boýunça hasabatlary taýýarlamaga Adalatçynyň diwanynyň gatnaşmagy; olar boýunça alternatiw hasabatlary taýýarlamagyň wezipeleri munuň şeýledigini tassyklaýar. Olar hukuk goraýyş işiniň ähli ugurlary boýunça seljerme geçirilmegini hem-de anyk maglumatlaryň komitetlere we halkara guramalaryna berilmegini; döwlet edaralarynyň talaplary bilen baglylykda ýurtda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegi barada bilermen-seljeriş işleriniň geçirilmegini talap edýän maglumatlaryň yzygiderli berilmegini; adam hukuklaryny goramak babatda dürli meseleler boýunça maglumatlaryň toplanmagyny; binýadynyň döredilmegini; Adalatçynyň işinde netijeliligi we dessinligi ýokarlandyrmagyň zerurlygyny, şeýle hem institutyň ýurduň sebitlerinde döredilen maglumat merkezlerinde raýatlaryň her çärýekde kabul edilmeginiň guralmagyna esaslanan hyzmatlara elýeterliligi göz öňünde tutýar, olaryň esasy maksady – ýerlerde Adalatçynyň ýolbaşçylygynda hukuk goraýyş işleri hem-de oňa sebitlerde adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilişi barada habar berilmegi bolup durýar. 2017-nji ýylda gelip gowşan arzalaryň we şikaýatlaryň seljerilmegi olaryň welaýatlardan köp gelendigini tassyklaýar – sanlarda 68,9% göterime deň bolup, olaryň 20%-den gowragy Mary welaýatyndan, 14,9 % Balkandan, 17% golaýy Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň her-haýsyndan gelip gowuşdy, sebitlerden raýatlaryň köpsanlysy ýol harajadyny we wagtyny sarp edip, Adalatçynyň ýanyna gelýärler.

Maglumaty bir ýyllyk iş tejribesinden çykaran soňky we örän möhüm netijämiz bilen tamamlamak galýar, ol Adalatçynyň işine has mahsus bolup durýar.

Adalatçynyň gullugy adam hukuklarynyň bozulmagy bilen bilen bagly bolan işleri ilerletmek boýunça tutanýerli, erjel, ynamly işlemegi talap edýär. Bir adamyň hukuklarynyň bähbidi üçin döwlet edaralaryna birnäçe gezek ýüz tutmak boýunça tutanýerli işler hünär takatlylygyny talap edýär. Işiň ähli derejelerinde adalatlylygy goldamak – ähli hukuk goraýjylaryň, aýratyn-da, Adalatçynyň diwanynda işleýänleriň esasy borjudyr. Bu bolsa işde biz üçin esasy düzgüne öwrüldi.

Adalatçynyň işine geçirilen seljermäniň netijeleri boýunça, ýurtda adam hukuklaryny goramak boýunça ýagdaýy gowulandyrmak maksady bilen şu teklipler taýýarlanyldy.

Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýa goşulmak bilen, Türkmenistan onuň kadalaryny milli kanunçylyga yzygiderli ornaşdyrdy. 2014-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň “Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň kabul edilmegi bellärliklidir. Türkmenistanyň kanunçylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegini nazara almak bilen şulary teklip edýäris:

- çaganyň hukuklaryny goramak ulgamynda işleýän ähli döwlet edaralaryny we jemgyýetçilik birleşiklerini, çaganyň hukuklaryny kadalaşdyrýan kanunlary, maksatnamalary işläp taýýarlamaga, amala aşyrmaga we baha bermäge hem-de seljerme geçirmäge yzygiderli çekmegi;

- orta okuw mekdeplerini tamamlanyndan soň çagalaryň jemgyýete has-da uýgunlaşmagy üçin, adam hukuklary babatda sapaklary öwrenmek boýunça okuw maksatnamalaryny giňeltmek mümkinçiligine seretmegi.

Maýyplygy bolan adamlaryň iş bilen üpjün edilmegi üçin mümkinçilikleri we şertleri döretmek maksadynda 2015-nji ýylyň maýynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny, şeýle hem şol Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda karara gol çekdi. Bu Maksatnamany durmuşa geçirmek maksadynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň buýrugy bilen 2016-njy ýylyň ýanwarynda kärhanalaryň işgärleriniň umumy sanyndan 5% möçberde dikeldişiň aýratyn maksatnamasyna laýyklykda zähmet çekmäge mümkinçiligi bolan maýyp adamlar, kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary ýa-da maýyp çagalary terbiýeleýän ýalňyz we köp çagaly ene-atalar üçin iş orunlaryny döretmegiň tertibini kadalaşdyrýan Düzgünnama tassyklanyldy. Mundan başga-da, soňky on ýyllyklaryň dowamynda ýollar, binalar we beýleki desgalar gurlanda döwlet tarapyndan maýyp adamlaryň bähbitleri giňden göz öňünde tutulýar, ýagny maýyplygyň dürli görnüşlerine eýe bolan adamlaryň mümkinçiliklerini göz öňünde tutýan kadalara laýyklykda ýörite enjamlar, kömek beriji serişdeler (panduslar, düşelgeler, liftler, eňňitler we beýlekiler) döredilýär. Şonuň bilen baglylykda şulary teklip edýäris:

- maýyp adamlaryň ukyplaryna hem-de degişli öňdebaryjy tejribä aýratyn salgylanmak bilen, maýyplaryň oňyn taraplaryny işjeň wagyz etmek maksadynda jemgyýetçilik guramalarynyň ýardam etmegi, hem-de maýyplaryň guramalaryny çekmek bilen aň-bilim terbiýeçilik çärelerini yzygiderli geçirmegi;

- oba we şäher ýerlerinde ähli binalaryň taslamalarynyň we jemgyýetçilik hyzmatlarynyň, habar beriş serişdeleriniň we durmuş ulgamlarynyň, ulaglaryň we hyzmatlaryň ilatyň islendik toparlary üçin elýeterli köpugurly işlenip taýýarlanmagyny geljekde hem höweslendirmegi;

- maýyp adamlaryň hukuklaryny üpjün etmek maksady bilen elýeterlik talaplarynyň berjaý edilmezligi üçin jogapkärçiligi girizmegi;

- ýurdumyzyň ykdysadyýet, ylym we bilim, medeniýet, sport, halkara gatnaşyklary ulgamlarynda geçirilýän işler, şeýle hem ýurdumyzda bolup geçýän beýleki özgerişlikler barada gürrüň berýän Türkmen telewideniýesiniň “Türkmenistan” teleýaýlymynda “sessiz terjimeçiniň” wezipesini girizmek mümkinçiligine seretmekligi;

Türkmenistanyň Aýallar barada kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda konwensiýa hem-de onuň Fakultatiw teswirnamasyna goşulmagy bilen, olaryň kadalary milli kanunçylyga ornaşdyryldy. Şeýlelikde, 2007-nji ýylda kabul edilen “Aýallaryň deň hukuklylygynyň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň kanuny kämilleşdirildi we 2015-nji ýylda “Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň täze Kanuny kabul edildi. Zenanlaryň öz hukuklary we olary amala aşyrmagyň serişdeleri barada habarlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem maşgala berkligini üpjün etmek maksady bilen şulary teklip edýäris:

- döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan geljekde hem jemgyýetçilik guramalary we habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly Konwensiýanyň hem-de hereket edýän milli kanunçylygyň kadalary hakynda maglumatlary zenanlara ýetirip, olara hukuklaryny we azatlyklaryny goramagyň kanuny serişdelerini düşündirmek işlerini yzygiderli dowam etmekligi we onuň netijeliligini ýokarlandyrmagy;

- ýerlerde bilim, amaly sungat, medeniýet, sport we beýleki ugurlarda maşgalalaryň arasynda bäsleşikleri gurap, olara gyzyklanma bildirýän ähli guramalary çekmegi.

Hasabat döwründe Adalatçynyň diwanyna iş kesilen adamlardan ýüz tutmalar gelip gowuşmady, ýöne olaryň şahsyýetleri babatda durmuş deformasiýasyny aradan aýyrmak, abraýlaryny dikeltmek, azatlykdaky durmuşa taýýarlamak boýunça degişli işleri geçirmek üçin şulary teklip edýäris:

- iş kesilen adamlar bilen işlemegiň maksatnamalary boýunça olaryň şahsy-ruhy ahlak sypatlaryny öwrenmek hem-de jenaýat bilen bagly ahlak üýtgemelerini düýpli aýyrmak işlerine degişli hünäri bolan işgärleri, şol sanda psihology ýygy-ýygydan çekmekligi.

- azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde tälimçileri we beýleki hünärmenleri çekmek bilen sport seksiýalaryny gurnap, ýaryşlary we bäsleşikleri (şaşka, küşt, woleýbol, stolda oýnalýan tennis we beýlekiler) geçirmekligi göz öňünde tutýan ýörite maksatnamany kabul etmek mümkinçiligine seretmegi.

Kanunyň kadalaryna laýyklykda, Adalatçynyň kazyýetiň ygtyýaryna degişli edilen meselelere seretmeýänligi, emma kazyýet ýa-da administratiw tertipde şikaýat edilip, kabul edilen çözgütler bilen razy bolman berlen şikaýata seretmekligi göz öňünde tutulan. Şol kada laýyklykda Adalatçynyň adyna gelip gowşan ýüztutmalaryň umumy sanynyň üçden bir bölegini (31,9%) raýatlaryň kazyýet edaralarynyň kararlary bilen ylalaşmaýanlygy, kähalatda kazyýet önümçiliginiň alnyp barlyşyna nägilelik bildirilmegi, az möçberde bolsa-da, kazyýet çözgütleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmeýänligi baradaky şikaýatlary düzýär. Şunda käbir şikaýatlaryň esassyzdygyny, raýatlaryň köplenç halatlarda kanunlarda göz öňünde tutulan gorag usullarynyň we serişdeleriniň deňinden geçip, bu meseleleri çözmäge ygtyýary bolmadyk edaralara ýüz tutýanlygyny bellemek gerek. Görkezilenler bilen baglanyşyklylykda, kazyýet kararlaryna bolan şikaýaty azaltmak, esassyz şikaýatlary aradan aýyrmak we raýatlaryň adalatly kazyýete elýeterliligini üpjün etmek maksady bilen şulary teklip edýäris:

- hukuk kömegini berýän edaralaryň raýatlara olaryň hukuklaryny elýeterli we bökdençsiz düşündirmegini, kanuna laýyk gelmeýän maslahatlaryň berilmegi üçin jogapkärçiligi ýokarlandyrmagy;

- kazyýet kararlaryna şikaýat edip gelýan raýatlary degişli kollegiýalaryň ýolbaşçylary derejesine çenli kabul etmek, olaryň anyk kazyýet kararlary babatda meseleleri boýunça elýeterli kabul edişligi hasda kämilleşdirmegi;

- kazyýet çözgütleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi, şunda wezipeli adamlar, şeýle hem bergidarlar tarapyndan çözgütleriň ýerine ýetirilmeginiň ünssüz galdyrylmagy ýaly ýagdaýlar boýunça anyk teklipleri bermek arkaly zerur bolan ähli çäreleri görmegi.

- kazyýet çözgütleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine wezipeli adamlar, şeýle hem bergidarlar tarapyndan ünssüz garalmagy boýunça anyk teklipler bermek bilen, çözgütleriň ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi.

Raýatlaryň hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketleri baradaky arzalarynyň öwrenilmegi derňew astynda bolýan raýatlaryň hukuklarynyň bozulmagy hakynda jenaýat işleri derňelende işiň ýagdaýlaryna hemmetaraplaýyn, doly seretmek hakynda kanunçylygyň talaplarynyň hemişe berjaý edilmeýändigini görkezdi, şonuň üçin hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hereketleri bilen iş-ýörediş kanunçylygynyň bozulmalaryny aradan aýyrmak, maksady bilen şulary teklip edýäris:

- hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň medeni we hünär taýýarlyk derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagy;

- prokuratura edaralarynyň jenaýat işi gozgalan raýatlaryň şikaýatlaryny düýpli öwrenmegini, derňew işleriniň alnyp barlyşyna, hukuk goraýjy edaralar tarapyndan raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmegi.

Gelip gowşan arzalaryň öwrenilmegi ilatyň durmuş taýdan goralýan gatlaklarynyň käbir toparlarynyň, hususan-da, maýyp adamlaryň, köpmaşgalaly maşgalalaryň (öz maşgalalary bolan çagalaryň ene-atalarynyň maşgalalary), agyr keselli adamlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan hukuklaryny amala aşyryp bilmeýändigi barada görkezýär. Hereket edýän ýaşaýyş jaý kanunçylygy ipoteka karzlaşdyrmany girizmek bilen ýaşaýyş jaý gurluşygyny ösdürmek arkaly ýaşaýyş-durmuş meselelerini çözmegiň bazar usullarynyň ileri tutulmagyny göz öňünde tutýar. Şonuň bilen birlikde ýaşaýyş jaý hukuk gatnaşyklary babatda soňky özgertmeler aýratyn mätäçlik çekýän adamlary üpjün etmeklige gönükdirilendir. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda gol çeken “Ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde maýyplar we beýleki durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hakynda” 15092-nji Kararyna laýyklykda her sebitde we Aşgabat şäherinde şeýle jaýlar gurlup, olardaky öýler ýörite döredilen ýaşaýyş jaý topary tarapyndan berildi. Raýatlaryň ýaşaýyş jaýa bolan hukuklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek bilen baglylykda şulary teklip edýäris:

- ýaşaýyş jaý toparlarynyň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde raýatlaryň ýaşaýyş jaý meselelerini kanagatlandyrmak boýunça netijeli usullary ulanmagyny, nobatlylygy berk berjaý edip, olary ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek mümkinçiligi boýunça işleri güýçlendirmegi, şeýle hem ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralaryna hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin mellek ýer böleklerini bermekde aýdyňlygy kanunylygy üpjün etmegi;

Raýatlardan zähmet meseleleri boýunça Adalatça gelip gowuşýan hatlar esasan olaryň işe ýerleşmegi bilen bagly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda şulary teklip edýäris:

- edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň ýolbaşçylarynyň ilaty işe ýerleşdirmek boýunça degişli zähmet we ilaty iş bilen üpjünçilik bölümine öz boş iş orunlary barada maglumatlary takyk we öz wagtynda bermeklerini gazanmagy, şunda işe kabul edilende zähmet we ilaty iş bilen üpjünçilik bölüminiň ýollanmasy boýunça gelen adamlar üçin ileri tutulýan ugry kesgitlemek mümkinçiligine seretmegi.

Adalatçynyň adam hukuklary babatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrmagy bu ugurda uly mümkinçilikleriň bardygyny görkezdi. Daşary ýurt tejribesini öwrenmezden, netijeli halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrmazdan täze garaşsyz institutyň işini talaba laýyk ýola goýmak mümkin däldir. Adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek hem-de hereketleriň milli meýilnamasyny amala aşyrmak babatda Adalatçynyň diwanynyň işleriniň işjeňleşmegi bilen baglylykda, şeýle hem ýurtda adam hukuklary babatda ýetilen sepgitleri nazara almak bilen teklip edýäris:

- adam hukuklary babatda aýratyn ugurlar boýunça BMG-nyň ýörite doklatçylaryny çagyrmak mümkinçiligi baradaky meselä seretmegi.

Adam hukuklary babatda aň-bilim işleri bilim, durmuş we medeni ulgamlarda, jenaýat-ýerine ýetiriş ulgamynyň edaralarynda, çagalar edaralarynda, hukuk goraýjy we kazyýet edaralarynda geçirilmelidir hem-de bu iş diňe adam hukuklary, olary goramagyň usullary hakynda maglumatlaryň berilmegine däl-de, eýsem adam hukuklarynyň medeniýetini kemala getirmäge ýardam edilmegine gönükdirilmelidir. Bu iş hukuk ýörelgelerini ret etmek hem-de adamyň döwletiň eklenjinde bolmak ýaly jemgyýetçilik hadysalaryndan üstün çykmaga çagyrar. Bu wezipeleri amala aşyrmak üçin şulary teklip edýäris:

- ilatyň adam hukuklary babatda bilimliligini we habarlylygyny ýokarlandyrmak çärelerini göz öňünde tutýan döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň mümkinçiligine seretmek;

- adam hukuklary babatda üznüksiz hukuk bilim we habarlylyk ulgamynyň döredilmegini; adam hukuklaryny öwrenmek hakynda düzgünleriň bilim barada döwlet standartlaryna goşulmagyny; ýokary okuw mekdeplerde, aýratyn-da ynsanperwer hünärleri boýunça bilim alýan talyplar üçin adam hukuklary boýunça ýörite okuwlaryň girizilmegini; hünärment toparlary üçin adam hukuklary babatda hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalary işläp taýýarlamagy we amala aşyrmagy; bildiriş we neşirýat işi arkaly köpçilikleýin habar beriş serişdelerinde habarlylyk boýunça işleri geçirmegi; bilim ulgamynda habar bermek, adam hukuklary babatda habarly etmek, okatmak we terbiýelemek, ylmy işleri höweslendirmek bilen meşgullanýan döwletiňki däl edaralary, ylym we bilim edaralaryny goldamagy we höweslendirmegi; giň jemgyýetçilik üçin habarlylyk we aň-bilim häsiýetli çäreleriň guralmagyny; adam hukuklaryny goramak babatda bilim boýunça sebitleýin we halkara resminamalarynyň maglumat binýadynyň jemgyýetçilige elýeterliligini üpjün etmegi; adam hukuklary boýunça aň-bilim babatda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegi – hukuk goraýyş bilimi babatda hereketleriň döwlet maksatnamasynyň esasy ugurlary hökmünde göz öňünde tutmaly.

Ýokarda görkezilenler bilen Adalatçynyň diwanynyň döredilen ilkinji ýyly bolan 2017-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleri we ýurdumyzda adam hukuklary babatda ýagdaý barada taýýarlan maglumatymyzy jemleýäris.

“Adalatçy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Adalatçynyň giň wezipe- ygtyýarlyklary bolup, ol adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary bilen baglanyşykly hemme ugurlary öz içine alýar. Bu wezipe-ygtyýarlyklary ýerine ýetirmäge bolsa doly mümkinçilik döredilen. Aýdylanlaryň esasynda Adalatçynyň diwany ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklarynyň üpjün edilmegine, goralmagyna, berjaý edilmegine öz ygtyýarlyklarynyň çäginde mynasyp goşandyny goşar diýip ynamly aýdyp bileris.