русский english Baº sahypa etmek Saýlananlara goºmak
«Türkmenistan: altyn asyr» » Resmi habarlar » Türkmenistanyò Ministrler Kabinetiniò mejlisi
Saýtyò nawigasiýasy
ªu gün baº tema
Resmi habarlar
Teswirlemeler
Hyzmatdaºlyk
Ykdysadyýet
Jemgyýet we Saglyk
Medeniýet we Miras
Ylym we Bilim
Sport we Syyahatcylyk
Giòeldilen gözleg
Kalendar
«    Garaºsyzlyk 2007    »
BgÝgHgSgAnRgDg
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
 
Gindeò ýaýran makalalar
Täzelikler arhiwi
Gorkut 2008 (9)
Oguz 2008 (22)
Garaºsyzlyk 2007 (49)
Resmi habarlar : Türkmenistanyò Ministrler Kabinetiniò mejlisi
 
Garaºsyzlyk aýynyò 6-syna irden Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyò Ministrler Kabinetiniò nobatdaky mejlisini geçirdi, onda gündelik döwlet syýasatynyò ilkinji nobatdaky meselelerine garaldy.

Döwlet baºtutany mejlisi açyp, ºu gün ähli türkmen halky tebigy betbagtçylyk zerarly sähel pursadyò içinde ömür tanapy kesilen edermen ata-babalarymyzyò ýagty ýadygärligini hatyralap, milli senenamamyzyò gussaly senesini — Ählihalk matam gününi belläp geçýär diýip belledi. Türkmenistanlylar öz halkynyò ruhy däplerine wepalylygy saklamak bilen, möçberi boýunça aýylganç bolan 1948-nji ýyldaky Aºgabat ýer titremesiniò wakalaryny hakydasynda mukaddes saklaýarlar, ºol ýer titremesi bolsa, onlarça ýyllaryò geçendigine garamazdan, uly ýitginiò unudylmaz yzasy we gussasy bolup, adamlaryò ýüreklerini sarsdyrýar.

Gurbanguly Berdimuhamedowyò nygtaýºy ýaly, biziò watandaºlarymyzyò ºehit bolan 176 müòüsi hakyndaky ýatlama, türkmen halky üçin asyrlaryò dowamynda aýawly saklanylýan we nesilden-nesle geçirilip gelinýän milletimiziò ruhy sütünleri ýaly mukaddesdir. Ählihalk matam gününde bütin ýurdumyzda XX asyryò iò aýylganç tebigy betbagtçylyklarynyò biriniò pidalarynyò ählisiniò jaýynyò jennet bolmagy dileg edilip, aýat-doga okalýar we sadaka berilýär. Agºam bolsa biz, milletimiziò döwlet we ruhy galkynyºynyò gözbaºylarynda duran ýurdumyzyò ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaºynyò ýagty ýadygärligini hatyralarys diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiò gün tertibiniò esasy meselelerine geçip, Täjigistana ýaòy-ýakynda tamamlanan resmi saparynyò esasy jemlerini gysgaça häsiýetlendirdi. Prezident geçirilen gepleºikleriò ýokary netijeliligini, gazanylan ylalaºyklaryò uzakmöhletli häsiýete eýedigini nygtap, degiºli ýolbaºçylaryò öòünde Täjigistanyò Prezidenti Emomali Rahmonyò Türkmenistana jogap saparyny ýokary guramaçylyk derejesinde üpjün etmek barada wezipe goýdy, ºol sapar bolsa Bitaraplyk aýynyò birinji ongünlügine bellenildi.
Soòra öz gözegçilik edýän pudaklarynda iºleriò ýagdaýy hakynda hasabat beren hökümetiò baºlygynyò orunbasarlaryna söz berildi.

Ministrler Kabinetiniò Baºlygynyò orunbasary T.Tagyýew ýangyç-energetika toplumyndaky iºleriò netijeleri hakyndaky hasabat bilen çykyº etdi. Döwlet baºtutany onuò çykyºyny diòläp, Türkmenistanyò baý uglewodorod seriºdelerini netijeli özleºdirmegiò ýurdumyzda amala aºyrylýan giò möçberli sosial-ykdysady maksatnamalaryò, ºeýle hem energetika pudagyndaky halkara borçnamalarynyò üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin birinji derejeli ähmiýetiniò bardygyny belledi. Bu babatda Prezident ýangyç-energetika toplumynyò ýolbaºçylaryndan ähli zerur çäreleri görmegi hem-de «Türkmenistanyò nebitgaz senagatyny ösdürmegiò 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny» gürrüòsiz durmuºa geçirmegi üpjün etmegi tabºyrdy, ºol maksatnamada pudagy ösdürmegiò anyk sepgitleri we strategiki ugurlary kesgitlenildi.

Wise-premýer H.Saparlyýew bilim reformasynyò durmuºa geçiriliºiniò meseleleri boýunça hasabat berdi. Ol ºeýle hem Prezidente soòky ýyllarda gazanylan, türkmen talyplaryny daºary ýurtlarda okatmaga degiºli bolan ylalaºyklaryò ýerine ýetiriliºiniò barºy hakynda habar berdi. Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyò bilim ulgamyny ösdürmegiò möhüm ºerti bolan gumanitar ugurdaky giò halkara hyzmatdaºlygynyò ähmiýetini nygtap, dünýäniò iri ylmy we okuw merkezleri bilen bu ugurda özara gatnaºyklary mundan beýläk-de giòeltmegiò zerurdygyny belledi. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetiò ähli pudaklarynda öòdebaryjy tehnologiýalary, ylmy-tehniki progresiò soòky gazananlaryny ornaºdyrmaga ilkinji nobatda üns berilýär. Daºary ýurtlaryò ýokary okuw mekdepleriniò uçurymlary dünýä derejesine laýyk gelýän bilimi alyp, ýokary hünärli iºgärler zerur bolan uçastoklarda iºe çekilmelidir diýip, döwlet baºtutany aýtdy.
Hökümet baºtutanynyò orunbasary G.Aºyrow ulag toplumynyò we aragatnaºyk pudagynyò iºi hakynda hasabat berip, döwlet baºtutanyna bu ugurda birnäçe möhüm taslamalaryò durmuºa geçiriliºiniò hem-de taýýarlanylyºynyò barºy hakynda jikme-jik habar berdi. Gurbanguly Berdimuhamedow emele gelýän konýunkturadan has operatiw netije çykarmagyò, bu esasy pudaklaryò öòünde durýan wezipeleri çözmäge sowatly, professional taýdan çemeleºmegiò zerurdygyny nygtady we G.Aºyrowdan bu ugurda iºi çaltlaºdyrmagy, Türkmenistanyò durmuº-ykdysady strategiýasyny amala aºyrmakda möhüm orun degiºli bolan pudaklaýyn desgalary çalt gurmak barada çäreleri görmegi talap etdi. Hususan-da, Prezident jemgyýetçilik ulaglarynyò iºini mundan beýläk-de kämilleºdirmek bilen baglanyºykly meseleleri haýal etmän çözmek barada görkezme berdi.

Wise-premýer N.ªagulyýew gurluºyk desgalarynda iºleriò barºy hakynda hasabat berdi, ºol desgalar bolsa Türkmenistanyò Garaºsyzlyk gününiò öòüsyrasynda ulanylmaga berler. Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty düýpli seljerip, hil we ygtybarlylyk ýaly ºäher gurluºyk iº tejribesine bildirilýän talabyò derwaýysdygyna ünsi jemledi we baýramçylyk mynasybetli iºe girizilmeli ähli desgalaryò haýsydyr bir ýetmezçilikleri bolmazdan we ºertnamada bellenilen möhletlere berk laýyklykda ulanylmaga berilmelidigini nygtady.
Türkmenistanyò Ministrler Kabinetiniò Baºlygynyò orunbasary M.Ýazmuhammedowanyò hasabatynda Garaºsyzlygymyzyò 16 ýyllygynyò baýram edilmegine taýýarlyk görmegiò temasy dowam etdirildi, ol bu iºiò tassyklanylan, Türkmenistanyò merkezi gazetlerinde çap edilen maksatnama laýyklykda alnyp barylýandygyny habar berdi. Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diòläp we bu senäniò diòe bir Watanymyzyò, türkmen halkynyò taryhynda däl, eýsem her bir türkmenistanlynyò terjimehalynda möhüm sene hökmünde ähmiýetini nygtap, ýaýbaòlanýan seneler bilen baglanyºykly dabaralary umumy döwlet möçberinde, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada wezipe goýdy.

Mejlisiò baºlygy A.Nurberdiýewa döwlet baºtutanyna milli parlamentiò konstitusion reformany tapgyrma-tapgyr durmuºa geçirmek bilen baglanyºykly iºi hakynda habar berdi. Ýurdumyzyò parlamentarileri amala aºyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek meselelerine örän jogapkärli çemeleºýärler, hemiºe wakalaryò jümmüºinde bolýarlar, ýerli dolandyryº edaralaryny —geòeºlikleri pugtalandyrmak baradaky iºe, welaýat we Aºgabat ºäher halk maslahatlaryna saýlawlara taýýarlyk görmäge iºeòòir gatnaºýarlar diýip, Mejlisiò ýolbaºçysy hormatly Prezidentimizi ynandyrdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow reformalaryò halkara hukugynyò progressiw normalaryna laýyk gelýän berk kanunçylyk binýadyny döretmegiò örän möhümdigini nygtap, daýhan birleºikleriniò hukuklaryny hem-de ygtyýarlyklaryny giòeltmek ýaly meselä mejlise gatnaºyjylaryò ünsüni çekdi. Prezidentiò nygtaýºy ýaly, önümçilik wezipelerini netijeli çözmegi, oba zähmetkeºleriniò bähbitlerini hemmetaraplaýyn durmuºa geçirmegi üpjün etjek daýhan hojalyklarynyò maliýe we maddy-tehniki özbaºdaklygyna degiºli meseleler eserdeòlik bilen, oýlanyºylyp çözülmelidir.

Hökümetiò baºtutanynyò orunbasary, Türkmenistanyò Daºary iºler ministri R.Meredow döwletiò daºary syýasatyny amala aºyrmagyò çäklerinde göz öòünde tutulýan halkara duºuºyklaryna we gepleºiklerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi, ol hususan-da, geljek hepdede Ýewropa Bileleºiginiò daºary syýasat we howpsuzlyk boýunça Ýokary wekili Hawýer Solananyò Aºgabada sapar bilen gelýändigini habar berdi. ªol günler Rumyniýanyò daºary iºler ministriniò sapary bolar. Ýurdumyzyò daºary syýasat edarasynyò ýolbaºçysy Hazarýaka döwletleriniò baºtutanlarynyò ýokary derejedäki duºuºygyna taýýarlyk görmegiò meseleleri hakynda hem habar berdi, ºol duºuºyk Garaºsyzlyk aýynyò 15-16-synda Tähranda bolar.
Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiò ahyrynda hökümet baºtutanynyò orunbasarlaryna bellenilen parametrlere laýyklykda gözegçilik edýän pudaklaryny ösdürmäge täze itergi bermek üçin olaryò iºini seljermegi tabºyrdy. Bu iºiò, ºeýle hem tutuºlygyna alnanda ºu ýylyò geçen dokuz aýynda Türkmenistany sosial-ykdysady taýdan ösdürmegiò hem jemleri Ministrler Kabinetiniò geljek hepdede boljak mejlisinde jemlener.
 
 
  • Türkmenistanyò prezidenti ýangyç-energetika toplumynyò ýolbaºçylary bilen m ...
  • Türkmenistanyò Döwlet howpsuzlyk geòeºiniò mejlisi
  • Türkmenistanyò Prezidenti Aºgabat boýunça
  • Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ählihalk matam gününe b ...
  • Jemgyýetimiziò we döwletimiziò demokratiki esaslaryny pugtalandyrmagyò ýoly ...
  •  
     
     açmak