русский english Baº sahypa etmek Saýlananlara goºmak
«Türkmenistan: altyn asyr» » Resmi habarlar » Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ählihalk matam gününe bagyºlanan ýas çäresine gatnaºdy
Saýtyò nawigasiýasy
ªu gün baº tema
Resmi habarlar
Teswirlemeler
Hyzmatdaºlyk
Ykdysadyýet
Jemgyýet we Saglyk
Medeniýet we Miras
Ylym we Bilim
Sport we Syyahatcylyk
Giòeldilen gözleg
Kalendar
«    Garaºsyzlyk 2007    »
BgÝgHgSgAnRgDg
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
 
Gindeò ýaýran makalalar
Täzelikler arhiwi
Gorkut 2008 (9)
Oguz 2008 (22)
Garaºsyzlyk 2007 (49)
Resmi habarlar : Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ählihalk matam gününe bagyºlanan ýas çäresine gatnaºdy
 
Türkmenistanda gussaly sene—1948-nji ýyldaky weýrançylykly Aºgabat ýertitremesiniò pidalarynyò Ählihalk matam güni bellenilýär. Türkmen halkynyò taryhynda gussaly wakalaryò biriniò bolup geçeli bäri 59 ýyl geçdi, ºol waka baradaky ýatlama her bir türkmenistanlynyò ýüregini henize bu güne çenli hem gam-gussa batyrýar. 1948-nji ýylyò Garaºsyzlyk aýynyò 5-inden 6-syna geçilýän gije 1 sagat 12 minutda tebigy betbagtçylygyò ägirt uly güýji bir pursatda owadan we gülläp ösýän ºäheri hem-de onuò töwereklerini büs-bütinleýin weýran etdi, biziò watandaºlarymyzyò 176 müòüsiniò ömür tanapyny kesip, her bir maºgala diýen ýaly ýetimçiligiò we öwezini dolup bolmajak ýitginiò gam-gussasyny getirdi. Onlarça ýyl geçenden soò, Garaºsyzlyk ýyllarynda bütin dünýä bu heläkçiligiò hakyky möçberleri hakyndaky hakykaty bildi, halkymyz bolsa milli däplere görä, öz dogan-garyndaºlarynyò we ýakynlarynyò ýadygärligini hatyralap, bu gussaly senäni Ählihalk matam güni hökmünde bellemäge mümkinçilik aldy.

ªu gün bütin ýurdumyzda matam lentalary dakylan Döwlet baýdaklary aºak düºürildi, hemme ýerde matam tutulyp, sadaka berilýär. Henize bu güne çenli ºol hasratly gijedäki elhenç wakany hakydasynda saklaýan türkmenistanlylaryò millionlarçasynyò ýüreklerini çuòòur gam-gussa gaplap alýar. Aýylganç ýertitremesini gözi bilen görenleriò gürrüòlerinden hem-de ýatlamalaryndan bu ýowuz tebigy betbagtçylygyò döreden heläkçilikleri hakynda bilýänleriò ýürekleri sarsýar.

Ir bilen aºgabatlylaryò we paýtagtymyzyò myhmanlarynyò müòlerçesi 1948-nji ýylyò ýertitremesinde gurban bolanlaryò hemmesiniò ýadygärligini hatyralamak üçin memorial toplumlaryò we ýadygärlikleriò ýanyna geldiler. Paýtagtymyzyò merkezinde dikeldilen, Aºgabat ýertitremesiniò pidalarynyò memorial ýadygärligine gül dessesini goýmagyò ýas çäresine Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaºdy.

Döwlet baºtutany aýylganç heläkçiligiò bigünä pidalarynyò ýadygärligini hatyralamak üçin bu ýere gelenleriò hemmesini mähirli mübärekleýär. Bir minutlap dymmak bilen wepat bolanlaryò ýadygärligi hatyralanýar. Türkmenistanyò Döwlet senasy ýaòlanýar. Ýurdumyzyò müftüsi ºehitleriò alnyna barsyn diýip doga okaýar we Garaºsyz Watanymyzyò abadançylygynyò hem-de gülläp ösmeginiò hatyrasyna türkmenistanlylaryò döredijilikli zähmet çekmegini dileg edýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow çuò matam tutýandygynyò alamaty hökmünde baº egip, ýadygärligiò etegindäki baky oduò öòünde wenok goýýar. Bu aýylganç heläkçilik türkmen döwletiniò baºtutanynyò maºgalasyna hem gussa getirdi, ºol gussaly gije onuò atasy, oba çagalaryny okatmagyò we olara terbiýe bermegiò asylly iºine ömrüni bagyº eden mekdep mugallymy Berdimuhammet Annaýew hem wepat boldy.

Döwlet baºtutanynyò yzy bilen Mejlisiò ýolbaºçylary, hökümet agzalary, Türkmenistanda resmi taýdan bellenen diplomatiki missiýalaryò, daºary ýurt kompaniýalarynyò, dindarlaryò we ºäherimiziò jemgyýetçilik guramalarynyò wekilleri ýadygärligiò etegine gül desselerini goýýarlar. Gussaly ýagdaýda dymmak bilen, tolgundyryjy «Keçpelek» mukamynyò sazyna goºulyp, üznüksiz adam akymy bu belent ýadygärlige tarap hereket edýär.

«Ýertitremesi» skulptura kompozisiýasynyò memorial toplumynyò çürbaºyndaky—öz ºirin janyndan geçip we ýaºaýºyò dowam etmeginiò hatyrasyna jigerbendini halas edýän zenanyò elindäki körpe çaganyò figurasyny, adamzadyò ölmez-ýitmezliginiò we kül içinden galkynan ºäheriò baky simwolyny baky oduò ýagtysy ºuglalandyrýar. Üç gezek gaýtadan dikeldilen, ak mermere örtülen, täze keºbinde biziò ata-babalarymyzyò ýurdumyzyò ýagty geljegi hakyndaky arzuwlaryny we düºünjelerini, türkmenleriò geljekki nesilleriniò bagtly ykbalyny beýan edýän Aºgabadyò öz gözbaºyny hut ºu ýerden alyp gaýdýanlygy tötänleýin däldir, biziò halkymyz öz taryhynyò agyr synaglaryny baºdan geçirip, söýgüli Aºgabadymyzy gaýtadan dikeltdi, paýtagtymyzy Ýer ºarynda iò owadan ºäherleriò birine, parahatçylygyò, asudalygyò, bagtyò we abadançylygyò mekanyna öwürdi. Häzir hem gözel bolan paýtagtymyz geljekde ertekilerdäki ýaly has hem ajaýyp keºbe girer.

Häzirki wagtda Türkmenistanyò paýtagty öz ajaýyp keºbi bilen biziò umumy öýümizde—Garaºsyz, Bitarap Türkmenistanda bolup geçýän giò möçberli özgertmeleri äºgär görkezýär. Aºgabady ösdürmek ýakyn geljekde Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öòde goýlan ileri tutulýan wezipeleriò biridir, bu ajaýyp ºäher bolsa sebitleýin parahatçylygy üpjün ediº merkeziniò derejesinde ºäher gurluºygynyò häzirki zaman däplerine eýerilip abadanlaºdyrylýar. Türkmen lideriniò baºlangyjy bilen iºlenilip taýýarlanylýan, paýtagtymyzyò medeni-iºewür merkezini—Aºgabat-sitini emele getirýän hakyky täzeçil taslama hem muòa aýdyò ºaýatlyk edýär.

***


Emele gelen däbe eýermek bilen, ºu gün Garaºsyz Türkmenistan döwletini esaslandyryjy we onuò ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyyazowyn obasy Gypjakda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyò adyndan uly sadaka berildi. Agyz beklenýän mahaly musulman dininiò kanunlaryna laýyklykda sadaka agzaçarda berildi.
Türkmenistanyò ähli ºäherlerinde we obalarynda Ählihalk matam güni sadaka berildi we aýat-töwir edildi.
 
 
  • Türkmenistanyò Ministrler Kabinetiniò mejlisi
  • ªekillendiriº sungaty muzeýiniò fondundaky eserleriò sergisi
  • Oraza rehim-ºepagatlylygyò we hoºniýetliligiò baýramydyr
  • Aºgabatda suw çüwdürimleriniò monumental toplumynyò açylyº dabarasy
  • Howpsuzlygyò we adamlaryò saglygynyò hatyrasyna tagallalary birikdirmek bil ...
  •  
     
     açmak