| |
Düýn agºam Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky iº sapary bilen Aºgabada aýlanyp, birnäçe möhüm desgalaryò gurluºygynyò barºyny barlady, ºeýle hem täze ºäher gurluºyklary üçin ýerleri kesgitledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Aºgabadyò demirgazyk bölegine baryp, täze söwda toplumynyò gurulmagy göz öòünde tutulýan ýeri bilen tanyºdy, ºol ýerde döwlet baºtutanyny Ministrler Kabinetiniò Baºlygynyò orunbasary N.ªagulyýew we ºäheriò häkimi D.Orazow garºyladylar. Täze söwda toplumynyò ägirt uly meýdanynda häzirki wagtda «jygyldyk» diýlip atlandyrylýan täze lomaý-söwda bazary ýerleºer. Döwlet baºtutanyna habar berliºi ýaly, Söwda we alyjylar birleºmeleri ministrligi eýýäm toplumy gurmak üçin halkara tenderini yglan etdi we potratçy kesgitlenilen badyna taslamany durmuºa geçirip baºlar.
Gurbanguly Berdimuhamedow söwda merkeziniò ýerleºýän ýeri baradaky teklibi goldap, onuò halkara standartlaryna laýyk gelmeginiò zerurdygyny nygtady. Döwlet baºtutany ýanaºyk ýerleri abadanlaºdyrmak meselelerine aýratyn üns berdi. Hormatly Prezidentimiz, hususan-da, täze bazara eltýän ýoluò ugrunda amatly duralgalary gurup, onuò durkuny täzelemek barada görkezme berdi. ªeýle hem ºäheriò bu böleginde ýerasty suwlarynyò döredýän howpuny aradan aýyrmak babatda teklipleri iºläp taýýarlamak barada görkezme berildi. Döwlet baºtutanymyzyò belleýºi ýaly, bu iºe ºäher infrastrukturasyny ösdürmegiò möhüm ugry hökmünde seredip, meseleleriò çözülmegine toplumlaýyn çemeleºilmelidigini nygtady. Soòra Gurbanguly Berdimuhamedow Bitarap Türkmenistan ºaýolunyò demirgazyk böleginde guruljak desgalaryò taslamalary bilen tanyºdy. Bu ºaýoluò ugrunda ýakyn geljekde häzirki zaman supermarketler we edara ediº binalary gurlar. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen taslamalary umuman makullap, ºol supermarketleriò geljekde dünýä tejribesinde bolºy ýaly, hususy eýeçilige berlip biljekdigini belledi. Ynha, ºonuò üçin hem ýurdumyzyò hususy sektorynyò wekilleri gurluºyklara häzirden belli bir möçberde maýa goýup, geljekdäki biznesiniò esaslaryny tutup bilerler diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Soòra ýaºaýyº jaý maksatnamasynyò durmuºa geçiriliºiniò barºy bilen tanºyp, Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda iºiò depginlerini ýokarlandyrmagyò möhümdigini nygtady, desgalaryò ýokary hilliliginiò we ygtybarlylygynyò üpjün edilmegini talap etdi. Döwlet baºtutany Türkmenistanyò Garaºsyzlygynyò 16 ýyllygynyò baýramçylygyna çenli «Parahat» toplumynda täze ýaºaýyº jaýlarynyò birnäçesiniò ulanmaga beriljekdigini, olarda aºgabatlylaryò maºgalalarynyò onlarçasynyò täze jaý toýlaryny tutjakdygyny maglumat hökmünde kabul etdi. Özüniò iº saparynyò barºynda hormatly Prezidentimiz ºeýle hem Aºgabat-Daºoguz awtoulag ýolunda abadanlaºdyryº iºleriniò barºy bilen tanyºdy. |
|