| |
Geçen hepde ruhy-ahlak babatda göwnüòi göterýän ýagdaýda geçdi. Gadymy türkmen topragyna mukaddes Oraza baýramy geldi. Bu baýram elmydama gowulyga ymtylmagyò, günäleri geçmegiò, parahatçylygyò baýramy hasaplanýar. Indi beýik baýrama—Türkmenistanyò Garaºsyzlygynyò 16 ýyllygyna çenli galan günler sanalyp ugraldy. ªol günleriò her biri täze desgalary ulanmaga bermek dabaralara ýa-da bu ºanly senä bagyºlanan beýleki wakalara beslenýär. Ählihalk baýramçylygynyò öòüsyrasynda Prezident Köºgünde her ýylda edebiýat, medeniýet we sungat iºgärleriniò arasynda yglan edilýän Türkmenistanyò Prezidentiniò bäsleºigiò ýeòijileriniò sylaglamak dabarasy bolup geçdi. ªu ýylda täze galkynyº eýýamyna mahsus ösüºe gönükdirilen reformalaryò amala aºyrylýan mahalynda, ählumumy ruhy galkynyº ýagdaýynda geçen bu uly döredijilik gözden geçiriliºine müòlerçe adam—ýurdumyzyò ähli künjeklerinden dürli ýaºdaky we dürli hünärdäki adamlar gatnaºdy. Olary bir maksat, ýagny häzirki wagtda Garaºsyz, Bitarap Türkmenistanyò durmuºyny öz döredijiliginde beýan etmek maksady birleºdirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaºyjylaryò öòünde çykyº edende medeniýetiò we sungatyò häzirki zaman türkmen jemgyýetiniò durmuºynda möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny belledi. Döwlet baºtutany: «Indi biz täze döwürde ýaºaýarys. Döredijilik iºgärleriniò hem täze döwre öz garaýºy, goºandy bolmaly. Siz öz eserleriòiz bilen adamlara ºatlyk paýlap, demokratiýany ösdürmek, azatlygy, erkinligi wasp etmek ýaly iºlerde nusgawy türkmen edebiýatynyò we sungatynyò ajaýyp däplerini dowam etdirijiler we ösdürijiler bolmalysyòyz» diýdi.
Milletiò ruhy-ahlak galkynyºyna, jemgyýetde ynsanperwerligiò belent ýörelgeleriniò berkarar edilmegine, asyrlarboýy türkmen medeniýetiniò kökleriniò gözbaºy bolan özboluºly ruhubelentligiò saklanylmagyna, täze zehinli nesilleriò terbiýelenilmegine, täze döredijilik nesilleriniò döremegine aýratyn ähmiýet bermek bilen, döwlet döredijilik iºgärleriniò durmuºy we netijeli iºlemegi üçin ähli ºertleri döretmäge çalyºýar. Adamlaryò maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, her bir maºgalanyò durmuº derejesini ýokarlandyrmak, her bir adama öz döredijilik baºlangyçlaryny amala aºyrmaga mümkinçilik bermek ýurdumyzyò sosial ösüºiniò esasy wezipesi bolup durýar. Munuò özi döwlet syýasatyna ynsanperwerlik we sahawatlylyk çaýýar. Täze döredijilik ºäherjigini döretmek ideýasy munuò nobatdaky subutnamasydyr. ªol ºäherjikde döwrebap we ähli oòaýlyklary bolan ýaºaýyº jaýlary, çagalar baglary, sungat mekdepleri we döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleri jemlener. Prezident bu teklibi bäsleºiginiò ýeòijilerini sylaglamak dabarasynda orta atdy. Garaºsyzlyk baýramçylygyna bagyºlanyp geçirilen we indi geçiriljek dabaralar köpugurly bolup, giòden bellenilýär. Türkmen paýtagtynda baýramçylyga gabatlanyp täze binalar ulanmaga berildi, kaºaò jaýlaryò ýene biri bilen ýaºaýyº jaý fondunyò üsti ýetirildi. Soòra Ruhabat etrabynyò Gypjak obasynda aragatnaºyk edarasynyò administratiw-tehniki binasy poçta bölümi bilen bilelikde, ºäherara-halkara gepleºikler nokady, sanly ATS ulanmaga berildi. Balkanabatda ýöriteleºdirilen «Altyn däne» firma dükany açyldy, onda çörek-bulka we konditer önümleriniò dürli görnüºleri bar. Uly ähihalk baýramçylygyna taýýarlanmak bilen, Türkmenistanyò takyk iº depginini saklamagyny dowam etdirýändigini aýtman geçmek bolmaz. Munuò özi kanuna laýyk ýagdaýdyr. Çünki ýurduò taryhyndaky her bir ºanly sene möhümdir, ºonuò öòüsyrasynda we baýramçylyk günlerinde bolup geçýän wakalar bilen birlikde onuò ähmiýeti has-da artýar. Munuò özi ýeke-täk maksat däldir—uly möçberli özgeriºleriò tebigy prosesi dowam edýär. Ähli zat özgerýär: ykdysadyýetde düýpli özgertmeler bolup geçýär, döwlet häkimiýetiniò institutlary reformirlenýär, içeri we daºary syýasatdaky çemeleºmeler çuòlaºdyrylýar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyò Içeri iºler ministrliginde geçiren giòiºleýin maslahaty geçen hepdäniò has möhüm wakalarynyò birine öwrüldi. Biz öz täze taryhymyzy kanuny ileri tutmak, Konstitusiýa arkaly raýatlaryò kepillendirilen azatlyklaryny we hukuklaryny berjaý etmek esasynda gurýarys. Döwlet baºtutanynyò hukuk goraýjy düzümleriò iºgärleri bilen geçiren talap edijilikli gürrüòiniò temasy hukuk goraýjy edaralaryò iºgärleriniò jemgyýetde agzybirligi we jebisligi pugtalandyrmak bilen, hut ºu ýörelgeleriò goragynda durmalydygy barada boldy. Kanuny ýerine ýetirmek— döwletiò we her bir raýatyò mukaddes borjy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz ºu kadanyò jemgyýetimizde gyºarnyksyz ýerine ýetirilmegini gazanmaga çalyºjakdygymyzy we hökman gazanjakdygymyzy nygtady.
Geçen hepdäniò ahyrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniò mejlisiniò gün tertibine-de prinsipial häsiýetli meseleler goºuldy. Milletiò lideriniò reformalary tizleºdirmegiò möhümdigini aýdyp, muòa yzygiderli, hyjuwly we oýlanyºykly çemeleºýändigi bellidir. Intuisiýa, global syýasy we ykdysady maksatlaryò özenine çuòòur aralaºmak, pragmatizm we berk ölçegli berk reallyklary öòe sürýän döwürde, ylmy-tehniki progresiò soòky gazananlaryny gijikdirmän ulanmak arkaly ösýän ýurtlar bilen bu intellektual bäsdeºlikde yzda barýanlaryò arasyndaky tapawudyò ýylsaýyn artýan mahalynda, milletiò ykbaly barada aladalanmak—türkmen liderine üçünji müòýyllygyò has çylºyrymly ºertlerinde ýeke-täk dogry pozisiýanyò eýelenilmelidigini salgy berýär.
Ählihalk tarapyndan saýlanylan Prezidentiò Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmek boýunça iºläp düzen strategiýasynda syýasy, ykdysady, sosial faktorlar berk baglanyºdyrylýar, çünki bular ýurdumyzyò halkara bileleºigindäki pozisiýasyny berkitmelidir. Ine, bu gezek hem Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýeti halkara parametrlerine tiz ýetirmek barada aýdanynda, dünýä boýunça toplanan tejribäniò öwrenilmelidigini, halk hojalygyny dolandyrmagyò netijeli we çeýe sistemasynyò döredilmelidigini, bazaryò döwrebap marketing, harytlary öndürijileriò we hyzmatlary edýänleriò bäsdeºligi, hususy sektory pugtalandyrmak ýaly elementleriniò iºjeò ýagdaýda ornaºdyrylmalydygyny belläp, ºol wezipäni durmuºa geçirmegiò mehanizmini kesgitledi.
Ykdysady reformanyò üstünlikli bolmagy Türkmenistanyò Strategik meýilnamalaºdyryº we ykdysady ösüº institutynyò, ºeýle hem Türkmenistanyò Statistika baradaky döwlet komitetiniò iºiniò netijesine bagly bolar. Bularyò esasy wezipeleri ykdysadyýetde bolup geçýän prosesleri kompleksleýin seljermekden, ýakyn geljek we has uzak ýyllar üçin praktiki maslahatlary iºläp düzmekden ybarat bolup durýar. ªolar esasynda döwletiò pul-kredit, salgyt-býujet, nyrh syýasaty dörediler, aýry-aýry pudaklaryò we tutuº ýurduò ösüºiniò ileri tutulýan ugurlary kesgitleniler. ªonda diòe bir maliýe, ykdysadyýet, statistika boýunça iºleýänleriò däl-de, ähli ministrlikleriò we edaralaryò ýolbaºçylarynyò hem öz iºlerini düýpgöter täzeden guramagy möhümdir. Indiden beýläk olaryò iºiniò netijeliligi sanlaryò we görkezijileriò toplumy bilen däl-de, anyk iºler, ýagny ilkinji nobatda ilatyò isleg bildirýän ýokary hilli harytlarynyò, azyk önümleriniò bolelinligi, elbetde, olaryò önümçiliginiò nyrhlaryò durnuklylygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýän ýokary düºewüntliligi esasynda kesgitlener.
Geçen hepdede daºary syýasata degiºli wakalar hem bolup geçdi. ªol wakalar Türkmenistanyò halkara derejesindäki pozisiýasyny aýdyò häsiýetlendirýär. Türkmen döwletiniò baºtutany öz daºary syýasy strategiýasyny döretmek bilen, parahatçylygyò we ynsanperwerligiò hatyrasyna strategiki hyzmatdaºlyga, hoºniýetli goòºuçylyga, özara peýdalylyk hem-de birek-biregiò bähbitlerine hormat goýmak prinsiplerine esaslanýan deòhukukly hyzmatdaºlyga gönükdirilen ýörelgelere eýerýär. Munuò halkara syýasy we iºewür toparlar tarapyndan has giòden goldanýandygyny durmuº görkezýär. Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleºiginiò häzirki wagtda hil taýdan täze derejä çykýan, ºunuò bilen baglylykda ikitaraplaýyn hyzmatdaºlygy giòeltmegiò ägirt uly perspektiwasy açylýan gatnaºyklarynyò has-da iºjeòleºdirilmegi munuò aýdyò subutnamasydyr. Gurbanguly Berdimuhamedowyò türkmen paýtagtynda saparda bolan Ýewropa Bileleºiginiò daºary syýasat we howpsuzlyk boýunça Ýokary wekili Hawýer Solana we Ýewropa Bileleºiginiò Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça ýörite wekili Pýer Morel bilen duºuºygynyò barºynda bu barada gürrüò edildi. Meseleleriò ençemesini ara alyp maslahatlaºyp, söhbetdeºler ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaºlyga aýratyn üns berdiler. Türkmenistan we Ýewropa Bileleºiginiò ýurtlary bu ugurda, ºol sanda transmilli turba geçirijiler strukturasyny döretmek, Hazaryò türkmen ýalpagynda perspektiwasy uly uglewodorod ýataklaryny özleºdirmek ýaly özara bähbitli iºleri amala aºyrmak üçin uly mümkinçilikleriò bardygyny bellediler.
Energetika howpsuzlygy ykdysady ösüºiò we syýasy durnuklylygyò möhüm faktorydyr. ªu babatda dünýä derejesinde uly ähmiýetli uglewodorod seriºdeleri bolan Türkmenistan öz ägirt uly potensialyny tutuº dünýä bileleºiginiò bähbitlerine netijeli durmuºa geçirmegiò meselelerini çözmäge örän jogapkärçilikli we konstruktiw garaýºy görkezdi we görkezýär. Türkmen lideriniò baºlangyjy bilen öòe sürülýän strategik taslamalar-Hazarýaka we Hazarüsti gaz geçirijileri, Türkmenistan-Hytaý, Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan magistrallary Merkezi Aziýa ýurtlarynyò sosial-ykdysady ösüºine oòyn täsir edip biler, Ýewropa döwletleriniò ýangyçlara isleglerini kanagatlandyrmaga ýardam eder. Baºgaça aýdanyòda, häzirki wagtda türkmen tebigy gazy päk ýürekli dostluga we adalatly hyzmatdaºlyga taýýar dürli ýurtlaryò hem-de halklaryò ykdysady integrasiýasy üçin seriºde hökmünde çykyº edýär.
Diòe bir özüniò däl, eýsem partnýorlarynyò hem bähbitlerini göz öòünde tutup, uly möçberli halkara hyzmatdaºlygynyò pozisiýasyndan ugur alýan döwletdigini yglan eden Türkmenistan bu ugurda täzeden-täze ädimleri ädýär. Ýurduò ykdysadyýetiniò strategik pudaklarynyò ählisi-nebitgaz, demir ýol ulaglary, aragatnaºyk we kommunikasiýa pudaklary özara hyzmatdaºlygyò orbitasyna çekildi. Häzirki wagtda sanatoriýa-ºypahana dynç alºy we halkara syýahatçylygy sferasynda bilelikdäki taslamalar üçin çäksiz mümkinçilikler açyldy. Elbetde, bu ýerde ilkinji nobatda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy barada gürrüò gidýär, ýakyn wagtda ägirt uly taslamalaryò ençemesiniò ilkinjisine-emeli derýanyò gurluºygyna baºlanylar. Geçen hepdede köpçülikleýin habar beriº seriºdelerinde «Türkmenistanyò käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goºmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyò Kanuny çap edildi. Onda daºary ýurtly maýa goýujylaryna iºjeò hyzmatdaºlygy ösdürmäge, ýurduò ykdysadyýetine daºary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge güýçli itergi berjek hukuk kepilleri beýan edilýär.
Ertir goòºy Eýranyò paýtagty Tähranda baºlanýan Hazarýaka döwletleriò baºtutanlarynyò sammiti dürli ugurlarda üstünlikli we berk gatnaºyklary ýola goýmak üçin täze mümkinçilikleri açar. Ygtybarly binýat hökmünde Hazaryò hukuk derejesini iºläp taýýarlamak meselesiniò oòa gatnaºyjylaryò üns merkezinde boljakdygy, Hazarýaka sebitindäki hyzmatdaºlygyò mundan beýläk hem ºoòa esaslanyp guruljakdygy we ösdüriljekdigi göz öòünde tutulanda, ýokary derejedäki duºuºygyò netijeleri örän möhümdir.
ªol jähtden Tähran sammitiniò yzysüre—Garaºsyzlyk aýynyò 18-inde Özbegistan Respublikasynyò Prezidenti Islam Karimowyò Türkmenistana resmi saparynyò boljakdygyny bellemek gerek. Soòra Sanjar aýynyò 22-sinde Aºgabatda ýene bir iri we möhüm forum—GDA ýurtlarynyò hökümet baºtutanlarynyò Geòeºiniò mejlisi geçiriler. Bu wakalaryò her biri däbe öwrülen dostluk, hoºmeýilli goòºuçylyk we ruhy ýakynlyk gatnaºyklary bilen baglanyºykly döwletleriò ikitaraplaýyn gatnaºyklaryny berkitmekde hem, dünýäniò geosyýasy we ykdysady kartasynda pozisiýalaryny pugtalandyrmakda hem örän möhüm, ºanly wakadyr. |
|