| |
Garaºsyzlyk aýynyò 11-ine Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyò «Boing» kompaniýasynyò Merkezi Aziýa we Ýewropa ýurtlarynda satuw boýunça direktory Serdar Gurzy kabul etdi. Döwlet baºtutany bilen mähirli salamlaºyp, myhman «Boing» kompaniýasynyò adyndan iºjeò hyzmatdaºlygy dowam etdirmäge taýýardygy üçin çyn ýürekden minnetdarlyk bildirdi we öz tarapyndan amerikan kompaniýasynyò Türkmenistanyò ygtybarly we uzakmöhletleýin hyzmatdaºy hökmünde öz abraýyna buýsanýandygyny nygtady.
Serdar Gurzyny mübärekläp we mähirli sözler üçin oòa minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz «Boing» kompaniýasynyò Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaºlygyna ýokary baha berdi we ºu özara bähbitli hyzmatdaºlygyò türkmen döwletiniò ösüºiniò täze tapgyryny tapawutlandyrýan uly möçberli özgertmeler reformasy mynasybetli aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny nygtady. Gurbanguly Berdimuhamedow giòiºleýin halkara hyzmatdaºlyk syýasaty, ýurduò künjekleriniò ykdysady taýdan çalt ösmegi Türkmenistanyò awiaparkynyò has giòeldilmegini we täzelenmegini talap edýär diýip belledi. Biz ºunda dünýäde öòdebaryjy, ygtybarly we amatly awiatehnikany öndürýän «Boing» kompaniýasy bilen ýyllaryò synagyndan geçen hyzmatdaºlygy ileri tutýarys diýip, döwlet baºtutanyna aýtdy. Köp ýolagçy gatnatmaga niýetlenen soòky modifikasiýaly «Boing-737-900» kysymly täze uçarlaryò ikisini satyn almak baradaky çözgüt hut ºunuò bilen baglanyºyklydyr diýip, döwlet baºtutany belledi. Ozalkysy ýaly, uçarlarda milli bezeg elementleri ulanylar.
Hyzmatdaºlygyò mundan beýläkki perspektiwasyny ara alyp maslahatlaºyp, taraplar ony bar bolan ägirt uly potensialyò esasynda ösdürmek barada ylalaºdylar. ªu jähtden Türkmenistanyò raýat howa floty üçin kadrlary—ekipažlaryò ikinji düzümini, tehniki personaly we bort prowodnikleri hem «Boing» kompaniýasynyò bazasynda taýýarlamagyò meseleleri ara alyp maslahatlaºyldy.
Myhman türkmen döwletiniò baºtutanyna buýurma üçin minnetdarlyk bildirdi we türkmen tarapynyò tekliplerini we ºertlerini göz öòünde tutup, «Boing» kompaniýasynyò aýratyn hormat hökmünde Aºgabatda serwis merkezini, angar gurjakdygyny we «Türkmenhowaýollary» döwlet milli gullugy üçin ätiýaçlyk ºaýlary iberjekdigini habar berdi. Duºuºygyò ahyrynda taraplar netijeli hyzmatdaºlygyò özara bähbitler göz öòünde tutulyp, üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
TDH-a beren interwýusynda Türkmenistanyò Prezidenti bilen duºuºygyò jemlerini teswirläp, Serdar Gurz, hususan-da: «Men hyzmatdaºlygymyzyò derejesine we onuò ösüºiniò perspektiwasyna guwanýaryn. Türkmen awialiniýalary güýçlenip, täze belentliklere galýar. Siziò uçarmanlaryòyz we ekspertleriòiz ussatlygyò ýokary derejesini görkezip iºleýärler. Biz diòe bir awiasiýada däl, eýsem ähli sferalarda gözümiziò alnynda günsaýyn güýçlenýän hakyky progresi görýäris. Meniò özüm «Türkmenhowaýollarynyò» hyzmatyndan höwes bilen peýdalanýaryn. Ýene Aºgabada Garaºsyzlyk aýynyò 27-sinde Türkmenistanyò Garaºsyzlyk baýramyna gelmäge umyt bildirýärin. Türkmenistanlylary ºu baýram bilen ýürekden gutlaýaryn, hökümetiòize we tutuº türkmen halkyna abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin» diýip nygtady. |
|