| |
Türkmen paýtagtynda tomus paslynda täze binalary ulanmaga bermek dabaralary dowam edýär. Bu gün täze çagalar baglarynyò bir bada ikisi ulanmaga berildi hem-de aºgabatly maºgalalaryò ýene 102-si kaºaò 12 gatly ýaºaýyº jaýlarynyò ikisinde täze jaý toýlaryny tutdular.
Türkmenistanyò Döwlet gümrük gullugynyò buýurmasy boýunça Türkiýäniò «Efor» firmasy tarapyndan gurlan çagalar bagy «Güneº» diýlip atlandyrylýar. Bahasy ABª-nyò 4 million dollaryna golaýlaýan bu özboluºly iki gatly toplum Garaºsyzlyk ºaýolunyò ugrunda guruldy. Arhitektorlar we taslama düzüjiler çagalaryò 160-synyò özlerini oòaýly duýmagy üçin ähli amatlyklary göz öòünde tutupdyrlar. Okuw geçmek üçin giò we ýagty jaýlar, ýatylýan ýerler, daºary ýurt dillerini we kompýuter boýunça baºlangyç bilimleri bermek üçin niýetlenen döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen okuw klaslary körpeleriò ygtyýaryndadyr. ªonda ähli enjamlar çagalaryò ýaº aýratynlyklary göz öòünde tutulyp goýlupdyr. Täze çagalar bagynda üsti açyk basseýnleriò ikisi we gyºky basseýn, ähli zerur esbaplar bilen üpjün edilen sport zaly bar, ºeýle hem çagalaryò oýnamagy üçin niýetlenen, islendik howada dynç almaga mümkinçilik berýän, tebigy ýagdaýda ýagtylandyrylýan we howasyny üýtgedip bolýan, üsti ýapyk meýdança hem-de milli we beýleki saz gurallarynyò toplumy goýlan aýdym-saz zallary bar. Baýramçylyklar we dabaralar geçirilýän günlerde çagalar we olaryò myhmanlary 300 adamlyk uly aktlar zalynda ýygnanarlar.
Dizaýnerleriò hem çagalar barada alada edendigi görünýär, olar çagalar bagynyò howlusyny bezemekde Türkmenistanyò haýwanat dünýäsine degiºli jandarlaryò ºekillerini ulanypdyrlar. Binanyò öò tarapynda suw çüwdürimleriniò ikisi bar, olar damjalaýyn usulda suwarýan ulgam bilen birlikde, bu ýerde ýakymly howany döredýär. Simmetrik ýagdaýda ýerleºdirilen we üstüne gyzyl çerepisa örtülen pawilonlaryò sekizisini binagärlik toplumynyò dizaýnyndaky ajaýyp detal hökmünde görkezmek bolar.
Türkmenistanyò Maliýe ministrliginiò buýurmasy boýunça Türkiýäniò «Alp-San» firmasy tarapyndan gurlan çagalar bagynda-da ºunuò ýaly ajaýyp ºertler döredilipdir. 160 çaga üçin niýetlenen bu haýran galdyryjy ºäherjik Bitarap Türkmenistan ºaýolunyò ugrunda guruldy. Çagalar üçin goýlan ýörite trenažýorlar onuò esasy aýratynlyklarynyò biridir. Türkmen, rus we iòlis dillerini, kompýuteri öwrenmek üçin okuw otaglary enjamlar bilen doly üpjün edilipdir. Hasap boýunça ol soòky bir ýarym ýylda Aºgabatda açylan mekdebe çenli ýaºdaky çagalar edarasynyò altynjysydyr.
ªol bir wagtyò özünde bu ýerde, Bitarap Türkmenistan ºaýolunyò ugrunda Türkiýäniò «Sehil» kompaniýasy tarapyndan gurlan we ähli amatlyklary bolan ýaºaýyº jaýlarynyò ikisinde täze jaý toýlary tutuldy. ªol jaýlaryò biri, ýagny bahasy ABª-nyò 8,5 million dollaryna barabar bolan 48 öýli belent ýaºaýyº jaýy Türkmenistanyò Döwlet salgyt gullugynyò buýurmasy boýunça guruldy. Bu ýere göçüp gelenler, esasan, üç we dört otagly öýleriò eýeleri boldular. Bu jaýyò ýanynda Türkmenistanyò Maliýe ministrliginiò buýurmasy boýunça gurlan ýene bir belent bina 54 maºgala göçüp geldi. Bu desganyò bahasy ABª-nyò 9 million dollaryndan gowrakdyr.
Ýeri gelende aýtsak, täze ýaºaýyº jaýlaryndaky kwartiralar durmuºda ulanylýan döwrebap tehnika: geýim-gejim we gap-gaç ýuwulýan maºynlar, sowadyjy enjamlar bilen üpjün edilipdir. Aºhanalarda we dalanlarda mebelleriò toplumlary bar.
ªu gün ulanmaga berlen binalaryò ählisinde durmuºda zerur zatlar bilen özbaºdak üpjün edýän ulgamlaryò bardygyny hem aýtmak gerek. |
|