| |
Öňňin giç agºam Tatarystan Respublikasynda sapar bilen bolýan wagtynda Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniò prezidenti Wagit Alekperowy kabul etdi.
«Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniò baºtutany duºuºmaga mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirip, pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady. Baºy baºlanan düýpli reformalaryò we özgertmeleriò ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdi.
Taraplar iri nebit kompaniýasynyò Türkmenistanyò ägirt uly energetika potensialyny durmuºa geçirmek boýunça geljegi uly taslamalara örän iºeòòir gatnaºmaga taýýardygy bilen baglanyºykly meseleleri ara alyp maslahatlaºdylar. Döwlet Baºtutany hödürlenen teklipler bilen tanºyp, «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniò eýýäm ýakyn wagtlarda olary iº ýüzünde durmuºa geçirmek baradaky çäreleri görmek meýlini makullady.
Türkmenistanyò Prezidenti söhbetdeºligiò ahyrynda beýleki meºhur rus kompaniýalarynyò ençemesi ýaly, «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniò hem däp bolan dostlukly türkmen-rus gatnaºyklaryny pugtalandyrmaga öz mynasyp goºandyny goºar diýip ynam bildirdi. |
|