| |
Şu günlerTürkmenistanyň Prezidentiniň poçtasyna hoşniýetli arzuwlara beslenen gutlaglaryň gelmegi dowam edýär. Milletiň liderini doglan güni bilen mübärekleýänleriň arasynda döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, diplomatlar, ministrler, kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň ýolbaşçylary bar. Olaryň ählisi milletiň baştutanyny 51 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar we türkmen halkynyň bagtly geljeginiň we abadançylygynyň hatyrasyna egsilmez güýç-gaýrat we ruhubelentlik arzuw edýärler.
Dostlukly ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen mähirli gutlaýarlar. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Dmitriý Medwedew, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdullah Gül, şol döwletiň Premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimow, Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidenti Kurmanbek Bakiýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Başkortstan Respublikasynyň Prezidenti M. Rahimow dagylar özleriniň mähirli gutlaglaryny ýollapdyrlar |
|