| |
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyò Tatarystan Respublikasyna saparynyò jemlerine
Häzirki wagtda bütin dünýä baºarnykly hem-de maksada okgunly türkmen Lideriniò egsilmez, kuwwatly, döredijilikli gujur-gaýratyny duýýar. Ýurdumyzy günsaýyn we sagatsaýyn özgerdýän ºol egsilmez gujur-gaýrat adamlarda ertirki güne bolan ynamy oýarýar hem-de Watanymyzyò, diýmek, her bir adamynyò bagtynyò we abadançylygynyò hatyrasyna bellenilen meýilnamalary durmuºa geçirmäge güýç berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gaýragoýulmasyz çözgütleriò kabul edilmegi zerur bolan meseleleri uzaga çekdirmezden çözmegi, sözüò hiç bir babatda iºden aýra çykmazlygyny talap etmek bilen ýerine ýetiriji häkimiýetiò iºinde, ykdysadyýetde, daºary syýasatda täze talaplary belleýär. Umuman alnanda, munuò özi halkara orbitasyna aýgytly çykmakda hem ýa-da sesden çalt uçýan söweºjeò MiG-29—istrebitelinde uçuº geçirmekde hem syýasy erk-islegiò we konstruktiw hereketleriò öz mysalyòda, batyrgaý baºlangyçlaryòda we ºahsy edermenligiòde berkidilýän halatydyr... ªol günler Tatarystanda, Naberežnyý Çelnyda «KAMAZ-yò» kuwwatly tehnikasyny synlan mahaly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow abraýly halkara rallilerine gatnaºýan we ýeòiº gazanýan maºynlaryò biri bolan kuwwatly KAMAZ-da ýolsuz ýerde ýokary tizlikde sürmek baºarnygyny görkezip, ýene-de bir gezek özüniò deòsiz-taýsyz, gujurly häsiýetini ýüze çykardy. Dogrusy, Tatarystanda Türkmenistanyò Lideri öz ýöredýän syýasatynyò ähli güýjüni we çuòlugyny görkezdi, bu bolsa Russiýanyò sebitleri bilen aragatnaºyklary ösdürmegiò çäklerinde ilkinji gezek geçirilen bu saparyò üstünlikli bolmagyny üpjün etdi. Üçünji müòýyllykda halklaryò we döwletleriò söwda-ykdysady, energetika, tehnologiýa, ulag-kommunikasiýa babatda artýan özara baglylygy biziò pikir-oýlarymyzyò we hereketlerimiziò öz häsiýeti boýunça global bolmagyny hem-de adamzady birleºdirmäge gönükdirilmegini talap edýär. Dünýäniò ykbalyna parhsyz bolmadyk her bir adamyny hoºniýetli goòºuçylyk duýgusy gurºap almalydyr. Hut ýokary adamkärçilik aýratynlyklary Türkmenistanyò Prezidentini häsiýetlendirýär, onuò gujur-gaýraty, syýasy pragmatizmi, ýönekeýligi we ýürekdeºligi hyzmatdaºlarda uly hormat bilen garamagy we onuò bilen aýakdaº gitmegi oýarýar. Türkmenistan öz Lideriniò ýöredýän syýasaty bilen häzirki wagtda parahatçylygyò täze formatlaryny döretmäge önjeýli goºant goºýar, ºonda howpsuzlygy, durnuklylygy, sosial adalatlylygy diòe syýasy ýa-da harby seriºdeler bilen gazanmak mümkin däldir, ºolara tarap ýol ylmyò, medeniýetiò, söwda we syýahatçylyk sferasynyò üstünden, ýurtlara we halklara bolelinlik getirýän ykdysady taýdan peýdaly taslamalaryò üstünden geçýär. Bu babatda Türkmenistan we Tatarystan ideal hyzmatdaºlardyr. Olar geografiki nukdaýnazardan amatly ýerde—gadymy döwürlerden bäri Ýewraziýa ýurtlaryny birleºdirýän ulag ugurlarynyò çatryklarynda ýerleºendirler, baý uglewodorod we beýleki tebigy seriºdelere eýedirler, olaryò ruhy, taryhy kökleri umumydyr we häzirki dünýäniò global meselelerini çözmäge çemeleºmeleri birmeòzeºdir. Tutuºlygyna alnanda bolsa bularyò hemmesi tejribäni, adam we maddy baýlyklary alyºmak üçin hakykatda çäksiz mümkinçilikleri açýar. Doganlyk halklaryò eºreti üçin bu mümkinçiligi peýdalanmak zerurdyr. Bu pikir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyò Tatarystana saparynyò bütin dowamynda amala aºyrylan iºleriò içinden eriº-argaç bolup geçdi. «Türkmenistan Russiýa Federasiýasy bilen giò konstruktiw gatnaºyklary ösdürip, geljekde-de onuò iri sebitleri bilen ygtybarly göni aragatnaºyklary giòeltmegi maksat edinýär. Bu babatda Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyò arasyndaky gatnaºyklar netijeli, özara peýdaly hyzmatdaºlygyò nusga alarlykly ajaýyp mysalydyr, onuò esasyna bolsa hyzmatdaºlyk etmegiò gazanylan üstünlikli tejribesi we ägirt uly potensialy, ºeýle hem öòden gelýän taryhy aragatnaºyklar, türkmen we tatar halklarynyò medeniýetiniò we ruhy däpleriniò umumylygy goýlandyr» diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kazanda aýtdy. Türkmenistanyò we Tatarystanyò hyzmatdaºlyk etmeginiò däp bolan ugurlary ýangyç-energetika sektoryndan, oba hojalygyndan, maºyn gurluºygyndan baºga hem maýa goýum syýasatyna we hususy sektora aýratyn üns berildi. Biz öz tarapymyzdan daºary ýurtlarda türkmen biznesi üçin mümkinçilikleriò giòeldilmegi bilen örän gyzyklanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Türkmenistanyò özünde bolsa daºary ýurt kompaniýalarynyò iºlemegi üçin örän göwnejaý ºertler, ºol sanda amatly maýa goýum ýagdaýy döredilendir. Geçirilen bu saparyò aýdyò beýan edilen gumanitar tarapy hem boldy. Bilimi, ylmy ösdürmekde, demokratiki ösüºde we halkara hyzmatdaºlygynda bitiren hyzmatlaryny we bu babatda goºan görnükli ºahsy goºandyny ykrar etmegiò alamaty hökmünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa «Kazan döwlet uniwersitetiniò hormatly doktory» diýen belent adyò berilmegi munuò tassyklamasydyr. Kazan döwlet uniwersiteti bolsa Russiýanyò iri we gadymy medeni, bilim we ylym merkezidir. Kazanda bolan, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaºlyk hakyndaky hökümetara Ylalaºyga gol çekilmegi bilen tamamlanan ýokary derejedäki duºuºyklaryò özboluºlylygy UNESKO-nyò Bütindünýä mirasynyò sanawyna goºulan ajaýyp arhitektura ansambly bolan Kazan kremline, Blagoweºenskiý Ybadathanasyna we Kul-ªarif metjidine, «Kazan» halkara atçylyk-sport toplumyna, Tatarystanyò paýtagtynyò beýleki ajaýyp ýerlerine baryp görmegi özünde jemleýän saparyò resmi maksatnamasynda hem, köpsanly resmi däl duºuºyklarda we gatnaºyklarda hem öz beýanyny tapdy, olar bolsa dogrusy, döwletleriò we halklaryò derejesinde hem, ýönekeý adamlaryò derejesinde hem hyzmatdaºlyk köprülerini gurmagyò aýratyn ukybyna eýe bolan täze formasiýadaky ynsanyò—türkmen Lideriniò daºary ýurtly saparlary üçin eýýäm däbe öwrüldi. —Häzirki Türkmenistan öz Lideriniò ýolbaºçylygynda «açyk gapylar» syýasatyny we ýurdy düýpli täzelemäge, artýan sosial-ykdysady we medeni ösüºi, koordinatlaryò dünýä ulgamyna ynamly goºulmaga gönükdirilen progressiw reformalary ynamly ýöredýän döwlet hökmünde bütin dünýäde mälimdir. Tatarystanda Türkmenistanyò Prezidentiniò aýdan sözüniò iºden aýra çykmaýandygyna we onuò baºyny baºlan her bir baºlangyjynyò bada-bat anyk hereketlere geçýändigine ýokary baha berýärler—diýip, Tatarystanyò Prezidenti Mintimer ªaýmiýew nygtady. Tejribeli we paýhasly syýasatçy bolan Tatarystanyò lideriniò bu sözlerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyò syýasy stiliniò düýp mazmuny beýan edilýär, hormatly Prezidentimiz progrese tarap ymtylýan we hakyky dostlaryna hem-de hyzmatdaºlaryna açyk bolan ýurt hökmünde Türkmenistanyò bütin dünýäde abraýynyò belende göterilmegini gazandy. |
|