русский english Baº sahypa etmek Saýlananlara goºmak
«Türkmenistan: altyn asyr» » Ykdysadyýet » Garagumuò täze gaz we nebit ýataklary
Saýtyò nawigasiýasy
ªu gün baº tema
Resmi habarlar
Teswirlemeler
Hyzmatdaºlyk
Ykdysadyýet
Jemgyýet we Saglyk
Medeniýet we Miras
Ylym we Bilim
Sport we Syyahatcylyk
Giòeldilen gözleg
Kalendar
«    èþíÿ 2008    »
BgÝgHgSgAnRgDg
 
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
 
Gindeò ýaýran makalalar
Täzelikler arhiwi
Gorkut 2008 (9)
Oguz 2008 (22)
Garaºsyzlyk 2007 (49)
Ykdysadyýet : Garagumuò täze gaz we nebit ýataklary
 
«Türkmengeologiýa» döwlet konserniniò «Lebapnebitgazgözleg» müdirliginiò hünärmenleri tarapyndan Bagaja ýatagynda burawlanan 37-nji gözleg guýusyndan debiti million kub metrden geçýän gazyò senagat möçberindäki güýçli akymy alyndy. Uglewodorod ýangyjynyò täze çeºmesiniò çuòlugy taslama boýunça 3 müò metrden geçýär. Häzirki wagtda bu ýerde gözleg iºleri amala aºyrylýar, ºol iºleriò netijesinde burawlaýjylaryò ýüze çykaran ýatagyndaky önümli gatlagyò parametrleri kesgitlener.

Bagaja Lebabyò geljegine uly umyt bildirilýän gaz kondensatly ýataklarynyò biridir. Kanadanyò «Termo Dizaýn inžiniring» kompaniýasy tarapyndan dolulygyna gurlup ulanmaga berlen gazy gaýtadan iºleýän kuwwatly we döwrebap toplum Bagajanyò çig mal resurslarynyò hasabyna iºleýär. Öndürilýän önüm—suwuklandyrylan gaz, esasan, eksporta ugradylýar, gaz kondensaty bolsa Seýdiniò nebiti gaýtadan iºleýän zawodyna iberilýär, bu ýerde ºondan dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän ýokary hilli, dury nebit önümleri taýýarlanylýar.
Häzirki wagtda Bagajada synag iºlerinden we senagat taýdan iºläp taýýarlamalardan baºga-da, gözleg-agtaryº iºleri intensiw ýagdaýda ýaýbaòlandyryldy, ºol iºler uglewodorodlaryò täze we önümli ýataklarynyò ýüze çykarylmagyna we degiºlilikde, nebitgaz pudagynyò çig mal binýadynyò pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Mälim bolºy ýaly, ºu wezipe ýurdumyzyò ýangyç-energetika toplumynda ileri tutulýan ugurlaryò biri bolup durýar, ºol wezipäniò üstünlikli çözülmegi uglewodorod ýangyjynyò çykarylýan we gaýtadan iºlenilýän möçberleriniò köpeldilmegine, dürli görnüºdäki nebithimiýa önümleriniò önümçiliginiò artdyrylmagyna ýardam berer.

Amyderýanyò sag kenarynda-da gözleg-agtaryº iºleri güýçli depginler bilen alnyp barylýar, çünki Lebap welaýatynda nebitiò we gazyò çykarylyºyny ösdürmegiò perspektiwalary hut ºu ýerler bilen baglydyr. Häzirki güne çenli Amyderýanyò sag kenaryndaky ýataklarda bar bolan «mawy ýangyjyò» gorlarynyò umumy möçberi takmynan 1,3 trillion kub metre barabar diýlip baha berilýär. Geçen ýylyò tomsunda hut ºu ýerde Türkmenistan—Hytaý gaz geçirijisiniò gurluºygyna giriºilmegi-de ýöne ýerden däldir, bu gaz geçirijisi Bagtyýarlyk ºertnamalaýyn ýere degiºli bolan Samandepe ýatagyndan gözbaº alyp gaýdýar. Dört döwletiò, ºol sanda Özbegistanyò we Gazagystanyò çäklerinden çekilip, eksporta iberilýän täze ýangyç geçiriji desgany XXI asyryò iri halkara taslamasy diýip atlandyrýarlar. Onuò umumy uzynlygy 7 müò kilometre, «mawy ýangyjy» geçirijilik ukyby 30 milliard kub metre barabar bolar.
Lebabyò ýerasty gatlaklary diòe bir gaza däl, eýsem nebite hem baýdyr. Ýaºyldepe käni munuò aýdyò mysalydyr. Lebaply nebitçiler bu ýerde üç ýyldan gowrak wagt mundan ozal «gara altyn» çykaryp baºladylar we ºu döwürde ýer astyndan 1,5 million tonnadan gowrak uglewodorod çig malyny çykardylar. Gysga möhletlerde tehnologik desgalaryò tutuº toplumy — nebit arassalaýjy desgalar, rezerwuarlar, nebit ýygnaýjy nokat guruldy, guýular abadanlaºdyryldy, uzynlygy 80 kilometrden gowrak bolan Ýaºyldepe—Pelwert nebit geçirijisi çekildi. Bu nebit geçirijisi arkaly Amyderýanyò çep kenaryna çig mal ugradylýar, soòra ol bu ýerdäki nebit guýulýan terminaldan Seýdiniò nebiti gaýtadan iºleýän zawodyna daºalýar.

ªu ýylyò baºynda Lebap welaýatyna iº sapary wagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaºyldepäniò nebitgaz çykarylýan ýataklarynda bolup gördi we pudagyò zähmetkeºleriniò öòünde iò ýakyn wagtlarda bu ýerde çykarylýan nebitiò bir gije-gündizdäki möçberini 2 müò tonna çenli ýetirmek barada wezipe goýdy. Döwlet Baºtutanynyò nygtaýºy ýaly, häzirki wagtda bütin dünýäde iò bir geçginli haryda öwrülen «gara altyn» türkmen halkynyò esasy baýlyklarynyò biridir. Ol her bir türkmen maºgalasyna abadançylyk getirýär.
Gözleg-agtaryº we ulanyº buraw iºleriniò möçberlerini artdyrmak bilen ýurdumyzyò ýangyç-energetika toplumynyò bölümleri ýangyjyò çykarylyºyny yzygiderli köpeldýärler. Mysal üçin, golaýda «Türkmennebit» döwlet konserniniò buýurmasy boýunça «Türkmengaz» döwlet konserniniò Ojakdaky buraw iºleri müdirliginiò önümçilik brigadalary Ýaºyldepede 019 belgili guýyny burawlamak iºlerini tamamladylar. Onuò taslama çuòlugy 3100 metrdir. Bu guýy synagdan geçirilende, nebitiò 50 tonna golaý debitli akymy alyndy. Barlag iºleri tamamlanandan soò, guýy nebit çykaryjylara ulanmak üçin berler.

Tutuºlygyna alanyòda, ýurdumyzyò ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiò netijeli strategiýasyny yzygiderli durmuºa geçirmek arkaly eýýäm ýakyn günlerde Bagajanyò, Ýaºyldepäniò örän baý uglewodorod gorlary, Lebabyò beýleki nebitgazly känleri halkyò abadançylygyna hyzmat etmäge gönükdiriler. Bu bolsa Garaºsyz, baky Bitarap Türkmenistanyò abadançylygynyò we gülläp ösüºiniò kepili bolar.
 
 
  • Türkmenistanyò prezidenti ýangyç-energetika toplumynyò ýolbaºçylary bilen m ...
  • Birža täzelikleri
  • Türkmenistanyò we Russiýanyò gatnaºyklarynyò taryhynda täze sahypa açyldy
  • Türkmenistanyò Prezidenti «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniò direktorlar ...
  • Türkmen suw gurluºykçylary üçin täze kuwwatly tehnikalar
  •  
     
     açmak