| |
Düýn agºam paýtagtymyzda türkmen halkynyò beýik taryhy ºahsyýetleriniò — milletiò nesilbaºysy Oguz hana we alty ogluna bagyºlanylan suw çüwdürimleriniò monumental toplumynyò açylyº dabarasy boldy. Bu ºanly waka mynasybetli dabaralara Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaºdy. Döwlet Baºtutany Tatarystan Respublikasyna sapary tamamlanandan soò, Aºgabadyò Halkara aeroportundan göni ºu ýere geldi.
Monumental arhitektura—çeperçilik ansambly ºäheriò iki ºaýolunyò — Bitarap Türkmenistan we Türkmenistanyò Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky ºaýollaryò kesiºýän ýerinde guruldy we paýtagtymyzyò howa menziline barylýan ýerlerdäki iri awtomobil çatrygynyò merkezinde ýerleºendir.
Milletiò Lideriniò doglan güni paýtagtymyza girilýän ýerde suw çüwdürimleriniò toplumynyò açylmagy Türkmenistany we öz halkyny beýik Galkynyºyò ýoly bilen ynamly alyp barýan onuò Lideriniò abraýynyò hakyky ýokary göteriliºine ºaýatlyk edýän aýratyn nyºandyr, ony gurmagyò baºlangyjy bolsa hormatly Prezidentimize degiºlidir. Bu ºanly waka doganlyk Tatarystana ºowly tamamlanan sapara hem gabat geldi.
Suw çüwdürimleriniò täze toplumy gurluºy, gerimi we beýan ediliºiniò üýtgeºikligi bilen aklyòy haýran edýär. Onuò ölçegleri bu taslamanyò giò möçberlidigini görkezýär. Ony Türkiýäniò meºhur «Polimeks» kompaniýasy amala aºyrdy. Mysal üçin, gurluºyk geçirilen uçastok skulpturalar we kiçi göwrümdäki suw çüwdürimleri bolan dört sany sektorly merkezi suw çüwdürimini özünde jemläp, bagy-bossanlyga öwrülen meýdançalary gurºap almak bilen 140 gektara golaýdyr. Suw çüwdüriminiò ähli okaralarynyò suwly göwrümi 16 müò kub metre barabardyr, bürünç ºekilleriò agramy bolsa 30 tonnadan gowrakdyr.
Bu ýerde göze görünmeýän çylºyrymly inžener-tehniki ulgam: kilometrlere barabar suw geçiriji turbalar we elektrik kabelleri, iki sany dizel generatory, elektrik nasoslarynyò ulgamy, suw arassalaýjy desgalar, uly göwrümli rezerwuarlar, dürli esbaplar we baºgalar bar. Ýörite kompýuter yºyk diodlary bilen suw çüwdüriminiò düýbüni yºyklandyrmagy, saz bilen bezemegi hem-de ägirt uly suw çüwdürimlerini sinhronlaºdyrmagy üpjün eder. Häzirki zaman iò täze tehnologiýalaryò ulanylmagynyò monumental toplumy saklamak üçin harajatlary ep-esli azaldýandygy guwançlydyr. Bir günüò dowamynda akkumulýator batareýalarynda toplanan gün energiýasy gijäniò garaòky wagty ägirt uly ansambly yºyklandyrar. Ýodajyklaryò ugrunda we gök otly meýdanlaryò töwereginde oturdylan bezeg yºyklandyryjylarynyò ýüzlerçesi hem akkumulýatorlar we göze görünmeýän batareýalar bilen üpjün edilendir. Suw çüwdürimleriniò toplumyny demirgazykdan, gündogardan we günbatardan arka kysymyndaky owadan, göze gelüwli sütünler gurºap alýar. Olar gezekli-gezegine gije-gündiziò dürli wagtlarynda kölege düºer ýaly edip ýerleºdirilendir. Mundan baºga hem bu täsin arhitektura-çeperçilik ansambly bina edilende, esasan gymmat bahaly gurluºyk seriºdeleri, ºol sanda granit we mermer ulanyldy.
...Dabaranyò baºlanmagyna ähli zat taýýar. Dabara gatnaºyjylar Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyò gelerine sabyrsyzlyk bilen garaºýarlar. Ynha, Aºgabadyò Halkara aeroportundan gaýdýan ýolda Prezidentiò awtomobil kerweni peýda bolýar. Döwlet Baºtutanynyò awtoulagy çüwdürimler toplumynyò ýanynda saklanýar. Bu ýerde milletiò Baºtutanyny Türkmenistanyò Mejlisiniò ýolbaºçylary, Ministrler Kabinetiniò agzalary, ºeýle hem ýurdumyzda iºleýän diplomatik wekilhanalaryò we halkara guramalarynyò baºtutanlary hem-de wekilleri mähirli mübärekleýärler. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni we Tatarystana üstünlikli tamamlanan sapary bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar.
Milli lybasa beslenen gyzlar Türkmenistanyò Prezidentine gül dessesini gowºurýarlar. Din wekilleri döwlet baºtutanyny däp boýunça duz-çörek bilen garºylaýarlar we aýat-töwir okaýarlar. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, milletiò Liderine uzak ömür, berk jan saglyk, bagt we il-ýurt bähbitli asylly iºlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.
Mähirli garºylanandygy we hoºniýetli sözler üçin hemmelere minnetdarlyk bildirip, döwlet Baºtutany ýörite bellenen münbere geçýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaºyjylara ýüzlenip, ºu günki waka täze taryhy eýýamyò ýyl ýazgysyna ýene bir aýdyò sahypa bolup girer diýip belledi. Bu gün biz nesilbaºymyz Oguz hana we alty sany batyr ogullaryna bagyºlanan ajaýyp suw çüwdüriminiò monumental toplumyny açmak üçin bu ýere ýygnandyk diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ajaýyp ansamblyò paýtagtymyzyò Halkara aeroportuna—biziò Watanymyzyò ýüregine barylýan ýolda iki sany gatnawly magistralyò merkezi çatrygynda guruldy, munuò simwoliki manysy bardyr diýip nygtady. Çünki häzirki wagtda, Beýik Galkynyº eýýamynda Ýer ýüzüniò çar künjünden gadymy hem-de baky juwan Oguz ýurduna gelýän myhmanlaryò sany birsyhly artýar diýip belledi. Täze monumental toplum örän ajaýyp ýadygärlik bolup, diòe bir Aºgabadyò däl, bütin Türkmenistanyò hem giriº derwezesidir. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ägirt uly arhitektura-çeperçilik ansamblynyò gurluºygyna gatnaºanlaryò ählisine minnetdarlyk bildirdi.
Oguz türkmenleri öz ilkinji döwletini bäº müò ýyl mundan öò döredipdirler diýip, milletiò Lideri sözüni dowam etdirdi. Oguz han türkmen halkynyò durmuº filosofiýasy bolan däp-dessurlarda öz alty ogluny terbiýeläpdir, olara we öz ýigrimi dört agtygyna we ähli nesillerine ºol ýörelgeleri saklamagy wesýet edipdir. Häzirki wagtda biz bagtyò we ene topragyò abadançylygynyò, onuò okgunly özgermeginiò hatyrasyna zähmet çekmäge ruhubelentlik berýän Oguz hanyò asylly däplerini dowam edýäris. Bu ideýa häzirki zaman Aºgabadyò binagärlik keºbine görk goºjak çüwdürimler toplumyny döretmegiò esasynda goýuldy, ol häzirki zaman Aºgabadyò arhitektura keºbini has hem bezär.
Dabara gatnaºyjylary, aºgabatlylary we ähli türkmenistanlylary ºanly waka mynasybetli gutlap, döwlet Baºtutany hemmelere ºowlulyk we üstünlikler arzuw etdi.
Iò dabaraly pursat gelip ýetýär: Türkmenistanyò Prezidenti simwoliki lentany kesýär. Kümüºsöw suw çüwdürimleri asmana atylýar. Türkmen halkynyò taryhy öz beýanyny tapan çeper kompozisiýa ähli monumental gözelligi we göwrümi bilen bu ýere ýygnananlaryò öòünde dikelýär. Baº çüwdürimiò howzy 12 ýaprakly güli ºekillendirýär, onuò 16 metrlik münberinde ady rowaýata öwrülen Oguz hanyò ºekili ör boýuna galýar, ol at üstünde ºekillendirilipdir. ªol ýerden ºöhle görnüºli bölünen kaskad boýunça suw alty sany gaba ºaglap guýulýar, ºolarda türkmenleriò nesilbaºysynyò ogullarynyò altysynyò—Gün hanyò, Aý hanyò, Ýyldyz hanyò, Gök hanyò, Dag hanyò we Deòiz hanyò heýkelleri oturdylypdyr. Merkezi çüwdürimiò daº-töweregindäki giò territoriýanyò çar tarapynda bölümleriò dördüsi bolup, olarda dürli görnüºdäki çüwdürimleriò 26-sy ýerleºdirilipdi, olar jübütleýin bölünipdir. ªonda demirgazyk bölümi günortadaka, günbatardaky bolsa gündogardaka meòzedilipdir.
Ägirt uly kompozisiýany döretmegiò üstünde Türkmenistanyò halk suratkeºi Babasary Annamyradowyò baºtutanlygyndaky döredijilik topary iºledi. Nesilbaºymyz Oguz han paýtagtymyzyò ilaty we myhmanlary bilen salamlaºýan ºekilinde elini ýokary galdyryp dur. Oguz hanyò we onuò ogullarynyò altysynyò keºplerini döreden awtorlaryò pikirine görä, monumental topar türkmen halkynyò parahatçylyk söýüjiliginiò, onuò bozulmaz jebisliginiò we agzybirliginiò simwolyny, ºonuò bilen bir wagtda hem häzirkizaman türkmen döwletiniò döredijilik ruhuny we kuwwatyny alamatlandyrýar.
Türkmen milli konserwatoriýasynyò horunyò ýerine ýetirmeginde «Galkynyºly Watanym» atly aýdym bolup geçýän wakalara aýratyn dabaraly äheò berýär. Dürli reòkli howa ºarlarynyò ýüzlerçesi asmana göterilýär. Döwlet Baºtutany teatrlaºdyrylan sahnalaryò bolup geçýän ýerine ugraýar. Bu ýerde Türkmenistanyò Prezidentini aýdyò öwüºginli mukam kompozisiýasyny taýýarlan beýleki ýerine ýetirijiler topary garºylaýar.
Soòra açyk asmanyò astynda Türkmenistanyò medeniýet we sungat ussatlarynyò owadan öwüºginli çykyºlary ýaýbaòlanýar, oòa artistler özleriniò ähli ylhamyny we zehinini, milletiò Liderine bolan söýgüsini we hormatyny siòdiripdirler. Döwlet Baºtutanyny we dabara gatnaºyjylaryò hemmesini ady rowaýata öwrülen Oguz han we onuò ogullary ýelden ýüwrük gözel ahalteke bedewlerine atlanyp mübärekleýärler. ªöhrat gazanan gahrymanlarynyò keºplerini türkmen sahna ussatlary baºarjaòlyk bilen suratlandyrdylar.
Türkmenistanlylaryò ýaº nesliniò wekilleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlamaga geldiler. Bu ýere ýygnananlaryò ºowhunly el çarpyºmalary astynda owadan lybasdaky oglanjyk we gyzjagaz milletiò Liderine ajaýyp gül desselerini gowºurýar.
Fransiýadan gelen tansçy gyz tarapyndan taýýarlanylan howa ºaryndaky täsin çykyº ýygnananlaryò ählisi üçin hakykatdan hem garaºylmadyk sowgat boldy. Haýran galan jemagatyò gözüniò alnynda ol howa akrobatikasynyò ussatlygyny görkezdi.
Yºyk sönýär we ýörite ekranlarda, ºol sanda suw tekizliginde ºöhlenen ekranlarda dokumental film görkezilýär, ol häzirki wagtda ýurdumyzda ýaýbaòlanan deòsiz-taýsyz özgertmeler we reformalar hakynda, Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuºa geçirilýän parahatçylyk, hoºniýetli goòºuçylyk we giò halkara hyzmatdaºlygy hakynda gürrüò berýär.
Hakyky tans edýän suw çüwdürimleri we ajaýyp feýerwerk bilen özboluºly lazer reòkli-sazly ºou baýramçylyk programmasynyò esasy ºowhuny boldy, ol paýtagtymyzyò agºamky asmanyny lowurdaýan ýyldyzlaryò müòlerçesi bilen nurlandyrdy. Bu ºou tamamlanandan soò, kuwwatly dabaraly owaz bilen «Prezidentiò ýüregi» diýen aýdym ýaòlandy. Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aºgabadyò dokma toplumynyò golaýynda ýerleºýän jaýynda ýurduò ýolbaºçylar korpusy bilen duºuºdy we doglan güni mynasybetli olaryò gutlaglaryny kabul etdi. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, gujur-gaýrat, Türkmenistanyò gülläp ösmeginiò hatyrasyna alyp barýan ägirt uly iºinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler. Özüni gaýgyrman, öz beýik Watanynyò, öz edermen we zehinli halkynyò hatyrasyna we olary ºöhratlandyrmak üçin geçirýän ägirt uly iºleri üçin milletiò Liderine tüýs ýürekden minnetdarlyk sözleri ýaòlandy. Suw çüwdürimleriniò monumental toplumynyò açylyº dabarasy giç agºama çenli dowam etdi. |
|