русский english Baº sahypa etmek Saýlananlara goºmak
«Türkmenistan: altyn asyr» » Resmi habarlar » Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyò we Tatarystanyò Prezidenti Mintimer ªaýmiýewiò arasyndaky gepleºikler
Saýtyò nawigasiýasy
ªu gün baº tema
Resmi habarlar
Teswirlemeler
Hyzmatdaºlyk
Ykdysadyýet
Jemgyýet we Saglyk
Medeniýet we Miras
Ylym we Bilim
Sport we Syyahatcylyk
Giòeldilen gözleg
Kalendar
«    èþíÿ 2008    »
BgÝgHgSgAnRgDg
 
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
 
Gindeò ýaýran makalalar
Täzelikler arhiwi
Gorkut 2008 (9)
Oguz 2008 (22)
Garaºsyzlyk 2007 (49)
Resmi habarlar : Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyò we Tatarystanyò Prezidenti Mintimer ªaýmiýewiò arasyndaky gepleºikler
 
Oguz aýynyò 28-ine Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük sapar bilen Russiýa Federasiýasynyò Tatarystan Respublikasyna ugrady. Aºgabadyò Halkara aeroportunda döwlet Baºtutanyny ýurdumyzyò Mejlisiniò ýolbaºçylary, hökümetiniò agzalary ugratdylar.

Hormatly Prezidentimiziò awialaýneri üç sagatdan Tatarystanyò paýtagtynyò howa menziline gondy. Türkmenistanyò, Russiýa Federasiýasynyò we Tatarystan Respublikasynyò döwlet baýdaklary bilen bezelen Kazanyò halkara aeroportunda türkmen Liderini Tatarystanyò Prezidenti Mintimer ªaýmiýew we respublikanyò Premýer-ministri Rustam Minnihanow, Tatarystanyò hökümetiniò agzalary mähirli mübäreklediler.

Milli lybasdaky ýigit bilen gyz belent mertebeli türkmen myhmanyna däp boýunça duz-çörek hödür etdiler we gül desselerini gowºurdylar. Tatarystan Respublikasynyò ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli mübärekleýärler. Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Mintimer ªaýmiýew bilelikde ýaºlaryò ýanyna barýarlar, olaryò haýsy okuw jaýlarynda we haýsy hünärler boýunça bilim alýandyklary, ºeýle hem olaryò ýaºaýyº-durmuº ºertleri bilen gyzyklanýarlar. Türkmenistanyò we Tatarystanyò Liderleri gysgajyk söhbetdeºlikden soò, talyplara bilim dünýäsinde üstünlikler, tutanýerlilik arzuw edýärler.
Gurbanguly Berdimuhamedow we Mintimer ªaýmiýew haly ýodajyk bilen özlerine garaºyp duran awtomobile tarap ýönelýärler. Prezidentiò awtomobil kerweni Tatarystan Respublikasynyò Prezidentiniò Myhmanlar öýüne barýar.

Ýerleºenden, az wagtlyk dynç alyºdan, gysga wagtlyk söhbetdeºlikden soò, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Mintimer ªaýmiýew bilelikde ºäheriò taryhy böleginde, Kazanyò merkezinde ýerleºen Kazan Kremline tarap ýola düºdüler. Tatarystanyò paýtagty türkmen Liderini uly mähir we ºatlyk bilen garºylaýar. Bütin ýoluò dowamynda beýik flagºtoklarda mizemez dostlugyò simwoly bolan Türkmenistanyò, Russiýa Federasiýasynyò we Tatarystan Respublikasynyò Döwlet baýdaklary pasyrdaýar.

Prezidentimiziò awtomobil kerweni Kazan Kremliniò territoriýasyna girýär, ºol ýerde Tatarystan Respublikasynyò Prezidentiniò kabulhanasy ýerleºýär. Mintimer ªaýmiýew Türkmenistanyò Prezidentini Kamin zalyna geçmäge çagyrýar. Ol ýerde ikiçäk gepleºikler geçirildi.

Mintimer ªaýmiýew Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy ýene bir gezek mähirli we tüýs ýürekden mübärekläp, bu sapara hyzmatdaºlygy berkitmegiò, giòeltmegiò ýolundaky täze ädim hökmünde baha berýärler, Tatarystan bolsa Türkmenistany diòe bir geljegi uly partnýor hökmünde görmän, eýsem özüniò hoºniýetli dosty hasaplaýar diýip belledi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli duºuºyk we myhmansöýerlik üçin Tatarystanyò baºtutanyna minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasy bilen giò konstruktiw gepleºikleri ösdürmek bilen Türkmenistan geljekde-de iri sebitler bilen göni we ynamly gatnaºyklary ösdürmegi niýet edinýär diýip nygtady. ªu jähtden Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyò arasyndaky gatnaºyklar özara peýdaly hyzmatdaºlygyò görelde alarlyk aýdyò mysalydyr, onuò esasynda bolsa hyzmatdaºlygyò üstünlikli iº arkaly toplanan tejribesi, saldamly potensialy, ºeýle hem türkmen we tatar halklarynyò taryhy gatnaºyklary, medeni we ruhy däpleriò umumylygy ýatyr diýip, türkmen Lideri nygtady. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Mintimer ªaýmiýewi Türkmenistana sapar bilen gelip görmäge çagyrdy. Bu çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi.

Türkmenistan bilen Tatarystanyò baºtutanlarynyò arasynda dostlukly, ynanyºmak ýagdaýynda geçirilen gepleºikleriò barºynda ikitaraplaýyn hyzmatdaºlygyò geljegi we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaºyldy. Onda söwda-ykdysady we senagat sferasynda, ýangyç-energetika sektorynda, oba hojalygynda ileri tutulýan ugurlar bellenildi. Söhbetdeºler däp bolan gumanitar gatnaºyklary berkitmäge, ilkinji nobatda bolsa ylym, bilim babatda, ºeýle hem medeniýet we sungat iºgärleriniò arasyndaky netijeli gatnaºyklary ösdürmäge aýratyn üns berdiler.

Soòra gepleºikler Türkmenistanyò we Tatarystanyò hökümet delegasiýalarynyò agzalarynyò gatnaºmagynda giòeldilen düzümde dowam etdirildi.

Mintimer ªaýmiýew Tatarystan Respublikasyna sapara çakylygy kabul edenligi üçin belent mertebeli myhmana—Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirip, türkmen delegasiýasynyò ähli agzalaryny Tatarystanyò topragynda tüýs ýürekden mübärekledi. Tatarystanyò Lideriniò belleýºi ýaly, Türkmenistandan gelen ºeýle wekilçilikli delegasiýanyò saparyna bu ýerde hakyky dostlugyò we tutuº tatar halkyna bolan hormatyò nyºany hökmünde garalýar. Mintimer ªaýmiýew ösüºiò täze depginini we täze tapgyryny beren bu duºuºyk biziò gatnaºyklarymyzyò taryhynda möhüm waka boldy diýip belledi.

Tatarystan Respublikasynyò baºtutany ikitaraplaýyn hyzmatdaºlygyò kuwwatly potensialyny, ozaly bilen Türkmenistanyò we Tatarystanyò ýolbaºçylarynyò we halklarynyò görkezýän hoºniýetli erkini nazara almak bilen doly üstünligine ynanýaryn diýip aýtdy. Muòa iki ýurduò ykdysadyýetiniò çalymdaºdygy ýardam eder, ºonda ýangyç-energetika toplumy möhüm sektorlaryò biridir.

Häzirki zaman Türkmenistanyny, bütin dünýäde ýurduò düýpli abadançylygyna, sosial-ykdysady we medeni ösüºine, dünýä ulgamyna ynamly integrasiýasyny utgaºdyrmaga ugur alan «açyk gapylar» we progressiw reformalar syýasatyny ýöredýän milli Lideri bilen tanaýarlar. Bu syýasat biziò partnýorçylygymyzyò bellenilen depgin bilen çalt ösdüriljekdigine güwä geçýän kepilnamadyr diýip, Tatarystanyò baºtutany belledi. ªeýle hem Mintimer ªaýmiýew Türkmenistanyò Prezidentiniò sözüniò iº bilen hiç haçan aýra çykmaýandygy we onuò her bir baºlangyjynyò anyk hereketlere giriºýändigi baradaky fakta Tatarystanda örän ýokary baha berilýär diýip aýtdy. ªunuò ýaly jogapkärçilikli pozisiýa türkmen Liderine we tutuº ýurda bolan ählumumy hormaty we ýokary halkara abraýyny getirýär.

Türkmenistanyò we Tatarystan Respublikasynyò halklary ruhy we dil umumylyklary taryhy taýdan bir bolan doganlyk halklardyr diýip, Mintimer ªaýmiýew aýtdy. Edil türkmen halky ýaly, Tatarystanyò halky hem özüniò ruhy köklerine ygrarlydyr we Magtymguly Pyragynyò döredijiligine — Gündogaryò dürdänesi hasaplanylýan edebi-filosofiki mirasyna ýokary hormat goýýar. ªu ýyl Türkmenistanda bu beýik ºahyryò we akyldaryò doglan gününiò 275 ýyllygy giòden bellenilýär. Kazanda bu ºanly sene mynasybetli we Pyragynyò öçmez-ýitmez döredijiligine bagyºlanylan ylmy-praktiki konferensiýa geçirildi. Häzirki döwürde biz türkmen halkynyò görnükli oglunyò, Gündogaryò we bütin dünýäniò beýik ºahyrynyò ýadygärligini Tatarystanda ebedileºdirmek baradaky meseläni çözýäris diýip, Mintimer ªaýmiýew aýtdy.

Soòra Tatarystanyò baºtutany hyzmatdaºlygyò birnäçe ugurlarynyò üstünde durup geçmek bilen, olaryò ösdürilmegine, hususan-da, gumanitar sferadaky partnýorçylygy berkitmegiò meselelerine aýratyn üns berilýändigini aýtdy. Mintimer ªaýmiýew Tatarystan Respublikasynyò ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplarynyò sanynyò has-da artdyrylmagyna Tatarystanyò meýil bildirýändigini aýtdy. Biz ýaº türkmenistanlylaryò özlerini öýlerinde ýaly duýmaklary üçin ähli zerur ºertleri dörederis diýip, Tatarystanyò Lideri belledi. ªeýle hem ol ylym sferasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaºlyk üçin giò perspektiwalar we mümkinçilikler açylýar diýip belledi. Bu hyzmatdaºlyk häzirki döwrüò ruhuna gabat gelýär diýip, Mintimer ªaýmiýew aýtdy we türkmen Lideriniò bu meselä örän uly üns berýändiginiò özüne mälimdigini belledi. Tatarystan Respublikasynyò Prezidenti Türkmenistan bilen köptaraplaýyn gatnaºyklaryò giòeldilmegine taýýardygyny ýene-de bir gezek nygtap, sözi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Mintimer ªaýmiýewe Tatarystan Respublikasyna sapar bilen gelmäge çakylygy we myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirip, Tatarystanyò dostlukly halkyna parahatçylygy, abadançylygy we gülläp ösüºi arzuw etdi. Türkmenistanyò Baºtutany sözüni dowam etmek bilen, 2013-nji ýylda Bütindünýä tomusky uniwersiadanyò boljak ýeriniò Kazan bolandygy baradaky ýeòiº bilen gutlady we bu uly sport forumynyò üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaºlygyò meselelerine geçmek bilen, Türkmenistanyò we Russiýa Federasiýasynyò arasyndaky ýola goýlan partnýorçylygyò, ºu jähtde Tatarystan bilen söwda-ykdysady we medeni gatnaºyklaryò netijeli iºjeòligini, ýokary ösüºini aýratyn kanagatlanmak bilen nygtady. Türkmen Lideriniò belleýºi ýaly, bu babatda Tatarystan Respublikasynyò Prezidenti Mintimer ªaýmiýewiò uly tagallasy bardyr. Ol iki dostlukly halklaryò arasyndaky gatnaºyklaryò ösdürilmegine we çuòlaºdyrylmagyna gönüden-göni üns berýär. Muòa ýokary derejeli delegasiýalaryò yzygiderli alºylmagy we ikitaraplaýyn gepleºikleriò pozitiw netijeleri ºaýatlyk edýär. 2007-nji ýylyò Magtymguly we 2008-nji ýylyò Türkmenbaºy aýlarynda Tatarystan Respublikasynyò premýer-ministri Rustam Minnihanowyò ýolbaºçylygyndaky hökümet delegasiýasy Türkmenistanda saparda boldy. «KAMAZ» we «Tatneft» ýaly iri kompaniýalar bilen hyzmatdaºlyk boýunça geçirilen möhüm gepleºikleriò gazananlary durmuºa geçirilip baºlanyldy.

Türkmenistanda baºy baºlanan, öòi bilen ykdysadyýeti diwersifikasiýalaºdyrmaga, täze düºewüntli pudaklary döretmäge, ýokary hilli we eksporta niýetlenen önümleriò toparyny öndürmäge gönükdirilen reformalar özara bähbitli partnýorçylyk üçin örän giò mümkinçilikleri açýar, onuò uly we köp taraply potensialy bolsa hiç bir adamda ikirjiòleme döretmeýär diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi. ªu jähtden döwlet Baºtutanymyz nebit çykarmak we ony gaýtadan iºlemek sferasynda, nebithimiýa industriýasynda, ºeýle hem maºyn gurluºygynda özara gatnaºyklaryò geljegini aýratyn belläp, Kazan motorgurluºyk önümçilik birleºigi, Kazanyò dikuçar we gämi gurluºygy zawody, «Nižnekamskºina» birleºigi we respublikanyò beýleki iri kärhanalary bilen hyzmatdaºlyk etmäge Türkmenistanyò gyzyklanýandygyny nygtady.

Agrar, azyk we gaýtadan iºlemek senagaty hem geljegi bolan, netijeli özara hyzmatdaºlygyò ugurlary hasaplanýar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyò belleýºi ýaly, oba hojalyk pudagynda türkmen tarapy ikitaraplaýyn formatda, ºeýle hem Türkmenistanyò we Tatarystanyò gatnaºmagynda köptaraplaýyn hyzmatdaºlyk etmäge taýýardyr. Hususan-da, azyk senagaty toplumy sferasynda partnýorçylygy giòeltmek üçin ýene bir mümkinçilik, ol hem Tatarystanyò GDA ýurtlarynyò oba hojalyk önümlerini öndürijileriò 2009-njy ýylda Aºgabatda geçiriljek forumyna gatnaºmak mümkinçiligidir. Bu teklip arkalaºyga girýän döwletleriò baºtutanlarynyò Sankt-Peterburgda ýakynda geçirilen sammitinde türkmen tarapyndan orta atylypdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda ýaýbaòlanan özgertmeleri häsiýetlendirip, olaryò esasy maksady halkyò maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdan, adamlaryò netijeli zähmeti we mynasyp durmuºy üçin ähli zerur ºertleri döretmekden ybaratdyr diýip nygtady. ªunuò bilen baglylykda Hazaryò ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda halkara derejesindäki ºypahana bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyò döredilmegini Türkmenistanyò Prezidenti möhüm ykdysady we ºunuò bilen birlikde sosial ähmiýeti bolan taslamalaryò biri diýip atlandyrdy. Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystandan bolan partnýorlary bu täsin taslamany durmuºa geçirmäge gatnaºyjylara goºulmaga çagyrdy, olaryò hatarynda bolsa eýýäm meºhur daºary ýurt firmalarynyò we kompaniýalarynyò elliden gowragy bar.

Elbetde, bilim we ylym sferasy, ºeýle hem saglygy goraýyº ikitaraplaýyn hyzmatdaºlygyò ileri tutulýan ugurlarynyò biridir we ºeýle bolmagynda galýar. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyò ýaº, ýokary hünärli kadrlary taýýarlamaga ilkinji nobatda ähmiýet berýändigini nygtap, Tatarystandan bolan partnýorlara bu meseläni çözmekde ýardam edýändikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Mysal üçin, hususan-da, türkmen talyplary eýýäm Almetýewiò nebit institutynda bilim alýarlar. ªunuò bilen baglylykda Türkmenistanyò baºtutany tatar tarapyna, mümkinçilige görä, respublikanyò ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyò sanyny artdyrmak baradaky meselä garamak haýyºy bilen ýüz tutdy.
Türkmen Lideri ylym ýaly möhüm sferada özara gatnaºyklary artdyrmagyò geljegi hakynda söz açyp, Türkmenistanyò we Tatarystanyò uniwersitetleriniò arasyndaky ýakyn gatnaºyklary ýola goýmak baradaky pikiri aýtdy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyò ylmy iºgärleriniò Aºgabatda geçirilýän halkara forumlara we konferensiýalara yzygiderli gatnaºýandygyny kanagatlanmak bilen belläp, alymlara bilelikdäki barlag taslamalaryny durmuºa geçirmegiò üstünde iºlemegi teklip etdi. Bu taslamalar ýokary tehnologiýalar, energiýany tygºytlamak we dikeldilýän energiýa çeºmelerini peýdalanmak babatda amaly iºläp taýýarlamalar we beýleki ugurlary gurºap alyp biler. Taryhy-arheologiki ugurlar hem örän möhümdir. ªunda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyò we Tatarystanyò halklarynyò arasynda öòden bäri dowam edip gelýän medeni aragatnaºyklary hem-de hoºniýetli dostluk, özara düºüniºmek däplerini pugtalandyrmagyò möhüm ähmiýetini belledi.

Türkmen Lideri öz çykyºynyò ahyrynda Prezident Mintimer ªaýmiýewe we doganlyk Tatarystanyò ähli halkyna iò gowy arzuwlaryny aýtdy.

Gepleºikleriò barºynda taraplar ileri tutulýan ugurlarda strategiki özara gatnaºyklary iºjeòleºdirmek boýunça ädimleri jikme-jik ara alyp maslahatlaºdylar. Türkmenistanda Ylymlar akademiýasynyò dikeldilmegi we ýurtda ykdysady modernizasiýa boýunça, hususan-da, senagat sektorynda durmuºa geçirilýän maksatnamalary hasaba almak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyò innowasion tehnologiýalary iºläp taýýarlamak sferasynda hyzmatdaºlyga taýýardygyny aýtdy. Mintimer ªaýmiýew Tatarystanyò Türkmenistana maºyn gurluºygy, ºol sanda awiasiýa senagaty boýunça öz potensialyny we tejribesini hödürlemäge taýýardygyny belledi. ªol bir wagtyò özünde Tatarystanyò soòky ýyllarda döredilen ýokary tehnologik önümçilik infrastrukturasynyò bu pudak boýunça dünýäde öòdebaryjy pozisiýalary ynamly eýeleýän Türkmenistanyò dokma senagatynyò önümlerine uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

ªeýle hem türkmen-rus hökümetara komissiýasynyò çäklerinde ýakyn özara gatnaºyklaryò zerurlygy bellenildi, oòa bolsa rus tarapyndan Russiýa Federasiýasynyò Hökümetiniò birinji wise-premýeri Wiktor Zubkow ýolbaºçylyk etdi. Eýýäm ºu ýyl komissiýanyò iºiniò çäklerinde Türkmenistan bilen Tatarystanyò arasyndaky hyzmatdaºlyk boýunça toparlaryò duºuºyklary boldy.

Tatarystanyò Türkmenistanda özüniò wekilhanasyny açmakçydygyny aýdyp, Mintimer ªaýmiýew Türkmenistanyò hem Tatarystanda öz wekilhanasyny açmagy barada öz islegini beýan etdi. ªeýle ädimler özara hyzmatdaºlygy çuòlaºdyrmagyò täze mümkinçiliklerini açar diýlip nygtaldy.

Soòra dabaralar zalynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaºlyk hakynda Türkmenistanyò Hökümeti bilen Tatarystan Respublikasynyò Hökümetiniò arasyndaky Ylalaºyga gol çekmek dabarasy boldy. Bu ýere ýygnananlaryò ºowhunly el çarpyºmalary astynda bu möhüm ikitaraplaýyn resminama Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Tatarystan Respublikasynyò Prezidenti Mintimer ªaýmiýew gol çekýärler.

Gol çekmek dabarasy tamamlanandan soò, Türkmenistanyò we Tatarystanyò Liderleri metbugat üçin gysgajyk beýannama bilen çykyº etdiler.

Türkmenistanyò Prezidentini Tatarystan Respublikasynyò paýtagtynda mübärekleýändigine tüýs ýürekden buýsanýandygyny we örän guwanýandygyny belläp, Mintimer ªaýmiýew ºu saparyò ähli tatar halkyna ägirt uly hormatyò nyºany bolup durýandygyny ýene bir gezek belledi. Ol Tatarystan dünýäniò möhüm sebitinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm orun eýeleýän Bitarap Türkmenistanyò syýasatyny doly goldaýar we makullaýar diýip belledi. Türkmenistanyò Merkezi Aziýada eýeleýän esasy orny köp babatda durnuklylygyò dünýä möçberindäki möhüm faktory bolup durýar.

Mintimer ªaýmiýew gepleºikleriò jemlerine geçmek bilen, düýpli pikir alyºmalaryò bolandygyny belledi. Biz iri ylalaºyklary nazara aldyk we biziò halklarymyzyò bähbitlerine geljekde hem ºu ugra eýereris diýip, Tatarystanyò Prezidenti belledi.

Tatarystanyò baºtutany temany dowam etdirmek bilen, iki halkyò arasyndaky gadymdan gelýän ruhy we medeni gatnaºyklaryò mizemezdigini kanagatlanmak bilen belledi, ºol gatnaºyklar täze taryhy eýýamda yzygiderli berkeýär we umumy bähbitlere hyzmat edýär. Arasynda ýangyç-energetika sferasy, ºol sanda nebiti gaýtadan iºlemek we nebithimiýa bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaºlygyò ileri tutulýan ugurlary barada durup geçmek bilen, Mintimer ªaýmiýew halklary ýakynlaºdyrmagyò kesgitleýji faktory bolan gumanitar hyzmatdaºlygyò möhümdigini aýratyn belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow habar beriº seriºdeleriniò wekillerine ýüzlenip, geçirilen gepleºikleriò örän konstruktiw we iºjeò ýagdaýda bolandygyny nygtady, däp bolºy ýaly, gepleºikler ikitaraplaýyn gatnaºyklara mahsus bolan dostluk we özara düºüniºmek ýagdaýynda geçdi. Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyò arasyndaky hyzmatdaºlyk iºjeò ösdürilýär we ähli ugurlar boýunça depgin alýar, biz özara aragatnaºyklarymyza hem-de olaryò ynanyºmak häsiýetine tüýs ýürekden hormat goýýarys diýip, türkmen Lideri aýtdy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gepleºikleriò jemleri barada durup geçip, söwda-ykdysady hyzmatdaºlygy ösdürmegiò, ýangyç-energetika sektorynda hyzmatdaºlyk etmegiò, ºeýle hem medeni-gumanitar gatnaºyklary çuòlaºdyrmagyò meseleleriniò ºol gepleºikleriò gün tertibine girizilendigini belledi.

Türkmenistanyò Prezidentiniò aýdyºy ýaly, taraplar duºuºyklaryò barºynda netijeli özara gatnaºyklary mundan beýläk-de giòeltmek barada hem ylalaºdylar, bu iki tarapyò hem bähbitlerine doly derejede laýyk gelýär. Munuò özi energetika sferasyna we ilkinji nobatda nebiti gaýtadan iºleýän hem-de nebithimiýa industriýasyna degiºlidir. Bu babatda Türkmenistan pudagyò kuwwatlyklaryny artdyrmagy, önümleriò dürli görnüºlerini öndürmäge ugur alan täze önümçilikleri döretmegi esasy wezipeleriò biri hökmünde öz öòünde goýýar. Mälim bolºy ýaly, Türkmenistanda öndürilýän polipropilene, çalgy ýaglaryna, suwuklandyrylan gaza, benziniò ýokary derejedäki oktanly sortuna we dizel ýangyjyna dünýä bazarynda üýtgewsiz ýagdaýda uly isleg bildirilýär. Ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiò 2030-njy ýyla çenli niýetlenilen uzakmöhletli döwlet strategiýasynyò çäklerinde ýurdumyzda pudaklaýyn önümi gaýtadan iºleýän kärhanalaryò gurluºygy, olary döwrebaplaºdyrmak we olaryò durkuny täzelemek dowam etdirilýär, ºunda maýa goýumlarynyò möçberi 1 milliard 600 million amerikan dollaryndan hem geçdi.

Gepleºiklerde telekeçilik düzümleri boýunça hyzmatdaºlyk etmegiò mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaºyldy diýip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi. Türkmenistanda daºary ýurt kompaniýalarynyò iºlemegi üçin örän göwnejaý ºertler, ºol sanda amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi diýip, döwlet Baºtutany belledi. Biz ºeýle hem öz tarapymyzdan daºary ýurtlarda türkmen biznesi üçin mümkinçilikleriò giòeldilmegine gyzyklanýarys. Ahyr netijede munuò özi Türkmenistanyò we Tatarystan Respublikasynyò iki tarapyò iºewür toparlary üçin maliýe-ykdysady taýdan özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga ýardam eder. Mundan baºga hem maºyn gurluºyk sferasynda Tatarystanyò tejribesi Türkmenistan üçin örän özüne çekijidir we peýdalydyr. Bu babatda biz Tatarystana senagat sektoryny düýpli döwrebaplaºdyrmak boýunça öz meýilnamalarymyzy nazara almak bilen çynlakaý partnýor hökmünde garaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Bilim we ylym sferasynda hyzmatdaºlyk etmek, ºunuò bilen baglylykda Türkmenistanyò hem-de Tatarystanyò ylmy merkezleriniò, ýokary okuw mekdepleriniò arasyndaky gatnaºyklary iºjeòleºdirmek hem esasy mesele bolup öòe çykýar, bu babatda bolsa bilelikde iº geçirmek üçin giò mümkinçilikler bardyr. ªunuò bilen birlikde Türkmenistanyò Prezidenti ruhy däpleriò umumylygy bilen ýakyn bolan iki halkyò arasyndaky medeni aragatnaºyklary giòeltmegiò ähmiýetini belledi. Biz arheologiýa, taryh we etnografiýa babatda hyzmatdaºlygyò oòyn tejribesine eýediris, Türkmenistanyò we Tatarystanyò döredijilik toparlary halkara festiwallara we forumlara bilelikde gatnaºýarlar diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we taraplaryò mundan beýläk-de ylym, medeniýet, sungat sferasynda yzygiderli ikitaraplaýyn gatnaºyklary doly derejede goldamaga taýýardygyny tassyklady.

Bir söz bilen aýdylanda, Türkmenistan we Tatarystan söwda-ykdysady babatda hem, gumanitar-medeni sferada hem hyzmatdaºlyk etmegiò uly potensialyna eýedir we häzirki wagtda ony has netijeli durmuºa geçirmegiò ýollary jikme-jik ara alnyp maslahatlaºyldy diýip, türkmen Lideri aýtdy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edendigi, netijeli gepleºikleri geçirmek üçin ajaýyp ºertleriò döredilendigi üçin Tatarystan Respublikasynyò Prezidenti Mintimer ªaýmiýewe ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu gepleºikleriò netijeleri taraplaryò ýene-de has ýakynlaºmagyna, özara peýdaly hyzmatdaºlygy pugtlandyrmaga ýardam eder diýip ynam bildirdi.
Ikitaraplaýyn gepleºikleriò resmi bölegi tamamlanandan soò, Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyò Prezidenti Mintimer ªaýmiýew bilen bilelikde Kazan Kremlini — döwlet taryhy-arhitektura goraghanasy bolan täsin arhitektura toplumyny synlady. Kremlde Tatarystanyò Prezidentiniò kabulhanasy, onuò territoriýasynda bolsa Respublikanyò dürli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryº edaralary ýerleºýär.

2000-nji ýylda UNESKO-nyò Bütindünýä mirasynyò sanawyna girizilen Kazan Kremli iki beýik diniò — yslam we hristian dinleriniò ruhy täsirini özünde jemleýär hem-de tatar we rus arhitektura stilleriniò düýpli sinteziniò özboluºly ýeke-täk nusgasydyr. Tatarystanyò iki mukaddesligi — biri-biriniò garºysynda ýerleºen Blagoweºenskiý Ybadathanasy we Kul-ªarif metjidi munuò aýdyò subutnamasydyr, olar köp milletli halkyò belent ruhunyò, onuò dini ynanyºlara barlyºyklylygynyò we dürli konfessiýalaryò parahatçylykly bolmagyna ygrarlylygynyò simwoly bolup çykyº edýär.

Bu ajaýyp ýerleriò her biriniò öz taryhy bar. Mysal üçin, ymam, din hadymy we ºahyr Kul-ªarifiò hormatyna atlandyrylan meºhur 8 minaraly metjit 1552-nji ýylda doly ýakyp ýandyryldy, emma ýüz ýyl geçenden soò, ol hakykatda doly dikeldildi. ªonuò üçin hem ºäheriò müò ýyllygy mynasybetli açylan täze Kul-ªarif metjidi diòe bir Kazanyò baº metjidi bolmak bilen çäklenmän, eýsem galkynan Tatarystanyò hem täze simwolydyr. Gaýtadan dikeldilen we öz öòki ajaýyp keºbine getirilen Blagoweºenskiý ybadathanasy Kazanda saklanyp galan taryh we arhitektura ýadygärlikleriniò iò gadymysydyr. Munuò özi Kazan Ýeparhiýasynyò baº ybadathanasy we muzeý hem-de arhiw saklawhanasy bolup hyzmat eden hristian dini ynanjynyò iri merkezleriniò biridir.

Buthanada-da, metjitde-de Prezidentleriò ikisini din wekilleri mähirli mübäreklediler. Olar öz belent mertebeli myhmanlaryna aýratyn hormat we sarpa goýmagyò nyºanyny görkezip, bu täsin ybadathanalaryò döredilmeginiò taryhy, parahatçylygyò hem-de agzybirligiò, durnuklylygyò we Tatarystan Respublikasynyò ruhy ösüºiniò esaslaryny pugtalandyrmakda olaryò möhüm orny hakynda gürrüò berdiler. Türkmenistanyò we Tatarystan Respublikasynyò Prezidentlerini Kazan Kremliniò metjidiniò territoriýasynda gezelenç edýän ýaºaýjylar, turistler, syýahatçylar, ýaºlar ägirt uly ºatlyk bilen garºyladylar. Gurbanguly Berdimuhamedow we Mintimer ªaýmiýew olaryò hemmesi bilen ýadygärlik üçin surata düºdüler, olara bagt we abadançylyk arzuw etdiler.

Ruhy mukaddeslikleri synlanyndan soò, Türkmenistanyò Prezidentiniò maºyn kerweni Kazan döwlet uniwersitetine tarap ugraýar, ºol ýerde belent mertebeli myhmany Tatarystan Respublikasynyò bilim we ylym ministri Nail Waleýew we ýokary okuw mekdebiniò rektory Mýakzýum Salahow mähirli mübärekleýär.

Kazanyò merkezini bezeýän uniwersitet 1804-nji ýylyò güýzünde —Moskwa we Sankt-Peterburg uniwersitetlerinden soò üçünji bolup döredildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we onuò ýany bilen barýan delegasiýanyò agzalary Russiýanyò XIX asyryò rus klassisizminiò stilindäki ajaýyp arhitektura ansamblynda ýerleºen iri hem-de gadymy medeniýet, bilim we ylym merkezi bilen gyzyklanyp tanyºýarlar, onuò taryhynyò muzeýine aýlanyp görýärler.

Bu täsin muzeýiò ekspozisiýasyny iki müòe golaý eksponatlar düzýär, olaryò arasynda geçmiºiò we häzirki döwrüò täsin gymmatlyklarynyò ençemesi bar. Olar diòe bir Russiýanyò gadymy uniwersitetiniò taryhy bilen däl, eýsem uniwersitetiò ylmy mekdebiniò gazananlary, Kazan uniwersitetiniò bütin dünýäde ykrar edilmegini gazanan alymlarynyò ajaýyp açyºlary bilen hem tanyºdyrýar.

Häzirki wagtda Kazan döwlet uniwersiteti nusgawy uniwersitetiò häzirki zaman modelidir, onuò möhüm prinsipi bolsa ylmyò we okatmagyò sintezinden ybaratdyr. Ylmy-barlag institutlary, problemalaýyn laboratoriýalar, botanika bagy, astronomiýa obserwatoriýasy, maglumatlar tehnologiýalary merkezi, neºirýat merkezi we beýlekiler uniwersitet toplumynyò düzümine girýär. 1996-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyò Prezidentiniò Permany bilen bu abraýly ylym-bilim merkezi Russiýa Federasiýasynyò halklarynyò medeni mirasynyò aýratyn gymmatly desgalarynyò Döwlet ýygyndysyna goºuldy.

Mälim bolºy ýaly, ýakynda Kazan ºäheri olimpiýa oýunlaryndan soò, halkara sport ýaryºlarynyò ähmiýeti we möçberi boýunça ikinjisi bolan, 17 ýaºdan 28 ýaºa çenli ýaºdaky talyplaryò we aspirantlaryò gatnaºmagy bilen her iki ýyldan Talyp sportunyò halkara federasiýasy tarapyndan guralýan 2013-nji ýyldaky tomusky Uniwersiadanyò paýtagty diýlip seçilip alyndy.
Kazanyò meri Ilsur Metºin Türkmenistandan gelen hormatly myhmanlar üçin Uniwersiada — 2013-iò tanyºdyryº dabarasyny geçirip, Tatarystanyò paýtagtynyò seçilip alynmagy Russiýanyò olimpiýa hereketiniò hem-de ýurtda köpçülikleýin sporty ösdürmegiò halkara derejesinde ykrar edilmegi boldy diýip belledi, tomusky oýunlary geçirmäge bolsa Ispaniýanyò Wigo we Günorta Koreýanyò Kwançžu ºäherleri dalaº etdiler. Uniwersiada geçirilýän mahaly sport desgalarynyò we binalarynyò 48-si, ºol sanda Merkezi stadion, «Basket—holl», otuò üstündäki hokkeý merkezi, Baºa-baº göreº Köºgi we beýleki desgalar iºe giriziler. Kazanda eýýäm täze stadionyò, Tennis akademiýasynyò, sportuò suw görnüºleriniò köºgüniò, ºeýle hem Uniwersiada obasynyò gurluºygyna baºlandy, ºol obada bütin dünýäden türgenleriò 10 müòe çenlisi ýerleºip bilerler.

Sporty ösdürmäge aýratyn üns berýän Türkmenistanyò Prezidentine aýratyn hormat goýmagyò alamaty hökmünde meºhur «Rubin» futbol klubynyò adyndan ýadygärlik sowgat gowºuryldy. Bu Russiýanyò iò oòat komandalarynyò biridir. 2008-nji ýylda «Rubin» Russiýanyò çempionatlarynyò täze rekordyny gazanyp, ilkinji ýedi tapgyrda ýedi gezek ýeòiº gazandy we öòki gazanylan rekordy täzeledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow türgenlere täze üstünlikleri arzuw edip, hatyra auditoriýasyny synlady, bu ýerde bir mahallar talyplar L.Tolstoý we W.Ulýanow leksiýa diòläpdirler. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýadygärlik üçin surata düºýär we hormatly myhmanlaryò kitabynda ýazgy galdyrýar.

Türkmenistanyò baºtutany we onuò ýany bilen barýan adamlar mejlisler zalyna geçýärler. ªol ýerde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Kazan döwlet uniwersitetiniò Hormatly doktorynyò diplomyny gowºurmagyò dabarasy boldy. Tatarystanyò ylmy jemgyýetçiliginiò wekilleri, uniwersitetiò mugallymlary, talyplary, köp sanly myhmanlar we žurnalistler dik durup, ºowhunly el çarpyºmalar bilen türkmen Liderini gutlaýarlar.

Ýokary okuw mekdebiò rektory Mýakzýum Salahow dabaraly çäräni açyp, bu ýere gelenleriò adyndan belent mertebeli türkmen myhmanyny gyzgyn mübärekledi. Ol ºu gün Tatarystanyò ylmy jemgyýetçiliginiò ºanly waka mynasybetli ýygnanandygyny, ýokary okuw mekdebiniò alymlar geòeºiniò ýakynda bolan mejlisinde ylmy, bilimi, demokratiýany ösdürmäge hem-de halkara hyzmatdaºlygyny giòeltmäge goºan ºahsy goºandy we bitiren hyzmatlary üçin Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa «Kazanyò döwlet uniwersitetiniò hormatly doktory» diýen ýokary ady dakmak hakynda kararyò kabul edilendigini habar berdi.

KDU-nyò ýolbaºçysy bu ýere ýygnananlary görnükli döwlet we jemgyýetçilik iºgäri, ählihalk tarapyndan saýlanan türkmen Lideriniò durmuº ýolunyò esasy döwürleri bilen tanyºdyrdy. Ol Türkmenistanyò Prezidentiniò bitiren iºlerini belläp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyò ýolbaºçylygynda bu gün Türkmenistanda giò möçberli progressiw özgertmeleriò ýaýbaòlanandygyny, netijede bolsa ýurdumyzyò dünýä ykdysadyýetine okgunly goºulyºyp we ägirt uly halkara abraýyna eýe bolup, durmuº-ykdysady ösüºinde kuwwatly itergini alandygyny habar berdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyò halkara gatnaºyklaryny, ºol sanda Türkmenistan bilen Tatarystanyò arasyndaky gatnaºyklary berkitmäge we ösdürmäge goºan uly goºandy hakynda gürrüò bermek bilen, ýokary okuw mekdebiò rektory bu hyzmatdaºlygyò esasyny gumanitar sferadaky, ilkinji nobatda ylym we bilim ulgamyndaky gatnaºyklaryò düzýändigini belledi.

Soòra aýratyn dabaraly ýagdaýda, duºuºyga gatnaºyjylaryò dostlukly el çarpyºmalary astynda Mýakzýum Salahow Türkmenistanyò Prezidentine hormatly lentany dakdy we degiºli diplomy gowºurdy.

Talyp ýaºlaryò adyndan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy Uniwersitetiò ökde talyplarynyò biri gutlady. Ol ºu gün ýokary okuw mekdebi üçin, ºeýle hem Türkmenistany ygtybarly we uzakmöhletleýin hyzmatdaº hasaplaýan tutuº Tatarystan üçin möhüm waka hökmünde taryha girer diýip belledi. Ysnyºykly gatnaºyklary ýola goýmagyò zerurlygy barada birnäçe gezek nygtalan duºuºykda GDA-nyò ýurtlarynyò talyplarynyò we ýaºlar guramalarynyò IV halkara forumyny geçirmek hakynda teklip orta atyldy. Bu foruma Türkmen döwlet uniwersitetiniò talyplary hem çagyryldy. Kazan uniwersitetiniò talyplarynyò adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen Lideriniò reformatorçylyk syýasatyna goýýan uly hormatynyò we ylmy ösdürmäge goºýan ºahsy goºandynyò nyºany hökmünde ýörite hormat haty gowºuryldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlaryò öòünde çykyº edip, bildirilen ynam hem-de ylym we bilim babatda Türkmenistanda geçirilýän reformalara berlen ýokary baha üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. ªunda türkmen Lideri Russiýa Federasiýasynyò abraýly we iri okuw, ylmy-barlag merkezleriniò biriniò doktory adyna eýe bolmagyny özi üçin uly abraý hasaplaýandygyny belledi. Ol bu ýokary okuw mekdebiniò Tatarystandaky, ºeýle hem onuò çäklerinden uzaklardaky bilim edaralarynyò ulgamynda görnükli orny eýeleýändigini we ºu günki waka tutuº türkmen ylmynyò gazananlarynyò ykrar edilmegi hökmünde baha berýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow beýik matematik, Kazan uniwersitetiniò ilkinji rektorlarynyò biri Nikolaý Iwanowiç Lobaçewskiniò: «Dana bolup dogulmaýarlar, danalyga okap ýetilýär» diýen sözlerini getirip, ylmyò we bilimiò jemgyýeti ösdürmegiò, islendik döwletiò gülläp ösmeginiò esasy faktorlary bolup durýandygyny belledi.
—ªu hakykata göz ýetirip, biz Türkmenistanda giò möçberli reformalary, ozaly bilen ylym we bilim sferasyny öz içine alýan reformalary amala aºyrýarys. Okatmagyò ýokary standartlaryny ornaºdyrmak, fundamental we amaly ylmy-barlaglary goldamak hem höweslendirmek, okuw we ylmy edaralary dolulygyna kompýuterleºdirmek, interneti ösdürmek, ylym we bilim sferasynda halkara hyzmatdaºlygyny giòeltmek bu ugurdaky döwlet syýasatynyò esasyny düzýär diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baºtutanynyò belleýºi ýaly, häzir Türkmenistan Ýewropanyò, Amerikanyò we Aziýanyò ýurtlary bilen netijeli gatnaºyklary ýola goýýar, halkara ylmy-amaly konferensiýalary, simpoziumlary we beýleki forumlary yzygiderli geçirýär. ªol çärelere Tatarystanyò wekilleri hem gatnaºýarlar.

Ylmy gazanylanlary özara alyºmagy ýola goýmagyò möhümdigini we bu sferada hyzmatdaºlygyò bar bolan ägirt uly potensialyny belläp, Türkmenistanyò Prezidenti Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Kazanyò döwlet uniwersitetiniò arasynda gös-göni ylmy we okuw gatnaºyklaryny ýola goýmak barada teklip bilen çykyº etdi. Döwlet Baºtutany geljegi uly bolan ugurlaryò hatarynda energiýanyò dikeldilýän çeºmelerini peýdalanmagyò tehnologiýalaryny iºläp düzmegi, kremniniò esasynda täze tehnologiýa materiallaryny almagy, gumanitar ylymlar sferasyndaky we beýleki ugurlardaky hyzmatdaºlygy mysal getirdi.

«Bu hyzmatdaºlyk Türkmenistanda fundamental we eksperimental ylmyò ýaýbaòlanýan, täze barlag ugurlarynyò ösýän wagtynda örän möhüm bolup durýar» diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öòdebaryjy okuw mekdepleriniò hyzmatdaºlygynyò iki halkyò arasynda medeni taýdan baýlaºmak, dostlugy we doganlygy berkitmek iºinde möhüm orny eýelejekdigini belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow köp sanly auditoriýa bilen mähirli hoºlaºyp, Kazan döwlet uniwersitetiniò talyplaryna okuwda üstünlik, professor-mugallymlaryna bolsa täze ýeòiºleri we ylmy üstünlikleri arzuw etdi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mintimer ªaýmiýew gysga wagtlyk dynç alanlaryndan soò, «Kazan» halkara atçylyk-sport toplumyna ugraýarlar, ºol ýerde belent mertebeli myhmanlary Tatarystanyò Premýer-ministri Rustam Minnihanow we toplumyò direktory Rawil Gataullin garºylaýarlar.

Türkmenistanyò Prezidenti Tatarystanda öndürilýän tehnikanyò toplumyò öòünde, açyk asmanyò astynda ýaýbaòlanan sergisini üns berip synlaýar. Görkezilýän eksponatlaryò hatarynda awtomobiller, kiçi awtobuslar, oba hojalyk tehnikasy, buraw enjamlary we ýörite enjamlar, ºöhrat gazanan «KAMAZ» kysymyndaky tehnika, ºol sanda traktorlar we beýleki ençeme tehnikalar bar. Bu ýerdäki awiatehnika belent mertebeli türkmen myhmanynyò aýratyn ünsüni çekdi. Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde duran dikuçaryò kabinasynyò içini üns berip öwrendi, onuò kabinasyna ýolbaºçylar bilelikde mündüler. Hormatly Prezidentimiz bu köpugurly per-ganatly maºynlaryò tapgyryny Türkmenistanyò satyn almagynyò mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaºdy. Uçarmansyz uçýan apparatlar hem uly gyzyklanma döretdi, olar soòky ýyllarda giòden ulanylýar. Ýeri gelende aýtsak, at çapyºygy mahaly 200-300 metr belentlikde uçýan ºeýle apparatlaryò biri telewizion signaly berdi, ºol signalyò kömegi bilen bolup geçýän ýagdaýlaryò hemmesi ºu ýerde oturdylan ägirt uly monitorda görkezildi.

Türkmen döwletiniò Baºtutanyna dürli ýyllarda Mintimer ªaýmiýewe sowgat berlen we onuò aýratyn buýsanjyna öwrülen meºhur ahalteke bedewleri hem görkezildi.
Soòra myhmanlaryò hemmesi halkara atçylyk-sport toplumynyò binasyna tarap ugrady, onuò foýesinde bolsa Tatarystanyò ykdysady we senagat potensialynyò sergisi ýerleºýär. Bu ýerde oturdylan stendlerde Tatarystanyò iri önüm öndürijileri tarapyndan öndürilýän köp dürli önümler giòden görkezilýär. ªol önüm öndürijileriò arasynda türkmen nebitçileriniò hyzmatdaºy bolan «Tatneft» açyk paýdarlar jemgyýeti hem bar. «Gara altyny» çykarmagyò möçberleri boýunça dünýäde esasy orny eýeleýän bu iri rus kompaniýasynyò stendiniò öòünde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa kompaniýanyò mümkinçilikleri we onuò Türkmenistan bilen hyzmatdaºlyk etmeginiò geljegi hakyndaky ýörite wideorolik görkezildi. Türkmenistanyò Baºtutany dürli pudaklaryò, ºol sanda ýeòil we azyk senagatynyò, maºyn gurluºygynyò we beýleki pudaklaryò ösüºi hakynda äºgär düºünje berýän ähli ekspozisiýany örän üns berip synlady. Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyò bu ýerde görkezilen hakyky deriden tikilen ajaýyp possunlar aýratyn ünsüni çekdi. Döwlet baºtutany önümleriò ýokary hilini belläp, Türkmenistanyò Dokma senagaty ministrine goýun derisinden ýokary hilli önümleri öndürmek boýunça tatar partnýorlary bilen hyzmatdaºlygy ýola goýmak barada tabºyryk berdi.

Soòra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mintimer ªaýmiýew liftde WIP—loža çykdylar, ºol ýerden bedewlere belet we olary tüýs ýürekden sarpalaýan belent mertebeli myhmanlaryò saparynyò hormatyna ýörite guralan at çapyºygyna syn etdiler.

Türkmenistanda bolºy ýaly, Tatarystanda hem däp bolan atçylygyò öz gözbaºyny asyrlaryò jümmüºinden alyp gaýdýandygyny bellemeli. Hut ºu ýerde öz gerimi bilen haýran galdyrýan, Russiýada iò iri we ýeke-täk aýlawyò gurulmagy doly kanunalaýyk ýagdaýdyr, bu ýerde bolsa ajaýyp bedewlere aýratyn mähir bilen garalýar. Täsin toplumyò açylyºy Kazanyò müò ýyllyk ýubileýine hem gabatlanyldy. 90 gektara golaý territoriýada çapuw ýodalary, 6 müòden gowrak adam ýerleºýän ýapyk we açyk tribunalar, çapyksuwarlar üçin klub ýerleºýär. Bu ýerde bedewleri türgenleºdirmek üçin iki sany gezim meýdany, hünär okuwlary üçin manež, çapyºyk geçirilýän seýilgäh, ºeýle hem hojalyk zolagy bar, ºol zolakda athanalar weterinariýa klinikasy, atlary suwa düºürmek üçin basseýn we hojalyk jaýlary ýerleºýär.

At çapyºygynda ýeòiº gazananlar türkmen atºynaslarynyò hormatyna we Türkmenistanyò Prezidentiniò saparynyò hormatyna goýlan gymmatly baýraklaryò eýeleri boldular, ºol at çapyºygyny bolsa bu ýere ýygnananlar uly gyzyklanma bilen synladylar.

Agºam Türkmenistanyò Prezidentiniò hormatyna Tatarystan Respublikasynyò Prezidentiniò adyndan dabaraly kabul ediºlik boldy, onuò barºynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Mintimer ªaýmiýew söz sözlediler.
 
 
  • Eger-de liderlik häsiýetleri syýasy erk-isleg bilen baýlaºsa
  • Kazandaky hökümetara gepleºikler
  • Türkmenistanyò Prezidentiniò doganlyk Tatarystan Respublikasyna sapary uly ...
  • Türkmenistanyò we Russiýanyò gatnaºyklarynyò taryhynda täze sahypa açyldy
  • Türkmenistanyò we Russiýanyò halklarynyò bähbitleri ugrundaky özara peýdaly ...
  •  
     
     açmak