| |
Düýn Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyò nebitgaz toplumynyò ýolbaºçylary bilen maslahat geçirdi, onuò gün tertibine ýurdumyzyò ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça ileri tutulýan meseleler girizildi.
Döwlet baºtutany maslahaty açmak bilen, ýangyç-energetika toplumy ägirt uly tebigy we senagat kuwwatyna eýe bolup durýandygy üçin milli ykdysadyýetde esasy orny eýeleýär diýip belledi. Döwletiò energetika syýasatynyò esasy ugurlary «Türkmenistanyò nebitgaz senagatyny ösdürmegiò 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynda» beýan edildi. Häzirki wagtda bu strategik resminamanyò berjaý ediliºiniò barºyny seljermek, ýakyn ýyllarda we geljekde pudagyò öòünde durýan anyk wezipeleri ara alyp maslahatlaºmak möhümdir, ºol wezipeleriò çözülmegi türkmen döwletiniò sosial-ykdysady taýdan sazlaºykly ösmegine, türkmen halkynyò maddy hal-ýagdaýynyò has-da gowulandyrylmagyna degerli ýardam berer.
Soòra nebitgaz toplumynyò ýolbaºçylaryna söz berildi, olar pudaga degiºli düzümlerde iºleriò ýagdaýy hem-de ýangyç-energetika toplumynyò dürli sektorlaryny ösdürmek boýunça bellenilen meýilnamalary ýerine ýetirmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdiler.
Türkmenistanyò Prezidentiniò ýanyndaky Nebitgaz seriºdelerini peýdalanmak we dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiò ýerine ýetiriji direksiýasynyò ýerine ýetiriji direktory B.Myradow ýakynda Wilnýus ºäherinde global energetika howpsuzlygynyò meselelerine bagyºlanyp geçirilen halkara maslahatyna türkmen delegasiýasynyò gatnaºandygy barada hasabat berdi. Maslahatyò çäklerinde Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleºigine girýän ýurtlaryò ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaºlygynyò ýagdaýy we mümkinçilikleri barada gyzykly pikir alºylandygy bellenildi, ºonda daºary ýurtlaryò wekilleri netijeli gatnaºyklaryò ýola goýulmagyna, türkmen nebitgaz toplumynyò ähli sektorlarynda hyzmatdaºlygyò iºeòòirleºdirilmegine öz isleglerini beýan etdiler.
Soòra «Türkmengaz» döwlet konserniniò baºlygy Ý.Kakaýewiò hasabaty diòlenildi. Ol türkmen ýangyjyny dünýä bazarlaryna ibermegiò köpugurly ulgamyny döretmek boýunça ýaýbaòlandyrylan iº barada hasabat bermek bilen, hormatly Prezidentimize gaz pudagy boýunça uzakmöhletleýin döwletara ylalaºyklarynyò we ºertnamalarynyò ýerine ýetiriliºi, eksport üçin niýetlenen ýangyç geçirijileriò çig mal binýadynyò pugtalandyrylmagyna, olaryò önümçilik infrastrukturasynyò ösdürilmegine gönükdirilen guramaçylyk-tehniki çäreler barada, ºeýle hem gaz sektoryna degiºli uly möçberli maýa goýum taslamalarynyò durmuºa geçirilmegine ýardam berjek Türkmenistanyò we hyzmatdaºlyk edýän ýurtlaryò ekspert toparlarynyò bilelikdäki iºi hakynda jikme-jik habar berdi.
Döwlet ministri — «Türkmennebit» döwlet konserniniò baºlygy G.Täºliýew döwlet baºtutanyny soòky döwürde edilen iºleriò netijeleri we geljek üçin niýetlenen meýilnamalar bilen tanyºdyrdy. G.Täºliýew ýangyç-energetika toplumynyò esasy senagat birleºiginiò önümçilik maksatnamasy bilen tanyºdyrdy. ªunda uzak wagtlap ulanylýan ýataklarda, hususan-da, Barsagelmezdäki nebit promysellerinde uglewodorod ýangyjynyò çykarylyºyny intensifikasiýalaºdyrmak boýunça bellenilen çärelere, ºeýle hem günorta-günbatardaky ýangyçly meýdançalary we strukturalary, ºol sanda Akpatlawugy, Ekeremi, Çekiºleri we ýurduò nebit-gazly beýleki ýerlerini senagat taýdan çaltlandyrylan depginde özleºdirmäge degiºli taslamalara aýratyn üns berildi.
Nebitgaz senagaty we mineral seriºdeler ministri B.Hojamuhammedow ulanylýan önümçilikleri toplumlaýyn döwrebaplaºdyrmak, olaryò kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de nebiti we gazy gaýtadan iºleýän täze önümçilikleri gurmak bilen bagly meseleleri jikme-jik beýan etdi.
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyò baºlygy S.Jumaýew hormatly Prezidentimize pudagyò çig-mal binýadynyò pugtalandyrylmagyna gönükdirilen uly möçberli iºleriò netijeleri barada hasabat berdi. Geologiýa edarasynyò ýolbaºçysy öz hasabatynda, hususan-da, «Türkmenistanyò nebitgaz senagatyny ösdürmegiò 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyna» hem-de ºu ýyl üçin pudak boýunça bellenilen meýilnamalara laýyklykda, geologiýa gözlegleriniò, geofiziki barlaglaryò, gözleg-agtaryº buraw iºleriniò möçberi ep-esli artdyryldy diýip belledi. ªonuò netijesinde, soòky döwürde täze ýangyç ýataklarynyò, ykdysadyýetiò beýleki pudaklary üçin mineral seriºdelere baý ýataklaryò onlarçasy ýüze çykaryldy. Häzirki wagtda dünýäniò öòdebaryjy kompaniýalarynyò nebitgaz pudagynda hyzmatdaºlyk etmäge uly isleg bildirmegi Türkmenistanyò ägirt uly energetiki kuwwatynyò bardygyny görkezýän özboluºly subutnamadyr. «Türkmennebitgazgurluºyk» döwlet konserniniò baºlygy J.Babaºew döwlet baºtutanyna iri möçberli maýa goýum taslamalarynyò, ºol sanda täze ýataklary we geljegine uly umyt bildirilýän meýdançalary özleºdirmek boýunça taslamalaryò berjaý ediliºi barada hasabat berdi. Gurbanguly Berdimuhamedow onuò hasabatyny diòläp, konserniò ýolbaºçylarynyò adyna birnäçe tankydy bellikleri aýtdy. Hormatly Prezidentimiz gazanylan netijeleriò nebitgaz toplumynyò gurluºyk kärhanalarynda bar bolan mümkinçiliklere laýyk gelmeýändigini belledi. Konserne degiºli düzümleriò mobilligini, olaryò iºiniò ugurlarynyò giòeldilmegini, ýerine ýetirýän iºleriniò ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek üçin gaýragoýulmasyz çäreleri görmek gerek. Munuò üçin dünýäde toplanylan hem-de ýurdumyzyò gurluºykçylarynyò hyzmatdaºlyk edýän daºary ýurt kompaniýalarynyò tejribesini düýpli öwrenip, ulanmak gerek.
Türkmenbaºynyò nebiti gaýtadan iºleýän zawodlar toplumynyò direktory T.Mämmedow döwlet baºtutanyna ýurdumyzyò senagatynda öòdebaryjy kärhananyò iºiniò esasy parametrleri, täze tehnologik liniýalaryò gurluºygy barada hasabat berdi. ªol liniýalar ýurdumyzyò nebit-himiýaçylarynyò çykarýan nebit önümleriniò görnüºlerini ep-esli köpeltmäge mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz dünýä bazarlarynda bäsdeºlik etmäge ukyply nebit-himiýa önümleriniò möçberlerini artdyrmagyò ýangyç-energetika toplumynyò ileri tutulýan wezipesi bolup durýandygyny belläp, ºu ugur boýunça täze taslamalary taýýarlamagy, dünýäde iri maýadarlary we nebiti gaýtadan iºlemekde kämil tehnologiýalara eýe bolup durýan daºary ýurt kompaniýalaryny özara peýdaly hyzmatdaºlyk etmäge çekmegi çaltlandyrmagy talap etdi.
Soòra «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniò baºlygy M.Kuraýewiò hasabaty diòlenildi. Ol önümçilikleriò birnäçesiniò durkuny täzelemek iºiniò barºy, ºeýle hem himiýa industriýasyna degiºli beýleki kärhanalaryò kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow himiýa pudagynda ilkinji nobatdaky wezipeleriò toplumyny kesgitläp, häzirki wagtda agrar sektorda amala aºyrylýan özgertmeler bilen baglylykda, oba hojalyk ekinleriniò hasyllylygynyò ýokarlandyrylmagyna ýardam berýän dökünleriò öndürilýän möçberleriniò artdyrylmagynyò örän möhümdigini belledi. Munuò üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler, ºol sanda daºary ýurtly sarp edijileriò uly isleg bildirýän himiýa önümleriniò dürli görnüºlerini öndürmek üçin niýetlenen mineral seriºdeleriò uly gorlary bar. Hormatly Prezidentimiz bu barada aýtmak bilen, degiºli düzümleriò ýolbaºçylaryna karbamid we kaliý dökünlerini öndürmek boýunça täze zawodlaryò gurluºygyna dahylly meseleleriò çözülmegine aýratyn üns bermegi tabºyrdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow berlen hasabatlary jemläp, Türkmenistanyò örän köp möçberlerdäki tebigy baýlyklarynyò we ilkinji nobatda nebitiò we gazyò uly gorlarynyò halkara sanawyna girizilen uglewodorod seriºdeleriniò netijeli we rejeli ulanylmagynyò häzirki döwrüò möhüm wezipesi bolup durýandygyny ýene-de bir gezek belledi. Türkmen döwletiniò sazlaºykly ösüºini üpjün etmek hem-de ony dünýäniò ösen ýurtlarynyò derejesine çykarmak üçin ýurdumyzda amala aºyrylýan reformalaryò üstünlikli bolmagynyò girewi ºundan ybaratdyr.
Maksatlara ýetmegiò ýollary «Türkmenistanyò nebitgaz senagatyny ösdürmegiò 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynda» kesgitlenildi. Onda bellenilen çäreleriò üstünlikli berjaý edilmegi döwletiò gaznasyna walýutanyò gelmegini hem-de ýangyç-energetika toplumyna degiºli kärhanalaryò sosial maksatly taslamalara gös-göni gatnaºmagyny üpjün eder.
ªu wezipelerden ugur alyp, döwlet ýangyç-energetika toplumynyò ösdürilmegine, ºol sanda enjamlaryò, materiallaryò, awtoulaglaryò we ýörite tehnikanyò satyn alynmagyna, ulanylýan desgalaryò durkunyò täzelenilmegine we täze nebitgaz çykarylýan desgalaryò gurluºygyna, geologiýa-gözleg we buraw iºleriniò giòeldilmegine köp milliardlara barabar maýa goýumlaryny bölüp berýär. ªonuò netijesinde nebitgaz we nebithimiýa senagatyna degiºli kärhanalary täze tehnika bilen üpjün etmek, döwrebaplaºdyrmak we olaryò durkuny täzelemek, nebit önümleriniò dürli görnüºleriniò çykarylmagyny ýola goýmak, ºeýle hem esasy nebitgaz ýataklarynda ýangyç çig malynyò çykarylyºyny durnuklaºdyrmak, geljegine uly umyt bildirilýän Günorta Ýolöten, Osman, Ýaºlar ýaly täze meýdançalary açmagyò hasabyna pudagyò çig mal binýadyny pugtalandyrmak boýunça köp iºler edildi.
Türkmenistan dünýäniò iri energetiki döwleti hökmünde hemmeler tarapyndan ykrar edilen derejä eýe bolmak bilen, nebitgaz ulgamynda energiýa seriºdeleriniò ýurdumyz üçin peýdaly ugurlar boýunça dünýä bazarlaryna iberilmeginiò diwersifikasiýasy prinsipine esaslanýan giò halkara hyzmatdaºlygyna, ºeýle hem Hazar deòziniò ýalpaklygyndaky, Amyderýanyò sag kenaryndaky hem-de nebite we gaza baý beýleki etraplardaky geljegine uly umyt bildirilýän ýataklary bilelikde özleºdirmek üçin daºary ýurtlaryò maýa goýumlarynyò we daºary ýurtly hyzmatdaºlaryò çekilmegine gönükdirilen syýasaty iºjeò ýöredýär.
ªonuò bilen birlikde, gazanylan netijeler ýurdumyzyò nebitgaz senagatynyò örän uly mümkinçiliklerine, türkmen döwletiniò taryhynyò täze döwründe ykdysadyýet üçin möhüm ähmiýetli ösüº depginlerine, üçünji müòýyllykda milletiò öòünde durýan wezipelere laýyk gelmeýär. Ýangyç-energetika toplumynyò iºiniò netijeleri oòa bölünip berilýän örän uly möçberlerdäki maliýe seriºdelerini ödemeýär. ªoòa görä-de, ýangyç-energetika toplumynyò iºiniò umuman kanagatlanarsyzdygyny ykrar etmek gerek diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Soòra döwlet baºtutany häzirki wagtda biz birnäçe pozisiýalar boýunça yzda barýarys diýip belledi. Dünýä boýunça konýunktura göz öòünde tutulmaýar, täze tehnologiýalary, innowasion ylmy-tehniki çözgütleri özleºdirmek boýunça iºjeòlik görkezilmeýär. Ýurduò ykdysady kuwwatyndan dolulygyna we hemmetaraplaýyn peýdalanylmagyny üpjün etmek, döwrüò talaplaryny we dünýä boýunça energetika bazarynda bildirilýän islegleri gijikdirmän, netijeli ödemek üçin nebitgaz sektorynyò iºini düýpgöter täzeden guramak, 2030-njy ýyla çenli döwürde ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça strategiki Maksatnamanyò berjaý edilmegine çemeleºmeleri takyklamak zerurdyr.
Bu söhbetiò ahyrynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniò Baºlygynyò orunbasary T.Tagyýewe maslahatda orta atylan meseleleriò ählisiniò ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi tabºyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynyò çalt ösdürilmegine gönükdirilen çäreleri gijikdirmän kabul etmek zerur, çünki ata Watanymyzyò abadançylygy we rowaçlygy, halkymyzyò häzirki ýagdaýy we geljegi ºol ösüºe gös-göni baglydyr diýip nygtady. |
|