| |
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyò «KAMAZ» awtomobil gigantynda bolmagy
Düýn Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasyna düýn baºlanan iki günlük saparynyò çäklerinde, Naberežnyýe Çelny ºäherindäki «KAMAZ» açyk paýdarlar jemgyýetiniò awtomobil zawodyna we ylmy-tehniki merkezine bardy.
Ozal habar berliºi ýaly, düýn Kazanda ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleºikler uly üstünlik bilen geçirildi, olar türkmen we tatar halklarynyò asyrlaryò dowamyndaky dostluk hem-de doganlyk däplerine ygrarlydygyny tassyklady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Mintimer ªaýmiýew tarapyndan duºuºyklaryò jemleri boýunça gol çekilen söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaºlyk hakyndaky hökümetara Ylalaºyk ýola goýlan netijeli hyzmatdaºlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga iki tarapyò hem taýýardygynyò tassyklanmasy boldy.
Düýn ir bilen Tatarystanyò Prezidenti Mintimer ªaýmiýew we Respublikanyò Premýer-ministri Rustam Minnihanow Myhmanlar öýüne, türkmen Lideriniò kabulhanasyna geldiler, olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýürekden we gyzgyn gutladylar, saglyk hem-de türkmen halkynyò bagtynyò we abadançylygynyò hatyrasyna alyp barýan köptaraply iºinde üstünlikleri arzuw etdiler.
Soòra ertirlik nahary berildi, ertirlik nahary tamamlanandan soò, türkmen döwletiniò Baºtutany Tatarystan Respublikasynyò Prezidenti Mintimer ªaýmiýew bilen mähirli hoºlaºdy we Tatarystanyò Premýer-ministri bilen bilelikde golaýda ýerleºen dikuçar meýdançasyndan Naberežnyýe Çelny ºäherine uçdy.
Tatarystanyò Prezidenti Türkmenistanyò habar beriº seriºdelerine beren interwýusynda Türkmenistanyò Prezidentiniò saparyna ýokary baha berip, Kazanda geçirilen ikitaraplaýyn gepleºikleriò örän ýokary derejede netijeli bolandygyny belledi. Biz özara gatnaºyklaryò ähli ugurlary boýunça bilelikdäki örän uly iºi geçirmeli bolarys, biziò öòümizde gazanylan ylalaºyklary we gol çekilen hökümetara Ylalaºygyny nazara almak bilen, giò mümkinçilikler açylýar diýip, hususan-da, Mintimer ªaýmiýew aýtdy. M.ªaýmiýew gadymy döwürlerden bäri türkmen we tatar halklaryny baglanyºdyrýan dostluk däpleri hakynda söz açyp, häzirki wagtda hem bu özara gatnaºyklaryò ähli derejelerde üstünlikli dowam edýändigini nygtady. Bir sagatdan gowrak wagtdan soò, Türkmenistanyò Prezidenti bortunda bolan dikuçar «KAMAZ» açyk paýdarlar jemgyýetiniò awtomobil zawodynyò önümçilik korpusynyò ýanynda ýerleºen meýdança gonýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyò ýanynda Ministrler Kabinetiniò Baºlygynyò orunbasarlary R.Meredow, T.Tagyýew we N.ªagulyýew bolýarlar.
Türkmen Liderini «KAMAZ-yò» baº direktory we Tatarystanyò hökümetiniò agzalary mähirli we tüýs ýürekden garºylaýarlar. Hemme ýerde türkmen we rus dillerinde gutlag transparantlar asylypdyr, Türkmenistanyò, Russiýa Federasiýasynyò we Tatarystan Respublikasynyò Döwlet baýdaklary pasyrdaýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyò awtogigantynyò önümçilik korpuslaryna tarap ugraýar we baº ýygnaýjy konweýer ýerleºen sehe az wagtlyk ekskursiýany amala aºyrýar. Bir kilometre golaý bolan merkezi pyýada bir gije-gündizde hem aýlanyp çykyp bolmajakdygyny nazara alyp, döwlet Baºtutany elektromobile münýär. Häzirki wagtda «KAMAZ» açyk paýdarlar jemgyýeti Russiýa Federasiýasynyò iri awtomobil korporasiýasydyr, ol dünýäniò uly ýük göterýän awtomobillerini esasy öndürijileriniò reýtinginde durnukly ýagdaýda öòdäki orny eýeleýär. ªu ýylyò baºynda bu iri kompaniýanyò paýyna Russiýanyò ýük awtomobilleri bazarynyò 30 göterimine golaýy düºdi. «KAMAZ» açyk paýdarlar jemgyýeti 2006-njy ýylda hil babatda Russiýa Federasiýasynyò hökümetiniò baýragyny alan; «Bäsleºige ukyplylyk we hil» nominasiýasynda «Rus söwda Olimp» baýragynyò laureaty bolan ýeke-täk kompaniýadyr.
Häzirki wagtda «KAMAZ» tehnikalaryò köp görnüºlerini: ýük awtomobillerini, tirkegleri, awtobuslary, traktorlary, dizel dwigatellerini, güýç beriji agregatlary we beýlekileri öndürýär. Awtogigantyò 30 ýyldan gowrak taryhynda onuò kärhanalarynda ýük awtomobilleriniò 1,7 milliondan gowragy we dizel dwigatelleriniò 2,3 milliondan gowragy öndürildi, kompaniýa ºolary öndürmegiò möçberi boýunça dünýäde 8-nji orny eýeleýär.
Dynçgünüdigine garamazdan sehde iº gaýnap joºýar. Sebäbi her gije-gündizde awtomobil zawodyò baº ýygnaýjy konweýerinden dürli modifikasiýadaky taýýar awtomobilleriò 200-si çykýar.
Goºun üçin köp maksatly awtomobilleri tapgyrlaýyn öndürmek gigant zawodyò iºiniò ileri tutulýan ugurlarynyò biridir, «Mustang» kysymyndaky awtomobiller — KAMAZ-4350, KAMAZ-5350 we KAMAZ-6350 awtomobilleri ºolara degiºlidir, olar bilen Russiýa Federasiýasynyò Ýaragly Güýçleri üpjün edilýär. Türkmenistanyò Prezidenti konweýerden çykan KAMAZ-4350 awtomobiliniò ýanynda durýar we ony üns berip synlaýar.
Türkmenistanyò Prezidenti we onuò ýany bilen barýan hökümet delegasiýasynyò agzalary dürli modellerdäki täze maºynlar bilen tanºanlaryndan we häzirki wagtda doly döwrebaplaºdyrmak iºi tamamlanýan önümçiligi gözden geçirenlerinden soò, «KAMAZ» açyk paýdarlar jemgyýetiniò ylmy-tehniki merkezine bardylar. Ägirt uly binanyò öòünde, Türkmenistanyò, Russiýanyò we Tatarystanyò baýdaklary, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlaglar we oòa bagt hem-de üstünlikler baradaky arzuwlar ýazylan köp sanly gutlag transparantlary bilen bezelen açyk meýdançada «KAMAZ» tarapyndan öndürilen traktorlardan we týagaçlardan has oòaýly awtobuslara çenli dürli modifikasiýaly we maksatly tehnikanyò ähli modelleri görkezilýär. Açyk asmanyò astyndaky bu sergide Türkmenistanyò Baºtutanyny ugradýan gidiò ornunda «KAMAZ» açyk paýdarlar jemgyýetiniò Baº direktory Sergeý Kogogin we kärhananyò baº konstruktory Damis Waleýew çykyº etdiler.
Hakykatda taslama býurosy bolan ylmy-tehniki merkez awtomobilleri döretmek, synag nusgalaryny ýasamak we olary synagdan geçirmek, tehnologiýalary sazlamak we önüm taýýarlaýja bäsleºige ukyply önümi köpçülikleýin öndürmek üçin bermek bilen meºgullanýar. Häzirki wagtda bu ýerde dürli hünärdäki iºgärleriò müòden gowragy: konstruktorlar, tehnologlar, dizaýnerler, barlagçylar, ýokary hünärli iºçiler we synag geçiriji sürüjiler iºleýärler. Merkezde laboratoriýalary we synag stansiýalaryny özünde jemleýän kuwwatly barlag hem-de tejribe-synag binýady bar. Bularyò hemmesi awtogiganta hyzmat etmek boýunça ýönekeý ygtybarly we oòat hilli awtomobilleri döredip, önümçiligi birsyhly kämilleºdirmäge we döwür bilen aýakdaº gitmäge mümkinçilik berýär, awtogigantyò önümlerine bolsa bütin dünýäde isleg bildirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen modelleriò her biri bilen jikme-jik tanyºýar. Gysylan gazda iºleýän kuwwatly KAMAZ hormatly Prezidentimizde aýratyn gyzyklanma döredýär. Ýangyjyò tygºytly harçlanylýandygyny nazara almak bilen ºeýle maºynlary ulanmak tebigy gazyò ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan üçin örän geljegi uludyr, ºol maºynlaryò gaz bilen bir gezek doldurylmagy 400 kilometr ýoly geçmäge ýetýär. Agyr ýol ºertlerinde iºleýän KAMAZ-lar, ºeýle hem oba hojalyk tehnikasy, hususan-da, traktorlar Türkmenistanyò iºjeò ösýän halk hojalygy üçin peýdaly bolup biler, olaryò käbiri eýýäm Türkmenistanyò toprak-howa ºertlerinde synagdan geçirilýär.
Maºyn parkyny synlamagyò barºynda Türkmenistanyò Prezidenti bu ýerde öndürilýän häzirkizaman awtobuslary bilen tanyºdy, olar ºäherara we syýahatçylyk gatnawlary üçin niýetlenendir. Olaryò biriniò salonyna girip görüp, Gurbanguly Berdimuhamedow bu tapgyr barada awtobusda gurnalan ekranda görkezilen ýörite wideorolige syn etdi. Ajaýyp ekskursiýa üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baºtutany baº konstruktor we onuò ýanynda bolýan «KAMAZ»-yò baº direktory bilen mähirli hoºlaºyp, Naberežnyýe Çelny ºäherinden 100 kilometrlikde ýerleºýän tebigatyò täsin künjegine—Krasnyý bor diýen ýere dikuçarda uçdy. ªol ýerde, gür tokaýlygyò içinde, Iž derýasynyò boýunda kärhananyò dynç alyº ýeri we awçylyk hojalygy ýerleºýär. Ähli ýerlerde bolºy ýaly, Türkmenistanyò Prezidenti bu ýerde hem mähirli, hoºniýetli kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli mähirli gutlap, iri korporasiýanyò ýolbaºçylary türkmen Liderine söweºjeò maºyny sowgat berdiler, ol abraýly halkara bäsleºiklerine, ºol sanda belli «Pariž-Dakar» ralli bäsleºiklerine yzygiderli gatnaºýan maºynlaryò tapgyryndandyr. Sowgat berlen maºynyò dizaýny milli däpleriò iò gowy äheòlerinde ýerine ýetirilipdir—onuò ýüzünde okgunly çapyp barýan ahalteke bedewleri, Türkmenistanyò kartasy we haly göli ºekillendirilipdir. Onuò görnükli ýerinde owadan ýazylan 51 san belgisini görmek bolýar, ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyò doglan gününiò ºu günki bellenilýän senesidir.
«KAMAZ»-yò Baº direktoryna minnetdarlyk bildirip, döwlet Baºtutany onuò teklibi boýunça professional sürüjiniò lybasyny geýýär we hut özi awtoulagyò rulunyò baºyna geçýär. ªturman-mehanigiò ornuny bolsa ady rowaýata öwrülen Wladimir Çagin eýeleýär, ol birnäçe gezek «Pariž-Dakar» aralygynda geçirilen ralli bäsleºikleriniò absolýut çempiony bolupdy. Hormatly Prezidentimiz awçylyk hojalygynyò territoriýasynda aýlaw edýär. Soòra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maºyndan düºüp, bäsleºiklere gatnaºan beýleki söweºjeò maºyny ýolsuz ýerleriò ºertlerinde hem synap görmäge isleg bildirýär. Ýokary hünärli maºyn sürüjiden we Premýer-ministr Rustam Minnihanowdan ybarat düzümdäki topar bilen hormatly Prezidentimiz töwereklere aýlanýar. Tatarystanyò hökümetiniò baºtutanynyò soòra aýdyºy ýaly, ol agyr maºynda duº gelýän ähli päsgelçilikleri ynamly, ussatlyk bilen geçen we özüniò baºarjaò häsiýetini dolulygyna açyp görkezen Türkmenistanyò Prezidentiniò maºynyò çalt sürüºine haýran galypdyr.
Gezelençden soò, bu ýerde awçylyk hojalygynda Türkmenistanyò Baºtutanynyò hormatyna günortanlyk nahary berildi, nahar baºynda bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutladylar, parahatçylyga we progrese hyzmat etmekde türkmen Lideriniò hyzmatlaryna çuòòur hormat goýýandyklaryny we ony ykrar edýändiklerini beýan etdiler. ªu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyò Russiýanyò we Türkiýäniò Prezidentleri bilen telefon arkaly söhbetdeºlikleri boldy, olar ºahsy söhbetdeºlikde Türkmenistanyò Liderini gutlamaga isleg bildirdiler.
Mähirli garºylanandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyò Prezidenti «KAMAZ»-yò ýolbaºçylary bilen hoºlaºýar we dikuçarda Tatarystanyò paýtagtyna gaýdyp gelýär. Bu ýerde, göni uçuº meýdanynda Tatarystanyò Prezidenti Mintimer ªaýmiýew bilen gysgaça jemleýji söhbetdeºlik boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki dostlukly halklaryò gatnaºyklarynyò taryhynda täze tapgyryò baºyny baºlan, geçirilen gepleºikleriò jemlerine ýokary baha berip, Tatarystanyò ýolbaºçysy bilen mähirli hoºlaºýar, onuò Türkmenistana jogap saparyna sabyrsyzlyk bilen garaºjakdygyny belleýär. Tatarystanyò Prezidenti mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaºlyk üçin ygtybarly esasyò düýbüni tutan sapar üçin türkmen Liderine minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyò Prezidenti bilen mähirli hoºlaºýar we oòa ak ýol arzuw edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kazan ºäheriniò halkara aeroportundan özüne garaºýan «Boingiò» bortuna münýär, ol Aºgabada tarap ugur alýar. Düýn günüò ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiziò uçary türkmen paýtagtynyò Halkara aeroportunda gondy. Uçaryò ýanynda Türkmenistanyò Prezidentini Mejlisiò ýolbaºçylary, hökümetiò agzalary garºyladylar, olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Tatarystan Respublikasyna saparynyò üstünlikli tamamlanmagy bilen, ºeýle hem doglan güni bilen tüýs ýürekden we mähirli gutladylar. |
|