| |
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyò ykdysady üstünlikleriniò Türkmenistanyò Garaºsyzlygynyò16 yllygyna bagyºlanan sergisine gatnaºyjylary we ony guraýjylary mähirli gutlady.
Gutlagda: “Eziz halkymyz «Türkmenistany ykdysady, syýasy we medeni taýdan ösdürmegiò 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Baº ugry» Milli maksatnamamyzda kesgitlenen wezipeleri tutanerli durmuºa geçirýär”-diýip bellenilýär.- Biz Garaºsyzlyk alan ilkinji günlerimizden ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmäge aýratyn üns berip baºladyk. Adamlaryò abadan durmuºyny, halal zähmetiniò rehnetini görmegini üpjün etjek, halkymyzyò ruhuny tug deýin belentde parlatjak ýol-ýörelgeleri saýlap alyp, dünewi, hukuk, demokratik döwletiò syýasy we ykdysady, ruhy binýatlaryny esaslandyrdyk. ªu ýyllarda dünýäniò beýleki döwletleri bilen özara bähbitli, dostlukly gatnaºyklary ýola goýduk.
Türkmen halkynyò agzybir, halal, päk zähmet çekip, Garaºsyz döwletini has pugtalandyrýandygyny ýurdumyzyò ykdysady üstünlikleriniò sergisi dünýä jemgyýetçiligine ýene bir gezek has aýdyò görkezer. Sergini synlan adamlar ykdysady, medeni ugurlardaky rowaçlyklarymyzy görüp, il-gün agzybir bolanda, gudrat döreýändiginiò ºaýady bolar-diýlip gutlagyň dowamynda aýdylýar. |
|