Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisine gatnaşdy
2010-njy ýylda döredilen, merkezi edarasy Aşgabatda bolan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy geçen ýyllarda dürli ýurtlaryň arassa ganly ahalteke atlaryny köpeltmäge, bu tohum atlary kämilleşdirmäge, olaryň ajaýyp nesil we sport häsiýetlerini ösdürmäge ýöriteleşen atşynaslaryň gatnaşyk etmegi üçin netijeli gurama öwrüldi. Assosiasiýanyň agzalarynyň ylalaşykly işleri halkymyzyň milli buýsanjy, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan bahasyz uly goşandy bolan ahalteke bedewlerini wagyz etmek boýunça işleri ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisinde eden çykyşy
Şu gün gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky VIII mejlisini geçirýäris. Güneşli türkmen topragyna — şöhraty äleme dolan behişdi ahalteke bedewleriniň Watanyna hoş geldiňiz!
Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän halkara sergi-ýarmarka hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly X halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara
Sizi ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän halkara sergi-ýarmarkanyň açylmagy hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly X halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
Ozal habar berlişi ýaly, düýn Daşkentde ýokary derejede ikitaraplaýyn gepleşikler uly üstünlige beslenip, olar iki goňşy ýurduň we iki halkyň gadymdan gözbaş alýan dostluk we doganlyk däplerine üýtgewsiz ygrarlydygyny, netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge we giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Ýokary derejedäki duşuşygyň jemleri boýunça gol çekilen resminamalar munuň aýdyň subutnamasy bolup, olar netijeli döwletara gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasynda gepleşikler geçirildi
Ýokary derejede geçirilýän nobatdaky türkmen-özbek duşuşygy dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, ikitaraplaýyn bolşy ýaly, tutuş sebitiň abadançylygynyň maksatlaryna kybap gelýän deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerini esasy ugur edinýän döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini alamatlandyrýar. Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn saparlaryň we duşuşyklaryň hem-de daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýete eýe bolmagy Türkmenistan bilen Özbegistanyň giň möçberli hyzmatdaşlyga we ikitaraplaýyn ýakyn ...
Türkmen-özbek gatnaşyklary ösüşiň täze belentliklerine çykýar
Köp synçylaryň taryhy waka diýip atlandyran bu sapary dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk, köpasyrlyk medeni hem-de ruhy däpleriň umumylygy bilen baglanyşýan ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berer. Häzirki taryhy eýýamda taraplaryň üýtgewsiz erkine daýanyp, bu ýörelgeler ägirt uly mümkinçilikleri bolan gatnaşyklary hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmek we köpugurly esasda ösdürmek üçin pugta binýady emele getirip, täze derejede dowam edýär we onuň üsti ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli olimpiýa komitetiniň baştutanlygyna gaýtadan saýlanyldy
Milli olimpiýa komitetiniň 2016 — 2017-nji ýyllardaky ýerine ýetiren işleri baradaky synda 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda üstünlikli geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň bu döwürde biziň ýurdumyz üçin esasy waka bolandygy bellenildi. Halkara sport jemgyýetçiligi tarapyndan oýunlaryň ýokary derejede guralyşyna, iň berk dünýä standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýän düzümleriň nusgalyk hiline ýokary baha berildi.
Türkmenistan - Özbegistan Respublikasy: hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek ýoly bilen
Ýakyn goňşular bilen ysnyşykly we köptaraply gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitiň döwletleri bilen özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi Merkezi Aziýada parahatçylygy we howpsuzlygy saklamagyň hem-de pugtalandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýada amatly geosyýasy we ykdysady ...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Mejlisiň başynda wise-premýer E.Orazgeldiýew hasabat bilen çykyş edip, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli baýramçylyk çärelerini geçirmegiň meýilnamasy hakynda habar berdi. Baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisi, “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly X halkara ylmy maslahat, halkara sergi-ýarmarka, uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi, päsgelçiliklerden bökmek boýunça bäsleşik, ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda baýramçylyk at çapyşyklary we däp bolan at çapyşyklar geçiriler. “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň ...

Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi
Myhman mähirli kabul edilendigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, ýurdumyza gelip görmäge mümkinçiligiň döredilendigine şatdygyny aýtdy. Sankt-Peterburgy Türkmenistan bilen öňden gelýän dostlukly gatnaşyklar we dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar. Gubernator ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişli meselelere hut özüniň üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirmek bilen, türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan, Newanyň boýundaky şäheriň däbe öwrülen bu gatnaşyklary dowam etmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.