«Türkmenistan: altyn asyr» > Hyzmatdaºlyk > Türkmenistan we Saud Arabystany: dostluk we hyzmatdaºlyk ýoly bilen

Türkmenistan we Saud Arabystany: dostluk we hyzmatdaºlyk ýoly bilen


1 èþëÿ 2008. awtor: Türkmen Döwlet habarlar gullugy
Düýn paýtagtymyzyò «Prezident» myhmanhanasynda tanyºdyrylan kitap ºeýle atlandyrylýar. Iki döwletiò we iki halkyò arasynda bozulmaz dostlugyò we netijeli hyzmatdaºlygyò ýene bir aýdyò simwolyna öwrülen dabaranyò guramaçylary hökmünde Türkmenistanyò Daºary iºler ministrligi we Saud Arabystany Patyºalygynyò Aºgabatdaky Ilçihanasy çykyº edýärler.
Tanyºdyrylyº dabarasyna Ministrler Kabinetiniò agzalary, ministrlikleriò we pudaklaýyn dolandyryº edaralarynyò, jemgyýetçilik guramalarynyò, daºary ýurtlaryò Türkmenistandaky ilçihanalarynyò, ºeýle hem biziò ýurdumyzda iºleýän kompaniýalarynyò we firmalarynyò wekilleri, žurnalistler gatnaºdylar.
Saud Arabystany Patyºalygynyò Türkmenistandaky Adatdan daºary we Doly ygtyýarly ilçisi Abdul Aziz Ibrahim Al-Gadir we dabaranyò hormatly myhmany—ªazada Muhammed ben Saad ben Halid Al-Saud ýygnananlara gutlag sözleri bilen ýüzlendiler. Olar Onuò Alyhezreti, Saud Arabystanynyò Patyºasyna we Türkmenistanyò Prezidentine kitaby döretmekde goldaw berendikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler, ºu günki bolup geçýän waka iki ýurduò arasynda dostlukly gatnaºyklary we netijeli hyzmatdaºlygy berkitmek hem ösdürmek iºine hyzmat eder diýip nygtadylar. Dabarada çykyº eden Türkmenistanyò Ministrler Kabinetiniò Baºlygynyò orunbasary, daºary iºler ministri Raºid Meredow Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyò halklaryny gadym wagtlardan bäri birleºdirýän dostluk we ruhy taýdan ýakynlyk däpleri täze taryhy eýýamda mynasyp dowamatyny tapdy diýip belledi. Munuò özi umumy eºretleriò hatyrasyna üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaºyklaryna hil taýdan täze itergi berýär we täze mazmun bilen onuò üstüni ýetirýär.
«Türkmenistan we Saud Arabystany: dostluk we hyzmatdaºlyk ýoly bilen» atly kitap Türkmenistanyò Daºary iºler ministrligi we Saud Arabystany Patyºalygynyò Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan çapa taýýarlandy, türkmen, arap, iòlis we rus dillerinde neºir edildi. Onuò mazmuny neºiriò hemaýatkäri we howandarynyò — ªazada Muhammed ben Saad ben Halid Al-Saudyò okyjylara ýüzlenmesi bilen açylýar. Kitap üç bölümden ybaratdyr, olaryò birinjisi —Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyò Beýik Galkynyº eýýamynda giò möçberli döwlet we reformatorçylyk iºine bagyºlanypdyr. Ikinji bölüm — Saud Arabystany Patyºalygyna bagyºlanypdyr: onda Onuò Alyhezreti, Patyºa Abdulla ben Abdul Aziz Al-Saudyò terjimehalynyò maglumatlary we döwletiò taryhy hem häzirki zaman ösüºi barada jikme-jik gürrüò öz beýanyny tapypdyr. Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyò ilkinji daºary ýurt saparynyò Saud Arabystanyna amala aºyrylandygyna aýratyn orun berlipdir. Kitabyò suratlar bilen oòat bezelendigini, Türkmen döwlet neºirýat gullugy tarapyndan neºir edilendigini aýdylanlaryò üstüne goºaýmak galýar.
Tanyºdyrylyº dabarasynyò çäklerinde Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyò Saud Arabystanyna resmi sapary we bu dostlukly ýurt barada gürrüò berýän resminamalaýyn filmleriò görkeziliºi boldy. ªeýle hem paýtagtymyzyò «Prezident» myhmanhanasynyò foýesinde tematiki surat sergisi ýaýbaòlandyryldy.