| |
Türkmenistanyò Prezidentiniò ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky ýokary geòeºiò ylmy-nazaryýet žurnalynyò 4-nji sany Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniò mugallymlary Ý.Nuryýew bilen T.Diwanowanyò Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyò döwlet strategiýasynyò ileri tutulýan ugurlarynyò birine bagyºlanan «Hukukçy hünärmenleriò taýýarlanyºy we hukuk öwreniº ylmy kämillik ýolunda» diýen makalasy bilen açylýar.
Filolog A.Karryýewanyò žurnalda çap edilen makalasy «Mahmyt Zamahºary: döwürleriò we nesilleriò arabaglanyºygy» diýip atlandyrylýar. Ol orta asyrlaryò beýik türkmen alymynyò we ºahyrynyò kitabynyò ilkinji gezek rus diline terjime edilen bölekleri bilen makalasynyò üstüni ýetirýär. Milli golýazmalar institutynyò iºgäri H.Agorazow öz makalasyny Seljuk türkmen döwletiniò taryhyny öwrenmekde gymmatly ýazuw ýadygärligine, lingwist A.Öwezow bolsa türkmen dilinde tirkeº sözleriò ýazuw düzgünlerine bagyºlady. Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutyndan O.Akmämmedow türkmen diliniò Garaºsyzlyk ýyllarynda dörän jemgyýetçilik-syýasy adalgalary we olaryò ýasalyº ýollary barada ýazýar.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniò mugallymy J.Ataýew öz makalasynda oba hojalyk önümçiliginiò guralyºyny kämilleºdirmegiò meselelerini gozgasa, Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyò iºgäri L.Gulmämmedowa iýilýän kömelek ºiitakeni ösdürip ýetiºdirmegiò usullaryny iºläp düzmek barada gürrüò berýär. Kardiologiýa ylmy-kliniki we bejeriº merkeziniò iºgärleriniò makalasy ýürege emeli elektrik iºlediji çatylan näsaglarda ýürek ritminiò bozulmalaryna bagyºlanypdyr.
Žurnalyò ºu sanyndaky beýleki makalalaryò arasynda Fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi hassahananyò ylmy merkeziniò Garaºsyzlyk ýyllarynda saglygy goraýyº ulgamyna goºandy, Merkezi Köpetdagyò akarlarynyò suwunyò hiliniò çaklamasyny iºläp düzmek, oba hojalyk önümlerini guratmak we dowamly saklamak baradaky makalalar bar. Žurnalyò fizika-matematika bölüminde türkmen alymlarynyò iki üýtgeýän predelli käbir çyzykly integral deòsizlikler we özara dörtgranlyk we beýleki ylmy habarlar baradaky makalalary çap edilipdir. |
|