русский english Baº sahypa etmek Saýlananlara goºmak
«Türkmenistan: altyn asyr» » Resmi habarlar » Türkmenistanyò Prezidenti Ýewropa Bileleºiginiò daºary syýasat we howpsuzlyk boýunça Ýokary wekilini kabul etdi
Saýtyò nawigasiýasy
ªu gün baº tema
Resmi habarlar
Teswirlemeler
Hyzmatdaºlyk
Ykdysadyýet
Jemgyýet we Saglyk
Medeniýet we Miras
Ylym we Bilim
Sport we Syyahatcylyk
Giòeldilen gözleg
Kalendar
«    Garaºsyzlyk 2007    »
BgÝgHgSgAnRgDg
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
 
Gindeò ýaýran makalalar
Täzelikler arhiwi
Gorkut 2008 (9)
Oguz 2008 (22)
Garaºsyzlyk 2007 (49)
Resmi habarlar : Türkmenistanyò Prezidenti Ýewropa Bileleºiginiò daºary syýasat we howpsuzlyk boýunça Ýokary wekilini kabul etdi
 
Garaºsyzlyk aýynyò 9-yna Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa Bileleºiginiò daºary syýasat we howpsuzlyk boýunça Ýokary wekili Hawýer Solanany, ºeýle hem ÝEB-niò Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça ýörite wekili Pýer Moreli kabul etdi. Olar türkmen paýtagtyna sapar bilen geldiler. Duºuºygyò barºynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleºiginiò arasyndaky hyzmatdaºlygyò ýagdaýy we geljegi barada özara gyzyklanma bildirilip pikir alºyldy. ªol hyzmatdaºlyk parahatçylygyò, hoºniýetliligiò we giò halkara gatnaºyklarynyò potensialyny pugtalandyrmagyò maksatlaryna laýyk gelýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow we Hawýer Solana birek-biregi mübärekläp, ikitaraplaýyn gatnaºyklaryò ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaºmagy dowam etdirmek üçin täze mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Häzir bu gatnaºyklar hil taýdan täze tapgyra çykýar. Türkmenistanyò Prezidenti bilen ÝEB-niò Ýokary wekiliniò ilkinji duºuºygy ýakynda Nýu-Ýork ºäherinde bolupdy. ªol ýerde türkmen döwletiniò baºtutany Birleºen Milletler Guramasynyò Baº Assambleýasynyò 62-nji sessiýasynyò iºine gatnaºdy we ikitaraplaýyn gepleºikleriò ençemesini geçirdi.

Hawýer Solananyò belleýºi ýaly, Brýusselde, ÝEB-niò ºtab-kwartirasynda türkmen lideriniò geljekki saparyna ruhubelentlik bilen garaºýandyklaryny aýtdy. Munuò özi Ýewropa Bileleºiginiò Garaºsyz, Bitarap Türkmenistan bilen konstruktiw gatnaºyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmaga we ösdürmäge çalyºýandygyna ºaýatlyk edýär. Söhbetdeºligiò dowamynda ýokary wezipeli myhman özüniò Aºgabada haýran galýandygyny aýdyp, bary-ýogy birnäçe ýylda düýpli özgeren ºäheriò öòküden hem gözel keºbe girendigini belledi. Ol türkmen paýtagtynda 1998-nji ýylda bolupdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow myhmany özüniò geçirýän reformalar syýasatynyò ileri tutulýan ugurlary bilen tanyºdyryp, ºeýle hem ýewropa ugrunyò Türkmenistanyò daºary syýasy strategiýasynyò ileri tutulýan ugurlarynyò biri bolup durýandygyny tassyklady, soòky ýyllarda ÝEB bilen ýola goýlan netijeli gatnaºyklara ýokary baha berdi. Hormatly Prezidentimiz TASIS maksatnamasynyò çäklerindäki gatnaºyklary hyzmatdaºlygyò aýdyò mysaly hökmünde görkezdi. ªu gatnaºyklaryò netijesinde bilelikdäki taslamalaryò ençemesi durmuºa geçirildi. Döwlet baºtutanynyò nygtaýºy ýaly, Türkmenistan we ÝEB Merkezi Aziýa sebitinde hem-de bütin dünýäde howpsuzlygyò we durnuklylygyò hatyrasyna tagallalary birleºdirip, neºe dolanyºygyna we häzirki dünýäniò beýleki nogsanlyklaryna garºy göreºmek ýaly möhüm ulgamda hem üstünlikli hyzmatdaºlyk edýärler.

Duºuºygyò barºynda söhbetdeºler Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleºiginiò netijeli gatnaºyklarynyò çalt depginler bilen ösýändigini belläp, iki tarapyò hem köp ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaºlygy giòeltmäge we iºeòòirleºdirmäge gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar. Ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaºlyk etmek söhbetdeºligiò aýratyn temasyna öwrüldi. Türkmenistan we ÝEB ýurtlary ºu ugurda özara bähbitli hyzmatdaºlygyò uly geljeginiò bardygyny belleýärler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyò nygtaýºy ýaly, Türkmenistan özüniò baý uglewodorod gorlaryny bütin adamzadyò hyzmatyna goýmaga çalºyp, özüniò energiýa seriºdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiò köp wariantlylyk ýörelgesine eýerýär. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisini gurmak bilen baglanyºykly taslamany durmuºa geçirmek, ºeýle hem Hazarýaka gaz geçirijisini, günorta ugurda Owganystanyò üsti bilen Päkistana we Hindistana gaz geçirijisini çekmek meýilnamasy munuò aýdyò subutnamasy bolup durýar. ªu jähtden hormatly Prezidentimiz we myhman Ýewropa ýurtlaryna ýangyç ibermegiò marºrutynyò warianty hökmünde Transhazar gaz geçirijisiniò taslamasyny durmuºa geçirmegiò mümkinçilikleri babatda pikir alyºdylar. Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaºlygy ösdürmegiò möhümdigini belläp, Ýewropanyò kompaniýalaryny Hazaryò türkmen ýalpaklygyndaky geljegi uly uglewodorod ýataklaryny özleºdirmäge gatnaºmaga çagyrdy.

Öz nobatynda jenap Hawýer Solana Ýewropa Bileleºiginiò Türkmenistan bilen berk gatnaºyklary ýola goýmaga çalyºýandygyny tassyklady. ÝEB Türkmenistany ygtybarly we borçnamalaryny gyºarnyksyz ýerine ýetirýän hyzmatdaº hasaplaýar. Ýokary wezipeli myhman ýurdumyzyò sebitde eýeleýän möhüm geosyýasy ýagdaýy barada aýdyp, Merkezi Aziýada durnuklylygy üpjün etmegiò wajyp faktory hökmünde türkmen Bitaraplygynyò ornuny belledi. ÝEB-niò ýokary wezipeli wekili Ýewropa Bileleºigi bilen konstruktiw gatnaºyklary ösdürmäge çalyºýandygy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirip, türkmen liderini ýakyndan tanaýandygyna tüýs ýürekden buýsanýandygyny nygtady. Myhman Gurbanguly Berdimuhamedowyò ýurda baºtutan bolup, gysga döwrüò içinde dünýä möçberindäki progressiw syýasatçy hökmünde uly abraýa eýe bolandygyny, bu tanyºlygy dowam etdirmäge umyt edýändigini belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow we Hawýer Solana hoºlaºan mahaly Türkmenistan bilen ÝEB-niò arasyndaky gatnaºyklaryò mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Türkmen lideriniò Brýussele boljak sapary ºol gatnaºyklaryò taryhyna täze sahypany ýazar.

Duºuºyga Fransiýa Respublikasynyò Türkmenistandaky Adatdan daºary we Doly ygtyýarly ilçisi Kristian Leºerwi gatnaºdy.
* * *
Özüniò Aºgabada saparynyò çäklerinde ÝEB-niò daºary syýasat we howpsuzlyk boýunça Ýokary wekili Türkmenistanyò Daºary iºler ministrliginde kabul edildi, ºeýle hem ol ýurdumyzyò nebitgaz toplumynyò ýolbaºçylary bilen duºuºdy.
 
 
  • Ýewropa Bileleºiginiò wekilçilikli delegasiýasy Aºgabada geldi
  • Türkmenistanyò Prezidenti ABª-nyò Türkmenistandaky Iºleri wagtlaýyn ynanyla ...
  • Türkmenistanyò Prezidenti «ENEX» kompaniýasynyò baºtutanyny kabul etdi
  • Türkmenistanyò Prezidenti «Sumynyò M.F.Frunze adyndaky maºyngurluºyk ylmy-ö ...
  • Türkmenistan: dünýäniò geosyýasy
  •  
     
     açmak