| |
Paýtagtymyzyò Garaºsyzlyk seýilgähinde «Galkynyº zamanasy we milli folklor» atly festiwalyò dabaraly ýapylyºy we uly konsert boldy. Ol Türkmenistanyò Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligi tarapyndan guraldy.
Ýurdumyzyò welaýatlarynyò bäºisinden gelen folklor toparlaryny birleºdiren iri döredijilik gözden geçiriliºiniò guralmagynyò özi döwlet we onuò Lideri tarapyndan milli medeniýetiò ösdürilmegine, türkmen halkynyò bahasyna ýetip bolmajak ruhy mirasynyò saklanyp galmagyna, öwrenilmegine hem-de giòden ýaýradylmagyna uly üns berilýändigine ºaýatlyk edýär.
ªu gün «Aºgabat» aýdym-saz merkezine ýygnanan köpsanly tomaºaçylar ajaýyp baýramçylyga gatnaºdylar. Dabarada ýurdumyzyò bäº welaýatynyò hem döredijilik toparlarynyò ýerine ýetirmeginde aýdymlar we sazlar ýaòlandy, ajaýyp milli tanslar ýerine ýetirildi, wäºileriò sahna oýunlary görkezildi. Folklor çykyºlarynda türkmen baýramçylyklarynyò bezegi bolan gadymy däpler janlandyryldy.
Konsertiò soòunda dabaraly ýagdaýda festiwalyò laureatlary sylaglandy. Olara konserte gatnaºyjynyò diplomlary, hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar berildi.
Festiwala gatnaºyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyò ykdysady kuwwatyny berkitmegiò hatyrasyna alyp barýan iºleri we Watanymyzyò barha artýan ºan-ºöhraty hem-de halkyò ruhy taýdan galkynmagy, ýurdumyzda medeniýetiò ösdürilmegine berýän uly ünsi üçin minnetdarlyk bildirdiler.
Bu ýerde sergi guraldy. Onda beýik Galkynyº eýýamynda ýurdumyzda giòden ýaýbaòlandyrylan türkmen halkynyò original we özboluºly sungaty hem-de progressiw özgertmeler barada gürrüò berilýär. |
|