| |
ªu gün, Garaºsyzlyk aýynyò 8-inde bütin yslam dünýäsi musulmanlaryò millionlarçasy üçin mukaddes saýylýan baýramçylyklaryò biri bolan gudratly Gadyr gijesini garºylaýar. Rowaýata görä, 610-njy ýylda hut mukaddes Oraz aýynyò 27-nji gününiò gijesinde Jabal an-Nur dagynyò Hira gowagynda Muhammet pygambere Gurhanyò ilkinji süresi ýollanylypdyr. ªondan bäri Lýalýatul-Kadr diýlip atlandyrylýan ºol gije Allatagala adamlaryò ykbaly hakynda çözgüdi kabul edýär. Adam toba edip, Allatagaladan eden günäleriniò geçilmegini dileýär, Gurhan okap, öýke-kineleri bagyºlap, ýalòyºlyklary seljerip, geljek üçin meýilleri düzýär.
Türkmenistanlylar üçin Gadyr gijesi hakyky ynsanperwerligiò we rehimdarlygyò nyºanyna hem öwrüldi, sebäbi Garaºsyz, Bitarap döwletimizi esaslandyryjy we onuò ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy tarapyndan ýola goýlan däbe görä, ºol gije kanuny bozan, ýöne öz eden etmiºleri hakynda çynlakaý ökünýän adamlar barasynda ýokary derejede rehimdarlyk çäresi bilen dabaralanýar. Täze özgertmeleriò we progressiw reformalaryò eýýamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyò ynsanperwerlik we rehimdarlyk syýasatyna çuòòur ygrarlydygyny görkezdi. «Mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli iº kesilenleriò günäsini geçmek hakynda» döwlet baºtutanynyò çykaran Permanyna laýyklykda gudratly gijäniò öòüsyrasynda ak ýürekli zähmet çekip, asylly iºler bilen jemgyýetiò we ýakynlarynyò öòündäki öz günäsini ýuwmak üçin 9 müòden gowrak adam dogduk ojagyna gaýdyp geldi.
Gadyr gijesi her bir öýe merhemet iner, azatlyga çykanlaryò öýlerinde adamlaryò gözlerinde ºatlyk gözýaºlary buldurar, olaryò dillerinde bolsa edilen ynam we tämiz pikirler hem-de täze durmuºa baºlamaga hoºniýetli meýiller bilen jemgyýete gaýdyp gelmäge berlen mümkinçilik üçin Gurbanguly Haja minnetdarlyk sözleri ýaòlanar. Ýerlerde ozalky iº kesilenlere iºler garaºýar, günäsi geçilenlere kadaly durmuºa gaýdyp gelenlerinde diòe bir gulluk borjy boýunça bu iº bilen meºgullanmaly adamlar däl, eýsem biziò ähli watandaºlarymyz hem kömek bermäge taýýardyrlar. Rehimdarlyk, hoºniýetlilige bolan ynam, ýakynyòa kömek bermäge taýýar bolmak—bularyò hemmesi öz ata-babalarynyò wesýetlerine wepaly türkmen halkynyò ruhy medeniýetiniò özenini düzýär. |
|