русский english Baº sahypa etmek Saýlananlara goºmak
«Türkmenistan: altyn asyr» » Medeniýet we Miras » Oraza rehim-ºepagatlylygyò we hoºniýetliligiò baýramydyr
Saýtyò nawigasiýasy
ªu gün baº tema
Resmi habarlar
Teswirlemeler
Hyzmatdaºlyk
Ykdysadyýet
Jemgyýet we Saglyk
Medeniýet we Miras
Ylym we Bilim
Sport we Syyahatcylyk
Giòeldilen gözleg
Kalendar
«    Garaºsyzlyk 2007    »
BgÝgHgSgAnRgDg
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
 
Gindeò ýaýran makalalar
Täzelikler arhiwi
Gorkut 2008 (9)
Oguz 2008 (22)
Garaºsyzlyk 2007 (49)
Medeniýet we Miras : Oraza rehim-ºepagatlylygyò we hoºniýetliligiò baýramydyr
 
Gadymy türkmen topragyna ýene-de mukaddes Oraza baýramy geldi. Bu baýram gadymdan bäri rehim-ºepagatlylygyò, hoºniýetliligiò we ruhy päkligiò dabaralanmagyny alamatlandyrýar. ªu gün daò säherden ýurdumyzyò ähli metjitlerinde dünýäniò ähli musulmanlary tarapyndan bellenilip geçilýän baýram mynasybetli aýat-töwirler okalýar. Munuò özi mukaddes Oraza aýynyò we 30 günlük agyz beklemegiò tamamlanýandygyny aòladýar.

Garaºsyzlygyò ilkinji ýyllaryndan milletiò gadymy ruhy gymmatlyklarynyò, onuò köp müòýyllyk özboluºly medeniýetiniò gaýtadan dikeldilmegi Türkmenistanyò döwlet syýasatynyò ileri tutulýan ugurlarynyò birine öwrüldi. Biziò ýurdumyzda 1999-njy ýyldan bäri resmi taýdan bellenilýän Oraza baýramynyò gaýtarylyp getirilmegi bu syýasatyò aýdyò miweleriniò biridir. Ata-babalarymyzyò beýik filosofik we ynsanperwerlik ideallary, gadymdan bäri türkmen halkyna mahsus bolan ynsansöýüjilik we adalatlylyk däpleri ºu syýasatyò esasyna goýuldy. Bu däpler täze taryhy eýýamda mynasyp dowam etdirilýär. Biz ýene-de bu mukaddes musulman baýramyny bellemek mümkinçiligine eýe bolduk. Çünki bu baýramy köp asyrlaryò dowamynda türkmen topragynda ºatlykly we aç-açanlyk ýagdaýynda, iò ýagty duýgular, ýagºy umyt-arzuwlar bilen belläp geçipdirler.

Türkmenistanlylaryò ºu ýyl mukaddes Oraza baýramyny ýurdumyzyò baº baýramynyò—Garaºsyzlyk gününiò bosagasynda garºylamagynyò aýratyn many-mazmuny bardyr. Bu ºanly sene milli senenamamyzda aýratyn orun eýeleýär. ªu ýyl bu sene uly ähmiýetli, hakyky taryhy wakalaryò ençemesine we Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyò baºlangyjy bilen durmuºa geçirilýän ägirt uly özgertmelere beslendi. ªol özgertmeler türkmen halkynyò bagtly durmuºynyò, mähriban Watanymyzyò gülläp ösmeginiò, onuò parahatçylyk, döredijilik we progres ýoly bilen üstünlikli öòe gitmeginiò hatyrasyna amala aºyrylýar. ªonuò üçin hem bu gün türkmenistanlylar özüniò täze galkynyº eýýamyna gadam basan Watanymyzyò abadançylygy baradaky ýadawsyz aladalary üçin döwlet baºtutanynyò adyna tüýs ýürekden çykýan minnetdarlyk sözlerini aýdyp, onuò ähli asylly we hoºniýetli baºlangyçlarynyò rowaç almagyny Beýik Biribardan dileg edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyò Permanyna laýyklykda günäsi geçilen dokuz müòden gowrak ildeºlerimiziò hem rehim-ºepagatlylyga beslenen Oraza baýramynyò ºatlygyny biziò bilen paýlaºýandygyny bellemek gerek. Gadyr gijesiniò öò ýanynda olaryò ählisi tussaglykdan boºap, mähriban ojaklaryna gaýdyp geldiler we jemgyýetiò hem-de maºgalasynyò öòündäki günäsini halal zähmeti bilen ýuwmaga, öz ykbalyny doly özgertmäge mümkinçilik aldylar. Milletiò lideriniò bu ynsanperwerlik ädimi Garaºsyz, Bitarap Türkmenistanda ynsanyò döwletiò esasy gymmatlygy bolup durýandygynyò, baº wezipäniò bolsa jemgyýetiò durmuºynda ynsanperwerlik baºlangyçlaryny, ruhubelentligi, adalatlylyk we kanunçylyk ýörelgelerini pugtalandyrmakdan ybaratdygynyò ýene bir aýdyò subutnamasy boldy.

Agzybir we bitewi türkmen halky mukaddes Oraza baýramyny bir uly agzybir maºgala hökmünde iò gowy arzuwlar we umytlar—mähriban topragymyzda ýagty we döredijilikli durmuºyò höküm sürmegi, çagalarymyzyò geljeginiò bagtly bolmagy baradaky umytlar bilen garºylaýar. Oraza baýramy biziò hoºniýetlilige we ynsanperwerlige bolan ynamymyzy berkidip, seçip alan ýolumyzda täze üstünlikleri eýelemek we belent sepgitlere ýetmek üçin güýç-kuwwatymyzy artdyrýar. Däp bolºy ýaly, ºol gün, baýram namazyndan soò, hossarlaryòka we dostlaryòka myhmançylyga barylýar, hemmelere parahatçylyk we abadançylyk arzuw edilýär. Baýram güni: «Namaz-orazalar kabul bolsun!», «Orazalar kabul bolsun!», «Oraza baýramyòyz gutly bolsun!» diýen sözler bilen birek-biregi mübärekleýärler.

Goý, biziò ähli doga-dileglerimiz Gudraty Güýçli Allatagalanyò dergähinde kabul bolsun! Goý, biziò iò gowy arzuwlarymyz we umytlarymyz hasyl bolsun! Kabul bolsun!
 
 
  • Ynsanperwerligiò we rehimdarlygyò dabaralanmagy
  • Türkmenistanyò Prezidenti «Beýik Saparmyrat Türkmenbaºynyò Altyn asyry» bäs ...
  • Watanyò Garaºsyzlygynyò ºanly 16 ýyllyk baýramyna bagyºlanýar
  • Türkmenistan: dünýäniò geosyýasy
  • Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ählihalk matam gününe b ...
  •  
     
     açmak