| |
Düýn Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyò Täjigistan Respublikasyna resmi sapary dowam etdi. Ozal habar berliºi ýaly, öòòin Duºenbede Hökümet rezidensiýasynda ýokary derejedäki türkmen-täjik gepleºikleri geçirildi. Hakyky dostluk, birek-birege hormat goýmak, meselelere konstruktiw çemeleºmek ýagdaýynda geçirilen bu gepleºikler uly üstünlige eýe boldy. Gepleºikleriò jemleri boýunça döwletara resminamalarynyò birnäçesine, ºol sanda Dostluk we hyzmatdaºlyk hakynda Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyò arasyndaky ªertnama gol çekilmegi munuò aýdyò subutnamasydyr. ªertnama iki ýurduò liderleri gol çekdiler. ªeýlelikde, Türkmenistan we Täjigistan gadymdan gelýän dostluk, doganlyk we hoºniýetlilik däplerine wepaly bolup galýandyklaryny, uzak möhlete niýetlenen netijeli hyzmatdaºlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga we ösdürmäge çalyºýandyklaryny aýdyò görkezdiler.
Saparynyò ikinji gününde Türkmenistanyò Prezidenti Täjigistanyò iò gowy ekerançylyk hojalyklarynyò biri bolan «Hoji Kamol» daýhan birleºigine, Täjik alýuminiý kompaniýasynyò önümçilik toplumyna baryp gördi. Emomali Rahmonyò nygtaýºy ýaly, belent mertebeli türkmenistanly myhmany gyzyklandyryp biläýjek zatlary we döwletara hyzmatdaºlygynyò geljegini nazara almak bilen, tanyºlyk saparynyò marºrutyny onuò hut özi iºläp düzdi.
Irden Prezidentiò awtomobil kerweni Tursunzade ºäherine tarap ugrady. Täjigistanyò bu iri senagat merkezi beýik täjik ºahyrynyò adyny göterýär. Ol Duºenbeden takmynan 40 kilometrlikde, köpden bäri özüniò ekerançylyk däpleri, täjik halkynyò gadymy medeniýetine ºaýatlyk edýän orta asyryò taryhy-arhitektura ýadygärlikleri bilen meºhur bolan etrapda ýerleºýär.
ªäher derwezesiniò golaýynda Gurbanguly Berdimuhamedowy Tursunzade ºäheriniò baºlygy Barakatullo Atohoja, beýleki resmi adamlar, jemgyýetçiligiò wekilleri garºylaýarlar. Sazyò owazy ýaòlanýar, milli türkmen we täjik lybaslaryndaky ýaºlar türkmen-täjik dostlugynyò mizemezliginiò hormatyna ºygarlary ruhubelentlik bilen aýdýarlar. Hormatly myhmana çörek we bal hödürlenilýär, ajaýyp gül desseleri gowºurylýar. Milli türkmen we täjik lybaslaryndaky çagalar goºgy okaýarlar. Kerneýleriò owazlary belentden ýaòlanyp, Türkmenistanyò Prezidentiniò gelendigini habar berýärler. Bu gadymy üflenip çalynýan saz guraly häzir diòe aýratyn dabaraly ýagdaýlarda, uly baýramçylyklaryò we iò gadyrly myhmanlaryò hormatyna ulanylýar. ªäher administrasiýasynyò ýolbaºçysy türkmen liderini mähirli mübärekläp, Türkmenistanyò Prezidentini—Täjigistanyò hakyky dostuny garºylamak hormatyna mynasyp bolandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. B.Atohojanyò nygtaýºy ýaly, täjigistanlylar türkmen-täjik gepleºikleriniò barºyna uly gyzyklanma bilen syn edýärler. Olar türkmen döwletiniò baºtutanynyò bu saparyny özleriniò mähriban topragynyò mundan beýläk-de ösmeginiò, parahatçylygyò we wepaly hem-de ygtybarly goòºy bilen dostlugyò girewi hasaplaýarlar. Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garºylandyklary üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyò iki halky gadymdan bäri baglanyºdyrýan dostluk we doganlyk ýörelgelerine wepaly bolup galýandygyny nygtady we türkmen-täjik gatnaºyklarynyò geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine, sosial-ykdysady, gumanitar ulgamlardaky täze bilelikdäki taslamalarda öz aýdyò beýanyny tapjakdygyna ynam bildirdi.
Söhbetdeºligiò barºynda Türkmenistanyò Prezidenti Täjigistanyò metallurgiýa merkeziniò ºu günki ýagdaýy we geljegi bilen tanyºýar. Bu wakanyò ºanyna Gurbanguly Berdimuhamedow Tursunzade ºäheriniò jemgyýetçiliginiò wekilleri bilen surata düºýär.
Soòra Prezidentiò maºyn kerweni ºol ýerden uzak bolmadyk ýerde ýerleºýän «Hoji Kamol» daýhan birleºigine tarap ugraýar. Ýoluò ugrunda ýerli ýaºaýjylar türkmen döwletiniò baºtutanyny mähirli mübärekleýärler. Bu kabul ediºlik we mähirli duýgulara beslenen saparyò dabaraly ýagdaýy, täjik topragynda Türkmenistanyò Prezidentine goýulýan hormat-sarpa, onuò ikitaraplaýyn hyzmatdaºlygy ösdürmek baradaky tekliplerine we baºlangyçlaryna berilýän üns Türkmenistanyò we onuò lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyò bütin dünýäde abraýynyò uludygyna ºaýatlyk edýär. Türkmenistanyò baºtutanynyò parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygyò we asudalygyò möhüm faktory hökmünde baha berilýär. «Hoji Kamol» daýhan birleºiginde türkmen döwletiniò baºtutanyna hakyky baýramçylyk dabarasy garaºýardy. Bu ýere ºu hojalygyò zähmetkeºleri, golaýda ýerleºýän Ýangibog obasynyò ýaºaýjylary ýygnandylar.
Gurbanguly Berdimuhamedowy daýhan birleºiginiò ýolbaºçysy Kamol Madumarow, hormatly ýaºulular mähirli garºylaýarlar. Salamlaºylandan we saglyk-amanlyk soraºylandan soò, musulman we milli däplere laýyklykda janly soýmak dabarasy boldy, Beýik Biribardan türkmen we täjik halklarynyò abadançylygy barada dileg edilip, aýat-töwir okaldy. Soòra Türkmenistanyò Prezidenti «Hoji Kamol» daýhan birleºigi bilen tanyºdy. Bu hojalygyò ekin meýdanlary 45 gektara barabardyr. Üzümçilik meýdanlary hojalygyò buýsanjy hasaplanylýar. ªol ýerde üzümleriò naýbaºy sortlary ýetiºdirilýär. Her gektardan ýokary hilli üzümiò 50 tonnasy öndürilýär, ºol hasyl baharyò ahyryna çenli ter görnüºinde saklanylýar. 1999-njy ýylda döredilen daýhan birleºiginiò zähmetkeºleri baºga ugurlarda hem uly üstünlikler gazandylar. ªol üstünliklerde hojalygyò ýolbaºçysy Kamol Madumarowyò uly hyzmaty bar. Ata-baba kesbini dowam etdirýän bu daýhan üzüm ekmek üçin 10 gektar ýer alyp, sanlyja ýylyò içinde ony köp ugurly nusgalyk daýhan-fermer hojalygyna öwürdi. Häzir ºol hojalyk onuò adyny göterýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow meýdanlary synlap, bu ýerde ähli zadyò ýerbe-ýerdigine öz ýanyndaky resmi delegasiýanyò agzalarynyò ünsüni çekdi. Meýdanda üzümiò her bir ºahasyna, her bir ýaprajygyna we hoºasyna timar berlipdir. Munuò özi ekerançylygyò ýokary medeniýetiniò, adamlaryò ene topraga bolan söýgüsiniò aýdyò mysalydyr diýip, döwlet baºtutany aýtdy. Ýere yhlas bilen garaºyk edilensoò, ol öz miwesini daýhana sahylyk bilen eçilýär.
Üzümçilige syn edilen mahaly Türkmenistanyò Prezidenti ýerli ýaºaýjylaryò haýyºy boýunça her meýdanda bir hoºa üzümi kesdi. Nygtalyºy ýaly, obalylar muòa aýratyn alamat, bereketli hasyly ýygnamaga ak pata hökmünde garaýarlar. Türkmen lideri «Hoji Kamol» daýhan birleºiginde bolanda, ýene-de bir täsin ýere—ýeriò astyndan çykýan çeºmä baryp gördi, onuò durnanyò gözi ýaly arassa suwundan içdi. Oba adamlarynyò aýtmagyna görä, bu suw ºypa berijilik häsiýetine eýedir. Gurbanguly Berdimuhamedow hojalygyò ýolbaºçylary we ýerli ýaºaýjylar bilen söhbetdeºlikde özünde täsir galdyran zatlar barada aýdyp, tebigatyò bu künjeginiò gözelligine haýran galýandygyny belledi. Bu ajaýyp künjekde her garyº ýere ülkäniò ýaºaýjylarynyò yhlasy siòdirilipdir. Biz bu ugurda täjik doganlarymyz bilen hyzmatdaºlyk etmek, iki zähmetsöýer halkyò ekerançylykda toplan tejribesiniò alºylmagyny ýola goýmak isleýäris diýip, Türkmenistanyò baºtutany aýtdy. Hormatly Prezidentimiz daýhanlar bilen hoºlaºyp, mähirli garºylandyklary üçin olara minnetdarlyk bildirdi we özüne bildirilen myhmansöýerligiò bütin türkmen halkyna goýlan hormat-sarpadygyny belledi hem-de täjigistanlylara iºde üstünlikler arzuw etdi. Myhmansöýer täjik topragyndaky duºuºyklar «Täjik alýuminiý kompaniýasy» Döwlet unitar kärhanasynda («Talko») dowam etdirildi. Türkmenistanyò Prezidenti bu ýere daýhan birleºiginde bolup görenden soò bardy. Täjigistanyò metallurgiýa senagatynyò bu uly kärhanasyna barýan ýoluò iki tarapynda-da ýerli adamlar, kärhanada iºleýänler durup, türkmen liderini iò arzyly myhman hökmünde mähirli mübäreklediler. Töwerekde iki döwletiò baºtutanlarynyò suratlary goýlupdyr, ºol baºtutanlaryò emri bilen, türkmen-täjik hyzmatdaºlygy bu günki gün hil taýdan täze derejä çykarylýar.
Zawodyò girelgesiniò ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we onuò ýanyndaky delegasiýanyò agzalaryny Tursunzade ºäheriniò baºlygynyò birinji orunbasary U.Nurmatow we «Talko» DUK-nyò baº direktory S.ªaripow tüýs ýürekden mähirli garºy aldylar. Belent mertebeli myhman zawodyò ýüregi hasaplanýan metal guýujy sehine baryp, önümçilik bilen tanyºdy. Türkmen döwletiniò baºtutany kärhananyò iºçileri bilen söhbetdeº bolup, önümçiligiò taryhy, onuò tehnologik siklleri bilen gyzyklanýar.
Häzirki wagtda «Täjik alýuminiý kompaniýasy» Döwlet unitar kärhanasy täjik industriýasynyò öòdebaryjysy bolmak bilen çäklenmän, eýsem Merkezi we Günorta Aziýada alýuminiý çykarýan ilkinji iri kärhana bolup durýar. Kompaniýa täze derejä eýe bolup, täze menejmentiò ornaºdyrylmagy netijesinde, soòky ýyllarda respublikanyò ykdysady reformalaryny we gazananlaryny aýdyò görkezýän nusga öwrüldi.
Häzirki wagtda alýuminiý öndürmek boýunça dünýäde iri kompaniýalaryò onlugyna girýän hem-de Täjigistanyò walýuta görnüºindäki girdejileriniò 75 göterimini üpjün edýän zawodyò taslama kuwwatlylygy her ýylda 517 müò tonna alýuminiý öndürmäge mümkinçilik berýär. Oòat hilli we bäsdeºlige ukyply önümi çykarýandygy üçin zawod abraýly halkara sylaglarynyò bäºisine mynasyp boldy.
Zawodyò iºgärleri Türkmenistanyò Prezidenti bilen söhbetdeº bolup, ºeýle belent mertebeli myhmanyò öz kärhanalaryna gelip görmäge isleg bildirendigine buýsanyp, çäksiz minnetdarlyk sözlerini aýtdylar. Olar Gurbanguly Berdimuhamedowyò Täjigistana resmi saparynyò barºyna milli telewideniýe arkaly üns berip synlandyklaryny hem-de iki ýurduò Prezidentleriniò gepleºikleriniò netijelerini, hususan-da, Täjigistana her ýylda 1,2 milliard kWt/s möçberinde türkmen elektrik energiýasyny bäº ýyllap ibermek baradaky ylalaºygy ruhubelentlik bilen kabul edendiklerini aýtdylar. Duºuºygy guraýjylaryò bellemegine görä, bu ylalaºyk «Talko» üçin has möhüm ähmiýete eýe bolup durýar, çünki bu kärhana öz spesifikasy boýunça ýurtda elektrik energiýasyny has köp ulanýan önümçilik hasaplanýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow taýýar önümleriò sehi bilen tanºyp, türkmen tarapynyò çig mal almaga isleg bildirýändigini aýtdy, ºol çig mal ýurdumyzda hereket edýän kabel kärhanalarynyò artýan isleglerini kanagatlandyrmak üçin we gaz-beton öndürmek boýunça geljekki zawod üçin zerurdyr. ªunuò bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz ýurduò Ministrler Kabinetiniò Baºlygynyò orunbasary N.ªagulyýewe ºu ugurda täjik tarapy bilen iºjeò hyzmatdaºlyk etmegi tabºyrdy. Soòra Gurbanguly Berdimuhamedow zawodyò muzeýine baryp gördi, onuò baý ekspozisiýalarynda Tursunzade ºäheriniò we kärhananyò taryhy beýan edilýär, belent mertebeli myhmanlar üçin görkezilen dokumental filmde kärhana boýunça ösüº gazanmagyò mümkinçilikleri we onuò geljegi barada gürrüò berilýär. Türkmen döwletiniò baºtutany gyzykly ekskursiýa üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly myhmanlaryò kitabynda ýazgy galdyrdy hem-de kompaniýanyò ýolbaºçylygy bilen mähirli hoºlaºdy. Hormatly Prezidentimiziò maºyn kerweni Gissar etrabyna, ºäheriò daºynda ýerleºýän hökümet kabulhanasyna tarap ugraýar. Gysga wagtlaýyn dynç alandan soòra, Gurbanguly Berdimuhamedow GDA girýän döwletleriò baºtutanlarynyò mejlisine gatnaºmak üçin täjik paýtagtyna - Duºenbe ºäherine ugrady |
|