| |
Düýn türkmen paýtagtynyò merkezinde, Magtymguly ºaýolunyò ugrunda täzelenen «Parahat» medeni-dynç alyº merkezi öz gapylaryny giòden açdy.
Toplumyò durkuny özgertmegiò ABª-nyò 4 million dollaryna golaý bahasy bolan iºlerini «Bahar» türk gurluºyk firmasy amala aºyrdy. Türkmenistanyò Döwlet haryt-çig mal biržasy onuò buýrujysy hökmünde çykyº etdi. Medeni-dynç alyº merkeziniò durky ºäher bezegçilik estetikasyna bildirilýän häzirki zaman talaplaryna we häzirki zaman sosial infrastrukturasynyò äheòlerine laýyklykda, ºeýle hem Aºgabatda iºjeò ösdürilýän göwün açyº we dynç alyº industriýasynyò talaplaryny göz öòünde tutmak bilen özgerdildi. Bu merkez köp ugurlaýyn meýdançany öz içine alýar, ol maºgala bolup dynç almak we ýaºlaryò medeni dynç alºy üçin niýetlenendir. ªol ýere gelýänlere hyzmatlaryò uly spektri: kinogörkeziºler, dürli ºowhunlary, baýramçylyklary, tanyºdyryº dabaralaryny we sergileri geçirmek teklip ediler.
ªol ýerde iò täze tehnikalar bilen enjamlaºdyrylan 50 orunlyk DVD salon, internet kafe, korporatiw we maºgala dabaraly çäreleri üçin 600 orunlyk banket zaly bar. ªeýle hem merkeziò foýesinde amatly dynç almak üçin ähli ºertler döredilipdir. Onuò içki bezegleri modern we neoklassika äheòlerinde bezelipdir. ªonuò bilen birlikde otaglaryò her biri özüne mahsus bezegçilik äheòleri bilen tapawutlandyrylypdyr.
ªowly dizaýn «Parahadyò» öòündäki seýilgähiò hem durkuny özgerdipdir. Agaçlaryò saýasynda dynç almak üçin owadan oturgyçlar goýlupdyr, köçede ägirt uly monitor gurnalypdyr we 200 orunlyk tomusky kafe iºlär. |
|