| |
ªu günler Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyò tabºyrygy boýunça döwlet baºtutanynyò Täjigistan Respublikasyna resmi sapary mahalynda onuò ýanynda bolan delegasiýanyò agzalary türkmenleriò kowçum bolup ýaºaýan ýeri bolan Hatlon welaýatynyò Jilikul etrabyna baryp gördüler.
Hormatly myhmanlary welaýatyò baºlygy Taýbulon Abzal bilen etrabyò ýolbaºçylary garºylaýarlar, ºol ýerde häzirki wagtda türkmen diasporalarynyò biri ýaºaýar. Goòºy ýurduò doly hukukly raýatlary bolan biziò watan-daºlarymyz özleriniò taryhy Watanyndan gelen wekilleri ägirt uly ºadyýanlyk hem myhmansöýerlik bilen gar¬ºylaýarlar, ºol ýerde häzirki günde beýik iºler amala aºyrylýar, oòa dünýä türkmenleriniò ählisi kanuny ýagdaý-da buýsanýarlar.
Türkmen diasporasynyò wekilleri we Jilikul etrabynyò jemgyýetçiligi bilen geçirilen duºuºyklaryò barºynda Türkmenistandan baran myhmanlar Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyò dostlukly Täjigistana üstünlikli tamamlanan ilkinji resmi saparynyò jemleri barada, ýokary derejede gazanylan ylalaºyklaryò hyzmatdaºlyk babatda açýan mümkinçilikleri hakda gürrüò berdiler.
Garaºsyz, Bitarap Türkmenistanyò häzirki güni barada söz açyp, türkmen delegasiýasynyò agzalary ýurdumyzda türkmen lideriniò baºlangyjy boýunça bilim we saglygy goraýyº, ylym we medeniýet ulgamlaryny ösdürmek we kämilleºdirmek maksady bilen ýurtda geçirilýän uly möçberli özgertmeler hem reformalar, tutuº ykdysadyýetiò we döwlet ösüºiniò geljegi barada uly ruhubelentlik bilen gürrüò berdiler.
Türkmenistanyò Prezidentiniò adyndan türkmen diasporasynyò wekillerine ýadygärlik sowgatlar we kitaplar gowºuryldy.
Belent derejeli myhmanlaryò hormatyna etrapda uly sadaka berildi we baýramçylyk konserti guraldy, ºonda Gurbanguly Berdimuhamedowyò Täjigistana uzak garaºylan saparynyò ºanyna düzülen goºgular we aýdymlar ýaòlandy.
Duºuºyga Türkmenistanyò Täjigistandaky Adatdan daºary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Gurbanow gatnaºdy. |
|