«Türkmenistan: altyn asyr» > Resmi habarlar > Türkmenistanyò Prezidenti «ENEX» kompaniýasynyò baºtutanyny kabul etdi

Türkmenistanyò Prezidenti «ENEX» kompaniýasynyò baºtutanyny kabul etdi


1 èþëÿ 2008. awtor: Türkmen Döwlet habarlar gullugy
Düýn Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Belgiýanyò meºhur «ENEX process engineering SA» kompaniýasynyò baº direktory Kun Minneni kabul etdi.
Biznesmen döwlet Baºtutanymyzy gutlamak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaºlygyò ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaºmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistan bilen uzakmöhletli gatnaºyklara Ýewropanyò iºjeò toparlarynyò arasynda, ºol sanda Belgiýada üýtgewsiz ýokary gyzyklanmanyò bardygyny belläp, jenap Kun Minne «ENEX» kompaniýasynyò türkmen bazaryndaky ornuny geljekde has-da giòeltmegi niýet edýändigini belledi.
Döwlet Baºtutanymyz belgiýaly partnýorlaryò bu niýetini goldamak bilen, indi birnäçe ýyl bäri «ENEX» kompaniýasynyò Türkmenistanda alyp barýan iºlerine ýokary baha berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Belgiýanyò bu kompaniýasyny milli ykdysadyýetimiziò dürli pudaklaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan iri möçberli maksatnamany, hususan-da, geljekde önümçilik infrastrukturasyny döwrebaplaºdyrmak boýunça kabul edilen taslamalary durmuºa geçirmäge iºjeò gatnaºmaga çagyrdy.
ªu jähetden söhbetdeºler Türkmenistanda «ENEX» kompaniýasyna ynanylan birnäçe taslamalaryò durmuºa geçiriliºini, ºeýle hem özara bähbitli hyzmatdaºlygy giòeltmegiò mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaºdylar. Özara gatnaºyklaryò geljegi uly bolan ugurlarynyò hatarynda ýangyç-energetika sektory, gaýtadan iºleýän senagat, nebithimiýa pudagy, mineral dökünleriniò önümçiligi, ºeýle hem dokma senagaty bar. Energetiki tehnologiýalary ornaºdyrmaga, hususan-da, Türkmenistanyò ºertlerinde günüò we ýeliò energiýasyny peýdalanmak meselesine aýratyn üns berildi.
Jenap Kun Minneniò habar berºi ýaly, ýakyn wagtda «ENEX» kompaniýasy hyzmatdaºlyk boýunça anyk teklipleri türkmen tarapyna berer. Myhman Aºgabatda «ENEX»-iò edara binasyny gurmak baradaky taslamanyò üstünde iºleniliºi hakynda habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Belgiýa kompaniýasynyò ähli tekliplerine garaljakdygyny belläp, Türkmenistanyò nou-haulary, ºol sanda nanotehnologiýalary çekmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Jenap Kun Minne «ENEX»-iò Türkmenistan bilen hyzmatdaºlygyna tüýs ýürekden buýsanýandygyny aýdyp, özüniò ýolbaºçylyk edýän kompaniýasynyò bildirilen ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, myhman Türkmenistanyò Prezidentini düýn bellenilip geçilen doglan güni bilen gutlady we döwlet baºtutanyna berk jan saglyk, egsilmez güýç-gaýrat hem-de progressiw özgertmeleriò we reformalaryò ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdi.
Hoºlaºan mahaly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we onuò myhmany özara bähbitli hyzmatdaºlygyò mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.