| |
Düýn Türkmenistanyò Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ABª-nyò Türkmenistandaky Iºleri wagtlaýyn ynanylan wekili Riçard Houglendi kabul etdi. Ol Türkmenistanda diplomatik missiýasyny tamamlaýar. Riçard Houglend duºuºmaga mümkinçilik döredendigi üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimize we türkmen hökümetine öz iºinde goldaw berendikleri üçin minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Ol özüniò Türkmenistanda iºlän ýyllarynyò bütin dowamynda bu goldawy duýup geldi. Ilçiniò belleýºi ýaly, Türkmenistan örän ajaýyp ýurtdur. Ol bu ýurda gaýdyp gelmäge hemiºe ºatdyr. ªunuò bilen baglylykda, diplomat düýn açylan ajaýyp suw çüwdürimleriniò monumental toplumynyò ýatdan çykmajak täsir galdyrandygyny belledi. Bu toplum Aºgabadyò gözel keºbine gözellik goºdy. Pursatdan peýdalanyp, Riçard Houglend Türkmenistanyò Prezidentini doglan güni bilen gutlady we berk jan saglyk, bagt hem-de döwlet durmuºynyò ähli ugurlarynda progressiw reformalary durmuºa geçirmekde üstünlikler arzuw etdi. Söhbetdeºligiò barºynda döwlet Baºtutany we myhman hyzmatdaºlygyò potensialy we geljegi jähtinden türkmen-amerikan gatnaºyklarynyò ençemesini ara alyp maslahatlaºdylar. Taraplar döwletara gatnaºyklaryò ýokary derejededigini kanagatlanmak bilen nygtap we onuò açyk, konstruktiw häsiýete eýedigini belläp, birek-birege hormat goýmak we deòlik ýörelgelerinde netijeli gatnaºyklary ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyò nygtaýºy ýaly, Türkmenistan diòe bir ikitaraplaýyn formatda däl, eýsem abraýly halkara guramalarynyò, ilkinji nobatda, BMG-niò çäklerinde Amerikanyò Birleºen ªtatlary bilen hyzmatdaºlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Häzir türkmen-amerikan gatnaºyklary täze ösüºe eýe bolýar, munuò özi döwrüò, iò esasy-da taraplaryò erk-islegleri bilen ºertlendirilendir diýip, döwlet Baºtutany aýtdy. ªunuò bilen baglylykda söhbetdeºler ileri tutulýan ugurlaryò ençemesi boýunça, hususan-da, söwda-ykdysady ulgamynda, ýangyç-energetika sektorynda, oba hojalygynda we beýlekilerde netijeli hyzmatdaºlygy ösdürmegiò mümkinçilikleri barada pikir alyºdylar. Däbe öwrülen gumanitar hyzmatdaºlygy, ºol sanda bilim, ylym we saglygy goraýyº ulgamlarynda gatnaºyklary berkitmek we giòeltmek meselelerine aýratyn üns berildi. Duºuºygyò dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara syýasatyò birnäçe meselelerine garaldy. ªu jähtden taraplar sebitleýin howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, ºol sanda neºe seriºdeleriniò kontrabandasyna garºy durmak ugurlarynda hyzmatdaºlyga ygrarly bolup galýandyklaryny tassykladylar. Amerikaly diplomatyò nygtaýºy ýaly, ABª Bitarap Türkmenistanyò konstruktiw daºary syýasy ugruny we ylalaºdyryjylyk baºlangyçlaryny goldaýar. Olar Türkmenistana halkara arenasynda uly abraý getirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman hoºlaºan mahaly türkmen-amerikan gatnaºyklarynyò geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Türkmenistanyò Prezidenti ikitaraplaýyn hyzmatdaºlygy berkitmäge goºan goºandy üçin Riçard Houglende minnetdarlyk bildirip, diplomata geljekde hem uly üstünlikler arzuw etdi. |
|