русский english Baº sahypa etmek Saýlananlara goºmak
«Türkmenistan: altyn asyr» » Ylym we Bilim » Tebigy seriºdeleri dolandyrmakda dünýä tejribesini ornaºdyrmaly
Saýtyò nawigasiýasy
ªu gün baº tema
Resmi habarlar
Teswirlemeler
Hyzmatdaºlyk
Ykdysadyýet
Jemgyýet we Saglyk
Medeniýet we Miras
Ylym we Bilim
Sport we Syyahatcylyk
Giòeldilen gözleg
Kalendar
«    Garaºsyzlyk 2007    »
BgÝgHgSgAnRgDg
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
 
Gindeò ýaýran makalalar
Täzelikler arhiwi
Gorkut 2008 (9)
Oguz 2008 (22)
Garaºsyzlyk 2007 (49)
Ylym we Bilim : Tebigy seriºdeleri dolandyrmakda dünýä tejribesini ornaºdyrmaly
 
Tebigaty goraýyº wezipeleriniò çözgüdiniò netijeli ýollaryny kesgitlemek — Türkmenbaºy ºäherinde «Hazar deòziniò kenar ýakasynda Hazar goraghanasynyò suw - batgalyk ýerleriniò biologik dürli görnüºliligini gorap saklamak we netijeli peýdalanmak» taslamasynyò çäklerinde geçirilen seminaryò maksady ºeýledir. Taslama Türkmenistanyò Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan BMG-niò Ösüº maksatnamasy we Global ekologiýa gaznasy bilen bilelikde amala aºyrylýar.

Duºuºyga gatnaºyjylar - Tebigaty goramak ministrliginiò, Döwlet balyk hojalygy komitetiniò, Hazar döwlet goraghanasynyò esasy hünärmenleri, Hazaryò kenar ýakasyndaky ºäherleriò we ºäherçeleriò ýolbaºçylary, Türkmenistanyò awçylar we balykçylar jemgyýetiniò we beýleki düzümleriò wekilleri goralýan territoriýalarda - goraghanalarda, milli seýilgählerde tebigy seriºdeleri dolandyrmagyò dünýä tejribesi bilen tanyºdylar, olary Türkmenistanda we has takygy, dünýä möçberinde uly ähmiýete eýe bolan täsin tebigy toplumyò - Hazar goraghanasynyò çäklerinde ulanmagyò mümkinçiliklerine baha berdiler. Mälim bolºy ýaly, Hazaryò türkmen böleginiò kenarýaka zolagynda günbatar Ýewropadan, Arktikadan we Sibirden günorta uçup geçýän guº sürüleriniò Merkezi Aziýa we Gündogar Afrika tarap göçýän uçuº ýollary kesiºýär, ºonda guºlaryò ýüzlerçe müòüsi bu ýerde gyºlamaga galýar.

Seminarda belleniliºi ýaly, häzirki günde halkara praktikasynda biologik dürli görnüºliligi goramak, ondan peýdalanmak we ony dikeltmek meseleleriniò çözgüdine ylmy, ykdysady, sosial, demografiýa we beýleki nukdaýnazarlary hasaba almak bilen, deòagramly çemeleºme agdyklyk edýär. Munuò özi guºlary we balyklary awlamaga, beýleki bioseriºdelerden peýdalanmaga gadaganlyklaryò hem çäklendirmeleriò berk ulgamy bilen tebigy zolaklary merkezleºdirip dolandyrmagyò tutuºlygyna alnanda ýeterlik derejede netijeli däldigi, maliýe nukdaýnazaryndan bolsa döwlet býujeti üçin çykdajylydygy bilen ºertlendirilendir.

Täze, has çeýe ýörelgäniò mazmuny ol ýa-da beýleki ýagdaýda goraghana çäkleri bilen haýsydyr bir baglanyºygy bolanlaryò — ministrlikleriò we pudaklaryò, ylmy we tebigaty goraýyº guramalarynyò, ýerli ilatyò we dolandyryº häkimiýetleriniò, kommersiýa düzümleriniò ählisiniò bähbitleriniò ylalaºdyrylmagyndan, tagallalarynyò birleºdirilmeginden ybaratdyr. Munuò özi dürli ýollar bilen, milli aýratynlyklar, taryhy taýdan emele gelen däpler, biologik dürli görnüºliligiò - haýwanat we ösümlik dünýäsiniò ýagdaýy we beýleki faktorlar bilen baglylykda gazanylýar. Tebigy seriºdeleri dolandyrmaga, ºonuò bilen baglanyºykly kararlary kabul etmäge ýerli ilatyò gatnaºdyrylmagy umumy, prinsipial ýagdaýdyr. Hereketleriò bellenilen meýilnamalarynyò durmuºa geçirilmeginiò mehanizmi degiºli kadalaºdyryjy - hukuk binýadynyò döredilmegini, strategiki meýilnamalaºdyryºy, dolandyryºy, monitoringi we täze ulgamyò netijeliligine baha bermegi amala aºyrmaly düzümleriò kesgitlenilmegini talap edýär.

Seminara gatnaºyjylaryò pikirine görä, Türkmenistanda ilatyò gatnaºmagynda tebigy seriºdeleri dolandyrmagyò täze nusgasyny üstünlikli synagdan geçirmek üçin ähli mümkinçilikler we ozaly bilen halk häkimiýetiniò we ýerli öz-özüòi dolandyryºyò geòeºlikler, ýaºulularyò maslahaty ýaly netijeli institutlary bar. ªuòa laýyklykda, Hazaryò kenar ýakasynda ýerleºen obalaryò birinde ýa-da birnäçesinde, mysal üçin, Çekiºlerde, Garagölde ýa-da adada ýerleºen Gyzylsuw ºäherçesinde biologik seriºdeleri jemagatyò bilelikde dolandyrmagyna bermegiò pilot taslamasyny amala aºyrmak göz öòünde tutulýar. Baºgaça aýdylanda, aw awlamagyò ylmy taýdan esaslandyrylan kadalaryny we her bir maºgalanyò real zerurlyklaryny göz öòünde tutmak bilen, ºol ýerde ýaºaýan guºlaryò baº sanyna zeper ýetirmezden, jemgyýetiò agzalarynyò arasynda aw awlamagyò ýerlerini we möçberini bellemek hukugy ýerli ýaºaýjylaryò özlerine beriler. Mundan baºga-da kenar ýakasynda jemgyýetçilik aktiwistlerini ol ýa-da beýleki ýerli meseleleriò çözgüdine mobilizlemegiò usullaryny, özara kömek bermegi, ºeýle hem telekeçiligiò esaslaryny - biznes-meýilnamalary, taslamalary iºläp düzmegi öwretmek üçin seriºdeler merkezleri açylar.

Türkmen döwletiniò syýasatynda tebigatdan rejeli peýdalanmak, daºky gurºawy goramak möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow muny, hususan-da, özüniò BMG-niò Baº Assambleýasynyò 62-nji sessiýasynda eden çykyºynda aýratyn nygtady. Häzirki wagtda Hazaryò täsin ekologiýa ulgamyny gorap saklamagyò, ony sosial-ykdysady taýdan ösdürmegiò meseleleriniò çözgüdine täze, global nukdaýnazaryndan çemeleºilýär. Türkmenistanyò baºtutany tarapyndan baºy baºlanan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmegiò taslamasy, Hazar sebitinde amala aºyrylýan beýleki maýa goýum maksatnamalary bolsa muòa ýardam edýär diýlip, seminarda bellenildi. ªoòa görä-de ekologiýada öòdebaryjy täzelikleriò, dünýäniò oòyn tejribesiniò iºjeò ulanylmagy häzirki günde aýratyn derwaýys mesele bolup durýar, ol gadymy Hazaryò seýrek duº gelýän tebigy baýlyklaryny goramagyò netijeli we ygtybarly ulgamyny döretmäge ýardam eder.
 
 
  • HAZAR: parahatçylygyò we ylalaºygyò hatyrasyna hyzmatdaºlyk
  • Türkmenistanyò prezidenti ýangyç-energetika toplumynyò ýolbaºçylary bilen m ...
  • Türkmenistan: dünýäniò geosyýasy
  • Türkmenistanyò we Russiýanyò halklarynyò bähbitleri ugrundaky özara peýdaly ...
  • Jemgyýetimiziò we döwletimiziò demokratiki esaslaryny pugtalandyrmagyò ýoly ...
  •  
     
     açmak