| |
Ýewropa Bileleºiginiò daºary syýasat we howpsuzlyk boýunça Ýokary wekili Hawýer Solananyò baºtutanlygynda Ýewropa Bileleºiginiò wekilçilikli delegasiýasy ºu gün türkmen paýtagtyna geldi.
Ozal habar berliºi ýaly, bu sapar baradaky ylalaºyk ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedowyò we Hawýer Solananyò Nýu-Ýorkda bolan duºuºygynda gazanyldy, bu saparyò barºynda Ýewropa Bileleºiginiò Brýusseldäki ºtab-kwartirasyna Türkmenistanyò Prezidentiniò boljak saparyna taýýarlyk görmegiò meseleleri ara alnyp maslahatlaºylar.
Belent mertebeli myhman saparyò çäklerinde DIM-de hem-de Nebitgaz senagaty we mineral seriºdeler ministrliginde kabul ediler, ºeýle hem Ýewropa Bileleºigine girýän ýurtlaryò Türkmenistanda resmi taýdan bellenen ilçileri bilen duºuºar.
Garaºylyºy ýaly, Hawýer Solanany Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow kabul eder. |
|