| |
Düýn Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyò Içeri iºler ministrliginde giòiºleýin maslahat geçirdi, ºol maslahatda içeri iºler ministri H. Annagurbanowyò günäsi bilen we baºdan sowmalygynda ýol berlen gödek düzgün bozulmalary halka ýetirip, IIM-iò hatarlarynda kanunçylygy pugtalandyrmagyò meselelerini gozgady.
Döwlet baºtutany bu ýere ýygnanan ýolbaºçylara, ilkinji nobatda hukuk goraýjy edaralaryò ýolbaºçylaryna ýüzlenip, ºu zalda ºu ýylyò ýazynda bolan gürrüò hakynda ýatlatdy. Hormatly Prezidentimiz täze galkynyº eýýamynda kanuny goraýjylaryò öòünde goýlan wezipeler, Türkmenistany syýasy, sosial-ykdysady we ruhy taýdan ösdürmegiò strategiki maksatlary hakynda gürrüò boldy diýip aýtdy. Gurbanguly Berdimuhamedow bu maksatlara tarap ýolunda Türkmenistanyò parahatçylyk, hoºniýetli goòºuçylyk we açyklyk syýasatyny yzygiderli durmuºa geçirýän ýurt hökmünde halkara abraýyna mynasyp bolup, eýýäm uly üstünlikleri gazanandygyny belledi hem-de döwlet gurluºygynyò ileri tutulýan ugurlaryna we ilkinji nobatda raýatlaryò azatlyklaryny we kanuny hukuklaryny goramak baradaky konstitusion normalara gyºarnyksyz eýermek babatda hukuk goraýjy edaralaryò öòünde durýan wezipeleri häsiýetlendirdi. Milletiò lideri munuò häzirki zaman türkmen jemgyýetini ösdürmegiò esasy ýörelgesidigini nygtap, Türkmenistanyò ýurdumyzyò progresiniò we gülläp ösmeginiò aýrylmaz ºerti hökmünde demokratiki ösüºiò möhüm talaplaryna ygrarlydygyny tassyklady.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda hukuk goraýjy edaralaryna möhüm orun berilýändigi barada söz açyp, döwletimiziò olaryò maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak, iºgärleriò hünär taýýarlygyny kämilleºdirmek boýunça ägirt uly tagalla edýändigini belledi. Bu düzümleriò hajatlary üçin häzirki zaman tehnikasy satyn alynýar, täze binalar, ºol sanda ýokary okuw mekdepleri gurulýar.
Gynansak-da, jemgyýetde agzybirligi we ylalaºygy pugtalandyrmaly, kanunçylygyò hem-de tertip-düzgüniò goragynda durmaly hukuk goraýjy edaralaryò iºini düýpli gowulandyrmak barada biziò beren tabºyryklarymyz häzirlikçe berjaý edilmedi diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. IIM-niò ulgamynda amatsyz ýagdaýyò emele gelendigini boýun almak gerek. Soòra çykyº eden Türkmenistanyò Baº prokurory M. Ogºukow IIM-niò ulgamynda geçirilen barlaglaryò netijeleri hakynda habar berdi, ºol barlaglaryò barºynda ministrligiò ýokary derejedäki ýolbaºçylary tarapyndan hem, onuò düzüm birlikleri tarapyndan hem wezipe düzgün bozmalarynyò köp sanly halatlarynyò üsti açyldy. Barlaglaryò maglumatlarynyò galplaºdyrylmagynyò, hasabatlaryò ýoýulmagynyò, özi-de diòe bir bilgeºleýin däl, eýsem ministriò gös-göni görkezmesi bilen ºeýdilendiginiò köp sanly halatlary ýüze çykaryldy. Mysal üçin, H.Annagurbanow öz ýegeniniò eden düýpli jenaýatyny gizlemek barada görkezme beripdir.
Gurbanguly Berdimuhamedow kanunlara hormat goýmak döwletiò we her bir raýatyò mukaddes borjudyr diýip nygtady. Hukuk goraýjy edaralaryò iºgärleri we has-da onuò ýolbaºçylary bu meselede görelde bolmalydyrlar, ýöne üsti açylan faktlaryò ºaýatlyk ediºi ýaly, IIM-de bolsa kanun gözçykgynç ýagdaýda äsgermezlik edilipdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. ªu gün biz emele gelen ýagdaýa açyk we aç-açan garamalydyrys hem-de oòa obýektiw baha bermelidiris, döwlet tarapyndan içeri iºler edaralaryna berlen hukuklaryò we ygtyýarlyklaryò äsgermezlik edilmeginiò, eden-etdiligiò nä derejede we näme üçin mümkin bolandygy baradaky sowala aýyl-saýyl jogap bermelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Sebäbi alym-berimiò we parahorlugyò zyýanly ýagdaýyndan baºga hukuk goraýjy edaralaryò iºiniò esasyny düzýän adalatlylyk we gumanizm prinsipleriniò özi hem äsgermezlik edilipdir.
ªeýlelikde, H. Annagurbanow wezipä bellenilenden soò bada-bat garyndaºparazlyk ýa-da tanyº-biliºlik halatlarynyò ýüze çykmagyna ýol berilmeli däldigi barada duýduryldy diýip, döwlet baºtutany belledi. Emma ol bu talapdan netije çykarmady. ªunuò bilen baglylykda, hiç kime, has beteri hem ýolbaºçylara ýurdumyzyò we halkymyzyò bähbitlerini öz bet niýeti üçin ulanmaga ýol berilmez diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. Biz bu kadanyò jemgyýetimizde gyºarnyksyz berjaý edilmegini hökman gazanarys. ªu günki söhbetdeºlik hem bu ugurda ädilen ädim bolar.
Türkmenistanyò Prezidentiniò ýanyndaky Hukuk goraýjy edaralaryò iºiniò meseleleri boýunça raýatlaryò ýüz tutmalaryna garamak baradaky döwlet toparyna gelip gowuºýan hatlar we arzalar jemgyýetçilik pikiriniò özboluºly barometridir diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi, ºol jemgyýetçilik pikiri bolsa bu hukuk goraýjy edaralaryò peýdasyna däldir. Soòky wagtlarda degiºli wezipeli adamlaryò kanuna ters gelýän hereketleri barada raýatlaryò ºikaýatlarynyò sany iki esse artdy. Munuò özi IIM-niò iºindäki düzgün bozulmalaryò, onuò iºiniò prinsiplerini üpjün etmäge gowuºgynsyz çemeleºmegiò gös-göni netijesidir, ministrligiò häzirki ýolbaºçylary bolsa hut ºeýle iºlediler. Gönüsini aýtsaò, ministrligiò iºiniò stili we usullary günüò talaplaryna laýyk gelmeýär, laýyk gelmezlik bilen hem çäklenmän, Türkmenistanda hakykatda ähli ugurlarda geçirilýän özgertmelere päsgel berýär. Özgertmeleriò täsiri göýä IIM-ne degiºli däl ýaly, bu ýerde jogapkärçiligiò, iº baºarjaòlygyò, talap edijiligiò derejesi örän pese düºüpdir. Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyn howpsuzlygyna jogap berýän podrazdeleniýeleriò iºini mysal getirdi. Hormatly Prezidentimiziò nygtaýºy ýaly, bu ýerde desgalaryò ýangyn howpsuzlygy kadalaryna laýyk gelýändigi babatda tutuºlaýyn tükellemäni geçirmek baradaky görkezmelerden degiºli netije çykarylmandyr. ªonuò netijesinde paýtagtymyzyò merkezi bazarynda uly ýangyn boldy.
Tertip-düzgüni goraýjylaryò abraýyna düýpli zeper ýetirildi we olar öz at-abraýlaryny dikeltmek üçin yhlas bilen iºlemeli bolarlar diýip, döwlet baºtutany nygtady. Emma welin biziò üçin jemgyýetde Kanunyò rüstemligini, onuò ileri tutulmagyny berkarar etmek has möhümdir. Hut ºu wezipä ilkinji nobatda içeri iºler edaralarynyò hem-de ähli hukuk goraýjy organlaryò iºleri tabyn edilmelidir. Dogrusy, olaryò adynda hem ýurdumyzyò Konstitusiýasy tarapyndan kepillendirilen we döwlet kanunlaryna laýyklykda iºlenip taýýarlanylan hukuklary goramagyò esasy wezipesi beýan edilendir. Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýdyp, hukugyò ileri tutulmagy türkmen halkynyò mynasyp durmuºyny üpjün etmäge, ýurdumyzyò abadançylygyna hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen döwlet syýasatyny durmuºa geçirmegiò möhüm ugrudyr diýip nygtady.
Döwlet baºtutany ministrlige ýolbaºçylyk etmegi üpjün etmedik, kanunçylygyò köp sanly bozulmalaryna ýol beren adam bu wezipä mynasyp däldir diýip nygtady we H. Annagurbanowy içeri iºler ministri wezipesinden boºatmak baradaky teklibi Türkmenistanyò Mejlisine iberjekdigini habar berdi. Hormatly Prezidentimiz bu wedomstwa täze ýolbaºçy edip, öò Türkmenistanyò Beýik Saparmyrat Türkmenbaºy adyndaky Harby akademiýanyò rektory bolup iºlän O. Amanmyradowy bellemegi teklip etdi.
Iºde goýberen düýpli kemçilikleri üçin N. Ýagmyrow we M. Ataýew içeri iºler ministriniò orunbasarlary wezipelerinden boºadyldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyò barºynda iºgärleri wezipä bellemegiò ýene-de bir uly meselesini çözdi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyò Milli howpsuzlyk ministri G. Aºyrmuhammedowyò saglyk ýagdaýyna görä bu wezipeden boºatmak baradaky haýyºyny kanagatlandyryp, bu wezipä Ç. Amanowy belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow türkmenistanlylaryò hil taýdan täze durmuºyny üpjün etjek reformalaryò we baºlangyçlaryò üstünlikli öòe gitmeginiò iòòän möhüm ºertleri bolan türkmen jemgyýetiniò asuda, parahat we döredijilikli durmuºynyò sütünlerini berkitmekde milli howpsuzlyk edaralarynyò ornuny nygtap, bu düzümiò iºini mundan beýläk-de kämilleºdirmek baradaky wezipeleri öòde goýdy. ªunda bu babatda kanuna berk eýermek, hususan-da, ºahsyýetiò azatlyklaryny we hukuklaryny goramak boýunça onuò talaplaryny ýerine ýetirmek möhüm wezipedir diýip hormatly Prezidentimiz ýene bir gezek nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedow maslahat tamamlanandan soò, hukuk goraýjy edaralaryò iºgärleriniò ählisini dogruçyl, päk ýürekli, doly güýç bilen iºlemäge çagyryp, olar bu bolan söhbetdeºlikden netije çykararlar we Kanuna gulluk edýänleriò belent adyny ödärler diýip, ynam bildirdi. |
|