русский english Baº sahypa etmek Saýlananlara goºmak
«Türkmenistan: altyn asyr» » Jemgyýet we Saglyk » Türkmenistanyò Prezidenti «Beýik Saparmyrat Türkmenbaºynyò Altyn asyry» bäsleºiginiò ýeòijilerine sylaglary gowºurdy
Saýtyò nawigasiýasy
ªu gün baº tema
Resmi habarlar
Teswirlemeler
Hyzmatdaºlyk
Ykdysadyýet
Jemgyýet we Saglyk
Medeniýet we Miras
Ylym we Bilim
Sport we Syyahatcylyk
Giòeldilen gözleg
Kalendar
«    Garaºsyzlyk 2007    »
BgÝgHgSgAnRgDg
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31
 
Gindeò ýaýran makalalar
Täzelikler arhiwi
Gorkut 2008 (9)
Oguz 2008 (22)
Garaºsyzlyk 2007 (49)
Jemgyýet we Saglyk : Türkmenistanyò Prezidenti «Beýik Saparmyrat Türkmenbaºynyò Altyn asyry» bäsleºiginiò ýeòijilerine sylaglary gowºurdy
 
Düýn uly ºanly senäniò — Watanymyzyò Garaºsyzlygynyò öòüsyrasynda Prezident köºgünde edebiýat, medeniýet we sungat iºgärleriniò arasynda her ýyl yglan edilýän «Beýik Saparmyrat Türkmenbaºynyò Altyn asyry» atly däp bolan bäsleºigiò ýeòijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu ºanly waka mynasybetli bu ýere ýurdumyzyò Mejlisiniò ýolbaºçylary, Ministrler Kabinetiniò Baºlygynyò orunbasarlary we umumy döwlet bäsleºiginiò laureatlary — Türkmenistanyò Prezidentiniò elinden sylagy almagyò belent hormatyna eýe bolan dürli döredijilik iºgärleriniò wekilleri çagyryldy.

Garaºsyzlyk we Altyn asyr eýýamy milli medeniýetiò we sungatyò hakyky gülläp ösýän eýýamy boldy. Hut, özbaºdak ösüº ýyllarynda türkmenistanlylar üçin geçen döwürleriò medeni mirasyny çuò we hemmetaraplaýyn öwrenmegiò, zehinleri ösdürmegiò mümkinçilikleri açyldy. Milli sungatymyzy ösdürmegi höweslendirmäge, täze zehinleri ýüze çykarmaga ýardam edýän, her ýyl ýurdumyzda geçirilýän «Beýik Saparmyrat Türkmenbaºynyò Altyn asyry» bäsleºigi munuò aýdyò subutnamalarynyò biridir.

ªu ýyl täze galkynyº eýýamyny tapawutlandyrýan progressiw reformalaryò fonunda, ählumumy ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilen bu ägirt uly döredijilik gözden geçiriliºi bir maksada — öz döredijiliginde häzirki wagtda Garaºsyz, Bitarap Türkmenistanyò durmuºyny, milletimiziò öz asyrlar boýy ruhy-ahlak baýlyklaryna hem-de umumyadamzat gymmatlyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny beýan edýän, ýurdumyzyò ähli künjeklerinden gelen dürli ýaºdaky we kärdäki adamlaryò müòlerçesini birleºdirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duºuºygy açyp, bu ýere ýygnananlary mähirli mübärekledi we hemmeleri ýetip gelýän beýik baýramçylyk — Watanymyzyò Garaºsyzlygynyò 16 ýyllygy bilen gutlady, ºu ýylky baýramçylygy türkmenistanlylaryò ýokary ruhy göteriliº ýagdaýynda garºylaýandyklaryny nygtady. Ýurdumyzda häzirki wagtda geçirilýän giò möçberli we çuò reformalaryò baº maksady adamdyr, onuò bagtydyr we abadançylygydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman türkmen jemgyýetiniò durmuºynda medeniýetiò we sungatyò tutýan orny hakynda söz açyp, müòýyllyklaryò üsti bilen getirilen we täze galkynyº eýýamynda Watanymyzyò üstünlikli ösüºiniò hem-de gülläp ösmeginiò aýrylmaz bölegi bolan belent ruhy medeniýetimiz türkmen halkynyò esasy baýlygy boldy, esasy baýlygydyr we esasy baýlygy bolar diýip nygtady. Döwlet baºtutany häzirki ºertlerde döredijilik iºgärleriniò iºiniò aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny belledi. Milletiò lideri «Indi biz täze döwürde ýaºaýarys. Döredijilik iºgärleriniò hem täze döwre öz garaýºy, goºandy bolmaly. Siz öz eserleriòiz bilen adamlara ºatlyk paýlap, demokratiýany ösdürmek, azatlygy, erkinligi wasp etmek ýaly iºlerde nusgawy türkmen edebiýatynyò we sungatynyò ajaýyp däplerini dowam etdirijiler we ösdürijiler bolmalysyòyz» diýdi. Olar joºgunly zähmetleri bilen adamlaryò göwnüni götermelidirler. Demokratik jemgyýetiò kemala gelmegine mynasyp goºant goºmalydyrlar, nusgawy türkmen edebiýatynyò we sungatynyò ajaýyp däplerini dowam etdirmek hem-de ösdürmek bilen, azatlygymyzy we Garaºsyzlygymyzy wasp etmelidirler.

Döwlet baºtutany döredijilik iºgärleriniò durmuºy we netijeli iºi üçin ºertleri döretmek bilen baglanyºykly derwaýys meselelere aýratyn ähmiýet berdi. ªunuò bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz häzirki zaman has oòaýly ýaºaýyº jaýlaryny, çagalar baglaryny, sungat mekdeplerini we döredijilik ýokary okuw mekdeplerini özünde jemleýän täze döredijilik ºäherjigini döretmek ideýasyny aýtdy. ªular ýaly toplumy döretmek ideýasynyò ilkinji gezek Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ol ýurdumyzyò saglygy goraýºyna ýolbaºçylyk eden mahaly durmuºa geçirilendigini ýatlap geçeliò. Häzirki wagtda Arçabil ºaýolunyò günortasynda gurlan ajaýyp medisina ºäherjigi türkmenistanlylaryò buýsanjy boldy we ýurdumyzyò paýtagtynyò köp sanly myhmanlaryny haýran galdyrýar. Ýurdumyzyò medeniýet we sungat iºgärleri üçin täze toplum aýratyn döredijilik bileleºigini döretmäge, täze zehinli nesli kemala getirmäge, täze döredijilik dinastiýalarynyò ýüze çykmagyna we asyrlaryò dowamynda türkmen medeniýetiniò güýç alan we güýç alýan aýratyn ruhy atmosferany döretmäge hyzmat eder.

Hormatly Prezidentimiz bu teklibiò durmuºa geçirilmeginiò eýýäm ýakyn günlerde badalga aljakdygyny we durmuºa geçirmek üçin döwletimiziò ähli zerur seriºdeleri berjekdigini nygtap, Türkmenistanda iri möçberli sosial programmalary amala aºyrmagyò ýolunda ýene bir möhüm ädim boljak taslamanyò ileri tutulýandygyny belledi. Türkmen lideri ºolary durmuºa geçirmek üçin bizde ähli ºertleriò bardygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz size diòe bir haýyºym bar: ruhubelent Watanymyza söýgi we ertirki güne ynam bilen iºläò diýip, sözüni dowam etdirdi. Gurbanguly Berdimuhamedow zehinli türkmen ýaºlaryna ýüzlenip, olary «Döretmäge, döwletimiziò, jemgyýetimiziò durmuºyna has iºjeò gatnaºmaga, olary ösdürmäge öz goºantlaryny goºmaga» çagyrdy.

Ýurdumyzyò medeniýet iºgärleriniò ýaºuly nesliniò wekilleri döwlet baºtutanynyò aýratyn minnetdarlygyna mynasyp boldular. «Türkmen hemiºe-de halypaçylyk meselesine aýratyn üns beren halk. Men ýaºuly artistlerimize, ýazyjy-ºahyrlarymyza mynasyp ºägirtleri ýetiºdirendikleri üçin, ºu günki ösüºlerimize mynasyp goºant goºandyklary üçin minnetdarlyk bildirýärin» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyò çykyºy duºuºyga gatnaºyjylaryò ählisi tarapyndan ägirt uly üns we tolgunmak bilen garºylandy we ençeme gezek ºowhunly el çarpyºmalary bilen onuò arasy kesildi.

Dabaraly pursat gelip ýetýär, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeniýet, edebiýat we sungat iºgärleriniò arasynda yglan edilen «Beýik Saparmyrat Türkmenbaºynyò Altyn asyry» bäsleºiginiò ýeòijilerine sylaglary gowºurýar.

Türkmen sungatynyò ussat halypalary — ºöhrat gazanan aýdymçylar, Watanymyzyò altyn owazlary Maýa Kulyýewa we Medeniýet ªahberdiýewa ilkinji bolup sahna çykýarlar, olaryò ajaýyp zehinleri milli saz medeniýetimiziò bezegi boldy. Olar çäksiz buýsanç we uly ºatlyk duýgusy bilen milletiò lideriniò elinden diplomlary hem-de pul baýraklaryny alýarlar. M.Kulyýewa ýurdumyzyò medeniýet iºgärleriniò ýaºuly nesliniò adyndan döwlet baºtutanyna öz minnetdarlygyny beýan edip, häzirki zaman türkmen sungatynyò gözbaºynda duranlara, joºgunly zähmetleri bilen ata-babalarymyzyò ºöhratly medeni däplerini dowam etdirenleriò zähmetine ýokary baha berýändigi üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi, milletiò liderine Garaºsyz Watanymyzyò we türkmen halkynyò eºreti üçin täze üstünlikler arzuw etdi.

Bäsleºigiò ýeòijileri — žurnalistler, hudožnikler, ºahyrlar we prozaçylar, aýdymçylar, sazandalar hem-de kompozitorlar biri-biriniò yzyndan sahna çykyp, hormatly Prezidentimize öz eserlerine ýokary baha berendigi, döwlet baºtutanynyò türkmen halkynyò ruhy mirasyny dikeltmek hem-de ösdürmek, ýurdumyzda doly bahaly döredijilik iºi bilen meºgullanmaga ähli ºertleri döretmek barada ýadawsyz alada edýändigi we muòa üns berýändigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler.

Milli medeniýetimiziò gülläp ösýän ajaýyp döwründe ýaºaýandygymyz üçin ykbalymyza minnetdardyrys, biz häzirki wagtda Türkmenistanyò sesiniò bütin dünýäde eºidilendigine, BMG-niò belent münberinden döwlet baºtutanymyzyò biziò ýurdumyzyò parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we hoºniýetli goòºuçylyk, rehim-ºepagatlylyk hem-de myhmansöýerlik prinsiplerine — asyrlaryò dowamynda türkmenleriò ruhy medeniýetiniò esasyny düzýän, häzirki wagtda bolsa döwlet syýasatynyò derejesine çykarylan gymmatlyklara ygrarlydygyny yglan edendigine buýsanýarys diýip, bu ýerde çykyº edenler nygtadylar.

Bäsleºigiò laureatlarynyò köpüsiniò hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyklaryny aýdymlary hem-de ºahyrana eserlerini ruhubelentlik bilen ýerine ýetirmek arkaly beýan etmekleri Prezident Köºgündäki baýramçylyk ýagdaýyna aýdyò ºaýatlyk edýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp çykyºlary üçin dabara gatnaºyjylara minnetdarlyk bildirip, döredijilik iºgärlerine öz zehinlerini, joºgunlaryny, gujur-gaýratlaryny we ussatlyklaryny Watanymyzyò bagtynyò hatyrasyna doly sarp etmegi wesýet edip, bu ýere ýygnananlary medeniýetimiziò we sungatymyzyò döwlet syýasatymyzyò esasy ileri tutulýan ugurlarynyò biri bolandygyna we ºeýle boljakdygyna ynandyrdy. Döwlet baºtutany bu ýere ýygnananlar bilen hoºlaºyp, olary ýetip gelýän baýramçylyklar — Oraza baýramy we Garaºsyzlyk güni bilen ýene-de bir gezek gutlady, hemmelere saglyk, bagt, zähmetde hem-de döredijilik iºinde täze üstünlikleri, olaryò beren ähli sadakalarynyò gudraty güýçli Allatagalanyò dergähinde kabul bolmagyny arzuw etdi.
 
 
  • «Ýaòlan, Diýarym!» bäsleºiginiò jemi jemlenildi
  • Watanyò Garaºsyzlygynyò ºanly 16 ýyllyk baýramyna bagyºlanýar
  • «Galkynyº zamanasy we milli folklor» atly festiwalyò jemi jemlendi
  • Gurbanguly Berdimuhamedow Aºgabada iº sapary bilen aýlandy
  • Türkmenistan: dünýäniò geosyýasy
  •  
     
     açmak