| |
Türkmenistanyò Suw hojalyk ministrligine ýer-gurluºyk tehnikasynyò—Belarus Respublikasynyò Mogilewsk awtomobil zawodynyò skreperlerinden we Russiýanyò Çelýabinsk traktor zawodynyò buldozerlerinden, ºeýle hem Ýaponiýanyò «Komasu» kompaniýasynyò ekskawatorlaryndan we buldozerlerinden ybarat bolan täze uly tapgyry gelip gowuºdy.
Kuwwatly maºynlar Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan ºertnamalaryò çäklerinde Türkmenistana getirildi. ªol ºertnamalara laýyklykda ýurdumyzyò suw gurluºykçylary belorus we rus maºyn gurluºykçylaryndan jemi 100 sany buldozeri, 50 sany skreperi we beýleki ýörite maºynlary, ºeýle hem Ýaponiýada öndürilen ekskawatorlaryò 120-sini we buldozerleriò 60-syny alarlar.
Suw hojalyk ministrliginiò ygtyýaryna gelip gowuºýan döwrebap tehnika, esasan, tarp ýerleri özleºdirmekde hem-de oba hojalygynyò strategik ekinleri—bugdaý we pagta üçin bölünip berlen we ep-esli möçberde artan ekin meýdanlarynyò melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak iºlerinde ulanylar.
Ýerleriò melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak ýurdumyzyò oba hojalygyny düýpli özgertmek bilen baglylykda suw hojalyk düzümleriniò we oba senagat toplumynyò öòünde durýan derwaýys wezipeleriò biri hasaplanýar. Ekin meýdanlarynyò netijeli ulanylmagy, oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetiºdirilende ýerleriò hasyllylygynyò artdyrylmagy gös-göni ºol wezipäniò üstünlikli çözülmegine baglydyr. ªu maksat bilen, döwlet baºtutany welaýatlaryò her birinde hojalyk hasaplaºygyndaky ýer-suw gurluºyk kärhanalaryny döretmek baradaky Karara gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz Suw hojalyk ministrliginiò täze düzümleriniò hünärmenlerine suwaryº we ºor suw akabalar ulgamlaryny, suw hojalyk desgalaryny gurmak we göwnejaý ýagdaýda saklamak, suw bilen üpjün etmek, täze ýerleri özleºdirmek we olary ekin dolanyºygyna girizmek bilen bagly iºleri kompleksleýin ýerine ýetirmek ýaly uly möçberli wezipeleri tabºyrdy. Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda welaýatlaryò «Ýersuwgurluºyk» müdirlikleriniò öz güýçleri bilen tarp ýerleriò 6 müò 200 gektary özleºdirildi, suw sowujylaryò we zeýkeºleriò 213 kilometri täzeden ulanmaga berildi, suwaryº ulgamlarynyò 127 kilometri çekildi hem-de 50 kilometrden gowrak täze kollektorlar guruldy. Tarp ýerleri özleºdirýän suw gurluºykçylaryò pikirine görä, munuò özi kuwwatly ýer gazyjy — gurluºyk tehnikasynyò iºledilmegi netijesinde baºa bardy, her aýda ºeýle tehnika bilen Suw hojalyk ministrliginiò parkynyò üsti ýetirilýär.
Suw hojalyk ministrliginde TDH-niò habarçysyna habar berliºine görä, häzirki wagtda pudagyò Garaºsyzlyk ýyllarynda tutuºlygyna döwrebaplaºdyrylan maºyn parky esasan Ýaponiýanyò dünýäde belli «Komasu» kysymly ýörite tehnikasyndan ybarat. Häzirki wagtda türkmen suw gurluºykçylary bilen öòden bäri hyzmatdaºlyk edýän «Itoçu Korporeýºn» kompaniýasy bilen baglaºylan ºertnama laýyklykda, ýurdumyza 30 sany ekskawator we 11 sany buldozer gelip gowuºdy. Tehnika 2008-nji ýylyò Nowruz aýynyò ahyryna çenli dolulygyna getiriler. Türkmen köli, Saryýazy suw howdany, «Türkmenistanyò Garaºsyzlygynyò 15 ýyllygy» suw howdany ýaly uly desgalary we beýlekileri gurmakda we iºläp taýýarlamakda Ýaponiýanyò 500-den gowrak ekskawatorlary, buldozerleri, ºeýle hem awtogreýderler, turba çekmek üçin niýetlenen maºynlar we beýlekiler jemlenildi, bular ýerli toprak-howa ºertlerinde örän oòaýlydygyny görkezdi. «Katerpilleriò» Türkmen kölündäki iºlerde hem-de täzeden özleºdirilýän tarp ýerlerdäki suwarymly ekin meýdanlaryny giòeltmekde ulanylýan kuwwatly maºynlary hem ýokary öndürijilikli tehniki görkezijileri bilen häsiýetlendirilýär. Häzirki wagtda suw hojalyk iºgärleriniò ygtyýarynda ºu kysymly ýer gazyjy-gurluºyk tehnikasynyò 274-si bar, ºolaryò 83-si geçen ýylyò ahyrynda we ºu ýylyò baºynda getirildi. 2007-nji ýylyò Ruhnama aýynda gol çekilen ºertnamanyò çäklerinde suw hojalyk ministrligi «Katerpiller» amerikan kompaniýasynyò öndüren ekskawatorlarynyò 100 sanysyny satyn alar, «Zeppelin Internasional» kompaniýasy onuò Türkmenistandaky dileri bolup durýar.
ªeýle hem gymmat bahaly ýapon we amerikan maºynlarynyò tehniki we serwis hyzmatynyò ýola goýlandygyny bellemek gerek, munuò özi olaryò uzak wagtlap netijeli ulanylmagyna ýardam berýär. |
|