русский english Baº sahypa etmek Saýlananlara goºmak
«Türkmenistan: altyn asyr» » Hyzmatdaºlyk » Türkmenistanyò we Russiýanyò halklarynyò bähbitleri ugrundaky özara peýdaly hyzmatdaºlygy ösdürmek bilen
Saýtyò nawigasiýasy
ªu gün baº tema
Resmi habarlar
Teswirlemeler
Hyzmatdaºlyk
Ykdysadyýet
Jemgyýet we Saglyk
Medeniýet we Miras
Ylym we Bilim
Sport we Syyahatcylyk
Giòeldilen gözleg
Kalendar
«    èþíÿ 2008    »
BgÝgHgSgAnRgDg
 
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
 
Gindeò ýaýran makalalar
Täzelikler arhiwi
Gorkut 2008 (9)
Oguz 2008 (22)
Garaºsyzlyk 2007 (49)
Hyzmatdaºlyk : Türkmenistanyò we Russiýanyò halklarynyò bähbitleri ugrundaky özara peýdaly hyzmatdaºlygy ösdürmek bilen
 
Düýn paýtagtymyzyò «Prezident» myhmanhanasynda tegelek stoluò baºynda «Türkmen-rus hyzmatdaºlygynyò geljekki ugurlary» diýen mesele boýunça duºuºyk geçirildi, oòa Russiýa Federasiýasynyò iºewür toparlarynyò Türkmenistana gelen delegasiýasy gatnaºdy. Iki ýurduò Söwda-senagat edaralarynyò baºlangyjy boýunça guralan bu foruma Russiýanyò maýa goýumlar we konsalting baradaky iri kompaniýalarynyò, paýdarlar jemgyýetleriniò we kärhanalarynyò ýolbaºçylary hem-de esasy hünärmenleri, ºeýle hem Türkmenistanyò birnäçe ministrlikleriniò, pudaklaýyn edaralarynyò, ºol sanda ýurduò Strategik meýilnamalaºdyryº we ykdysady ösüº institutynyò hem-de Senagatçylaryò we telekeçileriò birleºiginiò wekilleri gatnaºdylar.

Russiýanyò delegasiýasynyò baºtutany — Russiýa Federasiýasynyò Prezidentiniò Administrasiýasynyò ýolbaºçysynyò kömekçisi Leonid Potapow giriº sözünde Russiýanyò iºewür dünýäsini ägirt uly ykdysady we energetiki potensiala eýe bolup durýan ýurt hökmünde Türkmenistanyò mümkinçilikleri bilen tanyºdyrmak bilen baglylykda, ºu duºuºygyò uly ähmiýete eýedigini belledi. ªeýle hem bu ýerde aragatnaºyk, ulag we kommunikasiýalar ulgamy, söwda, bank-maliýe we maýa goýumlar boýunça hyzmatlar ýaly dürli pudaklarda hem-de beýleki birnäçe ugurlarda hyzmatdaºlyk etmek üçin oòaýly mümkinçilikleriniò döreýändigi bellenildi.

Myhman Russiýanyò biznes toparlarynyò Türkmenistan bilen özara peýdaly we ysnyºykly gatnaºyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy. «Gazprom», «Lukoýl», «Stroýtransgaz», «Silowyýe maºiny» açyk paýdarlar jemgyýetleri, «INTER RAO ÝEES», «ÝAROWIT ENERGO» ýapyk paýdarlar jemgyýetleri, ºeýle hem «Megafon» açyk paýdarlar jemgyýeti, «Metally Wostoçnoý Sibiri» korporasiýasy, «Ýermakowskiý gorno-metallurgiçeskiý kombinat» atly jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetler, «Uralskiý optiko-mehaniçeskiý zawod» önümçilik birleºigi ýaly öòden bäri gatnaºyk edýän we potensial hyzmatdaºlaryò geljegine uly umyt baglaýan türkmen bazaryna içgin gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

Russiýa Federasiýasynyò Adatdan daºary we Doly ygtyýarly ilçisi Igor Blatow öz çykyºynda ºu forumyò iki ýurduò arasyndaky gatnaºyklaryò häzirki zaman taryhyndaky möhüm wakalaryò ikisiniò—Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyò Tatarystan Respublikasyna saparynyò hem-de Russiýa Federasiýasynyò Prezidenti Dmitriý Medwedewiò Türkmenistana saparynyò öòüsyrasynda bolup geçmeginiò simwoliki häsiýete eýedigini belledi. Häzirki wagtda döwletara gepleºigi örän iºeòòirleºdirildi hem-de prinsipial taýdan täze tapgyra geçdi, muòa Türkmenistanyò we Russiýanyò liderleriniò ºahsy gatnaºyklary degerli ýardam berdi diýip, diplomat nygtady. Iki döwletiò arasyndaky daºary söwda dolanyºygynyò onlarça esse artmagy hem-de iki tarapyò hem konstruktiw hyzmatdaºlygyò potensialyndan has doly peýdalanmak maksady bilen, gatnaºyklary ösdürmäge çalyºmagy taraplaryò netijeli iºewür gatnaºyklary giòeltmegi niýet edinýändigine güwä geçýär.

Pikir alyºmagyò barºynda Russiýanyò wekilleri hyzmatdaºlygyò dürli ugurlaryna degiºli teklipleri bilen tanyºdyryp, türkmen bazarynyò örän perspektiwalydygyny we ºonda maýa goýumlary babatda örän oòaýly ýagdaýyò döredilmeginiò möhüm faktory bolup durýandygyny bellediler. Russiýaly biznesmenleriò pikirine görä, ýangyç-energetika sektory, senagat, ulag ulgamy, oba hojalygy, saglygy goraýyº, bilim, syýahatçylyk we sanatoriý-kurort dynç alºy we beýleki ugurlar boýunça amala aºyrylýan reformalar, milli maksatnamalar we uly möçberli taslamalar ysnyºykly hyzmatdaºlygy ýola goýmak üçin örän oòaýly ºertleri döredýär.

«Tegelek stola» gatnaºyjylara Türkmenistan we onuò ykdysady potensialy barada gürrüò berýän wideofilm görkezildi.

Çärä gatnaºyjylar «Tegelek stoluò» baºyndaky ºunuò ýaly duºuºyklary geçirip durmagyò zerurdygyny bellediler. Ol özara bähbitli türkmen-rus hyzmatdaºlygyny iºjeòleºdirmäge we bilelikdäki täze taslamalary iºläp düzmäge ýardam eder.

***


Düýn Russiýanyò delegasiýasynyò agzalary özleriniò Aºgabatda bolmagynyò çäklerinde Gypjaga baryp, Türkmenistanyò ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ýadygärligini hatyraladylar we Ruhy metjide baryp gördüler. ªeýle hem myhmanlar paýtagtymyzyò we onuò etekleriniò gözel ýerleri bilen tanyºdylar.

Russiýa Federasiýasynyò iºewürler toparynyò wekilleri Türkmenistanyò ministrlikleriniò we pudaklaýyn dolandyryº edaralarynyò birnäçesinde, ºol sanda söwda we ykdysady gatnaºyklar, energetika we senagat, gurluºyk, awtomobil ulaglary, aragatnaºyk, suw hojalyk, saglygy goraýyº we derman senagaty ministrliklerinde, Merkezi bankda we beýlekilerde duºuºyklaryò we gepleºikleriò birnäçesini geçirerler. Saparyò çäklerinde Russiýanyò delegasiýasynyò Türkmenistanyò nebitgaz toplumynyò ýolbaºçylary bilen duºuºygy hem göz öòünde tutulýar.
 
 
  • Kazandaky hökümetara gepleºikler
  • Türkmenistanyò Prezidenti «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniò direktorlar ...
  • Türkmenistanyò we Russiýa Federasiýasynyò Prezidentleriniò telefon arkaly s ...
  • Rus kinosynyò hepdeligi açyldy
  • Türkmenistan: dostluk we ynanyºmak köprüleri
  •  
     
     açmak