| |
Ýurdumyzyò baº baýramçylygynyò-mukaddes Garaºsyzlygymyzyò 16 ýyllygynyò bosagasynda türkmen paýtagtyny ýene bir ajaýyp seýilgäh bezedi. Aºgabadyò iò kän gatnawly we çalt depginde gurulýan ýerleriniò biriniò-Garaºsyzlyk ºaýolunyò günorta böleginde ºu gün onuò açylyºy boldy. Uly bolmadyk täsin seýilgäh Türkmenistanyò Daºary ykdysady döwlet banky bilen Türkmenistanyò Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky orta mekdebiò aralygynda peýda boldy. Türkmenistanyò Daºary ykdysady döwlet bankynyò buýurmasy esasynda we ºonuò seriºdeleriniò hasabyna täze dynç alyº zolagyny «ªahin» türk firmasy gurdy we ºol ýerde agaç nahallaryny oturtdy.
Iki gektara golaý meýdany eýeleýän seýilgähiò merkezinde çüwdürimli howuz we ony döredijileriò pikirlerine görä «Suw, howa we ýaºaýyº» düºünjesini aòladýan binagärlik kompozisiýasy ýerleºýär. ªol ýerde aºgabatlylara we paýtagtyò myhmanlaryna ýakymly täsinlik garaºýar: agºam çaglary we gijelerine ýörite yºyklandyryº arkaly çüwdürimiò akymlary älemgoºaryò ähli öwüºginleri bilen ýalkym atar. Seýilgähiò esasy ýodalary beton we granit bilen örtülipdir. ªol ýerde dürli görnüºli agaçlar we gyrymsy bezeg ösümlikleri oturdylypdyr, gülli meýdançalar döredilipdir, özboluºly oturgyçlar we yºyklandyryjylar goýlupdyr.
Garaºsyzlyk ºaýolunyò ugrundaky täze seýilgäh Aºgabatda döredilýän seýilgäh-bag ansambly bilen sazlaºykly utgaºýar, ol ºäheriò ýüzüni görkezýän ajaýyp ýerleriò birine öwrülýär. Galyberse-de, ol türkmen paýtagtynyò ilatynyò hem ýurdumyzyò ähli künjeklerinden we daºary ýurtlardan hem gelýän köpsanly myhmanlaryò söýgüli dynç alyº ýeri bolar. |
|