| |
Daºoguz welaýatynyò Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda doglan we häzirki wagtda sport ussatlygynyò ýokary mekdebinde kämillik ýoluny geçýän Ömürbek Bazarbaýew Taýlandyò Çiang-Maý ºäherinde tamamlanan erkekleriò arasyndaky 79-njy dünýä çempionatynda 62 kilograma çenli agram derejesinde planetanyò güýçli ºtangaçylarynyò bäºligine girdi. Dünýäniò 79 ýurdunyò wekilleriniò gatnaºan bu ýaryºy, 2008-nji ýylda Pekinde geçiriljek Olimpiada gatnaºmaga hukuk berýär. Ondan hem baºga, Olimpiada gatnaºmak üçin berilýän ygtyýarnamanyò sany dünýäniò soòky iki çempionatynda—2006-njy ýylda Santo-Domingoda (Dominikan Respublikasy) we 2007-nji ýylda Çiang-Maýda (Taýland) geçen çempionatlarda toparlaryò eýelän orny boýunça toplan sanyna baglydyr. Ygtyýarnamalar oçkolary hasaplamak ýoly bilen diòe ýurtlaryò 27-sine berildi, ýagny ilkinji 6 topar Olimpiada 6, galan 7 topar 5, 14-den 20-nji orunlardaky toparlar 4, ahyrky 21-den 27-nji orunlardaky toparlar hem 3 ýollanmadan aldylar.
Biziò ýygyndy toparymyzyò türgenleºdirijileri esasan 2004-nji ýylda talyplaryò arasynda geçirilen dünýä çempionatynyò çempiony, Aziýanyò 2004-nji ýyldaky çempionatynyò bürünç baýragynyò eýesi, 2000-nji ýylda Sidneýde we 2004-nji ýylda Afinada geçen Olimpiýa oýunlaryna we 2002-nji ýylda Pusanda (Koreýa) we 2006-njy ýylda Dohada (Katar) geçen Aziýa oýunlaryna gatnaºan Ömürbek Bazarbaýewe, ºeýle hem onuò ýanyndaky beýleki agyr atletikaçylara bil bagladylar.
Baýrakly orunlar ugrunda 62 kilogram agrama çenli derejede 35 ýurtdan ºtangaçylaryò 47-si özara bäsleºdiler. Bäsdeºleriniò ºeýle köpdügine garamazdan, türkmen toparynyò lideri ýokary derejä galmagy baºardy. Ömürbek ºtangany bat bilen götermekde 132 kilogram bilen ýedinji netijäni görkezdi we ikinji maºkda ºtangany itip galdyrmak boýunça hem ilkinji iki synanyºygy netijeli peýdalandy. Ol baºda 156 kilogramy galdyrdy, soòra bolsa 162 kilogramy galdyryp Türkmenistanyò rekordyny täzeledi. Ol 2003-nji ýylda Wankuwerde (Kanada) geçen dünýä çempionatynda göteren agramyndan 2 kilogram artyk göterdi. Ahyrky synanyºykda 26 ýaºly halkara derejeli sport ussady, Türkmenistanyò milli ýygyndy toparynyò baº türgenleºdirijisi Ikram Mätkerimowyò ýetiºdiren türgeni 165 kilogramy galdyrmaga synanyºdy. Eger-de ony galdyryp bilen bolsa, ol Bazarbaýewe ilkinji gezek ulularyò arasyndaky çempionatda kiçi bürünç medaly gazanmaga mümkinçilik bererdi. Emma ol oòa baºartmady. Netijede, Ö.Bazarbaýew ºtangany itip galdyrmak boýunça bäºinji orny eýeledi we ºtangany götermegiò iki görnüºi boýunça 294 kilogram göterip, Türkmenistanyò ýene bir rekordyny täzeledi. Bu bolsa onuò dört ýyl mundan ozal Wankuwerde geçen dünýä çempionatynda görkezen netijesinden 1,5 kilogram köpdür. Ömürbek iki ýyl mundan ozal Katarda geçen dünýä çempionatynda 286 kilogram netije bilen altynjy, 2004-nji ýylda Gresiýada geçen soòky Olimpiadada hem ºtanga götermegiò iki görnüºi boýunça 287,5 kilogram netije bilen ýedinji orny eýeledi.
Ö.Bazarbaýew teswirnamanyò jemleri boýunça 2006-njy ýylyò dünýä çempionatynyò bürünç baýragynyò dördünji eýesi Oskar Figuýeradan (Kolumbiýa) bary-ýogy 1, bürünç medalynyò eýesi Iwaýlo Filewden (Bolgariýa) hem 7 kilogram yza galdy. 62 kilograma çenli agram derejede altyny eýelän KHDR-iò wekili Im Ýon Sundan hytaýly Ýan Fanyò öz agramynyò has ýeòil gelendigi sebäpli altyn hytaýly Ýan Fana berlip, ol dünýäniò çempiony boldy. Türgenleriò ikisi hem 315 kilogramy galdyrmagy baºardy, ýöne Ýanyò öz agramy Imden 140 gramm ýeòil geldi. 21 ýaºly halkara derejeli sport ussady, 2004-nji ýylda talyplaryò arasynda geçirilen dünýä çempionatynyò kümüº baýragynyò eýesi Tolkunbek Hudaýbergenow öz ýarawsyzlygyna garamazdan ºol agram derejede mertlerçe çykyº edip we öz ºahsy rekordyny (276 kilogram) gaýtalap, hormatly 18-nji orny eýeledi. Türkmenistanyò ýene bir wekili, türkmen toparyna hasap oçkosyny toplamaga ýardam beren, Milli sport we syýahatçylyk institutynyò 25 ýaºly talyby Mansur Rejebow 22-nji orny eýeledi.
Toparlaýyn hasapda türkmen ºtangaçylary 27-nji orny eýelediler. Olar bir ýyl mundan ozal Santo-Domingoda geçen dünýä çempionatynda 37-nji orny eýeläpdiler. Dünýäniò çempionatlarynyò ikisiniò netijeleri boýunça Türkmenistanyò ýygyndy topary 29-njy orny eýeläp, Olimpiada gitmek üçin berilýän ygtyýarnamalaryò üçüsini almaga 18 oçkosy ýetmedi. Olimpiada ýollanma alanlar doping gözegçiliginiò deròewleriniò, ºeýle hem 2008-nji ýylda Ýaponiýada geçiriljek Aziýa çempionatynyò netijelerinden soò belli bolar. ªol çempionatda Olimpiada gatnaºmaga ygtyýarnamalaryò ikisini almak üçin türkmen agyr atletikaçylaryna toparlaýyn hasapda birinji ýa-da ikinji orny eýelemegi zerur bolup durýar. Ildeºlerimize wezipäniò hötdesinden gelmek baºartmasa, onda Türkmenistanyò ýygyndy toparynyò lideri, 62 kilograma çenli agram derejede dünýäniò güýçli ºtangaçylarynyò bäºligine girýän Ömürbek Bazarbaýew 2008-nji ýyldaky Olimpiada gatnaºmak üçin ºahsy ýollanma alar. Ýöne ol 2008-nji ýylyò Oguz aýynyò 1-inden güýje girýär diýip, Agyr atletika boýunça milli merkeziò baºlygy Artur Emirýan TDH-niò habarçysyna habar berdi. |
|