| |
Türkmenistanyò milli ýygyndy toparynyò futbolçylary Pnompene uçdular. Garaºsyzlyk aýynyò 11-inde Olimpiýa stadionynda 2010-njy ýylda geçiriljek dünýäniò Kubogyny almak ugrundaky ýaryºa gatnaºmak üçin bu ýerde Kambojanyò futbol topary bilen saýlama oýunlaryò duºuºygyny geçirerler.
Bu duºuºyga biziò ýygyndy toparymyzyò baº türgenleºdirijisi Rahym Gurbanmämmedow ýygyndy toparymyza futbolçylaryò 18-sini, ºol sanda baºga ýerlerde oýnaýan oýunçylaryò hem 13-sini çagyrdy. Olar: derwezeçiler Nikita Gorbunow («ªagadam», Türkmenbaºy) we Rahmanberdi Alihanow (HTTU, Aºgabat), meýdandaky oýunçylar — Begli Annageldiýew (HTTU), Maksim Kazankow («Aºgabat»), Muslim Agaýew («Merw», Mary), Geldimyrat Garahanow («Metallurg», Bekabad), Goçguly Goçgulyýew («Kuruwçi», Daºkent), Omar Berdiýew, Myrat Hemraýew (ikisi hem Samarkandyò «Samarkand-Dinamo» toparyndan), Ýagmyrmyrat Annamyradow, Didar Hajyýew (ikisi hem Namanganyò «Nowbahar» toparyndan), Ýewgeniý Zemskow («Lokomotiw», Daºkent), Arif Mirzoýew, Artur Geworkýan, Döwletmyrat Ataýew (hemmesi-de Guzaryò «ªurtan» toparyndan), Nazar Baýramow («Nebitçi», Baku), Mekan Nasyrow we Mämmedaly Garadanow (ikisi hem Ýewlahyò «Karwan» toparyndan). Türkmenistan bilen Kambojanyò ýygyndy toparlarynyò duºuºygyna Bangladeºiò eminler topary eminlik ederler. Olar FIFA-nyò eminleri Ram Kriºna Goº, onuò kömekçileri Abdul Munaf we Amanat Ali Halder. Ätiýaçlykdaky emin Riýaz Raºid (Maldiwler). Duºuºygyò komissary Masud Enaýat (Eýran). Bu duºuºyk Türkmenistan bilen Kambojanyò ýygyndy toparlarynyò arasyndaky ilkinji taryhy duºuºyk bolar.
Dünýäniò Kubogyny almak ugrunda 2006-njy ýylda geçirilen ýaryºa Kamboja gatnaºmady. Bu duºuºyga taýýarlyk hökmünde olar Türkmenistanyò ýygyndy topary bilen bilelikde däbe öwrülen Nerunyò Kubogy ugrundaky ýaryºa gatnaºdylar. Baýrak fondy 100 müò dollara barabar bolan bu ýaryº Nýu-Delide geçirildi we onda Kambojanyò ýygyndy topary 5-nji orny eýeledi. Olar Hindistanyò ýygyndy toparyndan 0:6 (ýaryºyò ýeòijisi), Siriýadan 1:5, Gyrgyzystandan 3:4 hasabynda utulyp, Bangladeºiò ýygyndy topary bilen 1:1 hasabynda oýnady.
Mälim bolºy ýaly, 2010-njy ýylda geçiriljek dünýäniò çempionatyna ýollanma almak üçin Aziýa yklymyndan milli ýygyndy toparlaryò 41-si özara bäsleºerler. Reýtinge laýyklykda Aziýadan iò gowy toparlaryò bäºisi — Awstraliýa, Günorta Koreýa, Saud Arabystany, Ýaponiýa we Eýran toparlaýyn saýlama ýaryºyna (ýaryºyò 3-nji raundy) gatnaºarlar. Bu ýaryº 2008-nji ýylyò Baýdak aýynyò 6-syndan Ruhnama aýynyò 10-y aralygynda geçer. Galan ýygyndy toparlar 1-nji raunddan baºlap çykyº ederler. 1-nji raundda ýeòiº gazanan 19 toparyò iò az reýtingi bolan sekizisi 2-nji raunda çykarlar, beýleki 11-si bolsa 3-nji raundda oýnar. Kuweýtiò we Indoneziýanyò ýygyndy toparlary öz garºydaºlary Butan bilen Guamyò ýygyndy toparlarynyò ýaryºdan çykandyklary üçin eýýäm indiki aýlawa çykdylar. 1-nji raundda geçen duºuºyklaryò käbirleri ºular ýaly ýagdaýda tamamlandy: Bangladeº - Täjigistan 1:1, Tailand - Makao 6:1, Wetnam - BAE 0:1, Siriýa - Owganystan 3:0, Liwan - Hindistan 4:1, Oman - Nepal 2:0, Palestina - Singapur 0:4, Ýemen - Maldiwler 3:0.
Garaºsyzlyk aýynyò 28-inde jogap duºuºyklary geçiriler. |
|