| |
Garaºsyz, Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuºa geçirilýän konstitusion reformalary amala aºyrmagyò ýolunda täze, täsirli çäre bolan möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka taýýarlyk görmek giòden ýaýbaòlandyrylýar. Bitaraplyk aýynyò 9-ynda ýurdumyzda welaýat, Aºgabat ºäher, ºeýle hem Daºoguz welaýatynyò täze döredilen Ruhubelent etrabynyò halk maslahatlarynyò agzalarynyò ýerli häkimiýetiò wekilçilikli organlaryna dogruçyl we ak ýürekli zähmeti bilen watandaºlarynyò hormatyna hem-de ynamyna mynasyp bolan, abraýly halk wekillerini goºjak saýlawlar geçer.
Türkmenistanyò Konstitusiýasyna we saýlawlar hakyndaky kanunçylyga laýyklykda ýurdumyzda hemme ýerde giò saýlaw kampaniýasyna badalga berildi. ªol çäräniò çäklerinde Merkezi saýlaw toparynyò we welaýat saýlaw toparlarynyò birinji mejlisleri boldy, ºolaryò barºynda saýlawlara taýýarlyk görmegi we saýlawlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün etjek ilkinji nobatdaky çäreleriò meýilnamalary tassyklanyldy, saýlaw okruglary döredildi, ºäher we etrap saýlaw toparlarynyò sanawlary tassyklanyldy. Belleniliºi ýaly, öòde boljak saýlawlar hakyky halk häkimiýetiniò köp derejeli ulgamyny kemala getirmegiò ýolunda möhüm tapgyrdyr. Munuò özi Garaºsyz, Bitarap Türkmenistanyò türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaºdyrmagyò, ºahsyýete, milli Konstitusiýada berkidilen ýokary ahlak prinsiplerine esaslanýan raýatlaryò hukuklaryny berk berjaý etmegiò ýolundan barýandygynyò ýene-de bir aýdyò ºaýatnamasydyr.
Täze wekilçilikli organlar geòeºler, ºäher we etrap halk maslahatlary bilen bilelikde, ýakyn ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyò syýasatyny, türkmen lideriniò jemgyýetimiziò we döwletimiziò durmuºynyò ähli ugurlaryny gurºap alýan progressiw reformalaryny, Türkmenistanyò ägirt uly ykdysady we ruhy potensialyny doly hem-de hemmetaraplaýyn durmuºa geçirmäge, milletimiziò agzybirligini pugtalandyrmaga, türkmen halkynyò maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ägirt uly durmuº-ykdysady maksatnamalaryny iºeòòir durmuºa geçirijiler bolarlar. Bu talaplary nazara almak bilen, welaýat saýlaw toparlarynyò mejlislerinde baºy baºlanan jemgyýetçilik, syýasy çäresi hakynda ilatyò hemmetaraplaýyn habardar edilmeginiò, habar beriº seriºdelerinde saýlaw kampaniýasyny wagyz etmegi üpjün etmegiò zerurdygyna aýratyn üns berildi. Jemgyýetçilik guramalarynyò aktiwistleri saýlawçylara halk häkimiýetiniò wekilçilikli organlarynyò agzalaryna saýlawlar hakyndaky Türkmenistanyò täze kanunynyò esasy düzgünlerini, saýlawçylaryò hukuklaryny we borçlaryny, ses bermegiò tertibini we baºgalary düºündirmek boýunça uly guramaçylyk hem-de agitasion iºi geçirmeli bolarlar.
Türkmenistanda saýlawlary we sala salºyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyò goldaw bermeginde ýurdumyzyò ºäherlerinde we obalarynda ähli saýlaw uçastoklary kanunçylyk namalarynyò tekstleri bolan kitapçalar, ºeýle hem köp dürli usulyýet gollanmalary, ýatlama kitapçalary, kadalaºdyryjy resminamalar, aò-düºünje berýän edebiýat, döwlet nyºanlary ºekillendirilen plakatlar, transparantlar bilen üpjün ediler. ªeýlelikde, saýlawçylar islendik wagtda saýlawlar hakynda doly maglumatlary alyp bilerler. |
|